AZAŞAN OWLAJYK
Egrem-bugram uzalyp gidýän arçaly derä ýaň beren gaplaň sesinden töwerekdäki janly-jandar heder etdi. Asyl bu arryldy bar zady bir deminde sorup gelýän ýuwdarha bolup göründi. Arryldylar soňabaka gürelip, tutuş deräni gaplaň aldy. Muňa gök maýsalykda ine-gana otlaşyp ýören keýijekler hem gozgalaň tapdy.
Äm-säm bolup duran owlajyklaram birek-birege süýkenişip, enelerine gysmyljyradylar. Şeýle bir başagaýlyk boldy. Sen goýaý.
Süriň baştutany şahly kellesini dim-dik tutup, bir eýläk, bir beýläk öwürdi, birsellem diňşirgenip durdy. Soňam göz açyp, ýumasy salymda aýgytly hereket etdi. Ene keýige-de owlajyklaryny tükelläçre wagt bolmady. Uly howpuň barha golaýlaýandygyny aňdymy-nämemi, owlajyklaryny yzyna tirkäp, gerişden-gerişe, alaňdan-alaňa aşdy.
Gaplaňlaryň özi görünmese-de, olaryň arryldysy ylla ýanyňda duran ýaly eşidilýärdi. Özlerem köplükdi. Ikisi-hä diýseň uly, rehimli hem haýbatly görünýärdi, bu derede gözlerine janly-jandar ilmänsoň eglenmän, gowur turzup gelişleri ýaly geçibem gitdiler. Özlerem keýikleriň yzlaryny çalyp däl-de, nämüçindir düýbünden ters tarapa gitdiler.
Uly gaplaň uzyn boýnuny iki-baka bulaýlap, äpet-äpet penjeleri bilen gumak ýeri bagyrtlap-bagyrtlap geçip gitdi.
Keýik sürüsiniň mundan sähel salym ozal hem ine-gana otlaşyp, owlajyklarynyň bökjekläp täsin bir oýun görkezip duran ýerinde bir enaýyja keýik owlajygy gür gagaçlygyň salkyn saýaly kölgesinde uklap galypdy. Birhaýukdan soň ol janawar hem oýandy-da, daş-töweregine naýynjar seretdi, soňam hanjak ýörejegini bilmänem ysgynsyzja mäledi.
Owlajyk azaşypdy, ol indi ýalňyz ýeke özi galypdy, ýalňyz ýeke galmak diýmegem ejizje owlajyk üçin gör neneň hatarlydy.
Eşegini dikgirdedip aýdyma hiňlenip gelýän Hasan awçyň bu mahal keýpiçagdy. Onuň horjuny bu gezegem adatdakysy ýaly ululy-kiçili käkiliklerden doludy. Aw ganlydy. Üç sany towşan bilen ene sülgünem üstesine. Ýöne arçaly deredäki gaplaň sesi kerkawly derä-de gelip ýetipdi, bu ses dogrusy, awçyny hem bimaza edipdi.Awçy awçy bolýar, ol her niçik-de bolsa ätiýaçlydy, gaplaň bilen başa-baş söweşmeli bolaýanda-da, edilmeli işleri serinde aýlap ýetişipdi. Eýýäm goşasyna ok sürüp, gulaklaryny gaýtaryp goýupdy. Gözleri töweregindedi. Bilinde-de gysdyrylgy duran hanjaram bardy.
Şo pille onuň münüp barýan eşek janawar hem bu howpy duýan ýaly duran ýerinde tezekläberdi. Gaplaňyň her gezekki arryldysyna gulaklary bir ýerik ýygnanyp, aýaklary zordan ädilýärdi. Hasan awçy köpügörendi, ol eşegi şondan artyk gyssamady, hemişekileri ýaly aýaklary bilen debsilänokdam. Eşek öz maýdalyna ýöräp barýardy.
Ine, şu ýerde-de awçy gözleriniň görýän zadyna özi ynanmajak boldy. Eşeginden towsup düşdi-de, dagyň gerşine bakan dyrmaşyp barýan keýik owlajygynyň yzyndan kowdy. Owlajygyň juda ejizjedigini aňmadyk bolsa ol ony tüpeňlemegem ahmaldy. Onuň şol ylgap barşyna owlagyň yzky aýagyna eli ildi. Şeýdibem owlajyk ujyzja ele düşdi. “Janawar, gaplaňdan gaçyp özleriniňkiden aýra düşen bolmaly. “Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna” diýilmänmidir. Bujagaz meň nesibämdir. Wah, saňa döneýin, seniň
näzijek sesiňden, terjejik etjagazyňdan aýlanaýyn”. Ol owlajygy eşegiň öňüne basdy-da, özi-de atlanyp mündi.
Kerkawly dereden inip, arçaly dereden çykansoň, göni ýola düşdi. Hä diýmänem Dynç galanyň ýokary başy göründi. Şondan soň Hasan awçynyň ýüregi giňän ýaly boldy. Tüpeňini ýygnaşdyrdy, horjunynyň agzyny bogdy. Owlajygyň üstüne-de köneje possunyny atdy.
Ol öýe gelende, ogly Berdijik ylgap öňünden çykdy. Keýik owlagyny görensoň-a, diriň-diriň bökdi, baý begenmek begen-dä!
--Ur-a, kakam maňa owlak getiripdir, özem geçiňki däl, keýigiňki—diýip, gele-gelmäşe ony ejesine buşlap gaýtdy, soňam eşekden düşürilen owlajyga topuldy.—Munuň eýjejikdigini.
--Gaçyrarsyň, häzir men ony ýataga bir salaýyn.Onsoň sen ony näçe synlasaň synlaber, ot ber, suw ber, bahymrak ulaltsaň bolany.
--Bolýar, kaka. Men oň bilen bileje oýnaryn. Otam bererin, suwam, özümjik ulaldaryn.—Berdijik ýatagyň gözenekli ýerinden elini geçirip, owlagyň arkasyny sypady.—Kaka, owlagyň adyna näme dakarys?
--Näme dakaýyn diýseň keýpiň kelläňde. Gep adynda däl, gep onuň bahymrak semremeginde.
--Meleje dakaýjak.
--Meleje bolsa, goý Meleje bolsun. Sen oňa gowja seretgin. Mellekden gökje otjagaz ýygyp ber, belki ýorunja iýer. Semränden soň soýarys.
--Soýarys? Şu owlajygymy?
--Hawa, oglum, näme beýle geňirgendiň? Iki-üç aýdyr dişiň keýik etine degdimi seniň. Çebişiniňki-hä baý tagamlydyram. Asyl, iýip, doýup bilmersiň.
Berdijik kakasy gidensoňam esli wagtlap pikire çümüp oturdy. Ol kän-kän pikir etdi. Ýöne pikirlendigiçe-de, ony gaýgy-gam basdy. Syryny welin hiç kese aýtmady. “Aý, görüberýäs” diýdi.
Berdijik owlak bilen basym öwrenişdi.Her gün irden bilen oýandygy ýanyna bardy. Ýüz-gözüni, boýunjagazyny sypady. Ot ýygyp berdi, suwa ýakdy. Owlajygam ony görse, hossaryna duşan ýaly býkjekleýärdi.
Berdijik häzirem onuň ýanyndady. Synladygyça-da agysy tutdy. Kakasynyň “Ony semredip soýarys” diýen sözleri ýadyna düşüp, gözüne ýaş aýlady. Soňam owlagy boşadyp goýbermekçi boldy. Boşadyp goýberenem ekeni diýeli, nirä gitsin? Ol ýene-de kakasy ýaly rehimsiz biriniň penjesine düşmezmi? Berdijik hem şondan gorkdy.
Hasan awçy bir gün ir ertir bilen ýataga aýlananda, täsin bir zada gözi düşdi. Ýatagyň töwereginde bir däl, birnäçe keýigiň aýaklarynyň yzy bardy. “Keýik sürüsi ýitiklerini idäp gelen bolmaly” diýip, Hasan awçy pikir etdi.
Bu dogrudanam şeýle bolupdy. Ýöne barybir olar owlagy ýatakdan boşadyp bilmän gidipdirler. Hasan awçy ähli zady öňden görýän tejribeli awçydy. Ol agşamyna ýatagyň agzynda gapan gurdy-da, öýe gaýtdy.
Ertesi Hasan awçynyň hakykatdanam oljasy oňupdy. Gapana ene keýigiň özi düşüpdi.Ol keýigi hasyr-husur soýmakçy boldy. Ýöne ony peski obada ýaşaýan mamalarynyňka gitjek bolup duran Berdijik ýolugra tokaý sakçysy Myratgeldi aganyň ýanyna sowuldy-da, kakasynyň etjek bolýan işini ýuwaşlyk bilen duýdurdy.
Myratgeldi aga bu ýere eglenmän geldi. Nireden, kimden eşidenini welin aýtmady. Tokaý sakçysynyň üstüne gelmegi Hasan awçynyň keýpine sogan dograpdy. Ol hyrçyny dişläp durşuna:
--Maňa azar bermäň, men ony soýmakçy...—diýdi.
--Ýok,Hasan beg, seniň o diýeniň-ä bolmaz. Sen gapan gurup ene keýigiň aýagynyň döwülmegine sebäp bolupsyň. Munuň üçin jogap bermeli bolarsyň—diýip, alaryldy. Dessine mal doktoryny çagyrdy, keýigiň döwlen aýagyny seýikletdi-de, ony özi bilen alyp gitdi.
Şol günüň ertesi Berdijik mamalarynyňkydan gaýdyp geldi. Gelibem ýatagyna, owlajygy görmäge gitdi. Ýatak boşdy. Ol süňk ýuwdan ýaly birsellem geplemedem, duran ýerinden gozganmadam.
--Kaka, kaka jan, ýatakda Meleje ýok, Sen ony näme etdiň? Ýa sen ony...—diýip, bokurdagy doldy.
--Wah, men ony getiren dessime soýan bolsadym, mundan müň paý gowy borlardy.Çorbalygy-ha çykardy.
--Eýse, sen ony näme etdiň?
--Bir şäherli näkesiň çök düşüp ýalbaryp duranyna dözmedim-dä. Bir dürbi bilen çalyşaýdym.
--Dogryňmy, kaka!?
--Dogrym. Han-ha göreýin diýseň dürbem çüýde asylgy durandyr. Öz-ä hiç neneň däl ýaly. Meniň ýaly awçylar üçin juda gerek zat.
Berdijigiň garaört bolan ýüzi ýagtylyp gitdi.”Şäherli biri alan bolsa, ol-a ony öldürmez”.
--Düýnki keýik hany?
--Keýigem gursun, owlagam. Geçiň öň aýagy ýaly bir ýerlerden tokaý sakçysy gelip ýetdi. Elimden aldy-da, ötägitdi. Wah, sähelçe ýetişmedik bolsady... Oňa kimem bolsa biri-hä habar edipdir. Ummasyz jerime tölemelem edildim. Keýigiň döwlen aýagyny bada-bat seýikletdi, özünem gutuldugy şäheriň haýwanat bgayna tabşyrjak diýdi.
Berdijigiň aladasy goşalanypdy. Şol günden başlap şäheriň haýwanat bagyna gatnamany çykardy. Dogrudanam birnäçe günden soň agsak ene keýik haýwanat bagynda peýda boldy. Arman ol Berdijigi tananokdy.
Soňky günler ol haýwanat bagyna dostlary bilen gelip gitdi. Şeýle günleriň birinde-de onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Keýik owlajyklarynyň arasyna göze ýakymlyja üýtgeşik bir owlak goşulypdy. Ol Melejedi. Berdijik ony gören dessine tanady.
--Melejäm gel, men Berdi—diýip, oňa gözenekden elini uzatdy. Owlajyk ylgap onuň ýanyna geldi. Berdijik onuň boýnuny sypady. Soňam dostlaryna garap:
--Ine,oglanlar, men ahyry dostuma sataşdym. Kimem bolsa gowy adam ekeni, getirip haýwanat bagyna tabşyrypdyr—diýdi.
Berdijigiň keýpi kökdi. Agsak keýigem, Meleje-de hiç bir aladasyz, bol-elinlikde, asudalykda ýaşap ýördi. Berdijik bolsa bu ýere häli-şindi gelip durdy.Ýöne indi ony başga bir zat gynaýardy. Kakasy awa gitmesini goýanokdy. Her gezegem käkilikdir towşan, sülgündir dag horazyny awlap, Horjunyny dolduryp gelerdi. Şonça guşy, şonça ýabany towşany haýwanat bagyna goýberseň, oňa gör näçe adamlar, çagajyklar tomaşa etjekler.
Indi Berdijigiň kellesinde başga bir pikir peýda boldy. Her edip, hesip edip, kakasynyň aw tüpeňini ýok etmelidi, oda atmalydy ýa bolmasa derýa oklamalydy.
Ol düýnden bäri muny ýeke-täk hem-de dogry çykalga hasaplap, şol barada-da oýlanýardy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty