17:27 Bir söweşiñ taryhy | |
BIR SÖWEŞIŇ TARYHY
Taryhy makalalar
Balkan welaýatynyň günbatar sebitinde, Garabogaz aýlagynyň günorta-demirgazygynda, Tüwergyr ýapgytlygynyň golaýynda Ärsary baba gonançylygy ýerleşýär. Bu keramatly mekana ýurdumyzyň welaýatlaryndan, goňşy döwletlerden köp sanly zyýaratçylar gelýärler. Sadaka, hudaýýoly berip, aýat-töwür edip, şehitleri hatyraýarlar. • Ärsary baba kim bolduka we haýsy döwürde ýaşap dünýeden ötdikä?! Bu sowala anyk jogap bermek üçin taryhy maglumatlara salgylanmaly bolýar. Ärsary Salyr Gazanyň üç oglunyň biridir. Ol doganlaryna garanyňda daýaw, gujur-gaýratly, edermen, jomart, il-ýurt bähbitli tutumly işlerde özgelere görelde bolupdyr. Ýer-ýurt basybalyjylaryna garşy barlyşyksyz göreş alyp barypdyr Onuň adynyň gapdalynda “baba”, ”batyr”, “baý”, “biý” lakamlary goşulyp aýdylmagy oňa halk tarapyndan goýulýan belent hormatdan nyşandyr. Türkmen batyry ХIY asyrda Maňgyşlakda we Hazar deňziniň gündogar-günortasynda ýaşap geçen taryhy şahsdyr—diýip, akademik W.W.Bartold, S.P.Tolstow we Kononow ýaly alymlar belleýärler. Onuň wepat bolan senesini 1313-1314-nji ýyllaryň aralygy diýip nygtaýarlar. Ärsary babanyň Eýnel gazy, Zeýnel gazy, Mustapa gazy atly üç ogly we Mamabike atly görnükli, akylly gyzy bolupdyr. Onuň ogullarynyň adynyň gapdalynda “ gazy” sözüniň goşmagy, olaryň duşmanlara garşy göreşde şehit bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Türkmen batyryöz döwrüniňsowatly,türkmenleriň taryhyna ünsli garan, mal-mülke eýe bolan jomart adamy bolupdyr.Güzerany kyn adamlara serişdesini sahylyk bilen eçilipdir. Ata-babalarymyzyň nakyla öwrülen sözlerini ntsillere pent edipdir.Onuň kyrk sany düýe söwdasy bilen horezmli alym Şeref Hoja "Muin al-murid" ("Müritler üçin gollanma")atly kitabynyyazdyrmagy munuň anyk subutnamasydyr. Taryhy çeşmelerde bu kitabyň asyl nusgasynyň Türkiyäniñ paýtagt şäheriniň ýa-da Stambul şäheriniňi muzeýde saklanýan bolmagy ähtimal diýlip aýdylýar. Abulgazy hanyñ "Şejerei terakime" (“Türkmenleriň şejere daragty”) atly kitabynda hem Ärsary batyr bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlara duşmak bolýar. Türkmen halk döredijiliginde Ärsary babanyň sada, ýöne adatdan daşary gujur-gaýratyň eýesi bolandygy barasynda gürrüň berilýär. Gadymdan galan halk aýtgylarynyň birinde şol döwürde ýagyş-ýagmyr zor ýagyp, Üstýurt bilen Gyzylgaýanyň arasyndaky ýaýlany suw basandygy barasynda aýdylýar. Şonda çarwadarlar kynçylykly ýagdaýdan çykalga sorap Ärsary baba ýüz tutanlarynda, ol gabaraly naýzasy bilen dagyň bir çüňkini galdyryp göýberipdir welin suwlar Hazar deňzine tarap akyp başlanmyş. Halk arasynda giňden ýaýran rowaýatda Ärsary baba bilen baglanyşykly başga bir täsin waka şeýle beýan edilýär. Günleriň birinde türkmen batyry Gyzylgumuň baýyrlygyny ýassyk edinip ýatyr ekeni.Gijäniň bir wagty ol aýaklarynyň syňraklarynyň arasyny bir zatlaryň gyjyklaýandygyny duýupdyr. Şonda ol: - Çybyn-çirkeýleriň derdinden rahat dem-dynç aljak gumanyň ýok-da—diýip, beýleki bir böwrüne öwrülip ýatyberipdir. Ýöne daň atansoň ähli zataýan bolupdyr. Gijäniň tümliginde batyry bimaza eden çal möjekler bolup çykypdyr. Olar Ärsary babanyň äwmezliginden peýdalanyp onuňbarmaklarynyň arasyny gemiren ekeni. Hywanyň hökümdary Ilbars hanyň döwründe maňgyşlak we balkan türkmenleri onuň howandarlygynda ekeni. Hasanguly han aradan çykandan soňra, has takygy, XIV asyryñ ýigriminji yyllarynda, Sufian dogany şazada Aktaýyň goldaw bermeginde Ürgenjiň hany diýlip yglan edilýär. Ol tagty eýelänsoň maňgyşlakly we balkanly türkmenlere agyr paçlary, salgytlary salyp görgi baryny beripdir. Horluk-süteme sezewar edip,olaryň mal-mülküne häli-şindi talaň salypdyr. Bu ýagdaý türkmen taýpalarynyň birleşip aýaga galmagyna we olaryň Sufian hana paç, salgyt tölemegi ret etmegine getiripdir. Şonda Sufian han pitneçileri basyp ýatyrmak üçin köp sanly leşgeri bilen türkmenleriň garşysyna harby ýöriş gurapdyr. Ýarag-serenjamy etik, agyr goşuna türkmenleriň garşylygy zalymlyk bilen basyp ýatyrmaga mümkinçilik beripdir. Şol jeňde gojalar, zenanlar, çagalar ýesir alnyp, zuluma sezewar edilipdir. Obalar ýakylyp-ýandyrylypdyr. Jeň meýdanynda köp sanly gerçekler wepat bolupdyrlar. Şol günki pajygada türkmenleriň bir toparyAkgyr dag ulgamlarynyň golaýyndaky “Çatak” diýen ýerde gizlenipdir. Pars hökümdarynyň Ärsary babanyň akylly we perisypat gyzy barasynda eşidip, oňa öýlenmegi ýüregine düwendigi we gudaçylyga adam iberendigi hakynda rowaýatlaryň ýene-de birinde gürrüň berilýär. Ärsary babagudaçylyga gelenlere turuwbaşdanbu söwdanyň onyn çözüljek mesele däldigini çürt-kesik aýdypdyr: - Hökümdaryňyz üçin gelinlik öz ýurduňyzda hem gyt däl. Onuň niýet-matlabyhoşniýetli guda-gardaşlyk aragatnaşygyny saklamakdan ybarat däl-de, halkymyza öýlenmek, ýer-ýurdumyza eýe bolmak ” diýip, sawçylaryň teklibini ret edýär. Bu habary pars hökümdary eşidipgahar-gazaba münýär. Goşun serkerdesi Koma begiň ýolbaşçylygynda türkmenleriň üstüne harby ýörişe guraýar. San taýdan agdyk, ýarag-serenjamy mäkäm pars goşuny bilen türkmen gerçekleriniň arasynda, ýeliň-günüň-ýagyşyň gudraty bilen geň-enaýy görnüş alan ýerde, Awlamyş guýusynyň golaýyndagan döküşikli söweş bolýar. Pajygada Ärsary batyryň kellesinden duşman peýkamynyň ujuna berkidilen demgen çümýär. Şol zerarly batyr, onuň Eýnel gazy, Zeynel gazy, Mustapa gazy atly ogullary we başga-da bit topar türkmen gerçekleri şehit bolýarlar. Mamabike esir düşýär we parslaryň ýurduna alnyp gidilýär. Mamabikeden zürýat önmändir. Birnäçe ýyldan soň pars hökümdary“ Oňa hyzmat etsinler”diýip, iki sany maşgalany onuň ýanyna goşup ýurduna iberýär. Halk rowaýatynda beýan edilişine görä, Mamabike ýurduna gelende olarygulçulykdan azat edýär. Muňa garamazdan olar ömrüniň ahyryna çenli Mamabikäniň ýanynda galmagy rowa görüpdirler. “Demirgazyk—Günorta” halkara demir ýoly üç döwletiň-- Türkmenistanyň, Gazagystanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden geçýär. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynynyň birnäçe şahasyny kesip geçýän üstaşyr ýük geçelgesi dünýäniň onlarça döwletleri üçin örän amatly, ykdysady taýdan bähbitli boldy. Russiýa, Arap,Ýewropa weAziýa ýurtlaryna has gysga ýol arkaly çykmaga mümkinçilik berýär. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýähalklary ysnyşdyrdy, sebitara haryt dolanyşygynyň düýpli artmagynyň gözbaşyna öwrüldi. Gorkut atany, Görogly begi, Magtymguly atany, Nejmeddin Kubra, Bahawetdin Nagyşbendi, Salyr baba ýaly pirleri kemala getirenkeramatly türkmen topragynda gahryman şahsyýetleriň sarpasy belentden tutulýar.“Demirgazyk—Günorta” halkara demirýol ulag geçelgesiniň Bereket-Serhetýaka şahasynyň ugrundaky demirýol stansiýalaryň biri Ärsary babanyň adyny göterýär. Bu bolsa biziň Watanymyzda türkmen halkynyň batyr ogluna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Ärsary babanyň durmuş ýoly dogduk mekanyňda ak ýürekli, jogapkärli ýaşamagyň we ata-babalarymyzyň mukaddes topragyna çäksiz söýgüniň mysalydyr. Ol ösüp gelýän ýaş nesil üçin gaýduwsyz watançylygyň, batyrlygyň we edermenligiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |