ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Dokuzynjy mynajat: RYSGAL-DÖWLET ÜÇIN ALKYŞ
Ýa, Ýaradan!
Külli jandaryň ryzkyny berýän, janly jemendäniň ruzygärini üpjün edýän özüňsiň!
Jismime gurp, ruhuma aram bereniň üçin Saňa alkyşlar aýdýaryn!
Gurt hem guşlar içinde, dost hem duşman içinde ryzkymy köp etmeseň, az etmäniň üçin Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Saglar-sollar içinde, ulus-iller içinde türkmeniň rysgal-döwletini özgeleriňkiden artyk etmeseň, egsik etmäniň üçin Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Alýan hem Özüňsiň, berýän hem Özüňsiň, köpeldýän hem Özüňsiň, kemeldýän hem Özüňsiň!
Goşmak hem Senden, aýyrmak hem Sendendir, esse hem Sendendir, üste hem Sendendir!
* * *
Rysgal-döwlet durmuş-ykdysady düşünjesidir.
Çünki Allatagala adamlara rysgal-döwlet berip, olaryň durmuşyny üpjün edýär, adamlaryň öz aralarynda durmuş hem ykdysady gatnaşyklara girmegine sebäp bolýar.
Adam kesp-kär edip, Allanyň berýän rysgal-döwletine mynasyplygyny görkezýär. Rysgal-döwletiň sebäpkäri Alladyr, onuň çeşmesi bolsa halal zähmetdir.
Rysgal-döwlet dünýä ýaşaýşynyň gurnalyşynyň nukdaýnazaryndan gözellik düşünjesidir. Çünki rysgal-döwlet arkaly Alla kämil hem adyl, gözel hem abadan ýaşaýşy amala aşyrýar. Bu ýaşaýyşda ne artykmaç, ne-de ýetmez zat bardyr. Bu ýaşaýyşda ne gümürtik, ne-de düşnüksiz zat bardyr. Eger munda haýsydyr bir näsazlyk, adalatsyzlyk bar bolsa, onda munuň sebäbi adamlaryň nädogry hereketlerinden, haramlyga ýüz urýandyklaryndandyr.
Emma ahyrky netijede beýle ýoldan çykmalar wagtlaýyndyr. Aslynda adamyň hereketi, päli sebäpli bolýan näsazlyk wagtlaýyndyr, bularyň hemmesi Allanyň göz öňünde tutan netijesi bilen tamam bolýar. Çünki Allatagalanyň kanunlary hem hökümleri hökmanydyr, bozulmazdyr. Olar mutlak hem adamyň erkinden we isleginden ýokardaky hakykatdyr. Adam bulary bozsa, ahyrsoňunda özüne jeza hem urgy gazanar. Onuň öz ýaramazlygyny tanatmakdan başga gazanan zadam, subut eden, görkezen zadam bolmaz. Allanyň düzenini adamzat bozup bilmez. Bozýan, üýtgedýän ýalydyr, ahyrky netijede diňe öz başyna betbagtlyklar getirer.
Allatagala diňe adamyň däl, ähli janly-jandarlaryň ryzkyny kepil edendir. Ryzk-döwlet Allanyň paýhasy bilen kesgitlenendir hem-de ölçege salnandyr. Bu ýönekeý hem beýik hakykata göz ýetirmek üçin, nebatatyň hem haýwanatyň ýaşaýşyna ser salmak ýeterliklidir. Iň kiçijik mör-möjekden başlap kitlere çenli barça jandar Allanyň razyklygy mynasybetli ömür sürýändir. Hatda jandarlar däl, eýse Zemin hem şol ryzk bilen ýaşaýandyr. Allatagala her pursatda, her demde Günden ýagtylyk goýbermek bilen, Zeminiň hem onuň üstündäkileriň diriligini we ýaşaýşyny kepil edýär.
* * *
Uzak hem Aý aýdyň gyş gijelerinde ýaşulular üýşüp, dürli zatlardan gürrüň edişerdiler. Indi seredip otursam, olaryň gürrüňleri takwalygy bilen manyly eken. Islendik zatdan söz açylsyn, islendik meseleden gep gozgalsyn, hemme zada Allatagalanyň, ata-babalardan galan ahlagyň nukdaýnazaryndan baha keserdiler. Megerem, şu-da türkmeniň öz içki ahlaky daýanjyny ýitirmän halk hökmünde ýaşap gelmegine sebäp bolandyr.
Aralarynda köneden sowatly, mollaçar ýaşuly bar bolsa, uzak gije diýen ýaly ýa Nowaýydan, ýa Fizulydan, ýa Magtymgulydan, ýa Azadydan şygyrlary okardylar. Bir selçeň sakgal, peşeneli, ýüz-gözünden nur ýagyp duran ýaşulynyň «Wagzy-Azady» okap berşi hem oturanlara düşnükli dilde, özünden goşup, durmuşdan mysal alyp, okan ýerlerini düşündirişi ýadymda oňat galypdyr. «Wagzy-Azatdaky» bu rowaýatda adamyň ölüm pillesi suratlandyrylýardy.
Adam ogly ölüm müddeti ýetende, onuň ýanyna dört perişde gelermiş. Bularyň birinjisi adamyň iýmitine wekil bolmaly. Ol salam berip, adama şeýle diýer:
– Eý, bende, seniň iýmitiňe wekildirin. Ýer ýüzüni aýlandym, günbatar gitdim, gündogar bardym, saňa getirere zürre iýmit tapmadym. Älemde seniň iýmitiň galmandyr.
Soňra ikinji perişde gelip:
– Seniň içgiňe wekildim. Näçe gözlesem-de, içgiňden-suwuňdan zat galmandyr. Indi seniň üçin içere suw ýok – diýip aýdarmyş.
Ondan soňra üçünji perişde salam berip adamyň gaşyna geler. Ol demiň perişdesi bolmaly. Ol ölmeli bendä dünýä içre alara demiň galmandygyny habar berer.
Dördünji bolup ömrüňe wekil perişde peýda bolar. Älem ýüzüni aýlansa-da, saňa berlen ömrüň ýekeje sagadynyňam galmandygyny aýdar. Ine, şondan soň adamyň ýanyna iki perişde – keramyl-kätibeýn gelermiş. Olaryň elinde adamyň öz ömründe eden ýaman-u-ýagşy işleriniň ýekänme-ýekän ýazylan depderi bolarmyş. Olar adamyň bedenine wekil bolmaly. Adam, öz eden ýaramaz işleriniň ýazgysyna gözi düşüp, garader bolarmyş.
Ine, şondan soň, öz meleklerini yzyna düşürip, ajal perişdesi adamyň janyna almaga peýda bolarmyş.
Şu pursatdaky ýaly ýadymda, bu rowaýat beýleki oturanlara-da, maňa-da gaty güýçli täsir edipdi. Men indi pikir edýän: hiç bir adam hiç bir mahal perişdä-de, beýlekä-de duşanok, gözi bilen görenok, onda nädip ol bu zatlara ynanýarka?!
Çünki adamyň hakykata göz ýetirmeginiň, haýsydyr bir zada ynanmagynyň ýa ynanmazlygynyň serişdesi diňe akyl däldir. Diňe akyl göze görünýäni ykrar edýär. Emma adamda ondan başga-da duýgy, aňasty ukyp ýaly onlarça daşky dünýä, barlyk bilen aragatnaşyk etmegiň usullary bar. Adam diňe akyla däl, eýse şolara-da ynanýar. Onuň ýaradylyşy şeýledir. Ol diňe akyla eýermegiň diňe bir aýak bile ýörejek bolmak ýa-da diňe bir el bilen gujaklajak bolmak ýalydygyny oňat bilýär. Adam – bitewi jandar. Ol hakykata-da özüniň diňe bir jäheti – akyl bilen däl-de, eýse bitewüliginde ýetýär.
Şol gürrüň özüme halys ynjalyk bermänsoň, molla şeýle sowal berenim ýadymda:
– Eger perişdeler şeýdip, adamyň daşynda gezişip ýören bolsalar, näme üçin göze görnenok olar?
Ýaşuly ýylgyrdy.
– Oglum, rowaýat diýilýän göze görünmeýän hakykatyň habaryny berýändir. Azady ahun bize adam pahyryň ölüm pillesini tefsir edýär. O pille adamyň huşundan giden pursady, onda şol wagt akyl ýok, gitdi, perişdeler onuň jany bilen söhbet edýärler. Jan akyldan tüýsi başga närse.
Dogrudanam, men soňky döwürde alymlaryň bir täsinligi ýüze çykarandyklary hakda okadym: ýörite barlag geçiren biologlaryň takyklamagyna görä, ölmezinden öňki pursatda adamyň bütin durmuşy göz öňünden geçip gidýär. Edil kompýuteriň monitorynda görnüp gidişi ýaly.
Eýsem-de bolsa, men bu ýerde, esasan, başga bir zady aýtmak isledim. Ynsan bedenine dirilik üçin köp zat gerek däl. Şonuň üçinem onuň ryzky ölçeglije. Allatagala bu ölçegli ryzky adam öz uly-uly döredijilikli işlerini amal edip bilsin diýip, mugt berýär. Hawa, adam başga hili diýip, özüni näçe aldajak bolsa-da, ryzky, ýagny öz bedeniniň diriligini hem ýaşaýşa ukyplylygyny saklamak üçin gerek iýgi-içgisi, demi öňünden kesgitlenen, özem ol oňa mugt berilýär. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz: «Ryzk – kepil» diýipdirler. Seniň kimligiňe – ýaltalygyňa ýa işjeňligiňe, saglygyňa ýa hassalygyňa, baýlygyňa ýa gallaçlygyňa bagly bolmazdan, ryzk bilen Alla tarapyn öňünden üpjün edilensiň. Bu seniň aladaň däl. Seniň wezipäň – işe, ýaşaýşa ukyplykaň, adama mynasyp döredijilik, gurujylyk, gurnaýjylyk işlerini amal etmekdir.
Emma hakykatda – iş ýüzünde adam nädýär? Adam görgüli özüne niýetlenen beýiklikden pese düşjek bolup çalyşýar. Ýaňky rowaýatdan – göze görünmeýän hakykatdanam görnüşi ýaly, ryzk teniň hajaty. Ol kepil, indi sen ýokarky derejä gitmeli. Ýok, adam ýokaryk dyrjaşanok-da, ýene teniň derejesinde galyp, ten hezilliklerini köpeltmegiň, dürlüleşdirmegiň, ýitileşdirmegiň, güýjetmegiň ugrunda ýaşaýar. Ýöne beýle ýaşaýşyň asla «peslik däldigini» görkezmek adamyň öz-özüni arkaýyn aldamagy, bu meseläni ahlak-ruhy barlagdan boşadyp, ýakyn goýbermegi üçin uly şertdir. Şonuň üçin adam akylyň kömegine gol ýapýar. Akyl bolsa gözi öňe sürýär. «Göze görnenokmy – diýmek ýok, diýmek ýalan! Hany perişde barmy, hany ajal barmy?!» «Ýok, diýmek, adam üçin tenden, bedenden uly maksadam ýok, alada-da ýok, wezipe-de ýok!»
Eýse, göz näme? Göz – akylyň çyrasy. Şonuň üçinem akyl göze görünýäni – hakykat, görünmeýäni – ýalan diýip yglan edýär. Emma adam barlygynda akyl – gözden başga örän köp zatlar bar. Adamzat dabanyndan başlap depesine çenli durşuna aň, durşuna gözegdir. Men daşky hakykaty adamyň bitewülikde aňlamagynyň ukybyna paýhas diýip at berýärin. Dünýä-de bitewülikdir, adam-da bitewülikdir. Olara bitewüligine-de aň ýetirilmelidir. Diňe akyla ynansaň ýa-da diňe jana ynansaň, diňe duýga ynansaň, ýa-da diňe aňastyna ynansaň, bitewülik weýran bolýar. Dogry, bularyň hersiniň öz ökde, belet ugry, meýdany bolýar. Şol ýerde bularyň hersini ulanmak, ýöne şol bir wagtda-da bitewülik şertini berjaý etmek hakykata ýetmegiň girewidir.
Emma adam şum weýranlyk ýoly bilen gidýär. Ten akylynyň hyzmaty bilen paýhasyň barlygyndan ýüz dönderensoň, adam nebse ýüzlenýär. A nebis oňa näme diýýär? Nebis bolsa: «Gördüň-ä, ryzk hem ýok, rysgalam! Diňe özüň, özüň, dadyňa özüň ýetişmeli! Almaly, hars urmaly, ýygnamaly, toplamaly, köpräk almaly, alanyň – özüňki. Diňe özüň özüňe kepilsiň, hiç zatdan, hiç kimden haraý ýok, ýetişmeli, almaly, ýetişmeseň, aç ölersiň, gedaý düşersiň».
Ýa-da başgarak bir ses edýär: «Ilden kem bolmajak bolmaly, ile görä bolmaly. Ýogsam adam sanyna geçmersiň». Nebsiň bu sözlerini hakyky manysynda aýtsaň, şeýle bolýar: «Ilden artyk bolmaly. Ilden baý bolmaly. Özgeleriň özüňden pesdigini olaryň gözüne basmaly». Üýtgeşik tagamlar iýmeli – goý, sençe ýokduklaryny bilsinler, üýtgeşik eşik geýmeli – goý, sençe ýokduklaryny bilsinler, üýtgeşik ulag münmeli – goý, sençe ýokduklaryny bilsinler, üýtgeşik jaý gurmaly – goý, özüňçe ýokduklaryny bilsinler».
* * *
Adam näme üçin özünden artyk, özüne gerekmejek baýlyk toplaýar?! Eýse Allanyň paýhasy nukdaýnazaryndan hiç bir ýerde artyk zadam, kem zadam ýok ahyryn. Bar zat ölçegli. Bir ýerde şu düzgün bozulýan bolsa, haýsydyr bir ýerde köpelýän bolsa, başga ýerde şobada bolmalysyndan azalýandyr. Ryzk ölçegli berlen. Bir adamyň elinde bolmalysyndan köp baýlyk toplansa, bu başga birine niýetlenileni almagyň hasabynadyr.
Näme üçin beýle bolýar, näme üçin adam özüniň hiç mahal ulanmajak baýlygyny edinýär?!
Bar zat gorkudan başlanýar.
Adam çagasy dokuz aý, dokuz gün enesiniň reheminde ýatýar. Ol ilki suw, suwdan gana öwrülýär, gandanam düwünçek döreýär. Düwünçek jan girip, ýuwaş-ýuwaşdan adam suratyna geçýär. Ene rehemindekä ynsan balasy özüniň iň rahat, iň asuda döwrüni başdan geçirýär. Ol ýatan ýerinde ýatyp iýýär. Enesiniň içgisi bilen içýär, enesiniň iýmiti bilen iýýär, enesiniň demi bilen dem alýar. Onsoň möhleti dolup, daşaryk – ýagty jahana çykmaly bolanda, onuň rahatlygy erbet bozulýar. Ol ýyly, ýapyk hem rahat dünýäden sowuk, açyk hem gohly dünýä geçmeli bolýar. Şonuň üçinem eneden bolan pursadynda, dünýä gelen pursadynda onuň ýüreginde erbet gorky döreýär. Bäbek gorky sebäpli-de aglap dogulýar. Bu gorky onuň süňňünde galýar.
Ine, ýatyp iýmeli dünýäden ylgap iýmeli dünýä geçen adamzat bu soňky dünýäde öz-özi üçin gorkuly ýaşaýar. Şu gorky-da nebsiň döremegine getirýär. Özüň almaly, özüň gazanmaly, özüň edinmeli, özüňden başga hiç zada ynam ýok. Şeýdip, nebis adam üçin baýlyk gazanmagyň esasy itergisine öwrülýär. Ilkibaşda diňe özüňe geregini gazanmak maksat ýaly bolup görünse-de, soňabaka bu nebis islegi hiç hili maksat ýa many bilen baglanyşygy bolmadyk zada öwrülýär. Ol indi öz-özüne maksat, öz-özüne-de netije.
Ilkibaşda bedeniň howply gurşawda öz-özüni goramak instinkti hökmünde dörän nebis soňabaka özboluşly ruhy-psihologik hadysa geçýär. Başgaça aýdanyňda, bedeniň ýoýlan, näsag, tebigy däl ýaşaýyş içergisine öwrülýär. Ol keýpiň, meý-mesligiň çeşmesi bolup döreýär.
Emma nebis diňe içki däl, eýse daşky itergilere-de eýedir. Dumuşdaky ýaryş, basdaşlyk hem bäsdeşlik nebsiň otugmagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Aslynda, bu-da özüňi goramagyň, ykrar etmegiň, özgelerden ýokary durmagyň hadysasydyr.
Öz-özüňi ykrar etmek ýagşy welin, özüňi nebis arkaly ykrar etmegiň ahlak manysy we soňky netijeleri nämeden ybarat?!
Nebsiň çelgisi, baş gymmatlygy hem esasy guwanjy bähbitdir. Nebis diňe bähbitden ugur alýar, ol adalaty, haýry, rehimdarlygy, sahawaty bilmeýär. Diňe öz bähbidiňi bilmek bolsa özgeleriň haýryny, paýyny, hakyny depgilemäge alyp barýar. Ine, nebsiň ahlak manysy.
Onuň netijesi näme? Bu dünýäde özgeleri özüňe duşman etmek, o dünýäde bolsa dowzah odudyr. Çünki özgä zyýan edip, ony dost tutunyp bolmaýar.
Käbirleriniň pikir etmegi mümkin: köp baýlygy oňat, haýyrly işlere sarp etseň, dost hem, gadyryňy bilen hem edinse bolar. Ýok, haram baýlyk hiç mahalam halallygyň derdine ýaramaýar. Eger onuň eýesi göz üçin aram-aram haýyr-kömek, yhsan eden bolsa-da, barybir, bu aldawçylykdyr. Bu-da – nebsiň işidir. Galp at – şöhrat gazanmakdyr.
Ine, Azadynyň rowaýat-hakykatynda ýogalan bendäniň soňky görenleri şeýle beýan eidlýär: bende halal bolsa, imanyny ýoldaş edip, perişdeler ony ýedinji asmandaky jennete elterler. Jeset gabra salnan wagty, onuň ruhy eýýäm ýedinji asmandadyr.
Eger ölen ýaramaz kişi bolsa, oňa ýer bilen asman arasyndaky barça zatlar lagnat ederler. Perişdeler-ä onuň janyny kabz edip, imanyna talaň salarlar, bu dünýäde bolsa malyna duşmanlary eýe bolar. Eýse, diňe şeýlemikä, hany onuň dostlary, ýakynlary?! Haram kişide dost bolmaýar, onuň dosty bir – nebis. Ol bütin ömri bilenem şu hakykaty subut etdi ahyryn. Dostluk – mähribanlyk, ahlaklylyk nusgasydyr. Ol ömri bilen beýle nusga, beýle sapak, beýle görelde görkezip bilmedi ahyryn. Şonuň üçinem onuň ýakynlary-da, hatda çagalary-da – goý, olar şoňa meňzeşmi ýa başga hili adamlarmy – ruhy-ahlak taýdan oňa duşmanlardyr. Ol öldi, yzynda näçe harçlanmadyk puly – ýetimiň ýa hossarsyzyň ryzky bolmaly baýlyk galdy. Ol öldi, näçe münülmedik ulag, näçe ýaşalmadyk jaý galdy.
Ol öldi. Näçe nikaly-u-nikasyz hatyn dul galdy. Özünden bolsa görümsiz, gysyk at galdy.
Yzynda özüne meňzeş perzendi galan bolsa, indi olam öz gezeginde dünýäniň derdini köpeltmek işine, nebis üçin ýaşamak işine meşgullanyp gider. Çünki onuň öz işi, amaly bilen perzendine görkezen başga hiç hili göreldesi bolmady ahyryn. Perzent bolsa öwüt almaýar, ol görelde alýar.
Şeýdip, maly – duşmanlaryna, ruhy – dowzahyň azabyna, jesedi bolsa topragyň aždarhasynyň agzyna gitdi. A nebsine näme boldy, ol nirä gitdi?!
Nebsi haram baýlygy bilen galdy, muşakgat hem apat bolup ýene biriniň başyna düşmek üçin.
* * *
Dünýäniň baýlygy dünýäde galar.
Hemme zat öň paýlanylyp goýlandyr.
Asmanyň paýy-da diňe Asmana gider.
Näme nireden alnan bolsa, şol zat şol ýere-de gaýdyp barar.
Näme kimden alnan bolsa, şol zat şoňa-da gaýdyp berler.
Zeminiň paýy-da diňe Zeminde galar.
Allatagala Adamy ýaratmak üçin toprak gerek bolupdyr. Ýanynda dört sany baş perişdesi – Jebraýyl, Ysrafyl, Mikaýyl hem Ezraýyl bar.
Biribar toprak almak üçin ilki bir perişdäni Ýere iberipdir. Ýer bolsa şol mahalam häzirkisi ýaly, janly zat eken. Perişde oňa Allanyň habaryny ýetiripdir. Emma kim öz janly synasyndan bölüp berip biljek? Ýer: «Berip biljek däl» diýip jogap beripdir.
Allatagala ikinji perişdäni iberipdir. Ikinji hem boş gelipdir.
Ýaradan üçünji perişdäni iberipdir. «Ahyna-waýyna dözmedim» diýip, üçünji-de eli boş gaýdyp gelipdir. Şonda Biribar dördünji perişdä – Ezraýyla ýüzlenipdir:
– Ýerden toprak getir. Alanyňda şeýle diýgin: Ýaradan wagtlaýynça alýar, wagty ýeter, yzyna gaýdyp berer!
Ezraýyl perişde dözümli çykypdyr. Ol Zeminiň ahy-waýyna seretmän, topragy bölüp alypdyr hem-de Ýaradanyň sargydyny Ýere ýetiripdir.
Perişdäniň dözümliligini gören Allatagala oňa adam janyny almak wezipesini-de ýükläpdir.
Görnüşi ýaly, Ýeriňem öz paýy, öz ryzky bar. Şu sebäpli köne şahyrlarymyz ony aždarha deňeýärler.
Eýsem-de bolsa, bu ýerde düşünmezçe-de, göwün edere-de hiç zat ýok. Eýse biz öz bedenimizi ömürboýy Ýerden almaýarysmy näme?! Biziň bedenimiz ilki ata-enäniň bedeninden alynýar. Soňra bolsa beden iýýän-içýän zatlarymyzdan hem-de dem alýan howamyzdan düzüme gelýär. Azyk-miwe, bakja, ot – bary Ýerden önýär. Huruş – eti hem biz otdan iýmitlenýän haýwanatdan alýarys. Hatda suw hem, howa hem Ýerdendir. Bularam Zeminiň çägindäki, ulgamyndaky närseler.
Eý, adamzat, özüň başga biriniň ryzkykaň, özgeleriň ryzkyna el gatmak akyllylykmydyr?!
Eý, adamzat, Allatagala senden müňlerçe esse beýik närsä – Zeminiň ryzkyna kepil geçýärkä, sen özüňe berlen kepile ynanaňokmy?!
Eý, adamzat, barça zat ölçeglikä, seniň ölçegden çykjak bolmagyň paýhaslylykmyka?!
Eýsem-de bolsa, nebsiň paýhasy bolmaýar ahyryn!
* * *
Zeminiň ýaşaýyş ulgamynda barça zadyň ryzky ölçegli. Bu ölçegden ne eýlä, ne-de beýlä – bir ýana çala gyşardygyň, diňe betbagtlyk hem derdeser döreýär. Bu kanunyň hökmürowanlygyny adamzat öz ýaşaýşynda göre-göre gelýär. Emma bilmek üçin diňe görmek ýeterlik däl, munuň üçin göz ýetirmek, pähim etmek gerek.
Bir ýurtda adamlaryň jyny ýylanlara düşüpdir. Onsoň olar ýörite ugruna çykyp, uly tutum bilen uludan-kiçi ýylanlary ýok edip başlapdyrlar. Bu işde ep-esli netije-de gazanypdyrlar. Emma munuň soňy nähili bolandyr öýdýärsiňiz?! Ýylan azalansoň, syçandyr alaka şeýle bir köpelipdir. Tebigatda olar gereginden artyk köpelensoň, başga bir mehanizm işe girýär: gemrijileriň arasynda her hili ýokanç keseller köpelýär. Bu keseller olaryň ganyndan iýmitlenýän çybynlara geçipdir. Çybynlaram näme, diňe we hemişe gemrijileriň gany bilen iýmitlenip ýörenok. Olaryň adam ganyny huruş edinäýmesi-de bar. Ine, onsoň her hili ýaramaz keseller çybynlaryň üsti bilen adamlara geçip, adam bary gyrlyp ugrapdyr.
Bu ryzk ölçeginiň bozulmasynyň betbagtlygydyr. Ryzk eýesine-de, ryzka-da el degrip bolmaýar.
Ýa-da şuňa meňzeş başga bir heýhatly ahwalat. Möjekleri köp gyrypdyrlar. Asyl olara ýazgynlyk bermändirler. Şonda möjegiň ryzky bolan beýleki çöl jandarlary aşa köpelip, ýene kesel ýaýrapdyr.
Nebis hem şol keseller ýaly keseldir.
Janly-jandaryň ryzky ýaly, adamlaryňam öz ryzky bardyr. Olaryň ryzkyna pitjiň atmak Allatagalanyň berkarar eden kanunlaryna garşy baş galdyrmakdyr. Allatagalanyň ryzky kepillendirişi ýaly, jemgyýet hem adamlaryň iň zerur möhümlikleriniň berjaý bolmagyna şert döretmelidir. Ýöne bu diňe kanun bilen gazanylýan zat däl. Bu – ruhy-ahlak meselesidir.
Beýle diýmek bolsa her bir adamyň öz ahlagy, ynsaby hakynda, ilki bilen, özi tagalla etmelidir diýildigidir. Bu ahlak aňynyň meselesi.
Adam, ilkinji nobatda, harsydünýälikden saklanmaga çalyşmaly. Harsydünýälik nebsiň girisine düşmek, nebsiň guluna öwrülmek diýmekdir.
Harsydünýä teňňäni, maly söýer.
Adam bolsa aslynda şeýle gurlan: ol öz ömrüniň dowamynda hökman bir zady, närsäni söýäýmeli. Söýgi – ruhy gujurdyr. Bu gujury sarp etmeklige-de ömür diýilýär. Şeýle sarp ediş miwelidir hem netijelidir: ol jemgyýetiň maddy we ruhy taýdan abadanlaşmagyna hem-de ýokary galmagyna getirýär. Şeýle sarp ediş Allatagalanyň her bir halkda we her bir şahsyýetde goýan içki mümkinçilikleriniň ýüze çykmagyna, amal bolmagyna, ýöne mümkinçilik derejesinde kör galman, doňup galman, hakyky barlyga öwrülmegine getirýär.
Harsydünýälik bolsa şu ýoldan ýüz dönderip, ters ugur bilen gitmekdir. Çünki ol adamyň hem köpçüligiň ösüş, dörediş mümkinçiliklerine däl-de, baýlygyň, maddy serişdeleriň bimany toplanmagyna, ýöne bir üýşmek zat bolup galmagyna getirýär. Bu – haýyrsyz baýlykdyr. Mundan-da beter: ahyrky maksady ýöne baýlyk toplamak bolan harsydünýälik adamyň özüni öz elindäki gurala, oýnaga öwürýär. Munuň özi adamyň belent adyna hem-de onuň öňünde Biribar tarapyndan goýlan adamçylyk wezipelerine hem-de borçlaryna laýyk we mynasyp däldir.
Adam hem edil agaç ýalydyr. Agajyň manysy ösmek, boý almak, güllemek hem-de miwe bermekdir. Biziň her birimizi ýaratmak bilen Allatagala biziň-de güllemegimizi we miwe bermegimizi isleýär. Miwe bermek adam babatda maddy hem ruhy ösüşiň netijelerini gazanmakdyr.
Harsydünýälik şu netijelerine hyzmat etmeli, sarp edilmeli maddy serişdeleri ulanylmaz, haýyrsyz baýlyga öwürýär.
Haram baýlyk harama-da hyzmat edýär. Nebis hem harsydünýälik hiç hili ahlak ölçegi, ahlak ygtykaty bilmeýär. Öz baýlygyny artdyrmak üçin ol adamlaryň maddy taýdan gurpsuz galmagyna däl, hatda olaryň asla ýok bolmagyna-da razydyr. Olar üçin esasy zat – özgeler üçin nähili kynçylyklara hem ýaramaz netijelere, tozgunçylyga hem betbagtlyga getirýändigine garamazdan, diňe we ýöne elindäki baýlygy köpeldip gidip oturmakdyr. Munuň özi özboluşly neşä öwrülýär. Adamyň bar guwanjy, ömrüniň manysy onuň zadydyr. Şeýle ömürde, şeýle ýürekde başga hiç hili ruhy, ahlak, ýöne adamçylyk gymmatlyklara, ölçeglere ýer-orun ýokdur. Aslynda ol bulara mätäçlik çekmeýär. Munuň özi neşebendiň neşeden başga hiç bir zat hakda oýlanmaýşy, bilmeýşi ýalydyr.
Eýsem-de bolsa, haramlyk hem halallyk diýilýän baýlyk ölçegleri nireden gelip çykýar?! Bular ryzk kepili diýen hakykat bilen baglanyşyklydyr. Haram – özgäniň ryzkyna el gatmaklygyň netijesi. Halallyk – rugsat berlen düzgünleriň hem kanunlaryň çäginde öz ukybyňa görä, güýjüňe görä, zähmetiňe görä, başarnygyňa görä baýlyk gazanmakdyr.
Eger Allatagala adama şeýle ukyp hem güýç beren bolsa, ol köp baýlyk hem gazanyp biler. Halallyk hem haramlyk mukdar ölçegi däl, hil ölçegi. Halallygyň kesgitlemesi: adam jemgyýete öz zehini, zähmeti, başarnygy bilen näçe köp berip bilýän bolsa, ol köp almaga-da haklydyr. Halal hem haram çeşmeleriniň başga-başgalygy bilen tapawutlanýar: halalyň çeşmesi ukyp, başarnyk, zähmetdir. Bular bolsa özgelere bermek, özgä peýdalylyk hem haýyrlylyk diýmekdir. Haramyň çeşmesi özgäniňkini her hili ýol bilen almak, oňa eýe çykmak, özgäniň mümkinçiliklerini öz haýryňa nähak ulanmakdyr. Bu ýerde özge – haýsydyr bir şahsyýetiň zady ýa-da güýji hem-de döwletiň we jemgyýetiň emlägidir. Döwlet we jemgyýet diýlenem ýöne howaýy bir zatlar däl-de, aýry-aýry adamlaryň gazanan serişdeleridir.
Dünýäde eýesiz zat ýokdur. Dünýäniň özi-de Eýesiz däldir.
Halallykdan döwlet hem döwletlilik emele gelýär.
Döwlet – eýesini-de, özgeleri-de elindäki serişdä, oýnaga öwürýän, adamyň garşysyna we zyýanyna işleýän haram baýlykdan tapawutlylykda, adamyň haýryna işleýän baýlykdyr. Döwlet köpeldigiçe, durmuşda bereket artar, abadançylyk we adalat berkarar bolar. Haram köpeldigiçe, azgynlyk hem gahatlyk köpeler. Çünki halallygyň oňyn, haýyrly gujury, haramlygyň tersin, zyýanly gujury bardyr. Halallyk arassalygy, deňligi, adyllygy dogurýar, haramlyk para-peşgeşi, deňsizligi, kemsitmeleri we zorlugy dogurýar. Munda ruhy we adamçylyk gatnaşyklara hem-de gymmatlyklara, maksatlara hem-de netijelere orun ýokdur. Beýle zatlar diňe durmuşyň hakyky erbetligini ýaşyrmak üçin iş ýüzünde däl-de, dilde, ýalandan «bor» bolup biler.
Ýalan haramlygyň söwer dostudyr. Allatagalanyň beýikligi: erbetlik, ýaramazlyk, şer hiç mahal öz hakyky ýüzi bilen, öz bolşunda «hawa, men şeýledirin» diýip öňe çykyp, ýaşap bilmeýär. Bu mümkin däl edilendir. Erbetlik dilde özüni gowulyk diýip görkezmäge mejburdyr. Şonuň üçinem ol ýalana gol ýapmaly bolýar. Şeýdip, durmuşy, maddy haramlyk diliň, ýürekleriň hem aňyň haramlygyna öwrülýär. Soňabaka ýalan haramy döredýärmi ýa-da haram ýalany döredýärmi – biler ýaly bolmaýar. Bu bir şum aýlawdyr.
* * *
Harsydünýäligiň çöwre ýüzi terkidünýälikdir. Terkidünýälik – ýaşaýyşdan çekilmek, ellibizar bolmak, öz bolşuň we pikirleriň bilen harsydünýäligi tekrarlamakdyr. Terkidünýälik – ýaşaýşy terk etmekdir. Allanyň adama beren ýaşaýşa söýgüsini, ýaşaýşa mähetdelligini, ýaşaýşa ukyplylygyny we ruhubelentligini meýletin jaýlamakdyr.
Ýaşaýyşdan el ýuwmak adama mynasyp – laýyk boluş däldir. Harsydünýälik ýaşaýyş gujuryny nädogry ulanmak bolsa, terkidünýälik ol gujurdan asla ýüz döndermekdir. Allatagalanyň öňünde bularyň ikisi-de uslyp däldir.
Harsydünýäligiň itergisi nebis bolsa, terkidünýäligiň itergisi nowmytlykdyr – umytsyzlyk, göwnüçökgünlik, nalajedeýinlikdir.
Nebsiň dermany kanagat, nowmytlygyň – umytsyzlygyň dermany töwekgellikdir. Töwekgellik – Hudaýa bil baglap, halallyga, durmuşa, işjeňlige lükgeligiň bilen berilmekdir.
Harsydünýälik bilen terkidünýäligiň altyn ortalygyna men «Ruhubelentlik» diýip at berýärin.
Ruhubelentlik – Allanyň adama şu ýaşaýyşda we durmuşda niýetlän belentliginde bolmakdyr. Şeýle ýaşaýyşda adamda belent pikirler, belent duýgular, belentlik maksady we niýeti, belent hereketler hem amallar bolmalydyr.
Munuň özi harsydünýälikden we terkidünýälikden, nebisden we nowmytlykdan belentde durmakdyr.
Munuň özi baýlyga sataşanyňda, kanagatly bolmak, ýoksuzlyga duçar bolanyňda, töwekgel bolmakdyr.
Kanagat – soňuna seredip, haramlykdan saklanmakdyr, baýlygy haýra we halallyga ulanmakdyr.
Töwekgellik – halallyga ymtylmakdyr, halal gazanja dalaş etmekdir.
Kanagat harsydünýälikden halas bolmaga, töwekgellik terkidünýälikden halas bolmaga ýardam edýär.
Kanagat soňy rehnet, töwekgellik soňy rehmetdir.
Adam dünýä işlemek üçin däl, ýaşamak üçin gelýändir. Adam ahyretde ýaşaýşynyň däl, işiniň netijesi boýunça garşylanylýandyr.
Nebis köp zady az edip görkezer, kanagat az zady köp edip görkezer.
Töwekgellik Allanyň beren içki oňyn gujurydyr. Bu gujur adamy işjeňlige, hereketlilige, janlylyga hem dogumlylyga iterýär. Munuň özi çyrag ýakan ýalydyr. Çyrag ýandygyça, hyrujy artýar. Hyrujyň artdygyça-da onuň alawy güýçlenýär, töweregine saçýan ýalkymy has ýagty hem-de aýdyň bolýar.
Şeýle adamlar ýaşaýşyň hem durmuşyň bezegidir, adam bolmagyň nusgasydyr. Olaryň ýüzüniň nurundan durmuş nur alýar, olaryň dörediji hem gurujy elleriniň haýryndan ýaşaýyş bereket tapýar. Şeýle adamlar köpeldigiçe, durmuş abadan, ýaşaýyş manyly we rahat, dünýä gyzykly hem özüneçekiji bolýar. Olar ynamlaryň hem umytlaryň halasgäridir.
Olaryň ellerinde hem-de ygtyýarynda baýlyk bar bolsa, ol haýyrly döwletdir. Bu döwletden ýagşy kişilere ýardam we goldaw bolar. Ady döwlet eýesi bolsa-da, olaryň döwleti muňa dahylly kişileriň hyzmatyndadyr.
Döwletliniň eli-de, kalby-da, dili-de jomartdyr.
Döwletli malyny haýyr iş üçin ile berdigiçe, döwleti artar.
Döwletliden döwlet ýokar.
Döwletli döwletine daýanmaz, döwletli döwletlä daýanar.
Döwletliniň haýyrlylygy Alla bolan ynanjyndan, dünýäniň nämedigini bilýän paýhasyndan hem-de ynsan balasyna bolan ýürek söýgüsindendir.
Döwletli kişi barka, diýeni ýol alýarka, durmuşyň dowamatyny çözýärkä, hiç bir adam özüni hossarsyz, biçäre hem ýoksul duýmaz.
Döwletliniň ýanynda bidöwlet baýyň ýüzi aşakdyr, dili gysgadyr. Ol özüni il içinde öwüp bilmez.
Döwletli baý Allanyň guludyr hem guwanjydyr, bidöwlet baý şeýtanyň nökeridir hem guralydyr.
Döwletlide gysgançlyk, göriplik, basdaşlyk hem-de bahyllyk bolmaz.
Döwletli mal az hem bolsa göze yssy görner, çünki haýyrlydyr, bidöwlet baýlyk şum görner.
Bidöwlet baýlyk başyňa şumluk getirer.
Haram mal gybat döreder, halal baýlyk guwanç hem höwes döreder.
Döwletli baý malynyň özüniňkidigini, özüniň bolsa Allanyňkydygyny ýürekden ykrar edýändir.
Bidöwlet baýda Hudaýa ýürekden ynanç mümkin däldir. Çünki bidöwletlik «men-menlikden» aýrylmasyzdyr.
Bidöwlet baý özünden ejizleriň zadyna el gatar, özünden güýçliniň malyna göriplik eder.
Bidöwlet baý iň garyp adamdyr, oňa hemişe nämedir bir zat ýetýän däldir. Garyplyk – ýetmezçilikdir. Baýlyk – dokmädelikdir.
Bidöwlet baý iň gowy, hemme gowy zatlar meniňki bolsun diýer, döwletli baý ilde-de gowy zadyň barlygyndan guwanç tapar.
Bidöwletiň göwni gala bolar, döwletliniň göwni pes, maly haýyrly, dili süýji bolar.
Döwletli ýaryşmaz, bäsleşmez hem sanaşmaz.
Döwletli il ogludyr.
Döwletli göteriner, çünki onuň Hudaýa ynanjy, ile mähri dünýä malyndan has artykdyr.
Bidöwlet göterinmez, çünki onuň iman terezisi kiçijikdir hem dardyr.
Döwletliniň hakykaty ýüregindedir, bidöwletiň hakykaty dilindedir.
Göwni gala garyp bidöwlet baý bolup ýetişer. Ol öňki garyplygynda-da, soňky baýlygynda-da Alladan daşdadyr.
Garyplyk hem, baýlyk hem öz-özünden adamçylyk ölçegi däldir.
Iliň öýüni ýykyp baý bolýan adamhordur.
Iliň hakyny iýip baý bolýan ganhordur.
Bidöwlet baý: «Halallyk bile baýap bolmaz» diýip öz-özüne göwünlik berer.
Betbagtlyk haramlygyň aýrylmaz ýoldaşydyr.
Haramy: «Hudaý, iman, ynsan baradaky sözler boş zatlar» diýip, öz ýanyndan özüni köşeşdirjek bolar.
Haramy: «Durmuş bilen halallyk bir ýere sygyşmaýar» diýip ynandyrmaga jan eder. Şeýdip, ol Hudaýyň senedine şek ýetirer.
Haramylyk özüni sebäp däl-de, netije, meýletinlik däl-de, mejburylyk hasaplar.
Baýlyk – jogapkärçilikdir.
Baýlaryň malynda ýoksullaryň haky bardyr.
Ýoksullar – maýyp-müjrüpler, ýetimler, hossarsyz garrylar, dul hatynlardyr.
Baýlygyň özi gelmez, garyplygyň özi gitmez. Ýa Allanyň berekedinden, ýa bendesiniň hereketindendir.
Ýaltalyk özüňe berlen adam mertebesini kemsitmekdir.
Tebigatdaky, durmuşdaky, adamdaky garyplyk göwni ynjadýar.
Ýaltalyk meýletin gahatlykdyr.
Baýlyk hem, garyplyk hem synagdyr.
Baýlyk sildir, diňe dag ýaly iman diregi bolan siliň öňünde durup biler.
Garyplyk gurakçylykdyr, diňe guýy ýaly iman çeşmesi bolan gurakçylykdan çykyp biler.
Garyplygyň erbedi göwün garyplygydyr, ýaltalygyň ýaramazy pikirlenmäge ýaltalykdyr.
Öňi nämälimlik, yzy hem nämälimlik bolan durmuş kerweniniň başynda baýlyk, ahyrynda garyplyk bar. Kerweniň ortasynda gitseň, arkaýyn ýaşarsyň.
Tüçjar baýlyk bilen tütemez garyplykdan aradaşlykda duruň.
Ryzk kepillik, döwlet mümkinçilikdir.
Baýlyk şertdir, garyplyk dertdir.
Baýlyk adam bolmak üçin şertdir, garyplyk adam bolmaga päsgel berýän dertdir.
Baýlyk hem garyplyk durmuşyň çägindedir, durmuşdan daşarda ýaşaýyş bardyr, ýaşaýyşdan daşarda bolsa bakylyk bardyr.
Iň hakyky adam – baýlyk hem garyplygyň o tarapyna geçip, ýaşaýşa bakylygyň ölçeglerinden baha berip bilýän adamdyr. Bakylyk ölçegi – adama külli ýaşaýşyň bitewi wekili hökmünde garamakdyr. Adamy adam bilen, onda-da baýlyk nukdaýnazaryndan, deňeşdirmek däl-de, adamy adam däl barlyklar, şeýle-de ýokluk bilen deňeşdirip bilmekdir. Muňa bütindünýä paýhasy diýse-de bolar. Bu – Allanyň ölçegine hem bahasyna ýakynlaşmakdyr. Kimiň garyplygy, kimiň baýlygy paýhas üçin esasy mesele däldir. Paýhas üçin esasy mesele adamyň nämeligi we adamyň kimligi hakyndaky meseledir.
* * *
Eýa, Biribar!
Her bir bendäňi, gara günüň aladasyny etmekden belentde goýaweri!
Bendäňi rysgal-döwlet binýadyndan mahrum etmäweri! Rysgal-döwlet binýadynyň üstünde paýhas, döredijilik hem gurujylyk binasyny gurmaga belent pikirler, howaly duýgular, zehin hem ukyp bereweri!
Durmuşymy ýaşaýyşdan, ýaşaýşymy bakyýetden mahrum etmäwer!
Paýhasymy durmuşyň, ruhumy ýaşaýşyň içinde baglap, bakylykdan binesip goýmawer!
Öz bendäňi eklenç, günema, rozygär aladasyndan ýokarda goýaweri!
Ruhumy durmuşyň namartlygyna mätäç etmäwer!
Öz bendäňe ruhy rysgaly, paýhas döwletini, göwün baýlygyny berewer!
Adam ogluna öz beren ruhy mertebäň hakyna,
Adam ogluna öz beren paýhas mertebäň hakyna,
Adam ogluna öz beren ahlak mertebäň hakyna,
Ony Aýyň şuglasynyň päkligine,
Ony Günüň nurunyň päkizeligine,
Ony Asmanyň howalalylygyna ýetireweri!
Özge mahluklardan saýlanyp, adamy güzeranyň aýak astyna taşlap peseltmäweri!
Eýa, Biribar!
Gije-gündiz dilegim,
Ozal-şindiz dilegim,
Adam ogluny günemadan saýlap, dünýä, dünýäden saýlap, Äleme, Älemden saýlap, bakylyga ýetireweri!
Osman ÖDE.
Filosofiýa