16. ÇYKALGA
Bary-ýogy üç sany kel hekaýa ýazan Oramet, edebiýat bölüminiň müdiri Akgurbanowyň halys ýüregine-bagryna düşdi.
― Wah, käşgä bir suwytly zat getirse, menem hezil etsem, ilem hezil etse! ― diýip, Akgurbanow gabat garşysynda oturýan işgäri Begdurdynyň ýanynda zeýrendi.
Oramediň ýüzüne welin, gaty-gaýrym zat diýmedi. Sypaýyçylyk bilen «degerli» maslahatlar berdi. Özüni bilen adam şondan soň bir öz işi bilen bolubermeli welin, Oramet ony etmedi. Gaýtam, örç aldy. Ir bilen getirip giden hekaýasyndan guşluk bolmanka, jaň edip habar tutdy.
Akgurbanow nägile seslendi:
― Eýýämhaçan nädip okaýyn men ony, jan inim?
Trubkadan çykýan jygyrdawuk sesem ýeň bermedi.
― Bary-ýogy bäş sahypa, näme okamasy bar oň?
― Ýeri bolýa, okaýaryn. Soňrak bir habar tut!
Nahar wagty boluberende, Oramet ýene-de jaň etdi. Müdir oňa edil beýdäýerem öýtmändi. «Soňrak habar tut» diýende, ol ertiri, birigüni, has dogrusy, indiki hepdäni göz öňüne tutupdy. Gyssanjyna, müdir ýalan sözledi:
― Hm-m, howwa, okadym!
― Nähili, boljakmy?
― Beýlekilere-de bir görkezeli entek!
― Bor, men soňrak ýene habar tutaýaryn.
Akgurbanow: «Şuny okap bir dynaýyn-la» diýip, dişini gyjady-da, nahara-da gitmän, Oramediň hekaýasyny okady. Okap bolup, sagadyna seretdi. Arakesme gutaryp barýar. Ýerinden turup, ýaňy bir gapa ýönelendenem, telefon jyňňyrdady. Oramet ekeni.
― Nähili?
— Biz-ä göwnemedik.
Şondan soň sagat ýarym geçip-geçmänkä, gölesi galan sygyr ýaly «haş-haş» edip, Oramediň özem ýetip geldi. Ol hasap depderiniň dikligine doldurylan bäş tagtasyny stoluň üstüne gütledip goýdy.
― Ony göwnemeseňiz, munam bir görüň!
Akgurbanow Oramedi gapdalynda oturdyp, sypaýy gürledi.
― Munyňam okarys. Ýöne onyňy äkit. Özüňem howlukma. Bize senden başga-da ony-muny getirýän bar. Olaňkynam okamaly bolýa. Howwa... Gelip dur, ýazyp dur. Ýazyberseň, bolar özi.
Oramet çykyp gitdi. Iş gutaryberende, ýene-de telefon üsti bilen günortanky hekaýasynyň halyny sorady.
Şeýdip duransoň, müdir Orametden ymykly dynmagyň ýoluny agtaryp başlady. Uzyn gije ýatmady. Daňdan boluberende, kellesine bir pikir geldi. Şol pikiri bilenem irden işe bardy. Görse, Oramet onuň özündenem ir gelen ekeni. Akgurbanow ýene-de ony gapdalynda oturtdy. Bir käse çaý berdi. Oturgyjyny öňe süýşürip, has alkymlady.
— Hekaýaňy çykarýas, inim, arkaýyn gaýdyber.
Oramet «ýyrş» etdi. Hoş bolubam çykyp gitdi. Hemişe sähel zada-da «jykyr-jykyr» gülüp oturan Begdurdynyň gaşlaryny gerip: «Nädip çykarjak ony?» diýen soragyna Akgurbanow: «Ine, şeýdip çykarjak!» diýäge-de, öňüne bir topar ak kagyzlary üýşürdi. Iň üstki kagyzyň ýokarsyndan Oramediň soňky getiren hekaýasynyň adyny ýazdy. Yzyndanam şol hekaýanyň mazmuny boýunça bütinleý başga bir hekaýa ýazyp başlady. Iş gutarara ýetişip bilmän, öýüne äkidibem işledi. Şondan iki hepde geçensoň, gazetde Oramediň ady bilen çaklaňja bir hekaýa çykdy. Hä diýmänem gapynyň agzynda Oramediň özi peýda boldy.
― Azajyk üýtgedipsiňiz-ow!
Akgurbanow onuň ýüzüne köpmanyly seretdi.
― Näme, halamadyňmy?
― Aý, ýok, gowy. Oňat. Köp sag boluň. Ol goltugyndan ýene bir hekaýa çykardy. Akgurbanow onam aldy.
― Tüweleme, zor ýazýaň ― diýip, ony ganatly gyr ata mündürip goýberdi. ― Telefon nomeriňem goý, inim!
Şondan bir aý çemesi wagt geçensoň, Oramediň ýene bir hekaýasy çykdy. Şol gün ir bilen işik açyldy. Elini somaldyp gelýän Oramedi görüp, Akgurbanow ýerinden turdy. Oramediň näme diýerine garaşdy. Oramet «gümp-samp» etdi.
― Başga biriniň hekaýasy meň adyma gidäýipdir öýdýän?
― Ýok, seňki şol hekaýa. Ýöne birazajyk üýtgeden bolduk. Gazet bilen reňkdeşräk geler ýaly. Ýene getir, zadyň bolsa.
Oramet ýaýdandy.
― Aý, enteg-ä ýok. Wiý, şol ilki gaýtaran hekaýaňyz-a bar. Düzedip getiräýerin?
― Ýok, ol bolmaz. Ýöne sen, inim, ojagaz ýeke hekaýaňa daňlyp oturma. Täzesini ýaz. Ýaz, güzlet-de! Ertiriň özünde ýalpyldadaly.
Oramet birmeýdan äm-säm bolup durdy:
― Oňararmykam?
― Oňararsyň. Näme oňarman, eliňden gelýä, ýaz otur-da. «Ýok» bir diýmäweri...
Ol çykyp gidensoň, bir sagat geçip-geçmänkä, Akgurbanow Oramediň telefon nomerini aýlady.
― Hä, senmi? Nähili, başladyňmy? Başla! Ýogsam ýetişmersiň. Işmi? Ä-äý, iş bormy, hekaýa ýazylýarka?! Pikiriňi işde etseň et-de, agşam öýe baraňsoň, hökman ýaz! Meni ýüzügara edäýme. Eýýäm plana goşulandyr.
Akgurbanow agşamlyk Oramediň öýüne-de jaň etdi. Gyssady. Indi Oramet ýalbaryp başlady. «Iki gün puryja ber» diýdi. Müdir puryja bermedi. «Ýaz, geregiňi artdyrma!» diýdi. Öýüne ýörite barybam gyssady.
Oramediň hekaýa getirmeli möhleti gutardy. Emma hekaýa gelmedi. Hasaby dogry çykan müdir şol günüň ertesi işe gelenden, Oramede jaň etdi.
― Saňa goýan ýerimizi-hä bir zatlar bilen suwadyk welin, bolsa-da käýinj-ä eşitdik. Ýöne ir-giç diýme-de, getir bir zatlar, bar bolsa.
Oramediň sesi naýynjar çykdy.
― Ýok-da.
Müdir has gazabyna tutdy.
― Ýoguň bolmaz! Tap! Näme beýle köp aýtdyrýaň? Hä?! Saňa diýýän men! Näme beýle köp garaşdyrýaň?
― Wah, agam, ýok, başga zat ýok!
― Çynyňmy-aý seň?
― Hut çynym. Çynym...
Akgurbanow trubkany goýdy-da, uludan demini alyp, Begdurdynyň ýüzüne seretdi. Begdurdynyň bu gezekki jykyrdysy öňküleriniň dagy çeni-çaky bolmady.
1982 ý.
Hekaýalar