DÜŞBÜJE
Bäş ýaşlyja Mämmediň hüý-häsiýeti ýaşytdaşlarynyňka meňzänokdy: dillijedi, jedirdeşmäge ökdedi, üstesine-de garagoldy. Doganlarynyň öňlerine kitap aldyklary bes, oňa ur-tut ýapyşardy, soňam sahypalaryny bir eýläk, bir beýläk, başly-barat agdaryşdyryp, derhal onuň suratly ýerini gözläp tapardy.
--Eje, eje, biziň düýämiz surata düşüpdir eken. Ine, geçimizem bar, gapdalynda-da çagajygy ýatyr—diýip, haýsydyr bir suraty görkezerdi.
--Tüweleme, tüweleme, meniň oglumyň düşbüjedigini, hakyt uly bir kitabyň içinden gözläpjik özümziňkileri tanaýdy-da—diýerdi.
Gülnar bilen Myrat deň-duşuny töweregine üýşürip, tapmaçadyr erteki aýdyşardy. Soňabaka nobatyň geldigi isle tapmaça aýdyp ber, isle-de erteki gürrüň ber.
Arman, bu gyzykly oýna Mämmet gatnaşdyrylmaýardy. Ýöne onuň özem bu oýna gatnaşjak bolup durmazdy. Hersiniň agzyna aňkaryp, gulak gerip diňleýärdi. Diňlese-de ol gürrüňleriň hijisi-de doly ýadynda galanokdy. Olaryň käsi örän gyzyklydy. Hasam goňşularynyň ogly Gutlynyň aýdan ertekisi. Ol ertekiniň ahyrynda “Şol Böwenjik diýilýäni täzeden direlip, biziň obamyza-da geljekmişin” diýdi..
--Eý-ho! Böwenjik diýilýänine seret-le, bir özüniň bokurdagyndan geçiren zatlary...-- Mämmetjik oturyp-oturyp haýran galýardy. Doýmaz-dolmaz Böwenjigiň keşbini göz öňüne getirjek bolup jan etdi. Iň ýaman ýerem, onuň täzeden direlip, öz obalaryna geljek gürrüňiniň edilýänligidi. Onsoň Mämmet köçä çyksa-da, bakja gitse-de gözleri daş-töweregindedi,bar aladasy Böwenjigiň nirdendir bir ýerlerden peýda boljaklygyndady. Ol epeý-epeý ädimläp gelýän, garynlakdan daýaw adam gördügi şobada ini jümşüldäberýärdi. “Gülnar bilen Myradam gorkýarmyka?”. Mämmed-ä Böwenjigiň geläge-de “Aý, oglan, men seni iýäýeýinmi?” diýler öýdüp, wagtal-wagtal ejesine gysmyljyrabererdi.
Bir gezegem şeýle boldy. Mämmet ejesine gysmyljyrady.
--Wah,meniň oguljygym! Juda ejeçil bu! Boýnumdan gujaklap, hiç ýanymdan aýrylanok. Menem seni gowy görýän, oglum!
Şo dem Mämmet sesini çykarmady, esli dymdy. Birhaýukdan soňam pyşyrdabrak gepledi.
--Eje, ýuwaşrak bol, gorkaňokmy, Böwenjik geçip barýar-a, ol yzyna öwrüler-de, ikimizem lak-luk atar—diýip, duşundan geçip barýan adamy görkezip durşuna jedirdedi.
Ana, şu ýerde hem Mämmetjigiň bar aýby açyldy duruberdi.
--Bu pikiri sen kelläňden çykaryp taşla. Seniň rehimsiz, açgöz Böwenjik diýýäniň diňe ertekilerde bolýandyr. Ol geçip barýan-a gaýraky naharhanaň aşpezi. Onsoňam beýle gorkak bolmazlar. Gorkagy hiç kesem halamaz.
Mämmet ejesini diňledi, onuň her bir sözüni aňynda gaýtalap gördi. Diňe şondan soň birneme özüni dürsäp, merdemsiredi.
Aradan kän wagt geçipdi. Bu waka könelişenem ýalydy. Bir günem Myrat ýaraman ýatdy, gijelerine gyzdyryp çykdy. Telim öwre tisginip, düşnüksiz dilde samrady.
Doktor gelip gidensoňam gözlerini açybermedi. Ol näsaglansoň içerdäkileriň hem keýpi bolmady. Her kim sesini çykarman, gaýga batyp otyrdy.
--Eje, Böwenjikden habar barmy, ondan gorkmaly däl gerek!--diýip, Mämmet ejesine ýüzlendi.—Ol diňe ertekilerde bolýar ahyry. Gorkak bolsaň, hiç kesem halamaz, ä?!
Bu dara-direlikde Böwenjikli gürrüňiň nireden peýda bolanyna ejesem, Gülnaram düşünmedi. Myrat welin gözlerini ýalpa açdy.
--Sen ony nireden bilýäň, Mämmet?—diýdi.
--Ony maňa ejem aýtdy. Onsoňam ikimiziň araky gören Böwenjigimizem ejemiň tanşy ekeni. Tanaýaň gerek, eje?!—diýip, Mämmet bu gezek çyny bilen gepledi.
Ejesi oglunyň düşen halyna diňe Mämmetjigiň özüne beren sowalyndan soň düşünip galdy.
--Hawa, oglum. Siziň Böwenjikdir öýdüp. gorkuşyp ýöreniňiz biziň Çary agamyz bolmaly. Ol-a gaýtam çagalaryň ýakyn dostudyr—diýdi.
Myrat ýylgyrjaklady-da, soňam düşeginiň üstünde dikelip oturdy. Onuň boluş-häsiýetine Gülnaryňam, Mämmediňem ýüzi ýagtylyp gitdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty