GARAŞMAK
«Näme hakda gürrüň ber diýseňiz, gürrüň bereýin, şo hakda bir söz aç diýmeseňiz-le!» diýip, dim-dik baldagynyň ýarpysyndan gowragy garalan, beýleki miweli baglardan şilliň boýy bilen saýlanýan alma agajy başyny aşak salan ýaly duýuldy. «Nämeden başlasamkam?.. Özümi dürsär ýaly, şu mahal bir topbak bulut peýda bolagada, ternawlardan suw akyp gitsedi! Şahalarymdaky zümerret ýaly öwüsýän pyntyjaklar bir hezil etsediler. Bir pursat gaýgy-hasratymy unutsadym! Hany, unut-da unudybilseň bir deräniň içine sygyp bilmedik hasraty! Men kime arzymy aýdaryn-a?! Şu içini gepledip oturan öz gaýgylary özlerine ýetik daragtlaramy?! Gowusy olary öz günlerine goýaýyn-la. Şu wagta çenli kimdir birine ýük bolmadym. Indem ejizlemäýin. Şu günler kelebiň ujuny ýitirip ýöremsoň, dillenenimi bilmän galaýypdyryn! Ýogsam-a men ýersiz-ýere zeýrenip ýörenlerden däldim. Içýan sokan ýaly, agyryňa çydap bilmeseň, möjek ýaly uwlarsyň-a! Wah, men guraýyn-la! Menden başga baglar-a «Duýdansyz üstümizi ýaz basdy» diýip, allanäme gögerişip otyrlar! Men bolsam, ýazyň gelenine begenmeýän ýaly, pyntyk ýarjagam bolman, içimi hümledip otyryn».
Gussasyny paýlaşara göwündeş gözleýän ýaly, daragt şahalaryny galgadyşdyrdy. Ýöne ýapraksyz çybyklaryň şybyrdysy onuň ýürek sesindenem aýylganç eşidildi. Daragtyň şu ýagdaýa düşmegine onuň ýalňyz özi günäkär ýaly, töwerekdäki agaçlaram ters tarapa öwüsýän şemala tarap ykjaşdylar. Olam bu ýagdaýa eýýäm öwrenişip ýetişen bolarly, kaýyllyk bilen içgepletmesini dowam etdi: «Meniň bu hala düşmegime eýäm Pendiniň sebäp bolandygy hakda dil ýaryp bolýamy?! Obadaş gyzy Tawusyň söýgüsini ret edenligi sebäpli, başyma salan oýnundan habarsyzmy eýsem şular?! Men bolsam... Şol pursat öz synama salnan ýaralara çydaman däl-de, Pendiniň halyna gynanyp ejir çekdim şu çaka. Wah, meniň şol ýürekdeşligimiň müňden bir bölegi gaýdyp gelsedi...».
Daragt ýene-de töweregine göz aýlady. Baharyň gelmegi bilen özgeren, görklenen barlyga göwni galkjak boldy. Ýöne özüniň baharyň şu toýhanasynyň şagalaňyna bezemen keşpde goşulyşyp bilmejegi ýadyna düşende, ýene-de gussa laýyna çümdi gidiberdi.
«Durmuşda hemme zat özgerýär. Bu hemişe-de şeýle bolupdyr, indem şeýle bolar. Menem şu katdymda uzak durmaryn. Doly guranyma gözleri ýeten günleri, menem... Hana, Pendiniňem durmuşy özgerdi. Ýöne onuňky oňatlyga özgerdi. Bir gözel gyza sataşyp, bagty açyldy gitdi. Onuň ilki söýgüsiniň salan ýarasyny wagt bejerdi goýberdi. Men bolsa... Meniň synama salnan ýarany bejererden welin wagtam ejiz geldi. Şu halyma näçe wagt durarkam?! Men ýene-de hol, çagaka bolşy ýaly, Pendiniň ýanyma gelerine garaşyp günümi geçirýärin. Ýöne, çagalygyndaky ýaly, şahalarymdan ýüp sallap, hiňňildik uçaryna däl-de, bir gün Pendiniň şol ilkinji söýgüsinden jyda düşen günündäki paltasyny eline alyp, ýanyma gelerine garaşyp günümi ötürýärin. Näme, garaşmagyňam sähelçejigem bolsa, süýjülik ýokundysy-ha bar. Şuňa-da şükür».
Döwletberdi ALLABERDIÝEW.
Hekaýalar