4. GÖLE SAÝLANJAK
Ferma müdiri Göle kontora şunça ir geldimmikäm diýse-de, äpişgäniň öňünden geçip barýarka, partorgyň eýýäm telefonda biri bilen gürleşip oturanyny gördi. Onuň:
― «Başlyk aýryljak diýdiňizmi? Täzelenjek? Umumy ýygnak çagyrmaly? Hä-ä, ― bor, bor... ― diýenlerini eşitdi-de, sakga durup diň saldy. Aňyrdan gepleýäniň aýdanlaryny eşitmese-de, partorgyň sözlerinden ugur alyp gürrüňiň manysyny biljek boldy.
Başlygyň öz haýyşy boýunça işden gitjek bolýandygyny Göle öňräkden bäri bilýärdi. Şonuň üçinem partorgyň:
― «Göle saýlanjak diýdiňizmi? ― diýenini eşidenden, tisginip gitdi. Töweregine garanjaklady. Birdenem aşak ýapyryldy-da, äpişgäniň düýbi bilen bukdaklap, ep-esli ýere çenli yzyna gitdi. Şol ýerdenem «dürk-dürk» edip, ýaňadandan bärligine gaýtdy. Hiç zat bilmediksiräp, hasapçylaryň oturýan jaýyna girdi. Partorgyň oturan jaýyna bilgeşländen barmady. «Äpişgeden geçenimi gördi, özi çagyrar, özi buşlar. Geçiň öň aýagy ýaly, eýýämden jikjerilibermäýin» diýdi. Bir zatlara güýmenen bolup eglendi. Özüniň welin, içi byjyklap alyp barýar. «Iş etseň, höküwmet bilýä how şü. Başlyk borun diýip meňňä kelläme-de gelenok. Nesibedir-dä bü-de bir. Ýöne men başlyk boljak bolsam, obada düzgün-ä başgaça bor».
Mundan zyýat garaşmaga sabyr-karary galmadyk Göle haýallyk bilen ýerinden turdy. Ardynjyrap, partorgyň oturan jaýyna girdi. Hemişekileri ýaly oturanlara: «Saglykmysyňyz-ow, ýigitler!» diýmedi-de, agraslyk bilen baş atdy. Boş oturgyçlaryň birine geçip oturdy. Partorgy gepletjek boldy.
― Yh-he, yhym... Ýaňy geçip gitdim welin görmediňmi-nämemi salamlaşmaga dagy barmadyň-la...
Partorg çekip oturan çiliminiň külüni küldana kakyp oturyşyna, Göläniň ýüzüne bakyp ýyrşardy:
― Göle kaka, äpişgeden geçeniň-ä ikem gördüm. Ýöne ýüzüň salygrak bolansoň, aý, gelnejem bilen bir ýeňilräk sene-mene dagy edişendir-dä, gel-aý, azar bermäýin açylyşýança diýdim.
«Gör, munuň ýerjugunlygyny! Bu gün-erte başlygy boljak bolup duran adam bilen şuňňaly gepleşse, munuň derrew gümüni çekmeli. Çekerinem. Dur bakaly! «Birinji» bilen gepleşäge-de, şunyňy ýygna diýerin, wessalam!».
Şu pikirlere gümra bolup, gözüni süzüp oturan Göle tasdanam partorgyň ýüzüne barmagyny çommaldyp: «Sen boş!» diýip gygyrypdy. Hälem bolsa wagtynda özüne geldi-de, usullyk bilen ýerinden turdy. Daş çykdy. Iş bilen kontora gelip gidýänlere syn edip, esli durdy. Içini güldürdi. «Göreli bakaly, ýene sanlyja günden kimiň ýanyna gatnarkaňyz».
Göläniň girip-çykyp weji bolmady. Içini it ýyrtdy. Iň ýamanam «Göle başlyk saýlanjakmyş» diýen gürrüň ýatyberenokdy. Ol durup-durup, partorga gyjyndy. Hemmesi şondan. Şol oňly eşek bolanda, beýle ýagdaý bolmaly däl-ä. Eşiden şol, gepleşen şol. Geläge-de: «Göle kaka, seni ýokardan şeýle-şeýle ýerlere «видвигайт» edýäler welin, garşy bolmasaň, ýygnakda adyňy agzaýjak biz-ä» diýse, bolup dur-a! Içigaralyk edip, iki gün aýtmanyň bilen ahyry nätjek diýsene! Ýo-ýok, aýtmasyna-ha ol oňa-muňa aýdandyr. Ýöne hemmesi maňa içigaraçylyk edip, dil ýarmadyksyraşyp ýörendir. Beh, adamlaň erbetdigin-aý! Raýkomdan buýruk bolan bolsa, her ýan ýatsaňyzam etjek alajaňyz-a bolmaz. Erteki gün el galdyryşyp, hökgerişip oturan sizsiňiz-dä ýene. Päheý!
Gep gözläp, kolhozyň okladyna tarap barýarka, öňünden bir kolhozçy çykdy-da, saryýag üçin hat sorady. Göle hyýala gark bolup barşyna, gümürtik gürledi:
― Bar, orunbasarymdan al!
― O ne orunbasardyr ol?
Göle ýalňyşanyny ýaňy duýdy.
― Wiý, orunbasardan-laý. Başlygyň orunbasaryndan.
― Hemişe-hä özüňjik beräýýädiň. Ýa...
«Hä, ýene iki günden başlyk boljak bolup oturan adam saňa ýeňini çermäp, saryýag guýup berer. Ýag ýaladaryn men saňa. Dur bakaly!».
Her niçigem bolsa, Göle ol kolhozça hat berdi-de, günortan boluberende, raýkomda instruktor bolup işleýän çykanyna jaň etdi.
― Çykgy diýýän-ä, näme gep-gürrüň bar o taýda?
― Üýtgeşik zad-a ýok.
― Hany, bi, üh-he, ühüm... biziň kolhoz hakda näme diýýäler?
― Aý, näme diýsinler, özüň bilýäň, şol bir aladadyrda.
― Hany bi... üh-he, üh-he, başlyk saýlanmak meselesi nätdi?
― Hä-ä, o-my? Birigün umumy ýygnagyňyz bardyr. Näme, aýtmadylarmy?
Göle suwa ýetmän, çykarynyp başlady.
― Hiý aýdarlarmy?! Bahyl-a bulaň bary.
Göläniň içki harasadyndan bihabar çykany onuň äheňini seljerjegem bolup durmady.
― Aýtmadyk bolsalar aýdarlar. Ýygnakdyr-da, oň üçin öýke-kine nämä gerek? Birigündir öz-ä. Ana, şonda başlygyňyzy pensiýa ugradarsyňyz. «Ýarawlygym ýok» diýipdir. Ýogsam şunça goýbermejek boldular. Hälem kolhozçylaryň goýberäýjegi näbelli.
Göläniň gara gaýgysy o zatlar däl.
― E-eý, çykgy, nememi onsoň... Ýerine kimi goýjaklar?
― Entek bilmedim men-ä. Ýygnakda kimi saýlasaňyz, şo bor-da?
― Ýokardan birini görkezerler-ä. Birini göz öňüne tutýandyrlar-a?
― Bilmedim-ow, men-ä.
Göle gahar edip trubkany goýdy.
― Bäý-bä-ä-ä!!! Ýeri, indi gel-gel, öz ejeňiň süýtdeş bajysynyň bal ýaly balasy derejäňi gysganyp, bilýänje zadynam «bilemok» diýip otursa nädersiň? Hä? Ýene özüňki diýjeksiň. Wah, özüňki dämi işiňi görüp ýören. Bir saýlanamsoň-a hemmä men gerekdirin welin, häýt, şumat içimi-bagrymy ýakýalar-da!
Uzyn gün oda-köze düşüp, hernäçe özelense-de, Göle özi hakda eşidesi gelýän gürrüňini hiç kimden eşidip bilmedi. Ahyram ol ähli derdini aýalynyň öňüne dökdi.
― Heleý, çagalaryň oglanraklaryna duýdurma welin, äriň-ä başlyk saýlanjakdyr.
Aýalam onuň aňyrsyna ýetjegem bolmady-da, derrew gepini-sözüni, girip-çykyşyny üýtgediberdi. Moýmul-moýmul edip, ozal barmaýan goňşularynyňka çenli baryp çykdy. Osmakladyp sorag baryny berdi. Bir zatlar eşitjek boldy. Käte özi ýaňzytdy. Ilkagşam ärine çaý demläp berip, gaşynda çökendenem:
― Lökgäňi günde bir-ä bermeli borsuň. Şähere gidip geler ýaly. Allanäme zat ol. Şu çaka çenli nädip oňanyma haýran men-ä. Onsoňam eşitmedim diýme, ýolda-yzda duşsalar dagy men-ä şu Ogulbäbekden başga aýal göbeklini mündürmen şo maşyna. Senem gaty görme! Şopuryňa-da sarga.
Ertesi Göle kontora gelýärkä, öňünden Gurt Esen çykdy. Şemala tarap dogry ýöräp bilmän, ýantaklap gelşine ol Gölä lak atdy.
― Mannykmy-haw, Göle, ýeserjemiň?
― Şükür, Gurt kaka. Özüň nähili?
― Aý, bir tap bar...
― Kanturda näme gep-gürrüň bar?
Gurt Esen şemalyň yk tarapyna öwrülip nas atdy. Nasyň badyna ýitelen gözlerini jüýjerdip, Gölä dikdi.
― Äý, biz-ä hanypa, güzzüň esdemizok. Passanlaň dohodyny bazladaýaly diýip bazdyk-da, onnoň bizigün ýygnak boljak, sonnon soň gel-eý diýensoňlaz gaýdybezdik. Neneň?
Göle «tarp» etdirip bir aýagyny ýere urdy.
― O nä ýygnakmyşyn?
― Näbileýin. Atçot diýdimi, patçot diýdimi, özüň gowy bilmel-ä bu zatlazy. Azalazynda isläp ýözsüň.
Gurt Esen ýene bir gezek gözüni ýyldyradyp Gölä seretdi-de, öňküsi ýaly ýantaklap gidiberdi.
Ýygnak edilmeli gün gelip ýetýänçä, Göle köp horlandy. Obadaşlarynyň baryndan kinedar bolup çykdy.
Ýygnak güni hemmeler kolhozyň klubuna ýygnandylar. Ýygnakda ýigrimi dokuz ýyllap şu kolhoza başlyklyk eden Aşyr aganyň pensiýa gitmek üçin ýazan arzasyna seredildi. Göle öňdäki hatarda oturan ýerinden öz-özüne şeý diýdi: «Beh, henizem aýdanoklar-aýt. Ýa etmelisi şeýlemikä? Hon-ha, birinjem-ä maňa tarap gözüniň gytagyny aýlaýa. Durnuklylygymy barlaýandyr bular. Aşyr agaň özüniň-ä piňine-de däl. Howwa-da, muňa näme, özi görjegini gördi, etjegini etdi, hon-ha, indem gidip barýa. Onuň üçin men boldum nä, sen bolduň nä!..».
Esli wagta çeken ýygnak başlygyň arzasyny kanagatlandyrman öz işini tamamlady. Hiç bolman, ýene iki ýyl işläp bermegini Aşyr agadan haýyş etdiler. Göle ümürde ýöreýän ýaly bolup, klubdan çykyp barşyna, partorg bilen egnini deňledi. Partorg ýüzugra çilim otlandy-da, Gölä ýüzlendi:
― Göle kaka, şu ýygnak beýleki diýip, birki gün gijä-de galdyk. Asyl saňa aýdandyryn öýdüp, tas ýadymdan çykaran ekenim. Ertir irden adamlaryňy al-da, garaža gel! Sygyr permä gitmeli.
Onsuzam bir aýagy sygyr fermasyndan bäri gelmeýän müdir alasarmyk seslendi.
― Hä, näme?
― Göle saýlanjak.
― Göle saýlanjak?!
― Howwa, Göle kaka. Ertir göle saýlanjak. Şo-ol gün ýygnak hakda raýon bilen gürleşemde aýdypdyrlar-da, menem alada bilen tas unudan ekenim. Gün gyzara galman baryň hemmäň! Ete gitjegini bir tarapa, baka gitjegini beýleki tarapa, tohumlygynam näme, sürä tarap «hüşt!» ― Partorg goltugyndan bir tagta kagyz çykaryp, Göle uzatdy. ― Ine-de, gitmeli adamlaryň spisogy. Şu gije aýdyşdyryp çyk.
Göle kagyza seredip durşuna: «Asyl o göle saýlanjak diýsene?» diýip, içini gepletdi. Garnynyň iç ýüzünde bolsa erbet bir agyry peýda boldy. Ýüzi «lap-lap» etdi. Damagy doldy.
Bu ýagdaýda aýalyna görünmegi öler ýaly ýokuş gören Göle aýtmaly adamlaryna hasyr-husur aýdyşdyrdy-da, özi şol ýerden göni ferma tarap ýola düşdi.
1980 ý.
Hekaýalar