17. MASLAHAT
Ýaş ýazyjylaryň Respublikan maslahaty bellenilen güni ylaýyk sagat on tamam bolanda, öz işine başlady. Ilki bilen Ýazyjylar Soýuzynyň başlygy prezidiumda oturan ýerinden galman, mikrofona agzyny ýetirdi-de, maslahaty açmak üçin gapdalynda oturan ýaşulyrak ýazyjylaryň birine söz berdi.
Söz berlen ýazyjy abşanaklap geldi-de, iki eli bilen tribunadan berk ýapyşdy. Galyň äýnegiň aňyrsyndan üç esse dagy ulalyp görünýän gözlerini oturanlara tarap aýlady. Sandyraklap duran elindäki kagyzy howlukmaçlyk bilen ilk-ä çep gözüne, soňam sag gözüne diredi. Yzyndanam dört epläp, jübüsine dykdy-da, dik-gögüne garady.
― Tä-äk... Wo-opşem ýoldaşlar, ýagdaý şeýle... Apsuždeniýä hödürlän işleriňiz bilen-ä koýe-kak tanyş bolduk. Elbetde, men bu ýerde o zatlar barada daskanalny aýdyp durjak däl, ony çykyp geplejek ýoldaşlar aýdarlar, men ýöne näme diýjek bolýan, ine, ýap-ýaňyja özüňizem bilýänsiňiz, prawitelstwämiz dil barada, dili ösdürmek barada programma işläp düzdi, türkmen dilini ösdürmegiň ýollaryny salgy berdi. Ol programmany amala aşyrmak, elbetde, ep-esli derejede size bagly. Şonuň üçinem, meniň aýtjak bolýan zadym, hödürlän eserleriňizde, osnownoý, dil baýlygy ýetenok. Diliňiz garyp. Iň ýamanam, arassa däl. Dürüşde. Diliň arassa bolmadyk ýerinde, ýoldaşlar, hiç hili edebiýat bolup bilmez. Şonuň üçinem, eger-de şu oturan ýoldaşlar garşy bolmasa, şu maslahaty, esasan, dil problemasyna bagyşlaýsak diýýän. Büý-ä bir. Ikinji bir aýtjak zadym, o-da şu seminara sapsim heňe gelmeýän eserlerem hödürlenipdir diýjek bolýan. Nelzýa že tak, towarişi!.. Indiwiduallyk, tipizasiýalaşdyrmak, obraz döretmek ýaly edebiýatyň esasy elementleriniň düşnügem ýok. Olar ýaly eserleri seminara hödürlemekden ýoldaşlar, wozderžatsýa edäýmeli ekeniňiz!.. ― Ýaşuly ýazyjy duran ýerinden prezidiumdakylara tarap öwrüldi. ― Oblast konsultantlaryna-da şu barada ispisalny poruçeniýe bermek gerek. Goý, bärik gaýtmazdan öň, özleri oňatja gözden geçirsinler. ― Ol ýene-de köpçülige tarap öwrüldi. ― Wo-ot... ― diýdi-de, süýem barmagy bilen dulugyny dyrmalady. ― Ýene näme dinjekdim-ä men?.. Hä-ä... Indi ýadyma düşdi! Kaneçno, okalan zatlaryň içinde bole-mene ganymat ýazylanlaram bar. Olar barada-da ispisalny aýdylar. Ýöne öňünden pridipruždat edeýin, ýagny şu ýerde şu gün hiç kimden ýüz görüljek däldir. Absalýutnyý deňlik boljakdyr. Demokratiýa-da saklanjakdyr. Şonuň üçinem birden öz adresiňize reskiräk bir zat diýläýse, abižatsa edip durmaň. Gaty spokoýna prinimat ediň. Kritika diýlen zat gowy zatdyr, razumnyý wywotlar edibilseň. Kim-kimden ni dowolnyý bolsa, soň öz aralarynda wysnit edişibersinler. Tä-äk... Indi näme?.. Hä-ä, indi neme, o zat... ýagny haçan seminar bolarow, maslahata çagyrarlarow, diýşip, ýaýdanşyp ýörmäň diýjek bolýan men size. Lýuboý mament geliberiň, getiriberiň, nämäňiz bolsa. Maslahat bermek biz bilen. Ýöne meniň ýene bir gezek sizden etjek haýyşym: diliňize üns beriň! Diliňiz şireli bolsun, akgynly bolsun! Özüňizem köpräk okaň. Koroçe goworýa, men bu ýerde köp gepläp, siziň wagtyňyzy atnymat edip durjak däl. Indiki geplejek ýoldaşlaram aýdarlar öz mneniýelerini, diňlärsiňiz. Üýşüp absuždat edersiňiz. Jedelleşersiňiz. Pažalysta! Oň gürrüňi bolmaz. Wo-opşem maslahat gowy geçermikä diýýän men-ä. Ine, meň-ňä osnownoý aýtjak bolýan zatlarym şu zatlar...
Ol düşende-de, edil münendäkisi ýaly, abşanaklap düşdi. Ýerine geçip gaýşaryldy. Başlyk edil başdakysy ýaly, mikrofona agzyny ýetirdi.
― Nu çto ž... başlabereliňmi onda? ― diýip ýaýdanjyrady. ― Onda, kimiň wystupat edesi gelse, zapiskajyk ibermegini haýyş edýäs. Häzir bolsa, sözi molodýožnyý seksiýanyň başlygy Garahan Geldiýewe bermekçi.
Garahan Geldiýew diýilýänlerem münbere çykdy-da, kükregini ýelden doldurdy. Oturanlary ýeke-ýeke gözden geçirdi. Soň elindäki kagyzlary eýläk-beýläk agdaryşdyrdy-da, sag aýagyna agram saldy.
― Znaçit, şeýle ýoldaşlar...
Şondan soň ýaş ýazyjylaryň dil meselesine bagyşlanan maslahat öz işine ymykly başlady.
1983-1989 ýý.
Hekaýalar