BIR TOKGA DAŞ
Bu waka oglankak bolupdy. Biziň önüp-ösen gözel obamyz belentli-pesli, gatbar-gatbarlanan gojaman daglardyr ýylçyr kertli gaýalaryň jümmüşinde ýerleşýärdi. Özi-de bu ýerdäki her bir dagdyr gaýanyň gadymy adynyň bolşy ýaly rowaýaty hem bardy. Şeýle gaýalaryň birine-de “Gudratly daş” diýlip at berilýärdi. Hamala, wagtal-wagtal bu gaýadan ýumurtgaň ululygyndaky ýaly tokga bir daş gopup, aşaklygyna togalanyp gaýdýarmyşyn. Şol gudratly daşa gabat gelip, ony eline alan adam bolsa hiç kesiň gözüne görünmeýärmişin. Bu täsin gürrüňi öňi bilen agam Janmyrat niredendir bir ýerlerden, kimdir birinden eşidip geldi. Muňa inimiz Ilmyrat hem ynandy. Bu gürrüň bolan mahalynda biziň ýanymyzda şäherden gezelenje gelen Hoşgeldi atly dostumyz hem bardy.
Ahyry-da çaga bilesigelijiligi üstün çykdy. Täsin häsiýetli, jadyly daşyň ugruna çykmakçy bolýan Janmyrada ýoldaş bolup, biziň üçimiz hem onuň bilen tirkeşip ýola düşdük. Janmyrat bize görä ekabrrakdy. Özi-de gudratly daşy ilkinji bolup tapjagyna berk ynanýardy. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyry şol “Gudratly daş” diýilýän jadyly mekana-da gelip ýetdik. Daşyň gudratlylygy barada çyny bilen gürrüň berensoň şo mahallar bizem Janmyradyň aýdanlaryna aňryýany bilen ynanypdyk.
“Gudratly daş” gaýasy öz gözbaşyny diýseň alyslardan alyp gaýdýardy. O ýerik çykyp-düşmegem mümkin däldi. Janmyrat welin bar güýjini tijäp dyrmaşmaga durdy. Özi-de nähili kyn hem bolsa, sähel wagtyň içinde, ýigrimi-otuz ädim çemesi bizden arany açmagy başardy. Ine, birdenem, hawa, bu biziň hemmämiziň gözümiziň alnynda bolup geçdi. Şo barmaşa Janmyrat gaýadan gaçan tokgarak bir daşy gyzyl tapan ýaly garbap aldy-da, bize bakyp, sesiniň ýetdiginden “Tapdym! Tapdym!” diýip gygyrdy. Haýp, şondan soňky wakalar Janmyradyň garaşyşy ýaly bolmady. Biz derhal Hoşgeldi, Ilmyrat dagylar bolup, birek-birek bilen üm bilen düşünişdik-de, Janmyrady synamak isledik.
--Röwşen, Röwşen, hany Janmyrat nirä ýitirim boldy?--diýip, öňi bilen Hoşgeldi gygyrdy. Menem töweregime göz gezdiren kişi bolup:
--Ýaňja-da ol şu ýerdedi, uzaga giden bolmaly däl--diýdim.
Janmyrat biziň gürrüňimize aňka-taňka boldy: ”Men bäride, men siziň ýokaryňyzda durun, dogrudanam siz meni göreňzokmy?” diýip sesiniň ýetdiginden gygyrýardy. Onýança Hoşgeldi:
--Röwşen dost, bu Janmyradyň sesi ýaly-la!?--diýdi.
--Bu şoň sesi, ol uzak giden däldir diýdim-ä. Janmyrat, Janmyrat, sen nirede? Men-ä eýýämden gorkup başladym. Bu ýerlerde gaplaňdyr ýolbarslaram, ýekegapanlaram gabat gelýämişin diýip Aşyraly çopandan eşidipdim.
--Gaplaň! Ýolbars! Ýekegapan! Eý-ho, menem gorkup başladym--diýip, bu gezek Janmyrat dogany golaýynda duran Ilmyrada bakan gysmyljyrady. Ilmyrat hem elini çekip alyp, entirklän ýaly etdi-de:
--Röwşen, meni kimdir biri kakyp geçen ýaly boldy--diýdi.
--Aý, ýog-a? Men-ä hiç kimi göremok.
Ilmyrat çyna berimsiz aladalandy:-- Oba Janmyratsyz dolansak, atama näme jogap bereris?
Ara Hoşgeldi goşuldy:
--Ilmyrat dost, sen ony gaýgy etme, Janmyrada hiç bir döw çalasy ýok. Gaýdaýsagam, yzymyzdan ýeter.
--Ýok, biz ony tapman gaýtmaly. Eger gaýtsak, namartlyk, dosta haýynlyk etdigimiz bolar.
--Dogry aýdýaň, Röwşen--diýip, Ilmyradam onuň gürrüňiniň üstüni ýetirdi. –Biz ony tapman, şu ýerden ýekeje ädimem ätmeris.
Janmyrat henizem gulaklaryny keýýerdip, biziň gürrüňimizi diňläp otyrdy. Gysymynda bolsa gudrat hasapan şol bir tokga daşy bardy.
Ilmyrat:
--Janmyradyň şu ýerde köw-söw edip ýörenini men bilýän. Ol hökman gudratly daşy tapan bolmaly. “Tapdym! Tapdym!” diýip çasly sesini senem eşitdiň-ä!
--Dogrudanam sen onuň gözümize görünmeýänligini jadyly daşdan görýäňmi, Ilmyrat?
--Eýse, nä? Bu ýagdaý şol daşy tapandansoň boldy ahyryn.
--Onyň-a dogry.—Men uzaklara seredip durşuma: “Janmyrat, Janmyrat, sen meni eşidýäňmi?” diýip, gygyran kişi boldum. Janmyrat gygyryp jogap gaýtardy. Onuň sesi gaýalara düşüp, ýaňlanyp gitdi.
--Hawa, eşidýän.
--Eşidýän bolsaň, diňle, biziň seni görmegimizi isleseň, eliňdäki daşyňy ýerde goý.
--Bolýa, goý, siziň diýeniňiz bolsun, ine, goýdum.
Ol şondan soňam hiç zat aňlamady.
--Janmyrat! Janmyrat! Janmyrat!-- Biz üçimiz üç ýerden onuň boýnuna bökdük, gujakladyk. –Sen nirä ýitirim bolduň? Munça wagtlap nirde bolduň?
Biziň şatlygymyza Janmyradam az begenmedi, bu zatlaryň oýunlygynam aňşyrmady. Gaýta:
-- Indi gördüňiz dälmi, daşyň gudratlydygyny. Hany, indi sizem ony gezekli-gezegine eliňize alyp bir görüň!—diýip, bize ýerde ýatan tokga daşy görkezdi.
--Ýok!Ýok!Ýok!
Üçimizem dilleşen ýaly birden gygyryşdyk.
--Näme üçin?
Şonda men onuň gulagyna:
--Bolmaz, biziň seniň ýaly diri ýitesimiz gelenok. Bardy-geldi, ol daş öz gudratyny bes etsedi, onda sen ömürlik göze görünmezek bolup galardyň. Şoňa düşünýärmiň? Ana, biz şondan gorkduk. Seniň çöregiň bitin ekeni, aman-sag aramyza gaýdyp geldiň, gereklär öýtseň, ony özüň alaý. Bize-hä o daşyň geregi ýok. Şonsuzam bizi gorkuzyp bildiň—diýip aladaly görnüşde pyşyrdadym.
--Ol daş size gerek bolmasa, maňa-da gerek däl. Esasy zat, siziň hakyky dostdugyňyza, kyn günde ýoldaşyňyzy ýeke taşlap gitmejekdiňize akyl ýetirdim. Şol maňa bes. Dost kyn günde gerek eken--diýdi-de, ol ýerde ýatan şol tokga daşy, aýagyna bat berip, dikaşaklygyna depip goýberdi.
Mähriban çagalar, biziň bu wakamyz toslanyp tapylan zat däl, hakykat. Şeýdip, biz-ä Janmyrady oýna salyp, çyna berimsiz synap gördük. Onuň welin gara çyny, oba gelen dessine, gudratly daşyň jadysy barada, bolşy-bolşy ýaly edip, deň-duşlaryna-da gürrüň beripdir. Näme diýseňem daşly waka oňa aýratyn täsir eden bolmaly. Sebäp, “Her gezek ”Gudratly daşyň” deňinden geçeninde, altmyşa ser uran Janmyrat aganyň häli-häzirlerem gaýaň gerşindäki tokga daşlary göz astyndan ogryn-dogryn synlaýmasy bar” diýip, obadaşlary gürrüň edýärler.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty