18. ÖŇDE DURMUŞ ÝATYR
Durmuş guranlaryna ýedi aý diýlende, bolgusyz zadyň üstünde tersleşdiler. Ýigit gazabyna bäs gelibilmän, dazlap, işige bardy-da, gapyny şakyrdadyp açdy. Sag elini daşaryk uzadagada, süýem barmagyny çommaltdy:
― Marş! Ýok bol, şu içerden! Görünme gözüme!
Gahardan ýaňa dolup-daşyp duran gelin iki aýtdyrmady. Eşiklerini eplemäge hem howlugyp, düýrläp-düýrläp ullakan ýolbukja dykmaga başlady. Gara der bolup haýdap ýörşüne, pasportyny hem almalydygyny ýatlady. Tapman öýüň içinde ters aýlandy. Adamsyndan soramany özüne kiçilik bilip, sagat ýarym dagy öý dikdi. Tükeniksiz sermendi. Bir gören ýerini on gezek dagy agtardy. Oňa çenlem gaýyp gelen gahary akyl diwaryna dege-dege yzyna serpilip başlady. Sowaşdy. Akylyna aýlandygysaýam öz-özünden utandy, ärinden «Ýeri bolýa, bagyşla!» diýen söze garaşdy. Aýrylyp baryp, ata-enesini, doganlaryny gepe-gürrüňe goýmakdan çekindi. Derledi. Pasportyny tapansoňam, gidibermäge bogny ysman köwejekledi. Dykyşdyran geýimleriniň içinden haýsydyr bir zady gözlän bolubam, ep-esli güýmendi. Ýene-de äriniň hoş söz aýdyp, aralykdaky doňy çözmegini isledi. Özüniň eglişik etmegine bolsa, gelinlik buýsanjy ýol bermedi. «Özüm ýaraşsam, ýaman öwrener. Her gezek sögüşende, «git» diýip, üstüme düblär durar...».
Içki jaýda arkan düşüp, içini hümledip ýatan ýigidem gelniniň, hakykatdan-da, ümdüzüne çykyp gidibermeginden ätiýaç edip, öwran-öwran diňşirgendi. «Dogrudanam, gidibermese-de ýagşydyr. Ýa, baryp: «Gal» diýäýsemmikäm. Ýok, beý diýsem, ýaman öwrener. Her gezek tersleşende, «gitjek» diýip, dyzar durar».
Soňabaka ikisem öz ýanyndan pikirlenip, näme üçin, näme sebäpli tersleşendiklerini ýatlaryna saljak bolup dyrjaşdylar. Emma hernäçe oýlansalaram, tersleşigiň düýp sebäbini bilip bilmediler. Kem-kemdenem duýdansyz gelen duman düýpli sowuldy. Ýigit ýerinden turdy-da, gelniniň oturan jaýyna bardy. Goş-golamlaryny ýassanyp ýatan ejiz göwräni görüp gyzardy. Öz-özünden utandy. Näme diýjegini bilmän, sömelip durşuna ardynjyrady. Gelin welin gozganmady. Adamsynyň sandyrap duran eli gerdenine degende-de tisginmedi. Ýigit gözýaşy bilen üstüni ezen gelniniň iki çigninden tutup, çalaja yralady. Emaý bilen galdyrdy-da, gujagyna gysdy. Gelnem şondan artyk geregini artdyryp durmady-da, äriniň boýnundan aslyşdy. Ýarym sagatlap hiç haýsyndan ses-üýn çykmady. Hem ökünç, hem begenç, hemem ägirt uly tejribe talap edýän durmuşyň ilkinji synagyndan sag-salamat geçilmegi öwrenje maşgalabaşylara gepläre ýol goýmady. Durmuş çalaja silterledi. Çalaja entirekletdi. Şeýdibem, şu gezeklikçe goýbolsun etdi. Gubarlan göwünlere şatlyk aralaşdy. Edil şol wagtam bu iki göwräniň şatlygyna goşulýan ýaly, gelniň garny müňküldäp gitdi. Ýigit ýylgyrdy. Gelnem ýylgyrdy. Ortarada üýşürilgi duran goşlaryna bakyp dodagyny dişledi. Gaharyň ugruna gidip, bal ýaly gününi tasdanam bulandygy üçin erbet bir hopukdy. Ýigidem uludan bir sowuk demini aldy-da, öňünde ýene nämeleriň bardygyny görmek isleýän ýaly, tutusy açyk penjireden has alyslara, gözýetim bilen asmanyň tapyşýan ýerine seretdi. Öňünde çyrpynyp ýatan durmuş deňziniň girdabyna gark bolman, ol kenara ýetmekligiň hut özüne, ýok. özlerine baglydygyna ýene bir gezek pugta göz ýetirdi.
1982 ý. Aşgabat.
(Kitabyñ soñy).
Hekaýalar