09:46 Çopan goşunda / hekaýa | |
ÇOPAN GOŞUNDA
Çagalar edebiýaty
Boýy kelteden ýognas, ýaşytdaşlaryna garanynda birneme ekabrrak görünýän Oraztagan şo mahallar heniz mekdep ýaşyna-da ýetmedik oglanjykdy. Onuň çopan goşuna ilkinji gezek gelşi bolansoň ol häzir täsin bir dünýä düşen ýaly, üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärdi. Kakasy welin bu durmuş bilen bagry badaşan adamdy, otuz ýylyň çopanydy. Dogrusy, Mämmet aga her gezegem beýleki ogullary ýaly körpe ogly Oraztagany hem öz ýany bilen çopan goşuna alyp gitmekçi bolup jan ederdi. Ýöne nämäçindir oňa ogly göwnänokdy. Ýogsam Oraztagan hem owlak-guzular bilen oýnamagy gowy görerdi ahyryn, öňdenem muny arzuw edip ýördi. Onda näme? Soň ähli zat aýan boldy. Onuň pikiriçe, kakasynyň çopan goşy daş-töweregi halys çola, gorkunç ýerde ýerleşýän bolmaly. Özüniň o ýerlerden gorkýanlygyny duýdurmajak bolubam, her gezek bir bahana tapýardy. Şeýdibem onuň owlak-guzular bilen oýnamak arzuwy barha-barha yza tesýärdi. Aslynda ol ata-enesiniň ýaşlary ellä golaýlaberende dünýä inen perzentleridi. Şonuň üçinem maşgalaň iň körpesi Oraztagany uludan-kiçi, hemmeler gowy görerdi. Onuň özem çagalykdan düşbüjedi, bilesigelijidi, ýakymlyjady. Oraztaganyň kakasynyň ýanynda bolasy gelýäni gara çynydy, kakasy welin öýde seýrek bolýardy, wagtynyň köpüsini mal yzynda geçirýärdi. Oraztagan özüniň hem haçanam bolsa bir mahallar çopan goşunda, ylaýta-da agşamlaryna tüm garaňkylykda ýerleşýän pelteli çyraly çatmada ýatmaly boljagyny asla göz öňüne getiribem bilmeýärdi. Ýogsam kakasy her gezegem ol ýeriň gorkuly zadynyň ýoklugyny oglunyň gulagyna guýa-guýa gelýärdi. Kakasynyň soňky gezek oba gelende-de, oňa beren maslahaty şeýle boldy: “Oglum, sen çopan goşunyň nämesinden gorkýaň bilemok. Gorkar ýaly ol ýerde üýtgeşik näme bar? Bütin sürini alabaýyň bir özi gorap dur. Gijelerine bileje ýatarys. Gündizlerine bolsa owlajyklara, tüýi örän näzijek guzujyklara esewan bolarsyň. Hemem olaryň bökjekläp bir geňsi tans edişlerine tomaşa edersiň. Göwnüň-göwsüň açylar. Köp zatlara akyl ýetirersiň. Wagtyň neneň geçeninem bilmän galarsyň. A men bolsam, gyşyň aladasyny ederin, her gün birki eşek ýüklük odun-jagrama çöplärin. Aram-aram senem ýükli eşege münüp oba gelersiň. Doganlaryň okuwy başlandy. Bolmasa, bu ýumşy saňa tabşyrjagam däldim” diýdi. “Kakam dogrusyny aýdýar. Gorkara zat ýok. Onsoňam meniň sapançam bar. Oýnawaç diýýäňizmi, bolanda näme oýnawaç. Gerek ýerinde şonuň bilenem goransa bolar. Onsoňam, doganlarym hem kakamyň çopan goşunda yzly-yzyna bir aýlap, iki aýlap bolup geldiler. Gezekli-gezegine eşekli oba-da baryp gaýtdylar. Olaryň hiç haýsam nämedir bir zatdan gorkduk diýmedi, olara sapança-da gerek bolmandyr, ýarak-da. Gaýta biri asmanda äpet bürgüdüň uçup aýlanyp ýörenini görüpdir, başga biri endamy okdan doly kirpä, sykylyklaşyp ýören alakalara duşupdyr. Olaryň berýän gürrüňlerini diňledigiňçe, diňläsiň gelýär. Bu zatlary gözüň bilen görmek gör nähili ajaýyp. Obada ýaşasaň, iru-giç eşek münmänem öwrenmeli ahyryn. Şundan amatly wagt ýok. Täze ýyl menem okuwa gitmeli borun” diýip, Oraztagan içini gepletdi. Belki şonuň üçindir bu gezek çopan goşuna gitmäge onuň özi döwtalap boldy. Oraztaganyň bu ýere gelip ilki göreni, ilki dostlaşany hem süriň alabaýy boldy. Dogrusy, ol bu iti güjüjikliginde görenidi. Gör-ä, ol eýýýäm ullakan it bolup ýetişipdir. Ozem Oraztagany her günde görýän ýaly onuň ýanynda ýadyrganogam. Beýleki itler ýaly uwlajagam bolanokdy. Ol häzirem şu günki soýlan tokludan galan aňry-bärilerinden garnyny ýalmap durşuna, başyny ýalagyndan hem galdyrmaýardy. Şonuň üçin onuň bu ýere gelip kakasy bilen ilki söhbetdeşligem it hakynda boldy. - Kaka, goňşymyz Saparlaň iti uwlap goňşy-golamlary hem ýatyranok-laý. Gije bolsun, gündiz bolsun, şol bir uwlap dur. Seniň alabaýyň welin hijem uwlanok. - Akbilegiň gürrüňini edýäňmi? Akbilek uwlar, onuň şu günler güjükläp, köpelip ýören çaglarydyr. - Dogry aýdýaň, kaka. Düýn seretsem, ýanynda dört-bäş sany güjüjekler bardy. Içinde biri şeýle bir enaýyja, şeýle bir ýakymlyja, ylla olardan däl ýaly, enesinden başga bir ýerde kellesini iki aýagyjyklarynyň üstünde goýup, uklapjyk ýatyr eken. - Akbilek zordur, oglum. Onuň öňki güjüjeklerine Aşyraly çopan eýe durupdy. Häzirem Aşyralyň sürüsini gorap ýören şondan önenlerdir. Biziň alabaýyň bolsa aňyrsam goýun itleriniň tohumyndan, atasy arslan ençeme ýyllap goýun yzynda bolup, sürä şikes ýetirtmän gezdi. Şonuň üçinem bu itler haçan uwlap, haçan uwlamaly däldigini, olar gowy bilýär. Uwlamany bilmeýän it sürä möjek getirýändir, şony bek bellegin, oglum. - Möjek! Bäride möjegem barmy, kaka? -- Oraztaganyň ýüzi saldar alyp gitdi, onuň soňky sözleri titrewük sesli çykdy. – O-lar ha-çan gelýär? - Gorkma. Bu ýeri oba golaý bolansoň, möjek asla aýak sekenok. Umuman-a bir çal açgöz möjek bardy. Onda rehim-şepagat ýokdy. Nebir goýunlaň başyna ýetdi, ol bize oýun baryny görkezdi. Arman şo gezek elimden sypdy-da. Indem ýüregim syzýar, ol haçanam bolsa, ýene bir gün yzyna köwlener. Aňsat-aňsat agzy tagam tapan ýerini unutmaly däl. Dogrusy, köp wagtlardan bäri gara berenok. Belki çölüň towşan-torsugy bilen oňňut edýändir, ýa bolmasa, gaýry hojalyklaryň sürülerini darap ýörendir. Boş oturar öýdemok. Menem ätiýajy elden bermedim, geläýjek ýerlerine gapan gurup çykdym. Her günem ol gapanlary barlaşdyrýan. Geläýenok, aýak yzlaram ýok. Ölüp-ýitip gidenem bolsa kim bilýä. Möjekleriň mekany çöl, çölde olar süri-süri bolup ýaşaýarmyşynlar, garynlaryny doýurmak üçin sümsünişip ýörlermişin. - Kaka, seniň goşaň hakykymy? Ýa senem ony möjekleri meniň sapançam ýaly gorkuzmak üçin göterýäňmi? Ony menem görüp bilerinmi?—diýip, Oraztagan dulda söýelgi tüpeňi görkezdi. - Ýok, oglum, meniň goşam oýnawaç däl, ol hakyky, okly tüpeň. Onuň bilen oýun etmek bolmaz. Özümem ondan seýrek peýdalanýan. Ýylyň belli-belli döwürlerinde käkilikdir sülgünleriň, towşanlaryň, başga-da birentek haýwanlaryň, guşlaryň döwlet tarapyndan ýörite awlamaga ygtyýar edilen wagtlary bolýar, ana, aw tüpeňi şonda gerek, awlan awyň özüňki. Indi düşündiňmi? Oraztagan “düşündim” diýip baş atsa-da, onuň henizem düşünmedik, akyl ýetirmedik zady kändi. Ýöne kakasynyň “Bar, indi senem daş çykyp gel, ýatar wagtyň boldy. Menem sürä aýlanaýyn, ýatagyň agzyny bekläýin, onsoň gelerin” diýensoň, onuň bilen ylalaşmaga mejbur bolupdy. Oraztagan kakasynyň aýdyşy ýaly etdi, dessine düşege geçdi. Ýatmakçy boldy. Çopan goşunda ýatmak beýle bir gorkunjam däl eken diýip pikir etdi. Dogrusy, ol ilkibaşda kakasynyň possunly içmegine girip, gymyldaman dolanyp ýatmakçydy. Ýöne çaga bilesigelijiligi ondan üstün çykdy. Oturyp diňşirgendi. Daşary, umuman, asudady, rahatdy. Kämahallar garaňkylygy böwsüp diýen ýaly haýsydyr bir gyryljyk ses gulagyna degip geçäýmese,ümsümligi bozýan başga zat ýokdy. Mahal-mahal obaň itleriniň sesi eşidilerdi, käýarym eşekler aňňyryp, sygyrlar molardy. Ine, birdenem onuň gulagyna şagalyň uwwuldysy has ýakyndan eşidildi. Ol Bagtygül ejäniň ketegini boşadan açgöz şagal bolmaly. Hawa, ol hökman şol şagal bolmaly. Oraztagan şeýle pikir etdi. Iýenini iýip, iýmediginem parçalap giden şol şagal indem obaň itleriniň gözüne görnüp bilmän, töwerek-daşda sergezdanlyk edip ýören bolmaly. Onuň sesi şondan soňam birnäçe gezek gaýtalandy. Oraztagan derhal ýerinden turdy-da, torbadaky sapançasyny eline alyp, gulagyny gaýtardy, onuň ujuny ýokarlygyna tutubam possunly içmegi üstüne çekdi, soňam possunyna görä aýaklaryny uzatdy. Ol, barybir, esli wagtlap uklap bilmedi, kakasynyň bahymrak gelerine garaşdy. Kakasy welin wagty bilen gelmedi, giç geldi. Ol gelende öz possunynda, sapançasyny gujagyna mäkäm gysyp durşuna süýji ukuda, derläpjik ýatan ogluny görüp, birki gaýta “ähem-ühem” etdi. Oglunyň rahat ýatanyna ymykly göz ýetirensoň,başyny ýassykda goýdy... Oraztagan bu mahal iň beýik daglaryň biriniň çür başyna çykypdy. Bu ýerden onuň Gerkez obasy eliň aýasynda ýaly bolup görünýärdi. Horazlar gygyryp daň atanyny buşlansoň, adamlaram oýanypdylar. Oba arasynda gaýda-gaýmalaşyk başlanypdy. Kileň adamlar sygyrlaryny örä goşmak üçin mallaryň obaň gaýrasynda toplanylýan ýerine sürüp, çopana tabşyryp gaýdýardy. Hanha, ejesem şeýtdi, sagylýan sygyrlaryny getirip mallara goşup gitdi. Beýleräk-de bolsa giň howluly ak mekdebiň töweregi çagalardan doludy. Oraztaganyň doganlary hem tirkeşip mekdebe barýardy. Şo pursat onuň hem mekdebe okuwa gidesi geldi. Arman, Oraztagan olary görse-de, olar Oraztagany görmeýärdi. Şonuň üçin hem güýjünde bar sesi bilen: ”Menem mekdebe gitjek. Duruň, menem äkidiň. Maňa-da garaşyň! Eje, maňa-da depder, kitap beriň!” diýip gygyrýardy. Onuň sesi dagdyr gaýalara düşüp ýaňlanýardy. Ýöne onuň özüni welin hiç kim görenokdam, duýanokdam. Birdenem ol öz sesine özi oýandy, başyny galdyryp, turup oturdy. Görse, Gün bireýýäm dogup gidipdir, tüňçede çaý gaýnap otyr, ortada saçak ýazylgy. Saçakda bolsa Oraztaganyň gowy görýänje zatlary, myssaryp duran tamdyr çöregidir gowurma, duzly gutujyk goýlupdy. Onuň çaý çorbasyny ähli nahardan gowy görýänini kakasam bilýärdi. Ol ýerinden galdy, gerindi, ýuwunmak-ardynmak üçin daş çykdy. - Oglum turduňmy, keýpleň niçik, görseň, çopan goşy hem ýatmazça ýer däldir. Sen heniz habaryňam ýokdur. Gör, bu gije bize kim myhmançylyga gelipdir? Men ony bu ýere saňa görkezmek üçin süýräp getirdim--diýip, kakasy nämedir bir zada bakan elini uzatdy. - Kaka, bu näme?-- diýdi. Oraztagan gözlerine ynanmajak boldy, kakasynyň süýräp getirdim diýýäni äpet bir çal möjegiň maslygy eken. - Ynha, oglum, näçe aýlap peşine düşüp ýören şo-ol çal möjegim öz aýaklary bilen gelipjik gapana düşüpdir. Öten agşamam ikimiz şu möjegiň gürrüňini edipdik. Indi sürimize abanjak howp bolmaz. Möjegiň peträp hanasyndan çykjak bolup duran gözleri henizem ýanyp duran ýaly açykdy, şöhlesi welin öçeňkirläp ugrapdy. Özem möjegiň ullakanydy. Kakasy ur-tut maslygy süýredi-de, alabaýyň öňüne oklady. Alabaý sen-men ýok, gazap bilen hyňranyp möjege topuldy, burny bilen möjegiň bireýýäm gatan göwresini bir eýläk, bir beýläk çekeledi-de, gaýralygyna tesdi. Men öňem et iýip ýören alabaýyň semiz möjege agyz urup, ondan garnyny doýruşyna tomaşa etjekdim. Emma beýle bolmady, it baryp başky ýerinde gyşardy. Kakam şo mahal meniň näme hakynda oýlanyp duranymy aňan eken: - Görýäňmi, oglum, item bolsa juda akylly janawar. Men ony synamak üçin öňüne okladym. Ýyrtyjyň etiniň iýilmeýänini şulam bilýär—diýdi. Şol günüň ertesi süriň çolugy Meretguly hem öz oguljygyny çopan goşuna alyp geldi. Ony gören dessine Oraztagan begenjinden ýaňa duran ýerinde towsuberdi: “Ur-a, indi men Kemal bilen bile aşyk oýnaryn, tomus geçýänçä hijem öýe gaýtmaryn” diýip, gygyrdy. Ana, şondan soň olaryň çopan goşunda geçiren günleri biri-birinden enaýy, biri-birinden gyzykly geçdi. Kemal Oraztagandanam kiçi, özem çepiksizje oglanjykdy. Heniz beýnisi bekemedik çagady. Alakadyr syçan hažžyk görse-de, gorkmany-ürkmäni bilmezdi, kowalap ýörerdi, olaryň gaçyp tä hinine girýänçäler peşinden aýrylmazdy, başarsa olary tutup eline alardy. Bir gezegem Oraztagan: - Ynha, Kemal, aýdaly, sen obada ýaşaýan ekeniň. Saňa dagdaky çopana çörek eltjekmi?—diýseler, näme jogap bererdiň? - Juk. - Hawa ýa ýok diý. - Hawa. - Öňüňden gara möjek çyksa gorkjakmy? - Bilmedim. - Hawa ýa ýok diý. - Ýok. - Ine, gorkmasaň! -- Oraztagan onuň gözlerine golaý getirip bat bilen ellerini çarpdy. Kemal: - Waý - diýip, çirkin ses etdi-de, gözlerini mäkäm ýumdy. Muňa Oraztagan hezil edip güldi: - Ýagşam bir batyr ekeniň, indi gözleriňi açyber. Senden çopana çörek elten bolmaz. Mämmet aga usullyk ädimläp, oglanlaryň gürrüňlerini diňläp otyrdy. Çopanlar bilen bagly bolan bu oýnuň çagalarda batyrlygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň kemala gelmegi üçin oýlanylyp tapylandygyna az begenmedi. - Kemal, sen ulalaňda kim boljak?—diýip, ikiçäk otyrkalar Oraztagan Kemaldan sorady. Kemal pikirlenibem oturmady, jogaby nagt boldy. - Men ulalsam batyr boljak. Oraztagan güldi: - O nämäniň batyry, Kemal, olar ýaly kär barmy? - Hiç zatdan, hatda öňümden çykjak gara möjekdenem gorkmazym ýaly, kär saýlap aljak. - Hä, şeý diýsene. Özüm-ä çopan bolsam diýýän. Ýöne... kakam göwnänok. Bäş ýaşyňdakaň müňe çenli sanamagy, ýazmagy, okamagy bilýäň, senden gowy mugallym çykar--diýýär. - Dogru-da, munça çopan nämä gerek, sürini bir çopan bilen alabaýyň özem saklap bilýär. Onsoňam kakaň mugallym bol diýse, mugallym bolup goýber. Meniň çagalarymam okadarsyň. Dogrudanam olaryň gürrüňi hasam gyzyklydy. Mämmet aga olary oturan ýerinden ümsümje synlap oturan eken.Soňam olaryň ýanyna baryp: - Berekella, ogullarym, siziň bu oýnuňyz maňa-da ýarady. Geliň, men size şu töwerekde geçigaplaň ady bilen bar bolan bir deräniň hekaýatyny gürrüň bereýin—diýdi. Oraztagan bilen Kemal birek-biregiň ýüzüne bakyp, gelip oňa golaý ýerde oturdylar.Şondan soň Mämmet aga hem, hamala, öz deň-duşlaryna gürrüň berýän ýaly öz hekaýatyna başlady. – Aslynda, ol ýerler biziň otuz ýyl mundan owal, çopançylyga başlan ýerlerimizdi. Şo mahalam bu deräniň ady geçigaplaň diýlip atlandyrylýardy. Onsoň men şonda baş çopanymyzdan onuň geçi gaplaňly adynyň gelip çykyşyny gyzyklanyp soradym. Şonda ol maňa bu dere hakynda şeýle zatlary gürrüň berdi. Birmahallar ol ýerde serhetçileň harby bölümi ýerleşer eken. Günlerde bir gün esgerleň ulusy ýaňy gulluga gelen ýaş oglanlaryň birini bölümden daşyna, çola ýere çykaryp, ýersiz ýere bahana arap, nähak azar berýärmişin, hatda telim gezek onuň ýüz-gözüne şapbat hem çalanmyşyn. Ýaňy gulluga gelen oglanam özünden ula gaýtawul bermek bolmaýanlygy üçin müzzerip oturan bolmaly. Bu ýagdaýy jeňňellikden bir geçigaplaň boýdan-başa synlap duran eken. Ol ejize halys dözmändir, oňa el galdyran ganymy ýigrenipdir. Sen-men ýok, geläge-de şol hyrsyzyň üstüne topulypdyr, onuň ejize sütem eden sag golundan mäkäm dişläp, ony tä mäjum bolýança goýbermändir. Diňe şondan soň ol bu ýerden ökjäni göteripdir. Bu wakany harby bölümiň ähli esgerleri eşidipdir. Dagy-duwara, şol hrby bölümde özünden kiçi esgere azar bermekden-ä geçen, olaryň üstüne seslerini gataltmakdan hem gorkup gezilipdir diýýärler. Dogrusy, geçigaplaňy şondan soň gören-bilen bolmandyr. Ýöne şol ýeriň ady welin harby bölüm ol ýerden göçürilensoňam geçigaplaň deresi diýlip galyberipdir. Oraztagan bilen Kemal bir-birlerine bakyp, seslerini çykarman otyrdylar. Mämmet aga: - Görýäňizmi, balalarym, geçigaplaň akylly hereket edipdir, ýyrtyjy haýwanam bolsa ynsanyň ynsana edýan zorlugyna dözmändir, ejiziň tarapynda durupdyr. Adamlary agzybirlige çagyrypdyr—diýdi.—Indi bolsa, baryň, ho-ol tekiz ýerde aşygyňyzy oýnaň. Onýança menem günortanlyk çaý-naharyň ugruna çykaýyn. - Bolýa, kaka!—Oraztagan aşyklaryny Kemal bilen paýlaşmaga durdy.—Kemal, ýör, aşyk oýnaly. - Üçem oýnarysmy? - Üçemem oýnarys. Olar çopan goşundan taýagatym ýerde giň ýaýrap ýatan tekizlige bakan ylgap gitdiler. Ine, birdenem Kemal: - Oraztagan, hanha o ýerde ýylan bar?—diýip çirkin gygyrdy. - Gorkma, gokma. Hany nirede?--Oraztagan dim-dik bolup sähel hereket etdigiň üstüňe towusjak bolup duran ýylandan heder etdi. - Men ondan gorkamok, häzir men ony saňa tutup bereýin. - O nämäniň tutmasy? Gymyldama. --Ol Kemalyň elinden tutup, yza ökje ogurlady.-- Ýylana degmeseň, ol hem saňa degenok. Muny maňa kakam aýtdy. A sen bolsaň ony tutmakçy bolduň. Ol saňa tutdurmaz, seni çakardy. Oraztaganyň aýdyşy ýaly boldy, ýylan hiç hili howp görmänsoň, ot-çöpüň arasy bilen simap ýaly süýnüp gitdi. Birsalymdan Mämmet aga aşyk oýnap oturan oglanlaryň ýanyna geldi.Ol gele-gelmäne ýylanly wakany gürrüň berdi. Oňa degmän dogry edipsiňiz. Gorkmadyk bolsaňyz bolýar. - Hijem gorkmadyk, 'ýöne Kemal ony tutmak isledi. - Kemal heniz çaga, ýylan barada oňly zat bilenok. Men saňa o hakynda kän zatlary gürrüň beripdim. Birentek adamlar olara duşdugy bes, ellerine daş alyp topulýar. Ýylanlar şo zeýilli adamlary sylap durman, çakyp goýberýär. Soňra Mämmet aga Oraztagana ýüzlenip, şeýle diýdi: - Oglum, körpäm, saňa bir ýumşum bar. - Aýdyber kaka, men taýýar. - Ozallar doganlaryň gatnadardy, olaryňam okuwy başlady. Häzir men odun-jagramany eşege ýüklärin, sen onuň üstünde otursaň bolany, eşegimiz özi ýol bilen oba elter. Gaýdyşyn ejeň çörek bişirendir, alyp gaýdarsyň. Başararmyň? - Başarman näme? - Berekella.Ýöne sen ýeke özüň gitmeli borsuň, Kemal janyň yzyndan basym kakasy gelmeli. Şo dem Orztaganyň çaga beýnisinde birmahalky pikirleri at saldy: ”Obada ýaşasaň, iru-giç eşek münmänem öwrenmeli. Şundan amatly wagt ýok. Täze ýyl menem okuwa gitmeli borun”. Ol muňa begenip jogap berdi: - Bor, kaka. Şondan soň Mämmet aga ogluny çagalaryň hälki oýnunyň üsti bilen synamak isledi. - Ynha, aýdaly, sen obada ýaşaýan ekeniň. Ejeň saňa çopana çörek eltjekmi?—diýse, näme jogap bererdiň? - Saňamy. - Hawa, maňa. - Eltjek diýerdim. - Öňüňden gara möjek çyksa gorkjakmy diýse? - Ýok, gorkman diýerdim. - Ine, gorkmasaň! – Mämmet aga garaşylmadyk ýagdaýda, edil çaga ýaly, oglunyň gözlerine golaý getirip bat bilen ellerini çarpdy. Oraztagan sarsmadam, gözlerinem gyrpmady. - Tüweleme, oglum, tüweleme. Senden tamam-da şeýledir. Seniň obadan çörek getirip biljegiňe söz ýok-- diýdi. Günortanlardy. Mämmet aga mas ýüklenen odun-jagramaly eşeginiň üstüne Oraztagany göterip mündürdi. Eline-de uzyn çybyk berdi. Soňam: - Bar, oglum, ýoluň ak bolsun, sag gidip, aman gel. Ho-ol görýän gerişden aşdygyň obadyr–diýip, ony göni ýola saldy.-- Ejeňlere-de, doganlaryňa-da salam aýt! Özüňem kän eglenme, bardygyň gaýtmak bilen bol. - Bor, kaka. Oraztagan kakasy bilen el galdyryp sagbollaşdy-da, eşegiň boýun bagyny çekip durşuna ykjamlandy.Eşek öz maýdalyna ýöräp, ýola düşdi. Kakasy bolsa oglunyň yzyndan, tä gözden ýitýänçä, garap galdy. Oraztagan bolsa ilkibaşkysy ýaly häzirem eşegiň üstünde joňkaryp otyrdy. Ol ýolboýy daş-töweregi synlap barýardy. Şo dem kakasynyň geçigaplaň barada beren gürrüňi hem ýadyna düşdi.Ynsan ýürekli ýyrtyjynyň akylly-başly, dözümsiz, namysjaň hereketi oňa aýratyn täsir edipdi. Ol geçigaplaňa buýsandy. Diňe bir geçigaplaňa-da däl, dagyň-düzüň ähli janly-jandaryna guwanjy artdy. Ol kakasynyň özüne tabşyran ilkinji ýumşy bilen ýola düşüpdi. Basym seleňläp oba-da göründi. Ýolda-da onuň üçin biynjalyk bolar ýaly zat gabat gelmedi. Gorky-ürki-hä onuň ýele ýanyna-da gelenokdy. Şonuň üçin bolsa gerek, özüniň haýsydyr bir ululaň aýdymyna hiňleneninem duýman galdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |