AWTORDAN:
Yhlas, ylym, ruhubelentlik – bagtly, mertebeli durmuşa ýetmegiň basgançaklary. Bular durmuşymyň her bir pursadynda maňa Hak howandar boldular, meni goldadylar, goradylar. Pederlerimiz yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykaryp boljakdygyny nakyla öwrüp, bize pähim galdyrypdyrlar. Bu pähimiň pederlerimiziň synaglaryndan geçen hakykatdygyny – yhlas, ylym, ruhubelentlik bilen islendik beýiklige, islendik maksada ýetip boljakdygyny men öz durmuş tejribämiň, ýolumyň esasynda telim ýola göz ýetirdim.
Men bu gün Beýik Perwerdigäre altyn ruhly altyn jemgyýetde ýaşaýandygym hem-de janperwer eşretleri üçin ymgyr minnetdarlygymy, alkyşlarymy mynajat eýlemegi makul bildim.
■ MYNAJAT – ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
BEÝIK ALLATAGALANYŇ ADY BILEN!
Türkmeniň döreden ruhy baýlyklary meniň üçin hemişe egsilmejek paýhas hem ylham çeşmesi bolup geldi. Eždatlarymyzyň döreden medeni hazynasy baýdyr, soňsuzdyr hem tükeniksizdir. Pelsepe, edebiýat, sungat, saz, ylym, din – bularyň baryny ata-babalarymyz bize miras goýup gidipdirler. Olar bize ýaşamagy öwredýärler, olaryň beýikligi hem umman kimin düýpsüzligi bize özge hiç bir milletden kemsinmezlik duýgusyny, milletimize buýsanç duýgusyny döredýär.
Bize miras galan taýsyz hem tapylgysyz edebi şekilleriň içinde meniň owal-başdan eý görýänlerimiň biri – mynajatdyr. Onuň taýsyzlygyny hem tapylgysyzlygyny bir zatda görýärin: mynajatda täsin suratda ruhuň dört sany beýik görnüşi tebigylyk bilen utgaşýar.
Olar – din, pelsepe, ahlak hem-de sungatdyr.
Mynajat owal-başda diniň beren şekilidir, çünki onda Allaha ýüzlenilýär.
Mynajatda pelsepe bar, çünki ol adamyň bakylyk hem ýaşaýyş bilen baglanyşykly oýlanmalaryndan ybaratdyr.
Mynajatda ahlak hem bar, sebäbi ol adamyň öz-özüni, ýagny öz hulkuny açmagynyň serişdesidir.
Mynajatda sungat bar, çünki ol adam kalbynyň iň inçe duýgularyny we pikirlerini gözel hem çeper beýan etmegiň edebi serişdesidir.
Nirede utgaşyk näçe köptaraply bolsa, şol ýerde-de beýik ýaşaýyş gujury jemlenendir. Bu ýaşaýyş gujuryny ýaýmak senetkäriň borjudyr. Ýerastyndan urup çykan çeşme ýaly, bu gujur adamlaryň kalbyna ýetip, kalplary öňküden has tämizlemeli, ondan güýç alan ynsanlaryň ýüreginde ýaşaýşa hyjuw hem söýgi öňküsinden has güýçli hem belent bolmaly. Islendik ruhy işiň, şol sanda pelsepeçiligiň hem şahyrlygyň paýyna düşen zat şudur.
Men özüme düşen bu paýy bagt hasaplaýaryn. Şonuň üçinem beýik hyjuw we ylham bilen özümiň «Mynajat kitabymy» ýazmaga başlaýaryn.
Edebiýatyň gaty gadymdan gelýän däpleriniň biri bolan mynajaty ýazmak däbini men şu günüň nukdaýnazaryndan peýdalanmak bilen okyjylara aýtmak islän pikirler ummanymy täsirli uslypda ýetirmegi, okyjylaryň bu aç-açan, ýürekdeş söhbede goşulmagyny maksat edindim. Elbetde, dörediji öz pikirlerini her hili uslyplarda beýan edip biler. Iň esasy zat, aýdylýan pikirleriň täsirli, özüneçekiji bolmagydyr. Men mynajaty kyssawy eserimde ulanmak bilen oňa täze ömür bermek isledim. Ruhuň dört sany uly görnüşiniň utgaşygy bolmakdan başga-da, mynajatyň ýene bir artykmaçlygy bar: ol ruhy ýaşaýyşda örän ähmiýetli bolan üç sany aragatnaşyk ulgamyny açmaga mümkinçilik berýär.
Bularyň birinjisi – ynsanyň Biribara bolan gatnaşygy.
Ikinjisi – ynsanyň öz-özüne bolan gatnaşygy.
Üçünjisi – ynsanyň durmuşa, daş-töwerege bolan gatnaşygydyr.
Munuň özi bir söhbet däl-de, üç söhbetdir. Söhbet (dialog) iki tarapyň, iki dünýäniň sazlaşykly şekile gelmegidir. Dünýä medeniýetinde ol birtaraplaýyn gürrüňden (monologdan) has kämil hem has önjeýli şekil hasaplanýar. Mynajatda bolsa birbada üç söhbet bar! Mynajatdaky üç sany iki tarapyň pikir hem owaz alyşmasyny men üç sany goşa teli bolan türkmen lälesiniň açylyşyna meňzedýärin.
Men mynajatda şol üç söhbediň esasysy, kesgitleýjisi, has mazmunlysy hem has göwrümlisi ynsan bilen Biribaryň gaýybana söhbedi hasaplaýaryn. Ynsan Ýaradanyň huzurynda kalbyny açýar. Dünýäleri ýaradan Biribaryň öňünde durmak duýgusy adamyň başga hiç bir pursatda, hiç bir halda äşgär bolmajak pikirlerini hem duýgularyny ýaýýar.
«Alladan hiç bir zady gizläp bolmaýar, oňa barça zat aýandyr» diýen boýun alma biziň diňe bir aňymyza däl, eýse aňastymyza-da ornaşandyr. Onsoň şeýle gaýybana ýüzbe-ýüzlük ynsanyň içki ruhy gujurynyň böwsülmegine tüýs amatly ruhy pursatdyr. Mynajatyň güýji-de şol pursady döredip bilýänligindedir. Onuň çäginde Bakylyk bilen Wagt sataşýar. Mynajat – hakyky ýekelikdäki gaýyby ikiçäkligi aňlatmagyň şekilidir.
«Mynajat kitaby» meni ömürboýy gyzyklandyryp, gozgap gelýän dürli meseleler barada Biribar öňündäki oýlanmalarymy, hyjuwlanmalarymy öz içine alýar. Olar meniň Ýaradanyň öýündäki alkyşlarymdyr, şükürlerimdir, dileglerimdir.
ALLAHA HAMD-U-SENALAR
Haktagala biziň barymyza bir ykbal beripdir, Haktagala biziň barymyzy bir ykbala beripdir: Bu – Allanyň bendesi bolmak ykbaly.
Üçünji Ýol ýok – ýa bendelik, ýa bendilik, ýa barlyk ýa-da ýokluk. Allanyň bendesi bolmakdan ýüz öwren ýoklugyň bendisi bolýar. Ýok, ýoklukdan özüň sakla, Ýaradan. Sen beýik adyllyk! Seniň adyllygyň bendäňe bolan çäksiz söýgiňden ybarat. Bendäňki beýle däl, bendäňe seniňki kimin adyllyga ýetme ýok, seniň adyllygyň diňe söýgüden, diňe ykrar etmeden ybarat. Bendesi welin adyllygy ýola goýmak üçin diňe ykrar däl, eýse inkär, ret etmeli bolýar. Biri-biri babatda diňe ykrar däl, inkär edende-de, ýagşymy-ýamanmy – nämedigine laýyklykda çözgüt edende, bendäň adyl bolup bilýär.
Sen welin diňe ykrar edýärsiň, sen diňe söýýärsiň, sen hemişe bagyşlap bilýäň, sen geçirýäň, bendäň welin hemişe bagyşlamaýar, şeýdip, munda şer, betnyşanlyk peýda bolýar.
Sen hemişe geçirýäň, dünýä welin geçirmeýär, şeýdip, dünýäde ölüm peýda bolýar. Ölüm – dünýäniň geçirimsizligidir.
Barlygyň üçin bir saňa minnetdar men, ýa, Biribar! Minnetdar bolmak – barlygym üçin minneti diňe Senden çekmegimdir. Minnetdarlyk sözüm sadadyr, çünki ýürekdendir, minnetdarlyk sözüm Seniň şanyňa aýdýan hamd-u-senalarymdyr. Seniň dek Ýaradanym bar, ne gamym bar! Saňa ýakynlaşdygymça, özümiň beýgelýändigimi duýýaryn. Seniň barlygyňy duýdugymça, özümiňem bardygymy bilýärin, kalbymda Sen boldugyňça, özümem bolýaryn. Seniň beýikligiň, Seniň howalaň, Seniň elýetmezligiň kalbyma doldugyça, men özümiňem ýöne-möne zat däldigime göz ýetirýärin. Saňa golaýlaşdygymça, beýgelýärin, Seniň barlygyňy syzdygymça, özümem bar bolýaryn. Seniň jedelsizligiňe, hökmanylygyňa, kanunylygyňa düşündigimçe, özümiňem jedelsizligim, hökmanylygym, kanunylygym aýan bolýar.
Meni ýokdan bar edensiň, Biribar. Meni öz-özümi bardan ýok etmekden özüň sakla, Ýaradan. Saňa baglydyryn, seniň bendäňdirin. Emma Sen beýik adyllygyň bilen meni özüňe bende etseňem, bendi etmänsiň, Seniň beýik söýgiň Saňa baglylygymyň içinde ikinji baglylygy – öz-özüme, erkime baglylygy döredipdir. Meni özümden gysganmadyk Allaha hamd-u-senalar bolsun! Özi ýaradybam, meni özüme bagyş eden Allaha hamd-u-senalar bolsun! Beren zatlaryny yzyna alýan dünýä, heý-de, Sençe bolup bilermi?!
Ýokdan bar etmek üçin maňa şirin jany beren özüňsiň. Meni eziz, apalap, söýgüläp, özüňe mahsus barlykdan maňa-da paý beripsiň.
Seniň bagyş eden janyň bilen diriligiň, ýaşaýşyň tagamyny aldym. Barlygy görüp, ýokluga göz ýetirdim. Diriligi görüp, ölümi bildim. Ýaşaýşa gelip, hiçlikden aman galanyma düşündim. Meni hiçlige hem ýokluga rowa görmedik Eýäme hamd-u-senalar bolsun! Seniň gollaryň bilen jansyzlykdan – şumlukdan halas boldum. Ölüm gorpuna ýetip, howpurgandym, Saňa minnetdar boldum. Hiçlik dagystanyna atylan daş däl ekenim, ýokluk çölüstanyna kowlan şemal däl ekenim, mensizlik gumustanyna serpilen suw däl ekenim. Şonda meniň beýik, bagtly, dünýälerde deňsiz-taýsyz kişi ekendigime göz ýetirmek üçin diňe janymyň bardygyny bilmegim ýeterlik boldy. Bijanlykdan jana gelip, özümiň jansyzlykdan eý görlendigimi gördüm. Bu Senden we Sen sebäplidir. Bimanylykdan mana gelip, özümiň bimanylyk girdabyndan çykarylandygymy gördüm. Bu Sendendir we Sen mynasybetlidir. Nämälimlik goýnundan aýana gelip, özümiň jedelsizligimi gördüm. Bu Sendendir we Seniň goldawyň bilendir. Bahasyzlyk mekanyndan mekany-käne geldim, özümiň gadyrlydygymy, gereklidigimi gördüm. Bu Sendendir we Seniň hasabyň bilendir.
Bişekil toprakdan ýerbe-ýer, şekilli syna geldim, özümiň kämilligimi gördüm. Bu – Sendendir we Seniň kämilligiň bilendir.
* * *
Adam pahyrda iki hili akyl bolýar: bikemal akyl hem-de kämil akyl. Bulary başgaça gögele akyl hem-de bişen akyl diýibem atlandyrmak mümkin.
Haýsy tarapdan baha kesýänligiňe, haýsy nukdaýnazardan bakýanlygyňa baglylykda, bularyň hersiniň öz asgyn hem üstün taraplary bar. Akyly bir hilden başga bir hile geçirýän zat, ýagny kämilleşdirýän zat durmuş hem-de akyl ýetiriş tejribesidir. Bikemal ýa-da gögele akyl çaga hem jahyllyk döwrümizde bize hemra bolýar. Bu ömür döwürlerinde bolsa adama «men-menlik», özüne aşa göwnüýetijilik mahsusdyr. Özüňi duýmagyň şeýle täsiri netijesinde adam özüne aşa, özgelere – daşky töwerege bolsa kembaha garaýar. Bikemal akylyň artykmaçlygy hyjuw, hereketlilik, dogumlylyk hem-de terlikdir, çünki ol hemişe täzeligi küýseýär, durgunlyk onuň ýek ýigrenýän zady bolup, ol bar zady täzeden gurnamak, hatda dünýäniň özüni-de täzeden döredäýmek islegi bilen ýaşaýar. Emma beýle akylyň asgyn tarapy bar. Ol bar zady öz-özünden bolaýandyr öýdýär. Çünki durmuşyň özünde çaga ýa jahyl adam özünden ozal taýýar zatlary almaga, kabul etmäge endik edýär. Munuň ýaly garaýyş akyl ýetirişiň meselelerine-de geçirilýär: tebigatam öz-özünden kemala gelen, dünýä-de, jemgyýetem, adamlaram – barça zatlar öz-özünden, kimdir biriniň gatyşmagy, hyzmaty bilen däl-de, öz içki kanunalaýyklary boýunça kemala gelýär.
Galyberse-de, gögele akylyň ýene bir erbet halamaýan zady – özünden başga kimdir birine elgarama, garaşly bolmak. Munuň özi jahyllyk häsiýetinden gelip çykýar. Jahyl kişiniň hiç kime garaşly, bagly bolasy gelenok. Onuň özüniň ilkinji bolasy gelýär. Şeýle iki häsiýetiň – hemme zadyň öz-özünden bolup geçýänligi hem-de hiç bir zadyň başga bir zada bagly däldigi bilen baglanyşykly häsiýetiň akyla geçmegi käbir ýaramaz netijelere, hususanam, Hudaýy inkär etmeklige getirýär. Netijede, adamzat akylynda giden bir ugur kemala gelipdir.
Emma durmuş hem akyl tejribesi ýuwaş-ýuwaşdan adamzada öz hakyky ornuna düşmäge ýardam edýär. Akylyň kämil derejä ýetmegi bilen adamzat bir hakykata – öz Eýesiniň bardygyna göz ýetirýär. Akylyňa baýrynmak güýji zadyňa baýrynmak ýaly ýaramaz häsiýetlerdendir.
* * *
Allany tanamak – hem kyn, hem üýtgeşik ukyby, zähmeti talap edip durmaýan wezipedir. Aslynda muňa ýetmek üçin diňe bir anyk akyl däl, eýse tutuş paýhas zerurdyr. Akyl bilen paýhasyň tapawudy nämede? Akyl – diňe bir zadyň – howaýy pikirlenmäniň, intellektiň işidir we netijesidir. Diýmek, ol bitewülik bolup durýan ynsan şahsyýetiniň bir bölegidir, tarapydyr. Adam bedeniniň haýsydyr bir anyk agzasy, mysal üçin, eli, aýagy ýa-da böwregi ýaly bir zatdyr. Emma paýhas welin adamyň ähli biliş, göz ýetiriş, düşüniş ukyplarynyň, başarnygynyň jemidir. Muňa akylam, duýgam, syzgy hem, aňlaýyş hem, ýat hem, – garaz, barça bäş düşüniş ukyplary girýär. Kämil akyl – paýhasdyr. Paýhas adama duýgy derejesinden başlap, Allany tanamaga mümkinçilik berýär. Paýhasa ahlak hem, durmuş tejribesi hem girýär. Diňe şularyň jeminden kemala gelýän paýhas kämillige eýedir.
Adamyň içinde paýhas gözleri açylanda, ol her bir zatda, her bir meselede Allanyň barlygyna we birligine şaýatlyk edýän hakykatlary görüp bilýär. Akyldan tapawutlylykda, paýhas ýaşaýyş guraly hökmünde däl-de, ýaşaýşyň özi hökmünde duýulýar. Daşky dünýäden gelýän haýsydyr bir habar diňe akylyň üstünden geçende, ýeterlik däl ýa-da birtaraplaýyn görnüşde özleşdirilýär we bikemal netije çykarylýar. Paýhas bolsa ol habary hem akylyň, hem duýgynyň, hem syzgynyň, hem ahlagyň, hem endigiň üstünden geçirýär, netijede bitewi hem umumylaşdyrylan, doly işlenen hakykat peýda bolýar. Diýmek, paýhas adamzadyň bitewi ýaşaýyş usulydyr, adamzadyň bitewi: hem beden, hem ruhy, hem jan, hem ahlak şahsy hökmündäki ýaşaýyş şekilidir, ýaşaýyş ebeteýidir. Şonuň üçinem adamzadyň daşky hakykata gatnaşygy, şol sanda Biribara gatnaşygy meselesinde-de paýhasa eýermek maksadalaýykdyr.
* * *
Eýa, eý, Biribar!
Seniň meniň barlygymy üpjün etmek üçin maňa bagyş eden nygmatlaryň haýsy birini sanaýyn?! Emma özüme hem özgä akyl hem sapak bolsun diýip, şu «Mynajat kitabym» üçin özüme beren nygmatlaryň on dört sanysyny saýlap aldym. Men olaryň manysy hem zerurlygy barada hem özüme, hem size gürrüň bermekçi. Meniň görşümçe, bu on dört nygmat hökman bilinäýmeli, hökman göz ýetiriläýmeli zatlardyr.
Saňa bolan şükürim, saňa okan alkyşlarym, hamdyň üçin aýdýan sözlerim, senaňa rowa gören jümlelerim meniň ömrümiň iň manyly pursatlarynda kalbyma indiler. Seniň öz bendäňe beren ömrüňde şeýle bir üýtgeşik pursatlar bolýar. Men olary ylahy pursatlar, ylhamly pursatlar, hal pursatlary atlandyrýaryn. Sen hamana mahal-mahal öz bendäň egninden çekip, oňa mähriň has çarp uran ýaly, ony öz merhemetiňe çenli göterýärsiň. Şonda men bu pany jahanyň, bu durmuşyň ownuk, wagtlaýyn aladalaryndan ýokary galyp, bütin süňňüm bilen özümiň ümmülmez Älemleriň bir bölegidigimi duýup gidýärin. Kalbyma Seniň rehmetiň inip, Senden özgäni unudyp, dilime diňe Seniň şanyňa aýdylmaly şükürler hem alkyşlar gelip ugraýar.
■ Birijji mynajat: JAN ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, eý, Biribar!
Jan – biziň barlygymyzyň şekili, ol Seniň bize beren beýik artykmaçlygyň, ol Seniň bize bolan beýik söýgiň şekili, eý, Alla! Öňi hiçlik, soňy ýokluk, özi barlyk bolan jany bereniňe şükür!
Ýok, janyň gymmatyna akyl-pikir bile ýetmek mümkin däl. Pikiriň bir hötjetligi bar: ol hemme bar zady hökman bolaýmalydyr, başgaça bolmaly hem däldir öýdýär. Şonuň üçinem janyň barlygyna göz ýetirmek üçin diriligiň yzyna düşmek gerek. Janyň dili – zant, süňň. Barlygyň gymmatyna ýetmegiň-de ýeke-täk serişdesi zandyň bilen süňňüňdir.
Barlygyň manysy hem gymmaty ýokluk bilen ýüzbe-ýüzlükde aýan bolýar. Barlygyň gymmaty bar bolmakdadyr. Barlygyň manysy özüniň ýok däldigini duýmakdadyr. Ýaşaýyş özi babatda hiç hili artykmaç düşündiriş talap etmeýän görnetinlik ýaly bolup görünýär. Hamana, ýa-ha dirilik bar, ýa-da ol ýok. Hamana, sen ýa-ha diri, ýa-da diri däl! Elbetde, düşünjäniň görnetin maddy derejesinde şeýle hem. Emma, ynsanlaryň barlyga gatnaşygynyň dürli-dürlüdigi hakykatdyr. Şu ýerdenem dirilik bilen diriligiň, ýaşamak bilen ýaşamagyň arasynda tapawudyň barlygy mälim bolýar.
Hakyky ýaşamak – ýaşaýanlygyňy her pursatda, her demde duýup ýaşamakdyr. Men muny özüme düşündirjek bolýaryn, Perwerdigär! Maňa iki göz berip, olary nurdan dolduryp, meniň tenimden, içimden daşyma iki sany yş açypsyň, Biribar! Bu nurly gözler bilen kä golaýlap, kä daşlaşyp, kä peselip, kä beýgelip, kä ulalyp, kä kiçelip gidýän – şat mahalyň golaýlap, gamgynlykda daşlaşyp, namartlygynda peselip, mertliginde beýgelip, düşnüksizliginde ulalyp, düşnükliliginde kiçelip gidýän dünýäni görmäge puryja beripsiň. Görer gözüň gymmaty göreçden mahrumlykda belli dälmidir?!
Bagt – şol gymmaty göreçlikäň duýmakdadyr. Diňe şu duýgy meniň diriligimi iň hakyky dirilik derejesine ýetirýär. Men diňe bir ýaşamok, eýse men ýaşaýanlygymy-da duýýaryn, bu meniň diriligimi goşalandyrýar. Bu meniň saňa edýän şükürlerimi esseleşdirýär. Men görýärin hem görýänligime şükür edýärin. Bu şükürçilik duýgusy meniň kalbymdan görüp duran gözlerime baryp, olary hem minnetdar, hem bagtly edýär. Meniň gözlerim Saňa alkyş okaýar, eý, Allam! Meniň her bir agzam özleriniň barlygyny duýýar, bu duýgudan ýaňa bagtly bolup, Saňa barlygy üçin hamd aýdýarlar, eý, Biribar!
Meniň zybanym gürläp, özümiň mähribanlaryna hem gadyrdanlaryna mähirini ýaýyp, özüni söýmezlere hem görübilmezlere jogabyny ýaýyp, munuň Seniň beren uly bagtyňdygyny duýýar, zybanym ýaşaýyş bagynda Seniň ýaradan bilbilidigiňi bilýär, bu duýmakdan hem bu bilmekden meni mahrum etmändigiňe şükürler aýdýar, eý, Biribar!
Janym – Seniň maňa bildiren rehmetiňdir! Meni söýüp, ezizläp, öz Baky diriligiňden paý beresiň gelip, maňa jan bagyşlapsyň. Janym – seniň Söýgiň subutnamasydyr. Eýse nä?! Söýýän özündäki iň gowy, iň eziz baryny öz söýýänine bagyş etmeýärmi näme?!
Janym – Seniň meni halas etmegiňdir! Ýokluk – barlykdan, hiçlik – barçalykdan, boşluk – ýaşaýyşdan mahrumlykdyr. Meni ýoklukdan, hiçlikden, boşlukdan halas edensiň.
Seniň rehmetiň tükeniksizdir, çünki meni tükenmekden halas eden Özüňsiň, eý, Perwerdigär! Bu tükener dünýäde ýekeje pursat, ýeke sagat, ýeke gün, ýeke ömür ýaşap görmekligem diňe Seniň berip bilýän beýik paýyňdyr! Şu paýy maňa rowa görendigiňe tükenmez şükürler edýärin, eý, Biribar!
* * *
Indi ýatlap otursam, çagalykda çagalyk mazmunyň birgiden gapma-garşylyklaryň utgaşygyndan ybarat eken. Ýaşym – çaganyňky, ykbalym – ulynyňky. Peýkerim – gögele, pikirlerim – kämil. Elimde – çopan taýagy, ýüregimde – belent hyýallar. Nälaýyklaryň şeýle utgaşygy şahsyýetimiň daşynda geň-enaýylyklygy, adatdan daşarylygy döredýän eken.
Häsiýetim babatda-da gapma-garşylygyň hökmürowanlygy mese-mälimdi. Men hem-ä alçak, şahandaz, märekesöýer oglandym, şol bir wagtda-da içimtapdym. Içimtaplygyň hasam güýçlenýän, esasy, hatda ýeke-täk häsiýete öwrülýän aýry-aýry pursatlary, döwürleri bolýardy. Hakydamda düýş ýaly bolup galan, häzir gürrüň berjek ýatlamam şol döwürleriň birine degişli. Ýedi ýaşlarymdakam, mellegimizde ir bişýän erik agajymyz bardy. Nowruz gabatlary bolmaly. Tutuş endamy akja güllere bürenen erik agajy mellegiň tama golaý ýerinde asmandan düşen atlaz paraşýut ýaly bolup otyrdy. Şeýle pursatlarda işigimizdäki agaç sekide ýüzin ýatyp, dünýäni unudyp, her hili hyýallara ulaşmagy gowy görerdim. Geň-taň içimtaplygyň güýjän pursatlary enem meni öz pikirlerim bile goýardy. Şol gün-ä ol biriniňkä sadaka gidipdi öýdýän. Baharyň görke gelýän döwri bolansoň, daşary ala-ýazdy. Men şeýle pursatlarda daş-töwerek bilen sessiz ümmüldeşmegi hasam oňat görerdim. Gülden güle gonýan kebelekler, kebelege öwrülip, göterilip gidäýjek bolup görünýän erik gülleri, uç-gyraksyz gök deňze meňzeýän asman – bular dünýäniň araçäkleriniň diňe bahara mahsus ýiteňkirleşmesiniň suratydy. Gije bilen gündiziň biri-birinden aýry düşüp ugraýan çaglarydy. Men şeýle wagtlarda ýaşaýşyň asylbaşky bitewüligini hasam içgin duýýar ekenim. Nowruzy aýratyn bir zady – mör-möjekleriň oýanyp, jana gelşi üçin gowy görýärdim. Az pursatlyk dirilik bilen uzyn ýoklugyň arasyndaky inçejik ýaşaýyş çygrynda pelesaň urýan kebelekleriň gaýmalaşygy we hozanaklaryň sesleri gözleriňe hem gulaklaryňa biçak üýtgeşik lezzet berýärdi. Şeýle pursatlarda özümi güller, kebelekler, hozanaklar, akar suwlar, ýukajyk bulutlar, hoştap şemal bilen bir tende duýýardym. Şonda içiň bilen daşyňam serhedi ýitip, sen-senmi, gül-senmi, kebelek-senmi – bilip bolmaýar. Munuň özi Allatagalanyň bize öz çygrymyzdan çykmaga puryja berýän adatylykdan daşary ylahy pursatlarydy.
Şeýle pursatlar diňe bir ten manydaky däl, eýsem jan manydaky çygryňdanam çykmaga amatly pursatdyr. Ýaşaýşyň özüme dolýanlygynyň, özümiňem ýaşaýşa dolýanlygymyň duýgusyndan ýaňa melul bolup, ymyzganypdyryn. Munuň özi oýalyk bilen ukynyň aralygyndaky bir ahwalat. Beýle halatda düýş däl, çynlygy, hakykylygy jedelsiz bildirýän hyýalatyň içinde ýaşaýarsyň.
Hyýalat – daşky hakykatyň içkä öwrülmegi, ýaşaýyş hakykatynyň meniň öz hakykatyma öwrülmegidi. Hyýalatlarym meni köplenç bir ýere – ýanyp ýatan sary sähra alyp giderdi. Ýöne sähra ýetmezden öň, aşa uzak bolup görünýän garaňkylygyň içinden geçip gitmelidi. Ymyzganyp başlanymy bir zatdan bilerdim – dagyň depesinden bölek daşyň togalanyp, jülgäniň çuňlugyna gidişi ýaly, hyýalym kert-kert, gaýa-gaýa tümlüklerden geçip, ýaşaýşyň düýbüne çenli giderdi. Tümlükler, garaňkylyklar barha we barha çuňlaşyp gidýär. Olar ilkibaşda o diýen gara däl, ýoluň ahyrynda-da şeýle, emma bu iki ýarym garaňkylyk arasynda uzyndan uzyn goýry, gap-gara tümlükler bar. Menem tümlükden tümlüge geçip, garaňkylykdan garaňkylyga gaçyp, kertden kerte düşüp, gidip otyryn. Ine, birdenem garaňkylyk ýukalýar, hereket hasam tizleşýär, birdenem öňümde uly ýagtylygy duýýaryn, ine-de, sary sähra. Tebt alýan howur. Tümlügiň sowuklygyndan soň, bu howur ezýetli däl-de jana şypaly görünýär, ol bedeniňe ýylylyk berýär.
Men şeýle hyýalaty syýahatlarda hemişe ýanymyň ýoldaşlydygyny duýýaryn. Gunduz ýaly ak nurdan ýaradylan ynsansypat biri gapdalymy alyp dur. Men ondan: «Nireden nirä barýarys?» diýip soraýaryn. Ol: «Hiçden barlyga, tümlükden nura» diýip jogap berýär.
Men özümiň ýerde ýatandygymy, has dogrusy, ýer bolup ýatandygymy duýýaryn. Sähranyň howry aýrylypdyr, ýöne howa şeýle bir petiş, şeýle bir dymykmyka diýýärin. Dünýä gum-gukluk. Meniň toprak bilen bir göwredigim syzylyp dur. Meniň göwräm guraklykdan, çuňlukdan hasyl bolup, terligi, serginligi, salkynlygy, nemi küýseýär. Özümiň golaýymda şol ynsansypat biriniň bardygyny duýanymda, öz islegimiň amala aşarlykdygyna düşünýärin. Onuň ýokarda bir ýerde özüme tarap ýylgyryp garanyny duýanymy bilýärin, birdenem ýokardan ýagmyr ýagyp başlady. Ýagyş ilkibaşda gyzgyndy, soňra kem-kemden sowuk, ýakymly hem birsydyrgyn ýagyş gelip ugrady. Ol guýup, özüne ornaşdygyça, göwrämiň toprakdan aýrybaşgalaşýandygy, topragyň öňküligine galyp, göwrämiň başga bir jisime öwrülýändigi belli bolýardy. Ynsansypatyň nazarynyň şekiline görä, menem şekil hem sypata eýe bolýardym. Indi meniň bedenim, peýkerim, jisimim başga bir matadandy. Toprak bolsa öňki küpürsiligine hem bozlugyna galypdy.
Ýagyş diňdi. Topragyň çygryndan, tüýsünden, hilinden aýrybaşgalaşan göwräniň ýokaryk ymtylýandygyny duýdum. Ynsanpisintiň ýylgyranyny gördüm, onuň ýylgyryşy ýyldyrymdandy, daş-töweregi öňküdenem juda ýagtyldyp gitdi. Men şonda hiç mahal düşünip bilmedik bir zadyma sataşdym: men hem-ä toprakdadym, şol bir wagtda-da özümiň ynsanpisintiň gapdalynda durýandygymy magat bilýärin. Bu geň-taň ikileýinlik asla düşnüksizdi.
Ýagyşdan soň, ada şemal öwsüp başlady. Barha güýjedi. Şemalyň serginligi ýagşyň terligindenem artykdy. Ol ahyrsoňunda meniň göwrämi toprakdan doly aýrylyşdyrdy. Indi men topragyň içinde däl-de, üstündedim. Toprak mende däl-de, meniň aşagymdady. Şonda ynsanpisint üýtgeşik hyjuw bilen maňa tarap goluny galgadanda, onuň gapdalynda duranymyň toprak üstünde ýatanyma tarap gaýdandygy hem-de ikisiniň bire dönendigi belli boldy. Men – indi doly men, geňirgenip ýerimden turdum. Ýüzüme birhili-birhili akja gülleriň degýändigini duýdum. Gözümi açsam – öwsüp ugran bahar şemalyna tänen erik gülleri üstüme dökülýän eken. Baharyň gaýmak howasynda yz galdyryp uçýan hozanaklar bolsa akja gülleriň üstüme seçelenýänini dabaralandyrýan ýaly, täsin owazlar edýärdiler.
* * *
Eýa, Allam!
Saňa golaýlaşdygymça, ulalýaryn hem beýgelýärin. Seniň sunguňdan ýaradylan ynsanyň ululyk ölçegi Saňa baglydyr. Iki dünýäniň manysy hem lezzeti Seniň bilendir. Sen ýoksuň diýsem, özüm-de puç bolýaryn. Ömrüň tötänlige hem bimanylyga dönýär. Sensiz hem Senden daşgary many binýadyny tutmak mümkin däl.
Senden daşlaşsam, betbagtdyryn, daýansyzdyryn, ýalňyzdyryn, garawsyzdyryn. Sensiz barlygy öz ynsanlyk derejäme rowa görmeýärin. Seniň ýaradan jümle-jandaryň bilen bir maddadandygymy bilýärin, şonuň üçinem sunguňdan dörän mahluklary hem älemleri özüme bigäne saýmaryn. Olary eziz hem mährem görýärin. göwräm-de şolardandyr, jismim-de şolardandyr. Olar maňa Seniň beýikligiňi hem gudratlydygyňy aýan edýär. Olar meniň geçmişim hem şu günümdir. Peleklerdäki ýanyp duran otlarda, gaýnap duran daşlarda, sowap galan sowuk daşlarda men düýnümi – geçen ýolumy görýärin.
Küpürsäp ýatan toprakda jismimiň matasyny görýärin. Dabanlarym bilen olaryň özümiň öňki halatymdygyny syzýaryn.
Seniň ýaradan howaňdan öýkenimi dolduryp, janlydygymy hem diridigimi görýärin.
Seniň ýagdyrýan ýagyşlaryň owazynda Seniň öz sunguňa iberýän salamlaryňy eşidýärin. Älemleriň aňyrsyndan gelýän ol owazlar Seni küýsän kalbyma süýji heserini hem Senden aýralygyň hasratyny salýar. Kalbym Seniň mekanyňa barýan ýoluň alyslygyna intizardyr.
Ada şemallar öwsende, onuň sesinden Senden aýralygyň zaryny eşidýärin. Şonda özümiň şu dünýäde näçe mährem bolsam, şonça-da bigänedigimi duýýaryn. Göwräm dünýäden bolsa-da, ruhum alyslyklardandyr. Jan – Zeminde, göwün – Asmanda.
Seniň dünýäňi söýdügimçe, şonça-da ondan ýadyrgaýan. Dünýäniň soňy – ýokluk, diňe Saňa tarap açylan ýol barlygyň dowamatyna eltýär. Janym bu barlygyň – ýoklugyň aýrybaşgalaşygyny görýär, duýýar, syzýar. Ol özüni saýry diýip duýunýar. Saýry hem nämährem, süýji hem lezzetli pany barlyga janym ne pisint etsin?! Ol pany hem bipaýan dünýäni tymsal ornunda görmek isleýär.
Tymsal – gutarnyklyk aňyrsynda tükeniksizligi, panylyk aňyrsynda bakylygy, bimanylyk aňyrsynda manyny, ten aňyrsynda ruhy görmek uslybydyr. Şeýdip, ten üçin ahyrky maksat jan üçin maksat ýolundaky bir basgançaga öwrülýär.
Eý, Allam, haýsy ýolda bolsamam, haýsy basgançakda ýörsemem men Seniň bendäňdirin! Çünki meni ýaradan Sensiň, çünki ýollary-da kesgitlän Sensiň, çünki basgançaklary-da derejelän ýene Özüňsiň! Näzik tene jan berdiň, bir janly bendäň boldum! Derejeläp göterseň, bir beýik bendäň bolaryn! Beýiklikden düşürseň, bir asgyn bendäň bolaryn! Dag-daşdan başlap ynsan ogluna çenli külli jansyz-u-janly närsäniň içinde kemsidilen ýok zat görmedim! Çünki bularyň bary bardyr, bar bolmak bolsa söýgä, Seniň söýgiňe mynasyplykdyr.
Men köňlüme diýdim: «Eý, köňül, jan ýaly pynhan jahana bak! Daş-töwerege göz aýla! Biribaryň nury ýetmedik, Halygyň ünsünden binesip, Ýaradanyň ryskyndan ät galan ýekeje mahluk gördüňmi?! Dür dänesi kimin seçelenip duran, şeker zerreleri kimin düwür-düwür bolup duran ak çägeler, eýse, Halygyň mährinden binesipmidir?! Eger binesip bolsa, olar göze şeýle mähriban, şeýle dokmäde görnermidi?! O ýany, bu ýany on bäş milliard ýagtylyk ýyly biserhet pelekdäki damja-damja ýyldyzlar, her damjasy didämize zer gunçaly ýyldyzlar, eýse, Halygyň mährinden binesipmidir? Binesip bolandygynda olar şeýle ýakyndan alys görnermidi?! Çybyn-çirkeýleriň, gurt-guşlaryň jan derdeseri, rysk hysyrdysy hem yşk başagaýlygy gözel dälmidir?! Çünki bularyň bary Seniň öz-özüňi synlamak, öz beýik döredijiligiňe guwanmak islegiňden ahbetin!
Seniň maňa bagyş eden janyň bilen ýaşaýaryn. Seniň maňa bagyş eden janyň bilen söýýärin, maňa bagyş eden janyň bilen görýärin, maňa bagyş eden janyň bilen eşidýärin, maňa bagyş eden janyň bilen söýleýärin. Jümle jandaryna aşygam, çünki özüňde-de jan bardyr, jan gymmatyny bilýärin, jan ezizligine düşünýärin, jan pidasynyň hasratyny kabul edýärin.
Eý, Allam! Heý, bir gözellik mundan ýokary bolarmy?! Jümle jandar jan keşigini bagt bilip, Seniň ýaradan dünýäň elýetmez kämilligini berkarar edýärler. Seniň bat berip, pata berip goýberen ýaşaýşyň özüne gujury hem harjy ýene Senden alýar. Sen bolmasaň, barlyk ýaralmazdy, Özüň barlyk bolanyň üçin, biziň-de bar bolmagymyzy isläpsiň. Seniň eflaky jomartlygyňa, Seniň wujudy sahylygyňa, Seniň älemi berimliligiňe haýsy Hatam Taý taý bolubilsin?!
Seniň Arşdan inip, Ýeriň ot özeninem oýarýan owazyňa Seniň ak gündizleriň janperwerligine, Seniň gök gijeleriň pyşyrdysyna haýsy äheňgir taý bolubilsin?!
Seniň asmanlaryňdaky akly-gyzylly-saryly ýyldyzlaryň al-elwan elýetmezligine, gara ýuwdarhalaryň hüýt-gara çykgynsyzlygyna, Seniň Älemleriň biserhet sowuklygyna, Seniň sary görejiň gyzgynlygyna haýsy nakgaş taý tapabilsin?!
Seniň dört ölçegli ýaşaýşyň dat süýjüsine, Seniň älemara aýralygyň öt ajysyna, Wagt bile Giňişlik utgaşygynyň mazasyna, Aý ýalkymynyň ýuwanlygyna, Kerwengyranyň şorlugyna, üç ýyldyzyň tagamyna kim taý tapabilsin?!
Wysalyň çäkliligine, Hijranyň biçäkligine, Tötänligiň haklygyna, Hakyň hökmanlygyna kim taý tapabilsin?!
Senden özge kim dem deregine dem, ömür deregine ömür, ýyl deregine ýyl, Gün deregine Gün, Aý deregine Aý tapabilsin?!
Sen bolmasaň, nädip paýhas özüne paý, ýürek, özüne jaý tapabilsin?!
Eý, Allam!
Sen paýhasa paý, ýürege jaý, nebse duşak ýaradypsyň. Bu – Seniň ýaradan Ahyret dowamatyňdyr.
Ynsan balasyna dünýä gelmäge hiç kime görünmän kömekleşýän, ynsan balasyny çagaka hiç kime görünmän hüwdüleýän, hiç kime eşitdirmän bakylyk aýdymlaryny onuň näzijek gulaklaryna aýdyp berýän perişdelerdir. Şol aýdymlardan biziň her birimiziň kalbymyzyň bakylyk binýady kemala gelýär. Ýöne ulaldygymyzça, dünýäň söýgüsi köňle ornaşyp, durmuşa ulaşyp, biz ol aýdymlary unudýarys. Diňe mahal-mahal külli ýaşaýşyň many özenine özümiz bilmezden ýakynlaşýarys. Şonda birmahalky gören düşnüksiz hem syrly, alamatly hem çuňňur düýşümiziň ýada gelşi ýaly, biz başga dünýä, özge bir äleme gidýäris. Şonda ynsan özüne bir düşnüksiz gama batýar, bir düşnüksiz hasrat bile göge bakýar. Adatylygyň kyrk ýuwlan göwşül esgi ýaly, reňksiz ýüzünden ýüz öwrüp, tötänlikleriň gyşyk hataryndan düşüp, özüne düşnüksiz umyt bile Asmanyň ter jemalyna bakýar.
Asmanda bolsa onuň jan gözleri şo-ol çagaka özüne bakylyk aýdymyny aýdyp beren perişdeleriň ynsansöýen ýylgyryşyny görýär. Ol ýylgyryş kuýaşyň şuglalaryna garylyp-gatylyp gelýär, kalba ýagtylyk hem mylaýymlyk çaýýar. Perişdeleriň hüwdüli owazlary ýagşyň şapyrdysyna garylyp-gatylyp gelýär, kalba terlik hem seleňlik berýär. Perişdeleriň jemaly ýyldyzlaryň gyzyl-sary ýalkymyna garylyp-gatylyp, millionlarça ýyllaryň aňyrsyndan gelýär.
Onsoň ynsan gündiz-u-gije asmandan nur damjalary paýrap gaýdan pursatlary, gündiz-gije asmandan damja kimin nurlar ýaýrap gaýdýan pursatlary düşnüksiz gama batýar. Bu gam perişdeleriň biziň janymyza iberýän yşaratynyň hem salamynyň täsirindendir. Şeýle pursatlarda adam özüni uzak bir ýere düşen saýry kimin duýup başlaýar.
Asmanyň çuňlugyna gelýän ýaşyl ýagyşlar kalbyň çuňlugyny göze görnerli edýär. Ynsan kalby – iki dünýä arasyndaky ruhy köprüdir. Bu köpri Asmandan başlap, Zeminde gutarýar.
Ak ýagyş kalby ýaşadýar, gözleri ýaşardýar. Ol ynsanyň içindäki çagany – dünýä gonalgasyna ýaňja gelip düşen düşlegçini oýarýar. Şapyrdap, şabyrdap, paýyrdap, bedew sürüsiniň dabyrdap barşyny ýada salyp ýagýan mylaýym ýagyşlaryň hersiniň öz owazy bar. Heňi, äheňi bilen tapawutlanyp ýagýan ýagyşlaryň, jalalaryň, çabgalaryň owazlarynyň köpdürlüligini hem gaýtalanmazlygyny diňe çaga kalby tanap bilýär. Olaryň owazynda perişdeleriň sesini tanamak hem diňe çaga berlendir. Ýagyş – asman bilen zeminiň ýakynlyk pursady, asmanyň zemini öpüş pursadydyr. Şonuň üçinem gündizlerine howanyň Güneşli wagty uzaga gidýän, gijelerine Aýsyz wagtlary ondanam alyslara göterilýän asman ýagyş ýaganda, zemine juda golaý gelýär. Olaryň endamy biri-birine degip dur. Perişdeler bolsa olaryň söýgüsiniň şanyna nagma kakýarlar, aýdym aýdýarlar. Çünki söýgi, onda-da Asmandyr Zeminiň söýgüsi hemişe kalbyň jomartlygyna – aýdyma mynasypdyr. Ýagşyň broun hereketine laýyk raks edip asmandan inýän her bir düwmesinde jan bar. Düwmelerde ýaşaýşyň hem diriligiň tohumy bar. Ýüz müňlerçe hem millionlarça durnagöz, aýna düwmejikler zeminiň ýaşaýşynyň dowamatyny kemal edýär. Şonuň üçinem asmandan nur ýaganda, dünýä münewwer – nurana hem päkize bolýar.
Ýagyş – bakylygyň wagt içindäki ýaşaýşa iberýän salamy hem namasy. Hut şonuň üçinem ak namany perişdeler alyp gelýärler. Bakylykdan gelýändigi üçinem ol nagmalar biziň şu dünýädäki saýry kalbymyza lezzet gatyşykly gussa salýarlar. Watanyndan habar alýan sergezdan kalbyň özüne-de düşnüksiz gussasy edil ýagmyr kimin şabyrdap hem paýyrdap dur. Diňe çaga üçin bu ýerde düşnüksizlik ýokdur. Çünki ol entek bu dünýäniň doly ýaşaýjysy däl. Çünki ol entek bakylykdan bütinleý arany üzenok. Şol sebäpden ol takyrlara degip pytraýan damjalaryň arasyndaky perişdeleri özüniň jan gözi bilen görüp dur. Şol sebäpdenem ol gara-gök asmandan eňterilip, zogdurylyp mele-ýaşyl zemine tarap gaýdýan ýagyşlaryň arasy bilen perişdeleriň kakýan nagmalaryny eşidip dur. Ulular bolsa ýagyşda diňe ýagşy görýärler. Olar dür düwmeleriň, nur damjalaryň aňyrsyndaky perişde jemalyny görmek ukyby ýitirenlerdir.
Asmanyň Zemine, bakylygyň pana, perişdäniň çaga gowuşmasy bolup bökjekleýän ak ýagyşlar ýaşaýyş bitewüliginiň aýdymy bolup ýaňlanýar. Olaryň owazy adama diňe bir Zeminiň däl, eýse edil perişdeleriň özi ýaly külli Älemiň jandary hökmünde duýunmaga pursat berýär. Ol owaz astynda adam ýaşaýşyň – janlylygyň umumyälem giňişligine, älemlerara ýaýlymyna çykýar. Şonda adamyň jany beýik Älem janynyň bir bölejigidigini syzýar. Ilki asmanda aşyr atyp, kelemenläp, soňra üçekleri naýzalap, ondan soň ternawlarda at salyp, ahyrynda-da ýeriň janyna siňýän ýagşyň ömri – bir älemden başga bir äleme geçişiň taryhydyr. Munda öz taryhyny görýän jan syrly gussany başdan geçirýär. Janymyz Zeminiň janyna gatylyp, dünýä ýaşaýjysyna öwrülýär. Asmandaka diňe perişdeleriň diline düşünen jan indi külli Zemin jandarlaryň diline düşünip bilýär. Ýaradan gudraty bilen berlen bedeni ony Zemine mährem hem garyndaş edýär, has dogrusy, bedendeş edýär. Ýer astyndaky hem üstündäki, howadaky mör-möjekler, ýer astyndaky hem üstündäki, howadaky haýwanlar hem guşlar, suw astyndaky hem üstündäki jemendeler onuň üçin garyndaşa öwrülýär. Bir garynda, bir tende ýaşaýan ynsanyň janam dünýä bilen bagly bolýar. Hut bir tende bolmak jana dünýä gözelligine we manysyna düşünmäge ýardam edýär. Älemden gelip, dünýäde ýaşaýan jan üçin munda barça zat hikmetdir. Jan Zeminiň hikmetini söýýär. Ol munda syryň hem manynyň, gözelligiň hem diriligiň barlygyny ykrar edýär.
Asman bolsa mawy biserhetligi, many tükeniksizligi bilen jany maýyl edip dur. Asman guşlaryň hem perişdeleriň giňişligi. Özüne perişdä öwrülmek berilmedik ynsan guş bolmaga dyrjaşýar. Aslynda janyň özi-de guş şekilendedir. Suratymyz – ynsan, janymyz – syratymyz guşdur. Janyň dili – guş dilidir. Guş bolsa asmanyň dilinde sözläp bilýär, asmanyň diline düşünýär. Allanyň – bakylygyň atlaryny diňe şu dilde aňladyp bolýar. Allanyň sypatlary hem syrlary barada diňe şu dilde sözläp bolýar. Emma Zeminiň dili-de asmanyň diliniň bir miwesidir.
Men asman bilen Zemin ikisiniň dilini gapma-garşy goýmaýaryn, bu iki diliň bir kökden gaýdýandygyny magat bilýärin, olaryň diňe giňişlik we kämillik derejesi tapawutlanýar. Zemin – ýere düşen Asmandyr. Kak suwunda gögüň suratlanyşy ýaly, Zemin ýaşaýşynda asman görünýär. Mundaky ýaşaýyş dili bary-ýogy asman diliniň Zeminde gaýtadan kemala gelmegidir.
Jan – tene giren Asmandyr. Ten jandan aýrylanda Asman bilen Zemin aýrylyşýar. Bu aýralyk gitdikçe biri-birinden daşlaşyp barýan älemleriň aýralygynyň birje pursadydyr. Beýik Allam ol uly aýralygyň owazy diýip Zeminde tendir janyň wysalyny – diriligi ýaradypdyr. Wagtlaýyn wysaldan soň gelýän mutlak aýralygyň yzasy – millionlarça hem milliardlarça aýralyklaryň yzasy Züljelala düşnüklidir hem ýeterlidir. Hut şonuň üçinem ol bize öz rahymlygyny bildiripdir. Öz deminden aýryp, bize jan beren Biribar! Janym-da saňa gurban, tenim-de saňa gurban bolsun! Göwnüm-de Seniň yşkyňda sergezdan, dilim-de Seniň yşkyňda saýrak bolsun!
Osman ÖDE.
Filosofiýa