8. JAZAÝRYNYŇ OKY
Aşagyna goňrumtyl, galyň hem ýumşak, nagyşsyz linoleum düşelgi injeçik, her dürli dermanyň ysy kokuşyp duran ümsümje däliziň ugry bilen pişik basyşyny edip barýan egni ak halatly iki sany geýnüwli pyýada öňlerinden çykan her gapa tarap çiňerilip baryşlaryna, ahyram orta gürpdäki palatalaryň biriniň agzynda aýak çekdiler. Olaryň öňdäkisi boýny düýbünden bildirmeýän tos-togalajyk göwresiniň ýarysyndanam gowragyny ýarym açyk duran gapydan sokdy-da, depesi tap-takyr, galan ýeriniň saçy çap-çal, ullakan kellesini bilinden ýokarsy bilen bilelikde gyşardyp, ilk-ä çepki diwara golaý goýlan, üsti jowur ak düşekli melemtil diwanyň üstünde aňyrsyna bakyp ýatan syrkawa, soňam syrkawyň başujundaky gök taburetkanyň üstünde gözlerine ýaş aýlap oturan, egnine gyzyl jümjüme gülli çitden tikilen ýektaý atylgy, ak ýüzli, gabakman, dolmuş zenana seretdi. Pyşyrdap salamlaşdy. Ondan gözüni aýyrman durşuna, girsekmikäk ýa girmesekmikäk diýýän ýaly, birki ýola öňe-yza yranjyrady. Ýa gaýdybersekmikäk diýýän manyda öwrülip, ýoldaşynyň ýüzüne seretdi. Onuň eginlerini gysyp, galyň, salpy dodaklaryny sallap durşundan belli bir many alybilmänsoň, göwresini gapa ýaňadandan sokdy-da, zenana ýüzlenip edil öňküsi ýaly, pessaý, ýöne pert-pert gürledi.
― Gelneje, Gulal uklap ýatyrmydy?
Gelenlere hormat üçin eýýämhaçan ýerinden turup, bir ädim yza çekilen zenan başgada kimiň bardygyny anyklamak islän ýaly gapa tarap çalaja göz aýlady. Soň aşak bakdy. Gabaklaryny sallap durşuna endigine görä, sag eliniň aýasyny agzyna ýetirip ýuwaşja seslendi.
― Şumatjyk irkildi. Uzyn gije bizok bolup çykdy. Ýatmady.
― Onda, goý, ýatsyn. Biz soňrak geläýeris.
Oňa çenlem syrkawyň göwresi gymyldady. Oýadygyny bildirmek üçin çalaja yňranjyrady. Zenan:
― Sesiňizden tanady öýdýän ― diýdi-de, äriniň golaýyna bardy. Üstüne egildi. ― Ýaýlym bilen Serhen geldi, Gulal!..
Gulal öwrüljek boldy. Emma elini-aýagyny herekete getirip bilmedi. Başyny galdyryp seretjek boldy, o-da bolmady. Zenan egildi-de, berdaşly gollary bilen äriniň boýnundan dolap aldy. Arkan ýatyrdy. Az-kem dikeltdi. Ýassygyny beýgeltdi. Soň «giriberiň» diýýän manyda togalak pyýadanyň ýüzüne seretdi. Gapydan ilk-ä tegelek ýüzi çym-gyzyl, ozaldanam çala çyzylýan gözleri gülümjiräp geplände, bütinleý ýumlup gidýän tutuş göwresini, ellerini herekete getirip gürlemäni gowy görýän, dost-ýarlarynyň arasynda hemişe hyzmata gaýym adam hökmünde tanalýan Ýaýlym, yzyndanam hor, burunlak, ullakan ala gözleri hanasynyň içine çöküp ýatan, haýallyk bilen galyp-düşýän galyň hem ýygyrt atan gabaklary bäbenekleriniň üstüni örten mahaly, şol iki çöketjigiň hersinde bir hoz goýlan ýaly bolup görünýän, çekinjeňligi zerarly göwnündäkini dile getiribilmän, ömürboýy kösençlik çekip gelen, şu keselhananyň gapysyndan gireli bärem ýaýdanjyrap, Ýaýlymyň yzyna düşüp gelýän Serhen girdi.
Ýaýlym gelşi ýaly, dostunyň üstüne howala boldy. Onuň sag elini alyp, aýalarynyň arasyna gysdy. Eglip gözleriniň içine çiňerildi. Serheniň öňüne gabat bolup durşuna, hal-ahwal soraşdy. Soň syrkawyň aýalyna bakyp, dermanhanalarda-da, wraçlaryň arasynda-da, hatda Saglygy saklaýyş Ministrliginde-de tanyş-bilişleriniň kändigini, şonuň üçinem, derman gözlemelem bolsa, wraçlary görmelem bolsa, özüniň taýyndygyny, çekinmän aýdybermelidigini öwran-öwran nygtady. Gulaldan mert bolmaklygy, gaýga batmazlygy haýyş etdi. Gaýgynyň derdiňe-dert goşýandygy, özüňe zyýan, kesele kömek edýändigi barada Lukman hekimden tymsallar getirdi. Oňa görä has agyrrak syrkawlaryňam gutulyp gidýändigini aýdyp, göwnüni göterdi.
Syrkawyň agyr halyny görüp, bireýýäm ýüregi suw bolan Serhen bolsa geleli bäri salamlaşara-da, gürleşere-de maý tapman, şo-ol Ýaýlymyň arkasynda ýer depeläp, gurak-gurak ardynjyrap dur. Aralykda duran Ýaýlym her gezek gollaryny galgadyp, bir gapdala gyşaranda çalarak başyny atýar-da, zorruk sesini gyryljyradyp bir zatlar diýjek bolýar, ýöne ara ýene-de Ýaýlymyň göwresi düşýär-de, başlan sözüni soňlabilmän ýuwdunyp galýar. Üstesine görüşmek üçin uzadan elem howada doňup galdy. Soňam assa-ýuwaş aşak sallanýar. Şondan soň-a ol öz bolup durşundan hasam utanýar-da, süzlüp aşak bakýar. Goşa hozy çalarak müňňüldedip durşuna, ýüzüni iki baka sypajakladýar. Çiginlerine ilişip duran tyrryk, bir jübüsi ýyrtyk, ýagyrnysy gara möhürli ak haladyň ýakasyndan süňklek elleri bilen tutup oýan, buýan çekeleýär. Uzyn barmaklaryny edil galam bilen çyzylan ýaly inçejik, gap-garaja murtuna ýetirýär-de, derrewem aýyrýar. Syrkawyň bolşundanam beter saralan saryýagyz inçemik ýüzüne, öňküsindenem beter gysylan ujy egrije burnyna, hereketi haýallan gögümtil gözlerine, süňkleri somalyşyp duran eginlerine, kak kimin towlanan aksowult çekgelerine her gezek gözi kaklyşyp gidende hasam gyýylýar. Onuň düýn-öňňünem agyr-agyr meýlisleriň içinde ala-goh bolup oturyşyny ýatlap, adamzadyň, hakykatdanam, gyzyl gül kimin sähelçe ýel öwsende, çar-para bolup gidýän ekendigi barada oýlanýar. Özüniň Ýaýlym ýaly dilewar däldigi, bu ýere gelenden soňam şeýdip, syrkawyň ne özüne, ne aýalyna ýeke agyzam hoş söz aýdybilmän, ýaýdanjyrap durandygy üçin kemsinýär.
Ahyram Ýaýlym ak haladynyň syýlaryny galgadyp, Serhene tarap öwrüldi. Bir gapdala sowuldy. Endigine görä göwresini gyşardyp, öňkülerine görä birneme batlyrak gepledi.
― Wiý, Serhen, hany senem salamlaş ahyry.
Serhen diňe şondan soň bir ädim öňe süýşdi. Gollaryny uzadyp, Gulal bilen tagaşyksyz görüşdi. Kellesini saňňyldadyp bir zatlar diýdi. Ýöne näme diýenini hiç kim aňşyrmady. Belki, özem aňşyran däldir, şonuň üçinem ol yza çekilde-de, Ýaýlymyň ýüzüne naýynjar garady. Ýaýlymam öz gezeginde zenanyň ýüzüne seretdi.
― Gelneje, biz-ä onda gaýdyberjek...
Zenan makullaýjylyk bilen baş atdy. Dostlar hoşlaşdylar. Gulal olara seredip ýuwdundy. Iki jikgesinden syzylyp çykan şor, ýylymsy gözýaşlar bolsa, ýaňaklarynyň üstünden syrygyp, ýassyga döküldi. Ep-esli ýerini öljertdi. Aýal elindäki ýumşak, arassa ak mata bilen äriniň ýaňaklaryny süpürdi. Durubilmänem aglady. Muny görüp, Serheniňem gözlerine ýaş geldi. Ýüregem aşaklygyna tarap nireleredir bir ýere süýşüp giden ýaly boldy.
Keselhanadan çykyşlary ýalam ol çep böwründe henize bu güne çenli özüne mälim bolmadyk, üýtgeşik, kümsük bir agyry duýdy. Häsiýetine görä üýni bilen derrew aňyny dörjeledi-de, şol sanjynyň ilkinji gezek ýap-ýaňyja, Gulalyň ýanynda durkalar peýda bolandygyny takyklady. Özem ol agyry şol wagt, hamala, haýsydyr bir galyň zadyň üstünden parra geçip gelýän burawdy-da, Serheniň böwrüne onuň diňe uçjagazy gelip direlýärdi. Ýöne ol oňa o wagt ünsem bermändi. Ol tygyň nämedigini, şol tygdan özüni nämäniň gorap durandygyny biljegem bolmandy. Adaty bir sanjydyr ýa-da ýel beýlekidir-de, geçer gider öýdüpdi. Ýöne syrkaw bilen öz arasyna germew bolup duran Ýaýlym gollaryny galgadyp, bir gyra sowlan wagty, ýa-da Gulalyň nazarynyň özüne tarap gönügen wagty, şol burawyň öz içine has içgin aralaşyp, has çuňňur burawlap başlaýandygyny welin aňypdy. Diýmek, onuň çep böwrüne sanjylan tygyň ep-esli bölegi Ýaýlymyň togalajyk göwresiniň üstünden geçipdir. Şol göwre Serheni şol tygdan gorapdyr.
Şol tygyň Gulalyň goşa didesinden çykyp gaýdýan ujy otly ýiti nazarydygyny hem Serhen, ine, indi bilip galdy. Çünki Gulal şol wagt, hamala, Ýaýlymyň janyndan syzydyryp aýdan sözlerini eşitmeýän ýaly, gözlerini onuň sag böwrüne dikip ýatyrdy. Birhili dodaklary titreýärdi, gabaklary tirpildeýärdi, çekgeleri çekýärdi, bir zatlar diýjek bolup, agzyny müňküldedýärdi. Ýaýlym aradan aýrylan wagty, nazaryny Serhene tarap öwürjek bolup dyrjaşýardy, emma o nyşanadan aýryp bu nyşana gönükdirmäge mejaly ýetenokdy. Ýaýlymyň ýüzüne seredibilmän, böwrüne göz dikip ýatyşam hut, şonuň üçindi. Nazaryny dikeldip bilmeýändigi üçindi. Onuň güýji şol wagt diňe tebrenen dodaklaryny käte bir gezek dili bilen ýalap goýbermäne ýetýärdi. Ýöne aram-aram onam elindäki öl pamyk bilen aýaly görgüli öllemeli bolýardy.
Onuň şol ysgynsyz nazarynda bolsa jahan atly jan bazaryndan sopgarabaş çykyp barýan adamyň çekýän ruhy yzasy, tükeniksiz ahmyry, bu dünýäni dostlaryndan süýjülik bilen gabanmak duýgusy bardy. Serhen oňa-da indi göz ýetirdi. Ana, şol inçe duýga hem-de agyr ahmyrlara ýugrulan gussaly nazar hem Serhen bilen öz arasynda Ýaýlymyň duran wagt-a iki göwränem bilelikde, ol ortadan aýrylan wagtam, Serheniň bir özüniň böwrüni birehimlik bilen burawlapdy. Nazaryň gözbaşy gözýaşa gark boldugysaýam ujunyň yzasy ýumşaşypdy.
Şu zatlary aňynda aýlap barýan Serhen assyrynlyk bilen Ýaýlyma seretdi. Onuňam sag eli bilen sag böwrüni tutup barşyny, käwagtam bir ýüzüni ynjyly çytyp goýberişini görendenem, ini erbet bir zady syzan ýaly sakga aýak çekdi-de, henizem öz üstlerine abanyp duran dört mertebeli keselhana tarap gorkuly seretdi. Töweregine garanjaklady. Böwründe dörän yza barada Ýaýlymyň bir zatlar diýerine, özüniňem şolar ýaly bir üýtgeşikligi syzandygyny ýa syzmandygyny soraryna garaşdy. Ýaýlym welin olar ýaly gep-gürrüňleriň üstündenem barmady. Gaýtam, jan teslim edenden soň, Gulal şu ýerde jaýlansa gowy bolarmyka diýen ýaly bir topar ýürekgysgynç, Serheniň pikiriçe, ýerliksiz gürrüňleriň başyny agyrtdy gitdi oturdy. Merhumy bir öwlüýäniň üstünden geçirip, başga bir öwlüýä äkitmekligiň dogry däldigi, her kimi öz topragynyň çeken ýerinde jaýlamaklygyň musulmançylyga-da, kowahata-da rast gelýändigi barada pelsepe otardy.
Şonuň üçin Serhen ony diňlemesinem goýdy-da, ýene-de öz oý-pikirlerine gümra boldy. Täze dörän alada bolsa ony gitdigiçe basmarlady. Dünýäni unutdyrdy. Ol hatda aýrylyşan wagty Ýaýlym bilen hoşlaşandygyny ýa hoşlaşmandygynam soň-soňlar ýadyna salyp bilmedi.
Böwründe dörän agyry baradaky ynjyly oý-pikirler ony öýüne barandan soňam gününe goýmady. Aladalaryň bir ujy soňabaka şol agyrynyň sebäpkäri saýylan Gulalyň adamkärçiligi, durmuşda özüni alyp barşy, edim-gylymy baradaky öwrümlere tarap gönükdi. Emma inçegöz elek bilen hernäçe eleşdirse-de, Serhen ondan üýtgeşik bir kemlik, göze dürtülip duran ildençykgynç bir pes gylyk tapyp bilmedi. Çünki Gulal, hakykatdan-da, ýeke bir Serheniň ýa Ýaýlymyň däl, ähli deň-duşlarynyň, işdeş ýoldaşlarynyň ýanynda-da oturyşmaga, turuşmaga, saz-söhbetler guruşmaga, derdinişmäge, iç döküşmäge gabyl adam hasaplanýar. Onuň aladaçyl maşgala başydygynam, çagalaryny diýseň eý görýändiginem inkär edýän ýok. Şonuň üçinem oňa «şüý-ä erbet adam-ow» diýilbiljeg-ä tapylmasa gerek. Oňa Serheniň gözi ýetýär. Ýöne köp adamda bolşy ýaly, özünden başga biriniňki çüwüberse, bilniksiz gynanmak, ýüreginiň bir gyrajygy bilen gyýylmak, gabanmak, kimdir biriniň büdränini eşitse, ýeňillik bilen dem almak ýaly ownuk häsiýetler onda-da ýok däl. Mysal üçin, ýigit ýetip öýlenmeli wagty geldimi, ol hökman obanyň iň gowy gyzyna öýlenäýmelidi. Eger-de şol obanyň iň gowy gyzyny başga biri alaýsa, onda ol ýagdaý durmuşda bagt diýlen zadyň düýbünden ýokdugy bilen bagly bolmalydy. Bardy-geldi şol iň gowy gyza öýlendimi, onda onuň hökman ogly bolaýmalydy. Eger-de onuň gyzy bolup, deň-duşlarynyňam yzly-yzyna ogly boluberse, onda ol ýagdaý Allatagalanyň adalatsyz ekendigi bilen bagly bolmalydy. Dünýeden düýpgöter bizürýat geçmeklik ýaly elhenç ykbalam islendik adamyň maňlaýyndan çykyp bilýärdi, emma Biribar özüniň şol ýakymsyz nazaryny oňa tarap öwürmeli däldi. Eger-de şeýdäýse, onda ol onuň öz belent adyna nämynasyp iş etdigi bolýardy.
Dükanlara çykýan iň gowy egin-eşiklerem öňi bilen şol geýinmelidi. Eger-de geýnip bilmese, onda ol bu ýagdaýy öz ýanyndan ýurtda deňsizligiň höküm sürýändigi bilen baglanyşdyrýardy we bu hakda oturan-turan ýerinde zeýrençli gürrüňler edýärdi.
Bu hüý-häsiýetler soň-soňlar ösüp, uly durmuşa gadam basan wagty has uly möçberlere, giň gerimlere eýe boldy. Mysal üçin, ol haýsy edara işe barsa-da, iň bärkisi şol edaranyň ikinji, gaty gitse üçünji derejedäki adamsy bolmalydy. Özbaşyna bir kabinet, telefon, gapynyň agzynda bir sekretar gelin oturmalydy. Girjek adamam gapyny kakyp, ýa şol gelinden rugsat sorap girmelidi. Berilýän baýraklaryň, putýowkalaryň, ýubileý medallarynyň, ordenleriň iň gowularyny, abraýlylaryny pitikläp-pitikläp öňi bilen, özi ýa-da iň bolmanda, ilkinjileriň biri bolup almalydy. Şol zatlaryň galan-gaçanlaryny soň kime berse-de, profsoýuz guramasynyň ýa-da özünden öňdäki başlyklaryň öz işidi. Ondan soň onuň o zatlar bilen dawasy ýokdy. Maşyn, jaý ýaly uzyn-uzyn, uly-uly nobatly, iňňän dawaly hem wawwaly närseleri hem binobat ýa-da almaly möçberinden köp almaga-da, diňe onuň özüniň haky bardy. Eger-de tersine bolaýsa, onda bu ýagdaý döwletiň içinde eden-etdiligiň höküm sürýändiginiň, kanunlaryň işlemeýändiginiň, halkyň kanuny hak-hukuklarynyň kemsidilýändiginiň, kanuny goraýjylar tarapyndan goralmaýandygynyň alamaty bolýardy.
Ýeke bir durmuş, güzeran meselesinde däl, hatda Hudaýyň özüne, tebigatyň güýjüne bagly meselelerde hem onuň şolar ýaly birtaraplaýyn garaýyşlary bardy. Ýagny ol özünden özge islendik adamyň ölmüne hemişe adaty, kanuny bir zat hökmünde garaýardy. Kän bir gynanmaýardy. «Gelmek, gitmek bu bize Allanyň beren buýrugy. Oňa gyýylmaly däl. Gözýaşam etmeli däl. O zatlar adamzadyň jahyllyk döwründen galan ýalňyş ýörelgeleriň biri. Onsoňam, gelen gitmän goş basyp ýatsa, soňabaka ýer ýüzünde ekin eker ýaly bir garyş ýerem tapylmaz...» diýýärdi. Has geň ýeri, ol heniz durmuşyň çetinden giribem ýetişmedik ýaş juwanlaryň juwanamerk ölümlerine-de iňňän biparhlyk, sowukganlylyk bilen garaýardy. Çünki şol agyr apatlaryň şu gün ýa-da ýaş wagtlary öz başyndan inäýmändiginiň özem onuň üçin ýeterlikdi. Esasy zat, şu günki gün şu durmuşyň içinde onuň özüniň ýaşap ýörenligidi. Bu ― Gudraty güýçlüniň adalatlydygynyň alamatydy. Ir bolsun, giç bolsun, tapawudy ýok, bu dünýeden kim gitse-de, ol gitmeli däldi. Ezraýyl gara ganatlarynyň aşagyna kimi gyssa-da, ony gysmaly däldi. Owadan gelne meňzedilýän bu gyzykly dünýede ol baky bolmalydy. Şonuň üçinem bu dünýäni ol özünden üzňelikde göz öňüne-de getirip bilmeýärdi.
Ýöne näme, durmuşda hemme zat hemişe seniň göwün-islegiňe görä bolup durmy? Elbetde, bolanok! Gulalyňkam şonuň ýaly. Bir-de bolsa, bir-de bolanok. Ýöne bir gowy zat, ol şol zatlary isleýändigini, özüniň şolar ýaly häsiýetdäki adamdygyny dilinde-de, hereketlerinde-de il-günden gizläbem duranok. Gizlemelidirem öýdenok. Asyl-ha öz häsiýetiňi il-günden gizläbem bolanok. Il seniň aýnaň. Seniň kimdigiňi ol seniň özüňdenem gowy bilýär. Onsoňam öňürti özüniňki bolup, soň il-günüňkem boluberäýende-de, Gulal oňa garşy däl. Ýöne diňe iliňki bolup, özüniňki birsyhly tersine depip dursa welin bolanok. Oňa ol çydanok. Şonuň üçinem şolar ýaly-da onuň zeýrenji artýar. «Il-ä tapaýýar... Iliňkä şeýle bolaýýar... Iliň-ä edeni ugruna... Biz-ä birinem edenibilemzok welin, il-ä goşa-goşadan jaýam edinäýýä, maşynam edinäýýä...» diýen ýaly durmuşdanam, döwletdenem, Ýokarkydanam nägileçilikli gürrüňleri bilen daş-töweregindäkileriň gulak etlerini guradýar.
Ýöne bu bolşy üçin hiç kim ondan hiç zady gatam görenok, geňem. Onuň şol hüý-häsiýetlerini hemmeler, şol sanda Serheniň özem edil bolmalysy hökmünde kabul edäýýär. Onsoňam, näme, dogrusyny aýtsaň, şony heläk edýän şol isleg-arzuwlar, ymtylmalar olaryň özlerinde-de ýok däl. Bar! Birinde az bolsa, beýlekisinde köp bar, garaz bar! Bir tapawutly ýeri, olaryň köpüsi şol ýakymsyz duýgularyny Gulal ýaly daşlaryna çykarman, ýüreklerine agram salman, belli bir möhlete çenli öz içlerinde saklap bilýärler. Hakykatda welin, olaram edil Gulal ýaly, «bagty çüwýänlere» gabanç duýgusy bilen garaýarlar. Başaryp bilseler, olaram edil Gulal ýaly, şol «bagty çüwýänleriň» biri boljak. Hemme zady ilden öň, ilden köp edinjek, ilden ýokarrakda boljak, susagyň sapyny ellerinde köpräk saklap iki gaşyk aşy ile görä köpräk içjek, ýagty ýalançynyň howasyndanam, başarsalar ile görä has köpräk dem aljak! Hemmesi üçinem özleriniňki çüwen wagty durmuşam, döwletem, ýolbaşçam, Hudaýam adalatlydyr-da, tersine bolan wagty, olaryň hemmesi adalatsyzdyr. Öz hakyňy käte aç arslanyň dişleriniň arasyndan synçgap almaly bolýan bu zabun hem ýowuz dünýede kimiňkiniň dogry, kimiňkiniň nädogrydygyny bolsa Hudaý bilsin!
Ýöne Gulaly şu agyr hala salan derdiň, hut şol özüne ömürýoldaş bolan ejirli duýgularydygy, hupbatly kemsinmeleridigi, gabançlarydygy, gynançlarydygy hakda welin jedel ýok. Şol duýgular onuň ozaldanam ejirli kalbyny kem-kemden kesmeklede-kesmeklede, ýürek damarlaryny gysdy, gan basyşyny galdyrdy, gynady, horlady, ahyram kelleçanagynyň içinde tükeniksiz, aýylganç bir agyrynyň, goýy, goňras, dymyk hem aňyrsy-bärsi görünmeýän elhenç bir harasadyň turmagyna sebäp boldy. Şol harasadam ony, ine, şu ýere, üsti jowur-ak düşekli, melemtil diwanyň duran otagyna alyp geldi.
Emma ol, barybir, öz derdiniň düýp sebäbini bilip bilmedi. Şonuň üçinem, ine, ýap-ýaňyja, ýanyna iň söwer dostlary barmazynyň öň ýanam, özüni «gitse-gelmeze» bakan beýle ir ugradýandygy üçin kine edip, Hökmürowan bilen gaýybana gürleşip ýatyrdy. Onuň şanyna şikaýat edýärdi. Ol öz şikaýatyny dostlary barandansoňam, Ýaýlym öz üstüne abanyp, göwünlik berip duran pursadam dowam etdiripdi. «Nämüçin bular galyp, ýeke men gitmeli? Nämüçin meň nobatym bulardan öň düşmeli? Nämüçin mençe baru-ýoklaram bu dünýede ýene ençeme ýyllap dükanlar gurmaly, döwranlar sürmeli-de, men bu mekana dagy-duwara dolanmaly däl? Men entek ogul öýermeli, gyz çykarmaly, ýap-ýaňyja diş-dyrnak bolup alan jaýymyň hözirini görmeli, köne maşynymy satyp, täzesini edinmeli... Mebel... Garnitura... Reňkli telewizor... Wideo... Haly... Mellek... Daça...»
Hökmürowan welin öz etjek işini hiç kim bilen geňeşmeýär. Şikaýatyňam diňlemeýär. Zeýrenjiňem kabul etmeýär. Oňa emir edip, üstünden arz edip, hökümini üýtgetdiribem bolmaýar. Onuň huzuryna bakan özüňe derek başga birini ugradyp, jaý nobaty ýaly puluň, tanşyň güýji bilen nobatyňy çalşyp, ilden öňe düşüp ýa yza galyp bolmaýar. Onuň düzgüni, kadasy şeýle. Ol seniň eýäň. Algydaryň. Bakyýa barýan garaňky ýoluň aňry ujunda Ol seniň ýoluňa göz dikip, beren amanadyny eltip bereriňe garaşyp otyr. Sen garry bol, ýaş bol, tapawudy ýok, berenje möhleti gutaran güni harydyny eltip, eline elinjek gowşuraýmalysyň. Başlykdan görşüň ýaly, gatam görmeli dälsiň, ýoldaşlaryňdan öýkeleýşiň ýaly, öýkelemelem dälsiň. Hasabyny welin, özüjik ýöredip oturandyr. Barmaly wagtyň seniň ýadyňa düşmese-de, onuň öz ýadyna düşer. Ýoluň ortarasyna çykagada, ýekeje gezek goluny bulap goýberer welin, süzüberersiň şo tarapa. Ine, onsoň duransyň alnynda ak surat bolup. Başyňda bolsa ne bu dünýäň gamy bardyr, ne-de eklenjiniň aladasy. Bu ýerde kimiňki çüwüp ýör, kim-kimler büdräp barýar, o zatlaryňam aladasyndan dynçsyň. Howlugara ýeriň, gidere başga bir dünýäň ýokdur. Ol dünýä seniň bu dünýädekäň ömürboýy arzuw edip gezen ajaýyp, baky dünýäňdir. Ol ýerde sen özüňem bakysyň. Müdimisiň. Parahatsyň. Rahatsyň.
Howwa, Gulala-da bu gezek şol ajaýyp, baky dünýäniň eýesi, algydary gol bulapdy. Onda-da garaçyny bilen bulapdy. Şonuň üçinem ol gitdi. Göwnese-de gitdi, göwnemese-de gitdi.
Bir ýyla golaý wagt sag böwrüni tutup geze-geze, telim gezek telim dürli keselhanalarda ýatyp çyka-çyka, ahyrsoňy agzyndan-burnundan gan gidip Ýaýlymam ýogaldy. Tanyş-biliş wraçlaryňam şolaryň üsti bilen tapylan, güýçli-güýçli dermanlaryňam peýdasy degmedi. Täleýiniň beýle ir terse ýazylmagynyň sebäbini onuň kimdir birinden görendigini ýa görmändigini welin bilýän ýok. Agyr halda ýatan Gulalyň algyr nazaryndan Serheni goramak üçin göwresini araýa galkan edip, şol derde sataşandygyny diline çolandygynam eşiden adam ýok. Ýöne ölmezinden üç gün öň: «Menem Gulalyň yzyndan gitmeli boldum öýdýän» diýen sözlerini ýatlap indi Serhenem hopugýar. Şol söz onuň: «Men-ä ugradym welin, senem assa-ýuwaş bararsyňda, sebäbi jazaýrynyň oky ikimize-de deň degipdi» diýdigi bolaýmasyn diýip, agyr oýlara batýar. Mahal-mahalam «öwhüldäp» öýden çykýar-da, jan eýesiniň «getir» diýip gol bulaýandygyny ýa bulamaýandygyny anyklamak isleýän ýaly, hor boýnuny süýndürip ýoluň o tarapyna seredýär. Baragada onuň özi bilen gürleşip, bellisini bilip gaýdaýasy mümkin bolsa, puryja sorasy gelýär. Emma aýak ýeterdenem, goşa hozuň aşagyndan gorkuly garaýan göreçleriň menzili ýeterdenem ol ýol daş. Şonuň üçinem Gulalyň iň soňky deminde özlerine tarap ýürekgyýgynç bir gabanç duýgusy bilen garap ýatyşyny ýatlap, şol gezek onuň halyny soramana barandygy üçin ökünýär. Barmadyk bolanlygynda, onuň okuna duçar bolmajak ekenligine ynanýar. Birdenem bulaşyk pikirlerden aýňalýar-da, bu dünýäniň özlerinden gabanyp, janyna dalaş eden zadyň nämedigi, kimiňkidigi barada hiç kimiň ýanynda dil ýarman, hiç kime betgüman bolman, bar zady öz kysmatyndan görüp, mert gidendigi üçin Ýaýlymyň mertebesini özüniňkiden has belent saýýar. Hormat goýýar.
Razylaşmaga baranda-da, hiç hili göwnüçökgünlik etmän, yzynda dul galjak dünýäni hiç kimden gabanman, gaýtam, her hili şelaýyn gürrüňler tapyp göwnüni galkyndyryp goýberendigi üçin öz ýanyndan minnetdarlyk bildirýär. Göwnüne getirýän zadynyň çyndygy ýa ýalandygy nägadar bolanlygynda-da, ony özüniňem edil Ýaýlym ýaly, merdi-merdanalyk bilen garşy almalydygy barada oýlanýar. Panydan bakyýa tarap göç eden adamyň yzyndan müňkürlik satyp ýörendigi üçin Gulalyň ruhunyň öňünde kiçelýär. Uýalýar. Şeýle bir ejiz ekendigi üçin namys edýär. Şol «was-wasly» oý-pikirleri dagy-duwara küýüne getirmejekdigi barada öz-özüne söz berýär. Emma ýyl ýarym bäri beýnisinde berç bolan şol ýakymsyz duýgulardan barybir daşlaşyp bilenok. Aýňalybam bilenok. Çep böwürdäki yza bolsa, gün-günden güýjerleýär. Lorsuldaýar. Aş ýygnaýar. Haçan ýaryljakdygy, dömjekdigi bolsa belli däl. Asyl-ha, iru-giç dömjek ýaramy, dömmejek ýaramy o-da belli däl.
1997 ý.
Hekaýalar