ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Bäşinji mynajat: NUR ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, Biribar!
Nuruňdan ýaratdyň iki azyzyňy – atamyz Adam bile enemiz Howany. Arman, näler näleti Iblisiň gepine gidip, «şejeretil-memnugdan» – gadagan edilen agajyň miwesinden dadyp, behiştden kowuldylar. Bakylykdan panylyga, nurdan tünilige atyldylar. Şonda atamyz Adamyň ýüreginde galan hasrat hem arman neslinden nesline geçip, onuň her perzendiniň ýüreginde gaýtadan dömüp dowam edip otyr. Bu hasrat hem arman nurdan aýralygyň hasraty hem armany, bu hasrat hem arman nur üçin hasrat hem arman.
Bu hasratly arman, bu armanly hasrat Seniň ýaradan mahluklaryň içinde saýlap-seçeniň – azyzyň bolan adamzat jynsynyň asylbaşky – jöwheri duýgusyna öwrülip gidipdir. Ol bir damja suw – tohum içindäki, gan derejesindäki hakykata dönüpdir. Ol şol tohum, gan bilenem nesilden nesle geçip, dünýä içinde ýaşap gelýär.
Bu dünýäden däldigi bilen ezeli, öz ömrümden däldigi bilen yzaly, öz jismimden däldigi bilen asaly bu heser meniň Saňa golaýlygymyň-daşlygymyň ölçegi bolup dur. Bu heser maňa duýgy derejesinde berilýän iň uly bagtdyr, çünki ol özümi Seniň ýaradan sungatyň hökmünde duýmagyma sebäp hem mümkinçilikdir. Bu heser ýüregime aralaşan pursatlarynda men özümiň jöwherimiň bu dünýäden däldigini, özümiň özümden has uly hem has ähmiýetli närsedigini, özümiň mazmunymyň şu dünýäniň tärlerinden hem şekillerinden däl-de, başgalykdan düzülýändigini duýup ugraýaryn. Şeýle pursatlar, dogrudanam, ýaşaýşyň dünýä diýip atlandyrylýan görnüşi maňa nämährem, ýat, keseki, bigäne bolup duýulýar. Bu bigäne hem keseki närse meni özüm üçin Seniň ezeli, asylbaşda niýet eden maksadyňdan sowmaga, azaşdyrmaga, meni aslynda bolşumdan has kiçeltmäge jan edýän ýaly bolup görünýär. Şeýle pursatlar garyplyk pursatlary, ýagny Saňa şu dünýäde iň mümkingadar ýakynlyk, bu dünýäniň özünden bolsa iň uzaklyk pursatlary. Şonda men öz donuma däl, öz jismime, öz dünýälik keşbime, özümiň dünýälik kesbime, özümiň bu dünýäden alan kysmyma, dünýäniň özüme beren duýgularyna hem pikirlerine sygman ugraýaryn. Gündelik hem ownuk-uşak pikirler güýmenje görnüp, bu güýmenjäni oýlap tapanam şu dünýä bolup görünýär. Özümi aldap urlan ýaly duýýaryn. Meni aldap urýan dünýä maňa göriplik edýär: özüne berilmän, maňa berlen beýiklikden meni alyp galjak, Seniň maňa niýetlän beýikligiňden meni aldap-ogşap mahrum etjek bolýar.
Şeýle pursatlar – dünýälikden däl pursatlar men özümiň adatça barlygyň özünde däl-de, barlygyň kölegesinde ýaşaýandygymy, özümiňem bary-ýogy kölegedigimi syzýaryn. Şonda men Seniň ýakynlygyňy, golaýjykdadygyňy, ýanjagazymdadygyňy, hakyt elýeterdedigiňi şeýle bir ýiti duýýaryn, bu duýgy bu dünýäden däl, ony dilde sözlemegem, ony dünýäniň sözleri bilen beýan etmegem mümkin däl.
Şonda dünýä ýaşaýşy hakykat däl-de, hakykatyň tymsaly, mysaly hem yşaraty diýip men düşünýärin. Hakykylyk hem hakykat şu tymsalyň, yşaratyň aňyrsynda ýatyr. Bu aňyrdaky, başgalykdaky hakykatdan aýralygyň meniň ýüregime heser salýar. Bu heseriň dünýäniň içindäki dünýäniň çägindäki, meniň dünýälik durmuşymdan hem aladalarymdan gelip çykýan duýgular bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ýok, bu zemini heser däl, bu asmany zat. Bu ynsany duýgy däl, bu ynsandan ýokardaky bir mahluga häsiýetli hem mynasyp bolan başga bir zat. Eger ynsan şu dünýäniň ýaşaýjysy bolýan bolsa, oňa özge hilli ýaşaýyş mümkin däl bolsa, onda gürrüňsiz bu hesret ynsany duýgy däl.
Eýa, Biribar!
Ýok, gep meniň ölümli edilip ýaradylanlygymda-da däl. Gep meniň haýsydyr bir hili bakylygy isleýänligimde, talap edýänligimde, tama edýänligimde-de däl. Dogrusyny aýtsam, hatda tersine. Adamyň hiç mahal ölmezlik islegi meniň üçin uly bir gymmatlygam däl. Hatda, göwnüme bu isleg mahal-mahal pes zat bolup görünýär, adamyň köpdürli nebis islegleriniň bir özboluşly ýüze çykmasy ýaly bolup görünýär. Eýse, düýnüňe seredip otursaň, tükeniksiz ýaşap ýörmegiň näme manysy bar?! Tükeniksizlik – dünýäň ölçegi, dünýäň kesgitlemesi. Ýok, men başga ölçegiň, başga kesgitlemäniň gürrüňini edýärin. Seniň ýaradan hem ýaradyp azyzlan ynsanyň garyplyk heseri dünýäniň dilindäki tükeniksizlik däl-de, ýaşaýyş dili, başga ýaşaýyş ölçeglerini küýsemekden gelip çykýar. Men barlygyň bütinleý başga hilini küýseýärin. Men özümiň atamyz Adam bilen birlikde şol barlykdan aýra düşendigimi atamyzdan alan on iki süňňüm bilen, soň jismime, bedenime öwrülen şol ilkibaşky damja suw bolup duýýaryn. Atamyz Adamdan galan iň uly hem iň gymmatly miras – dünýäden berçigip, özge barlygy, başga hakykylygy küýsemek duýgusydyr, şu duýgynyň ýürekde döredýän howalaly hem şirin hesretidir. Bu küýseg – nur küýsegi, bu aýralyk – nurdan aýralyk.
Senden daşlaşsam, «sen däl»-e – dünýä golaý barýaryn, dünýäden daşlaşsam, saňa golaýlygymy duýýaryn. Saňa golaýlygym ýüregime zemini däl bagtlylyk duýgusyny salýar. Senden daşlaşsam, aç guşuň däne küýseýşi ýaly, ýüregim hesret, gözlerim ýaş küýsäp başlaýar. Ylahy heserden mazmunyny edinen ýüregim, heserden dokunan ýüregim Seniň ýakynlygyňy duýubam, däneden doýan guş ýaly rahatlyk hem dokluk tapýar.
Biz Seni göremzok, Biribarym!
Çünki, düşünýärin, meniň bu etden hem gandan ybarat gözlerim Seniň jemalyňy görerden has bikemal, has başga närsedir. Emma Seniň barlygyňy, barlykda maňa ýakynlygyňy duýýaryn. Meniň duýgy serişdäm Seniň maňa beren ruhuň parçasy. Seniň barlygyňy duýýanymy bir zatdan bilýärin: şeýle pursatda ruhum bedenimden, janym jismimden baş alyp, boşanyp gaçasy gelýär. Pelesaň urup, jöwlan urup, ruhum ýaşaýşyň özge giňişligine, özge diline geçip gelýär. Aýralyk heseri iň soňky derejesine ýetip, adaty bolşum, adaty ýaşaýşym çäklilige, kapasa hem-de petige öwrülýär. Onuň ne manysy, ne-de mazasy galýar. Ulalansoň, çagalyk oýunlaryň gyzykdan gaçyp, bimanylyga öwrülişi ýaly, men adaty, zemini boluşdan pikir hem duýgy goşuny saýlaýaryn. Özümiň öňki bolşuma ulynyň çaga oýnuna seredişi ýaly, has ýokardan bir ýerden biraz ýaňsyly bakýaryn. Indi meniň göwnüm many özgeligi küýseýär. Ruhum özüni adatylygyň dar pikir hem duýgy ýaşaýyş agylyndan zemini däl giňişlige çykan hökmünde duýýar. Dünýä hem jisim ahyrky maksat hem ahyrky pelle bolmagyny bes edýär. Olar bary-ýogy sansyz çäkleriň birine, başgalyga, özgelige geçilýän serhetleriň birine öwrülýär. Ol indi meniň üçin tymsal – hakykylygyň, barlygyň özi däl-de, tymsaly, düşünmegim hem aňlamagym üçin döredilen tymsal. Meniň wezipäm ol tymsala düşünip, ondan ätläp geçip, oňa bäs gelip, ondan aňyrdaky barlyga hem ölçeglere geçmek.
Dünýäm-de tymsal.
Jismim-de tymsal.
Men özümi şu pursada çenli jismim bilen gatyşdyryp gelipdirin. Emma jismim bary-ýogy meniň tymsalym eken.
Men ýüzümi şu pursada çenli keşbim bilen gatyşdyryp gelipdirin. Emma keşbim bary-ýogy mysalam eken.
Men sözümi şu pursada çenli kesbim bilen gatyşdyryp gelipdirin. Emma sözüm diňe meniň ahyrky aljak hasylym eken.
Özüm özüm däl ekenim!
Özüm ahyrky wysalym eken!
Men ömrümi şu pursada çenli kysmym bilen gatyşdyryp gelipdirin. Emma ömrüm bary-ýogy bir «meselem» eken.
* * *
Bu «meselemiň» soňy puç, boş çykjagy ýa-da adamzadyň ruhy-jynsy ösüşinde bir hadysa, basgançak boljagy diňe bir zat bilen – meniň Saňa ýakynlygym-daşlygym bilen kesgitlenilýär.
Saňa ýakynlygym Seniň «şaýady tejelliňi» – Seniň şu dünýädäki görnüşiňi görüp, duýup bilýänligim bilen kesgitlenýär. Saňa ýakynlygymyň garyplyk pursatlary meniň ruhumyň guşuna bagyş edilen iň uly peşgeşdir, ruhumyň endamyna ýapylýan iň uly serpaýdyr. Çünki şol pursatda bu dünýä uly galaktikalaryndan başlap çäge tozgajygyna çenli Seniň barlygyň şaýadyna hem tymsalyna öwrülýär.
Şonda gulaklarym dünýäniň owazlaryny tymsal hökmünde eşidýär.
Şonda gözlerim dünýäniň suratlaryny tymsal hökmünde görýär.
Şonda dilim dünýäniň mazalaryny tymsal hökmünde dadynýar.
Şonda jismim dünýäniň göwresini tymsal hökmünde duýunýar.
Tymsal bolany üçinem bu närseler meni dünýäň içinde alyp galman, onuň aňyrsyna alyp gidýär.
Ol tymsaly suratlar meniň Seniň didaryňy küýsemegime sebäp bolýar. Ol tymsaly owazlar meniň Seniň owazyňy duýmagyma, ol tymsaly mazalar Seniň sulhuňy islemegime, ol tymsaly göwre bolsa Seniň barlygyňa atygsamagyma sebäp bolýar.
Onsoň dünýäň aňyrsynda – dünýäň aşagynda, ýokarsynda, sagynda, solunda, bu ýanynda – o ýanynda däl-de, hut «aňyrsynda» – çäginden aňyrdaky hilde çyn hakykatlar açylýar.
Dünýä tarapdan gelýän galmagal-sesleriň arasynda Seniň owazyňa tymsal bolýanlary juda seýrek. Bu seýrek owazlary men olaryň kalbymy üýtgeşik, zemini däl ahwalata sezewar edişinden tanaýaryn. Bu owazlar kalbymyň gulaklaryna aralaşanda, beýleki sesler bada-bat gezekleşýär hem sem bolýar. Dünýäniň tymsaly däl, Sen tarapdan gelmeýän hem Saňa şaýatlyk etmeýän sesler meni çuňaldanok hem-de giňeldenok. Tymsaly owazlar gelende men dünýäniňem, özümiňem sesimi unudýaryn. Daşymdanam, içimdenem gelýän sesler tapba kesilip, diňe «aňyrdan» owazlar eşidilip durýar. Şonda şu dünýäden alan, ahyrynda-da ýene şu dünýä gaýdyp bermeli sözlerimiň, seslerimiň kesilip, diňe Seniň maňa beren sözleriň hem owazlaryň galýar. Şonda men gaýyby giňişlikde Seniň dergähiňde Seniň öz ýaradyşyň ýaly duraryn. Men wagtdan gelýän wagtlaýyn sözleri hem sesleri unudýaryn. Seniň tymsaly owazlaryň nuruny duýýaryn.
Şonda ýaşaýşymdan panylyk gabyklary sypyrylyp, özümiň bakydygymy, dünýäniň beren şertlilikleriniň sypyrylyp aýrylan pursadynda, ýene bakylyga dolanjakdygymy syzýaryn. Bu syzgydan ýaňa gözlerime ýaş aýlanýar.
Dünýäniň tymsaly suratlaryna kalbymyň gözleri düşende, dünýäniň öz-özlügindäki suratlar gözellikden hem manydan mahrum bolýarlar. Şonda men ol öz-özlügindäki suratlary-da, özüme dünýäniň beren suratlaryny-da unudýaryn. Tymsaldan binesip ähli suratlaryň puçlugy peçan bolanda, olaryň diňe bir, ýeke gatlakdaky ýaşaýyş tekizligine ukyplydygy aýan bolanda, Seniň şuhudy sypatyň wysal bolup ugraýar. Şonda ýeke gatlakly dünýä özüniň hakyky ornuna – garaňkylyga hem-de kölegä geçýär. Şonda Seniň şuhudy didaryň nury hem ýalkymy köňlüme aralaşyp, men özümi uzyn hem garaňky nagymyň o çetindäki nur bilen ýüzbe-ýüzlükde duýýaryn.
Dünýädäki tymsaly mazalar sulhuma aralaşanda, dünýäniň öz-özlügindäki tagamlar hem mazalar tagamdan hem mazadan gaçýar. Men başga tagam, başga mazany duýýaryn. Dünýäniň bedenimi berçikdirýän mazasynyň ruhumyň akyly däldigine göz ýetirýärin. Şonda tenime maza beren maddalygyň pes hem bigänelikdigini görýärin. Şonda Seniň şuhudy tejelliň mazasy kalbymyň sulhuna ýeterli bolýar.
Dünýädäki tymsaly jisimler kalbyma aralaşanda, dünýäniň öz-özlügindäki maddalar gurrumsak görünýär. Şonda tymsaly jisimleriň aňyrsynda men Seniň başga hilli, başga tüýsli, özge ölçegli barlykdaky suduryňy duýýaryn. Dünýäň ähli jisimlerinden parran geçip, ol sudurdan nur gelýär. Bu dünýäň dilinde aýdyp bolmajak, diňe ruhum göwräni könelen eşik kimin taşlap gidende görüp boljak ol barlygyň nuruny syzmakdan ýaňa gözlerime ýaş aýlanýar.
* * *
Eýa, eý, Biribar!
Her demde, her pursatda Seniň kalbyma atan bakylyk tohumyňy – Seniň nuruň wysalynyň heserini kalbymda göterip gezýärin.
Her günde, her şamda Seniň kalbyma atan bakylyk tohumyňy – Seniň nuruň wysalynyň heserini kalbymda göterip ýörýärin.
Her ýerde, her jaýda Seniň nur wysalyň heserini kalbymda göterip ýörýärin.
Oýalykda, ukuda Seniň nur wysalyň heserini kalbymda göterip ýaşaýaryn.
Ýaz-u-gyşda Seniň nur wysalyň heserini kalbymda göterip ýaşaýaryn.
Gyşda ýagan ak garlarda, baharyň gök ýagmyrynda Seniň nuruň tymsalyny görýärin.
* * *
Asman bulutlara çenli peselip, Zemin bagtyýarlyga çenli eselip, dünýämiň beýiklik giňişligi tas adam boýuna gelende, gökden ak garlar seçelenýär. Şonda bedeniň ýylylygyň zarynda, kalbyň bolsa daşarynyň giňişligini hem terligini küýseýär. Şeýle pursatlarda öýden çykman oturmak günä, çün beýle isleg adamyň bu dar hem çäkli dünýäden giň hem çäksiz barlyga geçmek isleginiň ýokdugyndan habar berýär.
Daşarda bolsa ak gar Seniň nuruňdan habar berýär. Çün ol Seniň nuruň tymsaly. Tozga-tozga, nagyş-nagyş, keşde-keşde ak gar Seniň şuhudy tejelliň dälmidir?!
Boraganlap sepelenýän, ýyly deme degip ereýän, ýyly endama degip bugarýan, Asmanyň tämizligini hem seleňligini Zeminiň argynlygyna dahyl edýän, Zeminiň ýüzüni ýuwýan hem Zeminiň arkasyny çalýan ak gar Seniň şuhudy tejelliň dälmidir?!
Gyz ýörişi bilen Zeminiň arkasyna düşýän, gyz ýörişi bilen Zeminiň ýaňaklaryna syrygýan, gyz demi bilen Zeminiň gyzgyn endamyna terlik berýän ak garlar Seniň tejelliň dälmidir?!
Zeminiň baslygan göwnüne basalyk berýän, Zeminiň dymyljak hyýallaryny täzeleýän ak garlar Seniň tejelliň dälmidir?!
Topragyň demre dönen synasyny imanly kalp kimin ýumşadýan, topragyň imansyzyň ýüregine dönen umytsyzlygyna em edýän ak garlar Seniň tejelliň dälmidir?!
Ýeriň myhynyň başyna ýüp kimin kötek bolup urulýan, daglaryň kalbyndaky gözýaşlary çykarýan ak garlar Seniň tejelliň dälmidir?!
Zemini Asmana, Asmany Zemine geçirýän, kalbyma heseri ýetirýän ak garlar Seniň şuhudy tejelliň dälmidir?!
Çäkleri ýykýan, serhetleri aýyrýan ak garlar Seniň şuhudy tejelliň dälmidir?!
Ak garlaryň gijeleri ýagtyldýan şuglasynda Seniň nuruňy, gökden inip, Ýer ýüzüne saçylyşynda Seniň gudratyňy görýärin, eýa, Biribar!
* * *
Nurana ak garly gyşlar Zeminiň imi-sala düýşüne meňzeş. Adamzadyň düýşlerine-de ak garlaryň nury çaýylan. Şonuň üçinem biziň düýşlerimizde huşda mümkin bolmadyk nur, nuranalyk bar. Ylaýta-da, oraşan düýşde. Aslynda oraşan düýş diýmegiň özi röwşen, ýagny nurly, şuglaly düýş diýmek ahyryn. Çünki beýle düýşler indi boljagy-geljegi hakykatlygynda görkezýär, nämälimligi mälimlige öwürýär, garaňkylygy ýagtylyga dönderýär.
Düýşde nur bar. Şuňa üns berdiňizmi?! Biziň düýşlerimiziň özümize üýtgeşik täsirini, birhili düşündirip bolmaýan syrlylygyny hem geň manylylygyny, täsin süýjüligini düýşüň üýtgeşik nury bilen düşündirip bolar. Ol bir tarapdan, biziň huşumyzyň dowamy ýaly, çün ondaky şekiller hem zatlar huşdan alnan, emma beýleki tarapdan düýş bütinleý başga, mundakydan tapawutly manylar hem-de äheňler mahsus. Düýşde huşlugyň zatlary başgaça utgaşygyny tapýar. Şundanam täze barlyk, hakykat kemala gelýär. Şonuň üçinem düýşde nur bar. Zatlaryň hem şekilleriň aýratyn utgaşygynda şugla peýda bolýar.
Düýşde gunduz aklyk bar. Beýle aklyk maddy däl, zemini däl nuranalygy döredýär. Reňk babatynda aýdylanda, aklyk boşluk, ýaňy bozluk däl, reňksizlik däl. Maddy dünýäde ak reňk belli bir halatda we belli bir manyda reňksizlik, bozluk bilen bir zat hökmünde görnüp biler. Emma düýşüň aklygynyň bütinleý başga ýagtylyk tebigaty bar. Ol birhili ruhy reňk, ruhy aklyk. Sen bu reňki ten duýgularyň däl-de, janyň-ruhuň arkaly aňlaýarsyň. Bu sende syrlylyk täsirini döredýär. Ylaýta-da, aklygyň mawy öwüşginler bilen utgaşygy Seni Zeminden alyp, özge – zemini däl dünýä äkidýär. Çün mawylyk – asmanyň, başgaça aýdanyňda, alyslygyň, tükeniksizligiň, şondan ötri bolsa bakylygyň reňkidir. Aklyk düýş dünýäsine belentlik, howalalylyk, mukaddeslik çaýsa, mawy reňk syrlylygy, dünýä çäginden aňyrky özgeligi berýär. Düýş – janyň tene, asmanyň Zemine berýän içki habary. Ol özge dünýäniň az pursatlyk şu dünýä geljegi, diňe reňkleriň däl, eýse dünýäleriňem başgaça utgaşygy.
Düýşüň ýüzi – geljege sary. Ol Allatagalanyň bize geljegi duýmak üçin beren mümkinçiligi. Aslynda «düýş» sözüniň özi «duýuş» kökündendir. Özüniň nurlulygy bilen ol geljegiň nämälimligine, garaňkylygyna açylan yşdyr. Ol geljegiň özboluşly mümkingadar görnüşi bolup, eýesiniň kimligine baglylykda onda geljegiňi görmek mümkinçiligi ýatýar.
Düýşde biz entek aýak basylmadyk dünýä aýak basýarys, entek el degrilmedik dünýäni elläp görýäris. Şonuň üçinem onuň tebigatynda el degrilmediklik, aýak basylmadyklyk esasy zat bolup durýar. Düýş ýöne bir adam aňynyň düşündirilmedik hadysasy däldir. Ol ýöne içki hadysa däl, onda daşky dünýäniň ykbalyna degişli hakykatlar bar. Ýaşaýşyň, durmuşyň, wagtyň gidişindäki adam akylyna, huşuna elýeterli bolmadyk syrlar, hakykatlar düýş arkaly adamyň janyna, ruhuna aýan bolýar. Huşuny wagta aldyran adam düýşünde wagtyň o tarapyndaky hakykatlara baryp bilýär.
Aslynda düýşde wagtyň akyşy-da, tebigaty-da, mukdary-da başgaçadyr. Huşda wagt yzyna tarap akýar, düýşde bolsa ol diňe öňe bakan akýar. Düýş dünýäsinde hemme zat, hatda maddylyk hem içki ruhy tebigata eýedir. Düýş ruhlaryň özara gatnaşyk dünýäsi. Huşda güman zat düýş arkaly aýana öwrülýär. Huşdaky nämälimlik düýşde düşnüklilige öwrülýär. Wagtyň yza däl, öňe akýanlygy sebäpli düýş juda gysga salymyň wakalaryny özünde saklaýar.
Düýş – teniň däl, ruhuň refleksiýasy. Şonuň üçinem onda ruhy baglanyşyklaryň beýany bardyr. Hut şonuň üçinem düýş huşa, maddy, daşky dünýä ýetdirmeýän nurlulyga hem-de täsinlige eýe. Ol daşky dünýäniň adamyň içinde goýýan yzlary däl-de, adamyň içiniň – ruhunyň dünýäniň geljegini görüş ukybydyr. Düýş arkaly ruhumyz geljege beýleki duýgulardanam, şol geljegiň özündenem öň baryp ýetýär.
Başgaça aýdylanda, düýş başga wagt-giňişlige geçmegiň usulydyr.
Düýşde simwol bar. Munuň özi düýşüň huş bilen arabaglanyşygyna güwä geçýär. Simwol diýmek – ýarysy diýmekdir. Doly hakykatyň ýarysy huşda, ýarysy bolsa düýşde. Diňe bu iki ýarym bitişende, hakykat ýüze çykýar. Düýş ýarym hökmünde huşa yşarat edýär, ony düşündirýär, onuň ýarty göwresiniň üstüni doldurýar. Ikisiniň mynasybetine görä, kä düýş, käte huş hakykatyň özi, beýlekisi bolsa onuň kölegesi bolýar. Munuň özi dialektikadyr. Düýş dünýäniň ruhuň içki tejribesinden süzülen nurudyr. Ol nur biziň garaňky gijelerimizi-de ýagty edýär.
Emma meniň esasy aýtjagym içgi ruhy nurumyzyň başga bir görnüşi – hakyda nurudyr. Hakyda nurunda kuýaşyň ýitiligi, garyň gunduzlygy, ýagmyryň ýüwrükligi bar. Biziň içki dünýämiziň garaňkylygyny ýagtyldýan hakyda nury Haktagalanyň daşky dünýämizde ýakan Gün, Aý nury bilen bäs gelýär. Içki nur bolmasady, onda biz hemişe garaňky bolan jaýda ýaşaýana meňzärdik. Aslynda şeýle halatda «içki» diýilýän ýaşaýyş giňişliginiň özi-de bolmazdy. Hakyda nury adama özüni gaýtalanmaz hem ýeke-täk şahs, barlyk hökmünde duýunmaga mümkinçilik berýär.
Hakyda nury meniň içki Güneşimiň nury. Ol sözüň daşky, maddy-jisim manysynda ýokluga, ýagny tümlüge öwrülen ýaşaýşy barlyga, ýagny nura aýlandyrýar. Hakyda, ýat, pikir arkaly adam ýola giden, «ölen» pursatlary hem-de wakalary bara getirýär, janlandyrýar. Şonda ýok bolan, öten, sönen, tümlüge dönen zatlar şuglalanýar, diňe ýagtylyk bilen iş salyşýan gözleriň öňüne gelýär. Şeýle täsinlik adamyň wagty yzyna başga ölçeglerde hem bolsa, dolap getirmegidir. Bu wagta baglylykdan boşamagyň hadysasydyr. Bu ilkinji boşama, azat bolmadyr, çün bu diňe ruhy manyda mümkin. Emma bu gutarnykly boşamanyň, azat bolmanyň, ýagny sözüň maddy manysynda wagta baglylykdan çykmanyň, bakylyga ýetmegiň deslapky ädimidir.
Adamyň deslapky azatlygyny amal edýän hakydanyň nury geçmişi aman saklamak arkaly şu günüňi üpjün edýär. Hakyda nury biziň adamdygymyzyň esasy alamatydyr. Içki barlygy emele getirmek bilen ol bize şahsyýet hökmünde daşky dünýäde özlüge, gymmata eýe bolmaga şert döredýär. Bedeniň özgermegi, garramagy bilen adam öňküsinden başgalyga öwrülýär, hakyda nurunyň içden şugla saçyp durmagy adamyň durnukly, kesgitli birlik bolup galmagyny üpjün edýär.
Hakyda nury arkaly biz geçmişi görüp, synlap ýörýäris. Şu mynasybetli geçmiş asla «geçenok», ol şu günde galýar we ýaşaýar.
Hakydanyň ruhy nury akyl nurundan başgaça. Şonuň bilen baglanyşykly bolsa-da, hakyda nury geçmişe bakyp ýakylan nurdur. Akyl nury bolsa daşkylyga bakyp, daşkyny ýagtylandyrýar. Hakyda nury aň gujuryndandyr.
Hakyda nury ötlem-ötlem göz öňünden geçip duran geçmişi ýagtylandyrýar. Hakyda nury akyl nurundan tapawutlylykda asla bolmadyk däl-de, diňe bolup geçen, biziň hut öz başymyzdan geçen pursatlary ýagtylandyrýar. Akyl nury bolsa hyýalat arkaly biziň özümize asla dahylly bolmadyk zatlary-da göz öňüne getirýär. Hakyda işine bolsa diňe akyl däl, eýse ýürek hem gatnaşýar. Netijede, hakydanyň çuňňur şahsy gymmatlyk manysy bar. Hakyda her adamyň şahsy giňişligidir. Hakydanyň aýtymyna salnan her bir zat şahsy gymmatlyga öwrülýär. Adamyň öz ömrüniň çäginden daşardaky, onuň eždatlaryna, milletine, adamzada degişli zatlar we wakalar akyl hem gaýry dikeldijiler arkaly janlanyp, adamyň hakydasynyň çygryna salnanda, olar onuň şahsyýetine, ömrüne dahylly ähmiýete eýe bolýar. Hakyda şahsy ruhy tejribäniň genjidir. Hakyda nury-da adam şahsyýetiniň ukyby, gymmaty hem-de ezizligidir. Şonuň üçinem hakyda nury ýöne bir ýagtylandyranok, ol adamyň şahsy «menini» köpeldýär, ulaldýar. Ol adamyň ruhy-gaýyby mülküniň çäklerini giňeldýär. Akyl öz-özlüginde alanyňda şahsy däldir. Hakyda bolsa çuňňur şahsydyr hem-de şahsyýetleýindir. Şol sebäpden onuň nurunyň tebigaty-da özboluşlydyr. Hakyda nurunyň öwüşgini her adamda bir hilidir. Adamyň şahsyýetiniň gaýtalanmaýşy ýaly, hakyda nurunyň şuglasy hem öwüşgini gaýtalanmazdyr.
Akyl nury geljegi hem-de daşy, hakyda nury bolsa geçmişi hem-de içi ýagtylandyrýar. Geljek daşdadyr, geçmiş bolsa içdedir. Wagt bile giňişligiň şeýle utgaşygy tebigydyr. Häzirkilik başga hiç ýere däl-de, diňe biziň içimize – hakyda gidýär. Iç diýenimde, men bedeniň içini göz öňünde tutmaýaryn. Adama içki agzalaryndan daş zat ýokdur. Iç diňe ruhy manyda. Adam özüni näme bilen barabarlaşdyrýan, bir hasaplaýan bolsa şol hem içdir, içkidir, «mendir» Hiç kim özüni haýsydyr bir beden agzasy bilen barabarlaşdyryp bilmez. Hakyda nury özüňi ömrüň bilen barabarlykda görmekdir.
Hakyda nury özüni özüň bilen barabarlykda görmekdir. Barabarlyk – aýrylyk gatnaşygynda hakyda nurunyň öz orny bar. Ol Allatagalanyň daşyň görünmegi üçin içde ýakan çyrasydyr. Bu çyra adama özüne dahylly zatlary ömri bilen barabarlaşdyrmaga ýardam edýär. Akyl nury bolsa daşyň görünmegi üçin daşda ýakylan çyradyr. Ol adama özüni daşky dünýäden aýrylaşdyrmaga ýardam edýär.
Hakyda nury yza bakan ýakylan çyra, akyl nury öňe bakan ýakylan çyra. Akyl ýa-da intellekt adam bilen daşky barlygyň arasyna diwar çekip biler. Hakyda bolsa adama ruhy tejribäni bermek bilen daşky barlygy özüňkileşdirýär, çünki muňa ýürek goşulýar. Hakyda nuruny saçýan çyra adam ýüreginiň ýagy bilen ýanýar. Hakydanyň ezizligi, ýakymlylygy şondandyr.
* * *
Ýatlamalar, ýatlamalar...
Ýatlamak – geçmişi ýagtyltmak.
Hakyda adamyň geçmiş bilen ýüzbe-ýüzlügini aňladýar. Ýüzbe-ýüzlük bolsa ikiçäk söhbetdir. Her bir ýüzbe-ýüzlükde geçmişe giden, gaýyba dönen zatlar we wakalar yzyna gaýdyp gelýär. Öz wagtynda ol zatlar we wakalar adamyň içine girip, hakyda ýumagynda ýumalypdyr. Indem ýatlamada olar hakyda ýumagynyň çöşlenmegi netijesinde gaýtadan öňki barlygyna gelýärler.
Hakydada dünýä öňki suratynda we öňki kaddynda dikelýär. Edil köne suratlaryň gojanyň çagalyk, oglanlyk suratyny görkezişi ýaly, hakyda-da ýaşaýşyň öňki, indi ýitip giden durkuny we şekilini özünde saklaýar. Bu akyp duran, durnuksyz wagtdan «ogurlanyp» alnyp galan durnukly şekiller. Olarda pursatlar şol durşuna dur. Hakykatda häzir bolmadyk, ýok giňişlikler hem-de olardaky zatlar hakydada ýaşaýar. Hakydada ýüregiň orny bar diýdim. Kalpdan hem göwünden tapawutlylykda, ýürek ruh bilen bedeniň çygrynda bir ýerde ýaşaýan zat. Şonuň üçinem hakyda adamyň beden-ruhy bitewüligi bilen baglanyşyklydyr. Hakyda haýwanda-da bolup biler. Emma adamyň hakydasy mukdar hem hil taýdan başga hadysa. Ol haýwanyňky ýaly çäkli däl, üstesine-de akyl zerarly adam hakydasy başga hile, tüýse eýe bolup, başga materiýalary öz içine alýar. Ol ruhy hakyda.
Emma, muňa garamazdan, hut ýürek zerarly hakydanyň jisme dahyllylygy-da güýçli. Şonuň üçinem ten duýgularynyň hakydanyň oýanmagynda, gaýtadan janlanmagynda orny, paýy az däl. Haýsydyr bir ysyň, tagamyň, şekiliň, sesiň uly hakydanyň janlanmagyna getirmegi mümkin. Şonda adam edil şu wagtky ýaşaýyş dünýäsinden çykyp, gaýypda, hyýalatda bir wagtky açyk dünýä gaýdyp barýar. Hakyda nury bilen ýagtylandyrylýan ol dünýädäki zatlar we wakalar, adamlar we giňişlikler öňki bolşunda göz öňünde dikelýär. Adam hamana wagt maşynyna münüp, geçmişe dolanan ýaly bolýar. Geçmişiň geçenligi adamda gussa, geçmişiň aslynda bolanlygy bolsa onda süýji kanagatlanma döredýär, çünki geçmişiň duýulýanlygy, elýeterlidigi häzir hem diridigini habar berýär. Geçmiş bilen aranyň üzülmegi diňe ölümde, ýoklukda mümkindir. Ölüm – geçmişiň ýok bolmagydyr.
Hakyda nury geçmişiň ýok bolmazlygyny gazanýar. Geçmişiň tüme, garaňkylyga, ýokluga öwrülmeginiň öňüni alýar. Hakyda nury hakydasyzlyk tümlüginiň garşysyna ruhuň ýakan çyrasyndan saçylýar.
Hakyda ýatlamalar arkaly janlanýar. Ol geçmişiň şu güne görünýän suraty. Ynsan ýüregi mahal-mahal geçmişi küýseýär, ylaýta-da geçmişden şu güne geçmän galan, özüne juda mätäçlik çekilýän zatlar ara düşende, hakydanyň süýji ýitiligi duýulýar. Biz öz ýitgilerimiziň öwezini olar hakyndaky ýatlamalar bilen doldurýarys. Hakyda babatda öwezini dolmak tümlügi gaýybana bolsa-da, gaýtadan ýagtyltmakdyr.
Biz ýigit çykyp, çagalygymyzy ýitirýäris, ulalyp, ýigitligimizi, garrap bolsa orta ýaşymyzyň wakalaryny ýitirýäris. Bu ýitirilen ömür pursatlary bilen bilelikde geçmişde bizi gurşap alan töweregem gaýyp bolýar. Zatlar, wakalar, adamlar, täsirler, sesler – bularyň bary hakyda geçip galýar. Soň-soňlar haçan-da şolaryň haýsydyr birine degişli zada gabat geleniňde, hakyda biygtyýarlykda oýanýar. Geçmiş gaýdyp gelýär.
Ine, iň tanyş köçäňden gidip barýarsyň. Bu gumak ýoldan çagakaň aýakýalaň köp ylgap geçipdiň. Şol pursatlaryň hakydasy hatda seniň aýaklaryňa siňip galan ýaly duýulýar. Ýyllar ol ýatlamalary aýryp bilmändir. Bu ýoluň, özge biri üçin asla hiç hili üýtgeşikligi bolmadyk çaňly ýoluň üstünde seniň ömür pursatlaryňy emele getiren näçe wakalar, gülkünj-u-gussaly çaglar bolup geçipdi. Ýoluň ikiýan gyrasyndaky tut agaçlary çagakaň şeýle uly hem beýik görnerdi. Emma indi görüp otursaň, olar şol mahal ýaňy boý alyp başlan ekeni. Olaryň aňyrsyndaky haýatlar bolsa bir mahal çig palçykdandy, özem adam boýundanam pessejikdi. Garagolluk edip, oglanlar bolup şol haýatyň aňyrsyna böküp geçişiň, gyzyl-sary peýwendi eriklerden etekleri dolduryp, bagbanyň gykylygyna ökje göterişiň ýadyňa düşýär. Bigünä çagalygyň ol günleri indi gaýdyp gelmez. Şonda olaryň gaýdyp gelmejekligi üçin däl, ömrüň geçip gidýänligi üçin gözleriňe heser-gam aýlanýar. Şonda-da edil häzir seniň öz öýüňdedigiň, öz obaňdadygyň, öz dörän ojagyňdadygyň ýadyňa düşüp, göwnüň giňär, kalbyň aram tapar. Duşuşyklaryň iň lezzetlisi hakyda duşuşygydyr.
Jahyl çykanyňda, giden durmuş öňüňdedi. Sen on iki süňňüň bilen öňüňde saňa garaşyp ýaýylyp ýatan ömri duýýardyň. Sen öz bedeniňde bir adama berlen ömür gujuryny, güýç-kuwwaty duýýardyň, indi sarp edilmeli bu gujury duýmak saňa üýtgeşik ýakym berýärdi. Sen ömrüň yzda däl-de, entek tutuşlygyna öňdedigine, onuň ýaňy başlanýandygyna begenýärdiň. Ýüregiňde bolsa bu durmuşda üýtgeşik adam bolup ýetişmek üçin gerek näçe etsem-petsem, nähili hyýallar, gör, nähili tutumlar bardy!
Garaz, seniň bütin jismiň bu müdimi hem köne dünýäň süňňünde täzelik hem terlik bolup duýulýardy. Dünýäň özi gözüňe juwan hem gözel görünýärdi. Saňa uly geljek, uly açyşlar garaşýardy. Seniň ýaşasyň, döredesiň, gurasyň, söýesiň gelýärdi. Özüňde bimöçber hyjuwy duýýardyň.
Ine-de, sen kämillik ýaşyňda. Ömrüň ýary eýýäm ýatlama hem-de ýetilen sepgitlere öwrülip ýetişipdir. Sen bereketli hem hasylly agaç kimin başyňy egip barýarsyň. Duýgularyň goýazylaşyp, hyjuwlaryň durugşypdyr, indi öz niýetleriňe hem-de wezipeleriňe has agras, has çynlakaý çemeleşýärsiň. Indi sen howlukman, seljerip, ýöne şol bir wagtda-da ynamly hem arkaýyn gadam urýarsyň. Seniň bu ömür gadamyňda hakyda saňa özboluşly tekge bolup dur. Hakyda geçmişiňi şu gün bilen birikdirip, geljege umyt döredip, saňa şol bir wagtda birnäçe wagt tekizligindäki ömri sürmäge mümkinçilik döredýär.
Garrylykdaky diregiň ömrüň boş hem biweç geçmänligine düşünmekden kalbyňda döreýän aram hem-de kanagatlanmakdyr.
* * *
Eýa, Biribar!
Asmandan Günüň kuýaşy inip,
Gorky hem garaňky yza serpigende,
Zeminiň arkasyndan bug göterilip,
Maýsalaň gök ýaňaklary derçigende,
Zeminiň ýaşyl gözleri
Arşa söýgimiň oduny ölçerende,
Nury – tijelli gudratyň gördüm!
Günüň tyllaýy tyglary
Kalbym gijesiniň tümlügin parçalanda,
Gögüň mawy jemalyny gördüm men.
Günüň tylla barmaklaryň bilen
Ýeriň ýalaň tenin sypalaýşyň gördüm.
Onuň sary gözünde Seniň tejelli nuruň göründi.
Onuň tylla ýaňagynda Seniň
tejelli – nuruň göründi.
Kuýaş inip, ýyldyzlaryň kümüşi
Ala daglara geçende,
Bady-saba bilen arşdan gaýdyp,
Ylahy owazyň bilbilli baglara geçende,
Zeminiň galmagaly Gök ümsümligin bozanda,
Zeminiň gözi açylyp,
Ýyldyzlar gözün süzende
Seniň nury-tejelliňi gördüm men.
Günüň nurdan gözýaşlary
Göwnümiň kirlerin ýuwup aýranda
Saplandym men garaňkylyk derdimden.
* * *
Eýa, Biribar!
Bu jahanyň, bu dünýäniň, bu Älemiň her jisminden Seniň tejelli sypatyňy ders aldym.
Seniň nämeligiňe hem Seniň nähilidigiňe, Seniň niredeligiňe hem Seniň haýsydygyňa göz ýetirmek-göz ýetirmezlige baglylykda ynsanyň kämilligi kesgitlenýär. Men owallar bikemaldym, çünki Seniň sypatlaryňy hem jähetleriňi haýsydyr bir özge, bu dünýä bilen baglanyşygy bolmadyk näbellilikdedir öýderdim. Sen öz-özlügiňde, bu dünýä bolsa öz-özlüginde ýaşaýandyr hasaplardym. Bikemallykdakam, meniň üçin bu ýaşaýyşda, bu dirilikde, bu janlylykda hiç hili gudrat hem keramat aňlanylanokdy.
Şonda bu dünýä meniň üçin bary-ýogy bu dünýädi. Men hem bary-ýogy mendim. Bu gara daglar bary-ýogy dagdy. Bu däli deňizler bary-ýogy deňizdi. Bu asman-da bary-ýogy asmandy. Bu Zemin-de, bu Güneş-de bary-ýogy Zemin we Güneşdi. Ýaşaýyş hakykylyk däl, pisindilik bolanda, şeýle bolýar.
Pikirler päklik däl-de, gendelik bolanda, şeýle bolýar.
Duýgular erkilik däl-de, kündelik bolanda, şeýle bolýar.
Adam ýaşanok, ol bary-ýogy ýaşaýşa öwrenişýär.
Adam görenok, onuň gözleri öwrenişýär.
Onuň pikirleri kölege bolýar, duýgulary bolsa çüpreşip, çülpe bolýar.
Seniň gudratyňy görmek, Seniň keramatyňa şaýatlyk üçin jülge pikirler, dere duýgular gerek.
Ynsanyň kalbyna Seniň Arşdan gelýän owazlaryň inende, kalbyňdaky duýgular apy-tupan düşen deňziň balyklary ýaly tolgunyp başlaýar. Ýekeje, bary-ýogy birje pursatda ynsanyň jan gözüniň açylmagy mümkin. Şonda ol bir beýik hakykata – ýaşamagyň ýaşaýşa öwrenişmek däldigine düşünýär. Ýaşaýşa öwrenişmek adam kalbyny gözli kör edýär. Her bir öwrenilişen ýaşaýyş, endik edilen dirilik – ölüme barabardyr. Kalby kör galyp, hyjuwlary eda bolup, duýgulary sadyr atan ynsan Seniň gudratyňy duýup bilmez.
Seniň gudratyňy gören üçin bu öwüsýän şemallar ýöne bir şemal däl, olar Senden gelen peýamdyr. Bu peýam ynsanyň ötegçidiginden, dünýäniň geçegçidiginden aýdym aýdýar.
Ak gyşlarda buz ganatlary bilen perwaz urýan ak şemallar kyrk çilläniň serginliginiň bir pursatlykdygyndan peýam aýdýar.
Gök baharda mahmal endamyny ýüzümize degrip öwüsýän gök şemallar baharyň juwanlygynyň hem kysmynyň bir pursatlykdygyndan peýam edýär.
Sary tomuslarda sary gözlerini gyzardyp üstümize zyňylýan sary-gyzgylt şemallar tomsuň tabynyň bir pursatlykdygyndan peýam edýär.
Boz güýzlerde ynjalmagyň hem nyşanyň tassyknamasy bolup öwüsýän boz şemallar hasylyň hem netijäniň bir pursatlykdygyndan peýam edýär.
Şemalyň diline düşünen ýürek owazyň diline düşüner.
Uzak-uzak gyş gijeler aýralyk hasraty gara uzyn saçlaryň ýolmalanda, aýralyk hasraty gara endamyň penjelände, gitse-gelmezlik şumlugy gara maňlaýyna uranda, gijäniň agysyn eşitdim.
Aýralyk şemaly öwsüp, habary baglaryň süňňüne düşende, güjümiň agysyn eşitdim.
Ýuwan hem solgun nurdan daraklygyna galyp topragyň üstünden gybyrdyklap geçende, şüdügäriň agysyn eşitdim.
Aýralyk pursady ömür üçin halasgär, amal üçin jogapkär hem ölüm üçin hüşgäriň agysyn eşitdim.
Barlygyňa, birligiňe şaýat bolýanyň, owazlaryna düşýäniň agysyn eşitdim.
Owazyň diline düşen nuruň diline düşüner.
Hamdyň okan sözleri eşitdim.
Sen diýip aglan gözleri eşitdim.
Tenin parçaladan gara daglary
Jemalyňa intizar düzleri eşitdim.
Pyýam güni Zemin ýüzün dolduryp, Seniň didaryňy görkezmek üçin tos-togalak aýna boljak ummanyň nuruna düşündim.
Hal pursady didaryň üçin gözgi boljak imanyň nuruna düşündim.
Ýa, Biribar!
Joşup duran duýgularyň hakyna,
Saňa mežnun hyjuwlaryň hakyna,
Kalpdan gelýän «kyrruwlaryň» hakyna,
Meni Öz hakydaň nurundan binesip etme!
Osman ÖDE.
Filosofiýa