15. YLMY GÜRRÜŇ
Awtobusyň içi şeýle bir dyknyşyk bolmasa-da, dik duranlar az däldi. Şofýoryň emelsizligindenmi ýa bir päsgelçilik boldumy, garaz, awtobus birden erbet silkindi. Men-ä oturgyçda oturamsoň, kän bir duýmadymam welin, gapdalymda duranlaryň biri beýlekisini süsdi. Ötünç soraýjakdam welin, ýöne, agzyny açyp-açmanka, süsülen sesinde baryny edip, heňkirmäge başlady.
― Haý, nadan! Inersiýa kanunyny bilmeýändigiň bes-belli-dä! Eger bilýän bolsaň, öz deňagramlylygyňy saklardyň. Her bir ýagdaýa taýýar bolup durardyň. Ras, maşyna mündüňmi, inersiýa kanunyny ýatdan çykarmaly däl, ýogsam göreni süsüp ýörmeli bolarsyň!
Süsen mölerilip durşuna, ilk-ä onuň aýdanlaryny sesini çykarman diňledi. Birdenem özüniňem ondan ylymsyz däldigini subut etjek boldumy, nämemi, o-da ellerini galgadyp, gygyrmaga başlady.
― Bä-ä, şeýlemi? Inersiýa kanunyny bilmelimi? A sen, bütindünýä dartylma kanunyny bilýäňmi?
― Bu ýerde dartylma kanunynyň näme dahyly bar? ― Süsülen süseniň ýüzüne jüýjerilip, erbet jibrindi. ― Sen: «Bir predmete daşdan başga bir güýç täsir etmese, ol duran ýerinden üýtgemez» diýjek bolýaňmy? Emma, bilip goý, adam predmet däldir. Ol awtobusyň içinde öz deňagramlylygyny saklamagy başarmalydyr. Munuň üçin bolsa, her kesiň dartylma kanunyny däl-de, inersiýa kanunyny bilmegi gerekdir.
― Ýok! Ýok! Bu ýerde dartylma kanuny bolmadyk bolsa, men duran ýerimden üýtgemezdim, diýmek, gelip seni süsmezdim.
― Ana, ylymdan habarsyzdygyň eýýäm belli boldy. Gaýtalap aýdýan, bu ýerde sen diňe inersiýa kanunyny berjaý etmegi ýatdan çykardyň. Onsoňam, sen meň aýagymy basdyň. Köwşüň ökjesi bolsa inçe. Munuň özi basyş kanunyna esaslansak, ýene-de seň ylymdan habarsyzdygyňy görkezýär. Sen ylmy durmuşda peýdalanmagy başarýan adam bolanyňda, kimdir biriniň aýagyny atdanlykda basjakdygyňy göz öňünde tutup, köwşüň ökjesini giňräk ýasadardyň. Çünki basyş meýdanyna düşýän güýç täsir edýän güýjüň meýdany bilen ölçenýär. Ýagny täsir edýän güýjüň meýdany giň bolsa, basyş meýdanyna güýç az düşýär. Eger täsir edýän güýjüň basyş meýdany dar bolsa, basyş meýdanyna güýç köp düşýär. Şeýlelikde, sen az meýdan boýunça täsir edenligiň üçin, maňa, ýagny basyş meýdanyna güýç köp düşdi. Netijede aýagym erbet agyrdy.
― Seňňem-ä bilýän zadyň ýok ekeni. Ýaňy men bütindünýä dartylma kanunyny agzamda, «Bir predmete daşdan başga bir predmet täsir etmese, ol duran ýerinden üýtgemez» diýip, ýalňyş teoriýany orta sokduň. Seň ol aýdýanyň dartylma kanuny däl-de, hemişelik kanuny ahyry. Ylmyň takygyna ýetmän gürleýäň-de, gury öz medeniýetsizligiňi görkezýäň. Bütindünýä dartylma kanuny bolsa, ýeriň çekiş güýjüne esaslanyp döredilen zatdyr.
― Onda näme sen bu ýerde dartylma kanunyny sokduň? Sen ýerden örküňi üzmediň ahyry.
― Ýagşy, men seni näme üçin süsendigimi hemişelik kanuny esasynda düşündireýin. Eger awtobus özüniň maňa eden täsiri bilen inersiýa kanunyny ýeňip geçip, meniň elimi tutawaçdan sypdyryp goýbermedik bolsady, onda men seni ömrylla-da süsmezdim. Diýmek, maňa daşardan ullakan bir güýç täsir edipdir, meniň bir ýerde durmak ukybymy ýeňip geçip, hemişelik kanunyny bozupdyr. Hemişelik kanunynyň bozulmagy bolsa, durmuşda ýygy-ýygydan bolýan zat. Şonuň üçinem sen, han aga, nähak gatyrganýaň.
― Özüňi aklajak bolup, her zat edýäň-ow, halypa!
― Senem-ä barypýatan kejir adam ekeniň. Sähelçe medeniýetiň bolan bolsa, birinjiden-ä, gürleşeňde gürrüňdeşiňe hormat goýardyň, ikinjidenem, ylmy jedellere köre-körlük bilen däl-de, seresap çemeleşerdiň.
― Seň indi düşünjeli adam boldugyňmy şü? Ondan-a git-de, özüňi tertibe sal, sakgal-murtuňy al, adamlara sypaýy görünjek bol.
― Ana, gördüňmi? Sen ýene-de gerekmejek meseläni ylmy gürrüňe sokduň. Şeýdibem, kejirligiňi ýene bir gezek subut etdiň. Görýän welin, sen ýeke bir ylymda ýa medeniýetde däl, eýsem, adamkärçiligiň iň bärkije düzgünlerinde hem agsaýan ekeniň.
― Seň, indi, adam boldugyňmy şü?
― Näme bolupdyr bolman?
― Aý, sen-ä bir haýwan ekeniň!
― Saňa doňuz diýerler.
Dawanyň yzyny diňlemek maňa miýesser etmedi. Sebäbi men indiki duralgada düşmelidim.
1969 ý.
Hekaýalar