06:17

Bagtly gez!

BAGTLY GEZ!

Bu hoşwagt günleriň solmasyn ýüzi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Dilsypat gybatyñ gülmesin gözi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!

Şuglasyna gara baglar daranan,
Dolmuş Aý ýaşanda yzyn garanar,
Owurt suw derýadyr suwsap barana,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!

Ruhdan düşãýmãnkãm duşan gözlegim,
Üýtgemesin seniň pamyk gõzleriň,
Hasratdan aýanym, gussa dõzmezim,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!

Belent dag deý gelip maňlaý diränim,
Sensiz uçar guşumyşym niräniň?!
Gõrmãwer yhlasyň uýan süýrãnin,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!

Akmeñz dünýäniñ gõwnüni ýykman,
Guşlar saz ederler, saýrarlar hõkman,
Seni ynjytmakdan uýalsyn ykbal,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!

Mämmetnazar BABANAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 510 | Добавил: Nurdan | Теги: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Ýedi ýassyn / Goşgular - 17.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]