BAGTYŇ ÇÜWSÜN!
— Bäh, sered-ä bi bolýan zatlara, ýene-de goýunlary ekiz guzlaýypdyr. Ýogsam, ýandakdyr çaýyrdan gaýry dişine degýän zadam ýok-da şolaryň — Melleginiň töründäki agylyň germewine ýaplanyp duran Ybraýym içki oý-pikirlerini daşyna çykaranynam duýman galdy. Soňundanam kolhozyň gökje bedesinden kitirdedip duran öz goýunlaryna mojugy bilen alarylyp bir seretdi-de, dürli ekin ekilen kölçejikleriň arasyndaky çiljagazdan ýöräp ugrady: — Häk, şü Hudaýam birine nazar salsa, başga adamyň baryny unudaýýar öýdýän. Bolmasa, iki ädim bärigem aýlardy-la bäbenegini...
Şol wagt aşhanadan çykan Gülle adamsynyň özbaşyna hüňürdäp gelşini görüp, çäýnegini saçagyň bir gyrasynda goýdy-da, elini ýakasyna ýetirdi: «Şü bolup ýörşüne zynjyrlaýmaly däli bolup ötägitmese-de biridir». Ol öz pikirinden özi eýmenip, hasyr-husur üç mertebe ýakasyna tüýkürdi.
Ýüzüniň ganyny gaçyryp, henizem samrap gelýän Ybraýym ýolugra metr ýarym tagta çüýlenen elýuwardan ellerine çalak-çulak suw akytdy-da, göwnüne deglen çaga ýaly sortduryp, sekä özüni goýberdi. Diňe şondan soň hüňürdisini kesip, başyny ýaýkap başlady.
Häliden onuň bolşuna düşünip bilmän, gözlerini apbasy ýaly tegeläp oturan Gülle:
— Ýaňyja işden geleňde-de tut ýalydyň-la, birden nä döw çaldy saňa? — diýdi.
Ybraýym gözleriniň agyny köpeldip, goňşularyna tarap kellesini silkip goýberdi:
— Hanha, göreňokmy nähili döwüň çalanyny. Lagar düşen garry goýunlaram goşalap guzy beripdir. Seniň bu ýalýagylaryňdan bolsa birinem zordan çekip almaly, zordan... — Ol bokurdagyna bat berip ugranyndan, çagalykdan galan üsgülewigem özüniň bardygyny duýdurdy. Sähel salymdan şugundyr deý gyzaryp, iki eplenen göwräniň häsiýetine belet Gülle onuň ýeňsesine kakmaga durdy. Diňe şondan soň üsgülewik Ybraýymyň demliginden mäkäm ildiren penjesini gowşadyp ugrady. Biraz özüni dürsän Ybraýym eliniň tersi bilen gözleriniň ýaşyny sylyp durşuna:
— Guzlaman geçenini bilgeşländen daşarygam çykaran bolupdyrlar-a. Görsünler diýýändirler, deýýuslar — diýdi.
Az-kem ýüregi düşüşen Gülle adamsynyň sözlerine känbir pitiwa-da etmän, çaýyny agdaryp oturyşyna perwaýsyz dillendi:
— Äl, senem, bir zat diýip goýberäýýäň, kakasy. Edil oň ýalam däldir-le. Agylda goýsalar ýaňy bolan guzulary beýleki goýunlaryň süserinden ätiýaç edendirler.
— Näme edenlerini meniň ýüregim bilipjik dur. — Birdenkä ol elini silkip goýberdi: — Äý, bolýa-da senem...
Aýaly bilen agyz deňäp oturasy gelmedik borly, ol sözüni gap bilinden kesdi-de, gapdalynda ýatan ýassyga ýanbaşlady:
— Hany, bir käse çaý içeli-le.
Az salym olaryň ikisiniňem sesine suw sepilene döndi. Göwünli-göwünsiz käsesindäki çaýdan käte bir şirp-şirp owurtlap ýatyşyna, ara düşen dymyşlygy ýene-de Ybraýymyň özi bozdy:
— Hany, bi çagalar görnenok-la?
— Akmyradyň-a irden ota diýip çykyp gidişi. Beýlekilerem bardyr köçede.
Häliden olaryň şu sözlerine garaşyp duran ýaly, köneje tigrini ala şakyrdy edip Akmyrat howla girdi. Ol gele-gelmäne, tigrindenem düşmän:
— Kaka buşluk, Mergen daýymyň lotereýi maşyn utupdyr, «Wolga» maşyn — diýip gygyrdy.
Ýaňy gök çaýyň badyna derçiräp ugran Ybraýym agzyna ýetirip gelýän käsesini elinden gaçyryp, laňňa ýerinden galdy:
— Näme, näme diýdiň?
Tigrini jaýyň diwaryna söýän Akmyrat ylgaşlap kakasynyň ýanyna geldi-de, döwşäp dem aldy:
— Hol seniň Mergen daýymyň doglan gününe elten iki sany lotereý bildiň bar-a, ana, şolaryň biri «Gaz-24» utupdyr.
Ybraýymyň dälirän öküziňkä meňzän gözleri hanasyndan çykarly göründi.
— Meniň elten lotereýammy? Çala eşidäýen-ä dälsiň?
— Çala eşidemok, kaka. Häzirjik şolardan gaýtdym-a men. Mergen daýymyň özi aýtdy: «Kakaň getiren lotereýi utdy» diýip. Agşam toý berjek diýýä. Özi gelip çagyrjak diýdi seni.
— Merez etjek diýdi, zäher etjek diýdi. — Ol tarsa ýerinden turdy-da, aýagy bişen ýaly iki ýana zowzanaklap başlady. Ahyram aýalynyň gapdalyna çökdi-de, maňlaýyna ýumruklap ugrady:
— Häk, çüwmese çüwmez eken-ow, bi şor maňlaý. Näçe ýyllap lotereýa biledini edinip ýeke manat utmadym. Gel-gel, Mergene berenimem... — Ol gaharyna köne kemzolynyň ýakasyny dişläp, goparara getirdi. «Ýer gaty bolsa, öküz-öküzden görer» diýlenini edip, aýalynyň üstüne gygyrdy: — Aslynda-ha, ähli belanyň körügi sen. Şol wagt: «Iki sany lotereýaňdan zat bolmaz, başga bir suwytlyja zatjagaz alaly» diýäýmelidiň.
Gülläniňem ýerliksiz ýerden gep ýassygy bolup oturasy gelmedi:
— Wah, men diýipdim-le. Ýöne özüň dälmidiň: «Alty manatlyk köýnegi äkidip men näme milýanirmi?» diýen. Onsoňam, ýadyňa düşenokmy: «Häzir doglan güne latareý bildini sowgat bermek moda. Barybir, utýan zadymyz ýok, äkideli şondan iki sanyjagyny» diýeniň?
Ybraýym saçlaryny ýolmalap oturşyna tarsa ýerinden galdy:
— Goý-how indi heleý gürrüň...
Birdenkä kimdir biri onuň çep gursagyndan ýiti gezligi geçiren ýaly, daýaw göwresi silkinip gitdi. Ol sag elini ýüreginiň üstüne ýetirip, biraz aşak egildi. Bir bolmasy zadyň bolanyna bada-bat göz ýetiren Gülle ylgap baryp adamsynyň goltugyna girip, mejalsyz göwräni sekide ýatyrdy-da:
— Waý gara bagtym-eý, bu näm boldug-eý?! Hudaý jan, özüň beterinden saklawer-eý — diýip, iki ýana elewräp ugrady. Şol barmana-da bir gyrada nämäniň nämedigini aňşyryp bilmän, äm-säm bolup duran Akmyrada gyýgyny pürkdi:
— Sen näme öwelip dursuň, ýerçeken. Tigriňi mün-de, ýet lukmana.
Şol günüň özünde «Tiz kömek» maşynyny çagyryp, Ybraýymy etrap keselhanasyna alyp gitdiler. Hernäme-de bolsa, onuň çöregi bitin eken. Sanalgyja günden bäri bakaýdy. Lukmanlar oňa kyrk gün dagy gymyldaman ýatmaly boljakdygyny aýdyp, özüne-de ähli aladalaryny, oý-pikirlerini unutmagy tabşyrdylar. Ýöne adamyň häsiýeti towşanyň tüýi däl-dä. Aýdan-diýeniň bilen üýtgedip bolaýýarmy diýsene ony. Ybraýymyňam özüne gelen wagtyndan başlap, süýt reňk «Wolga» göz öňünde şol gaýmalady durdy, gaýmalady durdy.
Ol şeýle ýagdaýda, gözüni potologa dikip ýatyşyna bir aýy geçirdi.
Ine, bir günem onuň depesinde kyýamat gopdy. Ondan iki gün soň gelen näsagy öýlerine goýberdiler. Öwrenen gylyk-da, Ybraýym muňa bir ölüp bilmedi. Içinden adalatsyz Taňra gargyndy, lukmanlara nälet okady. Birnäçe gün bile duz-emek bolan ýoldaşynyň ganymatlaşanyna begenmedi, göripçilik edip, yzyndan hüňürdäp galdy: «Häý, mysalaň gursun. Lukmanlary satyn alan ini diýerler saňa. Menden soň gelibem öň çykan bolýamyň. It ýylgyryşyny edip, «Sag boluň» diýenem bolýar-a. Gyjalat berdigidir maňa. Hany, göreli bakaly, näçe gün çekerkäm seniň gyjalatyňy. Meniňem-ä her ýeteniň gyjalatyna galan ýerim ýokdur...».
Halys içine salyp ýatyşyna, onuň çep gursagy ýene-de jyzlap gitdi. Güýçli yza tap getirip bilmän, gözüniň öňi garaňkyrady. Infarktyň ikilenç gaýtalanyny eşiden lukmanlar şol demde ylgaşyp geldiler. Emma...
...Ybraýym bu gezegem gyjalata galmady. Hälki ýigidi diňe aýaly gelip ýöredip äkiden bolsa, ony üýşüp gelen hossarlary göterip äkitdiler.
1989 ý.
Döwran AGALY.
Hekaýalar