BAGYŞLA, ENE...
Mugallymyň bu günki sapagy olaryň köne derdini gozgan ýaly boldy. Onda iň mukaddes zadyň, çöregiň gürrüňi edildi. Çöregiň biziň elimize taýýar görnüşinde gelýänçä geçen ýoly, munuň üçin sarp edilýän adam zähmeti saldarlap görüldi. Şeýle bolansoň onuň her bir döwüminiň biziň ýanymyzda uly sarpasy bar.
Sapakdan soňky synp sagadynda bolan gürrüňem diňe şu hakynda boldy. Bu garagol Myrat kapitana-da täsir eden ýaly, gulajygyny keýýerdip, şol bir diňläp oturyşydy.
Myrada kapitan adyny-da ýoldaşlary dakypdy. Soňky jaňyň kakylmagyna mähetdeldi. Derrew kitaplaryny goltuklap, hemmeden öň otagdan çykmaga howlugardy.
Öýüne baransoňam onuň okamak bilen, hojalyk işleri bilen weji bolmazdy. Çalak-çulak garbandygy, mekdebiň sport meýdançasynda peýda bolardy.Tä garaňky gatlyşýança pökgi kowalardy, futbol oýnardy. Özi ýaly deň-duş oglanlardan düzülen komanda kapitanlyk ederdi.
Synpda garaşylmadyk ýagdaý boldy. Myrat kapitan mugallymyň berýän gürrüňinden ünsüni sowdy. Partasynyň aşagyndan bireýýäm gatap galan bir bölek çöregi çykardy-da, yzynda oturan çyplaň eşikli oglana uzatdy, onuň üstünden gülmek isledi.
--Me, Bezirgen, al-al, iý, sarpa goý.
Bezirgen nämäniň-nämedigine düşünip-düşünmänkä, Myrat kapitan çöregi onuň öňüne oklady. Çörek owuntyklary otagyň içine pytrap gitdi.
Ene-atalar ýygnagy mekdebiň taryh otagynda geçirilmeli edildi. Beýleki otaglara garanda has giň hem ýagty bolansoň bu ýer hemişe ýygnakdyr duşuşyk geçirmäge ybaly görülýärdi.
Ýerinden turanda büküdibräk görünýän ýaşuly adam Bezirgeniň atasydy. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna-da gatnaşan adamdy. Onuň çörege mätäçlik çekilýän döwürden beren gürrüňleri ulularyň ýüreklerini-de ersdiripdi. Gürlände sojap-sojap uzyndan dem alýardy. Mahal-mahal gözlerine ýaş aýlanyp, bokurdagy dolup-dolup gidýärdi.
Bezirgeniň atasynyň beren gürrüňi Myrat kapitana aýratyn täsir etdi.Şo dem özüni gürrüňi edilýän pajygaly wakalaryň arasynda ýaly duýsa-da, başga bir zada welin düşünmeýärdi. Şonuň üçinem hatarlanyşyp oturan adamlaryň iň çetkisini nazaryndan sypdyrasy gelenokdy. Ol Täzegül ejedi. Myrat kapitan ýaşulynyň gürrüňini diňläp oturyşyna-da oýlanýardy: ”Be, enemem geläýipdir welin, olam çykyp geplejekmikän?! Aý, ol geplemez. Bezirgeniň atasy ýaly urşa-da gatnaşmandyr...”
Täzegül eje köp gepläp oturmady. Ol öz gürrüňini käbir adamlarda, köplenjem okuwçylarda çörege bisarpa garap, sähel gatan çöregi-de iýmän, zibile taşlamak ýaly ýaramaz häsiýetleriň bardygyny aýtdy, bu meselede bol-telkilik edilýändigini näletledi.
Enesiniň her bir aýdan sözi Myrat kapitanyň inini jümşüldedip gidýärdi. Ol ejesi baryp ýerinde oturansoňam ynjalmady. Özüni ýoldaşlarynyň ýanynda müýnli duýup, esli wagtlap ümsüm oturdy.
...Myrat kapitan enesi bilen çaý başyndady. Içerik imi-salalyk aralaşdy. Ol saçakdaky melle-myssyk çörekden bir döwüm bölüp aldy-da, bir elindäkiVçörege, birem enesiniň ýygyrt basan ýüzüne seretdi. Uly etmişli adam deýin, içini çekdi. Soňam:
- Bagyşla, ene, bilmändirin...—diýdi.
Ähli zady bilip duran Täzegül eje bolsa syr bildirmän:
- Nämäni oglum?—diýip sorady.
Myrat kapitan häzir öňki dokmädelik bilen eden işlerine çyny bilen ökünse-de, ony birbada gizlejek boldy.
- Aý, hiç, ýöne...
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty