19:00 Eserlerde Magtymgulynyñ çeper keşbi | |
ESERLERDE MAGTYMGULYNYŇ ÇEPER KEŞBI
Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Beýik Ýaradana, Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Muny uzak ýyllaryň dowamynda şahyr hakynda döredilen eserler hem subut edýär. Magtymguly temasyna geçen asyryň bütin dowamynda ýüzlenilipdir. Bu ugurda N.Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny, G.Kulyýewiň «Magtymguly» romanyny, A.Kekilowyň «Sumbaryň kenarynda» poemasyny, G.Gurbansähedowyň «Çakylyk», Şamyrat Täşliýewiň «Magtymguly» romanyny... görkezmek bolar. Magtymgulynyň keşbi türkmen dramaturgiýasynda hem aýdyň ýüze çykdy. Bu ugurda, öňi bilen, B.Kerbabaýewiň «Halk şahyry» dramasy ýatlanylýar. B.Kerbabaýew bu eserini 1941-nji ýylda ýazypdyr. Dramada şol döwre zerur bolan watançylygy, mertligi, wepalylygy, ýanbermezligi Magtymgulynyň eserleriniň üsti bilen beýan edipdir. Beýik akyldaryň keşbi diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dürli milletleriň wekilleriniň döredijiliginde hem ör-boýuna galdy. Muňa özbek dramaturgy K.Mitrzaýewiň «Magtymguly» dramasyny, ukrain şahyrlary A.Turçinskaýanyň «Şewçenko we Magtymguly» goşgular toplumyny, Ý.Şportanyň «Magtymguly hakynda söz» poemasyny, azerbaýjan şahyry H.Ilsöýeriň «Magtymgula», belarus şahyry O.Loýkanyň «Pyragynyň heýkeli», gazak şahyry G.Ormanowyň «Magtymgulynyň mekanynda», özbek şahyry M.Şyhzadeniň «Iller, heý!», garagalpak şahyry Y.Ýusubyň «Näme sen?!», gyrgyz şahyry S.Jusyýewiň «Magtymgula» eserlerini agzamak ýeterlikdir. Magtymgulynyň keşbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynda hem giňden işlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanyny ýazmagy bilen, türkmen kyssasynda durmuş hakykaty bilen Magtymgulynyň şygyrlarynyň arasyndaky gatnaşygy yzarlamaklygyň täze edebi täri döräp, şahyryň ideýalaryny onuň eserleriniň üsti bilen düşündirmegiň täze usulynyň hereket edip başlandygy edebiýatçylarymyz tarapyndan ykrar edildi. Şu ýerde ýene bir zady bellemek möhümdir: «Döwlet guşy» romany şahyryň keşbini janlandyrmagyň täze tärini hödürledi. Bu edebi tär şahyry goşgularyň üsti bilen okyjynyň göz öňünde janlandyrmakdyr. Bu ýagdaý romanyň setirlerinde ündelýän pikirleri goldaýan okyjynyň arzuwy, höwesi, telwasy bilen onuň kalbyndaky şahyra bolan hormaty goşulyp, şahyryň janly keşbini herekete getirýär. «Döwlet guşy» romany Magtymguly Pyragynyň täze çeper keşbini döretmegiň başyny başlady. Çünki eserde ör-boýuna galýan keşp halk hakydasynda ýaşaýan keşpdir. Gülşirin MUHYÝEWA, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |