Uly weýrançylyga getiren sil suwundan ýaňa töwerek-daşda gögerip oturan ýekeje agajam galmandyr. Ol mahallar garry enem çaga ekeni. Ol şol ýalazy galan köne ýurdy bilen hoşlaşmaly bolan çagy ene ýabyň boýunda siliň getiren nahallaryndan ýekeje düýbüni sanjyp gaýdyberipdir.
Bir gezek men şol agajyň ýanyna bardym, onuň belent başyny garap köp oturdym. Täsin zat. Ol bu jelegaýda birmahalkysy ýaly, häzirem ýeke özi seleňläp otyrdy. Töwerek çolady, şonda-da ol depesini göge diräp, öz-özünden göwnühoş halda, uzyn-uzyn çybyklaryny bir täsinje yrgyldadýardy.
O diýen wagt geçip-geçmänkä bu ýerde garry enemiň özi hem peýda boldy. Ol hasasyna ykjam söýendi-de, bu agajy siňňin synlamaga durdy. Men ony özümiň saýalap duran ýerime çagyrdym. Ýöne ol gelibermedi. Gaýta ol bozulyp, hamsygmaga durdy. Onuň bu bolşuna meniňem agym tutdy. Biz şeýdişip birsellem durupdyrys. Bir haýukdan soňam ol gamly başyny galdyryp:
--Gyzym, Näzli jan - diýdi-de, agajet ellerini egnimde goýdy.—Ýaşlygymy, uly ili ýada salaýdym, maňa üns berme, ýöne... men... her gezegem şu agajy göremde ejizläýýän öýdýän, ýüregim gowzaberýär.
Biz agajyň goýry kölgesinde esli oturdyk. Öýe gaýtmakçy bolanymyzda, ol maňa şeýle nesihat berdi:
- “Kiçisi bolmadygyň ulusy bolmaz”, guzym.—Seniňem boş wagtlaryň nahal oturtmagyň gerek. Ýylda ýekeje düýp agaç ekmegiň özem ýeterlik. Bu işde birjigem ýaltalyk etmegil. Hiç haçan peýdaly işlerden çetde durujy bolmagyl.
Menem şonda “Hökman ekerin, ene” diýen manyda baş atdym.
Ondan bäri ençeme ýyllar geçip gidipdir. Men indi her ýyl bu ýerlerde onlarça düýp nahal agaçlaryny oturdýan. Bir mahalky çolaryp ýatan ýerler indi ýaşyl begrese beslenip ýatyr. Şeýle gülzarlykdanam saýlanyp oturan bir zat bar: ol hem garry enemiň ýaşlygynyň nyşany—şol bir düýp agaç.