23:23 Diýdim - diýdi... | |
DIÝDIM - DIÝDI
Goşgular
Diýdim: melekmiň ýa beşer? Diýdi: men - men her ikisem. Diýdim: asalmyň ýa şeker? Diýdi: men - men her ikisem. Diýdim: gözellik bagynyň nowgülimiň serwi-rowan? Ýa bagy-peýker, ýa göwher? Diýdi: men - men her ikisem. Diýdim: ol galam gaşmydyr? A:l lebleriň janbagşmydyr? Aby-haýatmyň ýa Hazar? Diýdi: men - men her ikisem. Diýdim: bu ter-gül jemalyň, görmäne göz gerek janym. Aýnamyň sen ýa aý kamar? Diýdi: men - men her ikisem. Diýdim: akyl talaňçy sen - bu jilwe hem bu näz bilen. Ýa göwün ogrusy meger? Diýdi: men - men her ikisem. Diýdim: sen göwün mesgenim! Aram-kararym, menzilim! Ýa didarmyň ýa-da nazar? Diýdi: men - men her ikisem. Diýdim: Kemalyňdan eý ýar! Neçüýn bihabar sen nigär? Hemramyň sen ýa-da agýar? Diýdi: men - men her ikisem. Kemal HOJENDİ. Terjime eden Taýmaz SEÝIDOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |