01:16 Gijelikde üýrýän ganjyk / hekaýa | |
GIJELIKDE ÜÝRÝÄN GANJYK
"Adamlary näçe gowy tanadygymça itleri şonça gowy görýän". J.B.Şou Hudaý ilkinji gezek älemi döredende hem şeýle ajaýyp ümsüm gije bolan däldir... Asmandaky Akmaýanyň etrapynda patrak bolup pytrap ýatan ownukly-irili ýyldyzlaryň gezekli-gezegine göz gypyp durşy hem üýtgeşik. Häzir zeminiň ses-selemsiz garaňkylykda meýmiräp dymyp durşy hem gaýtalanmajak zat. Belent depäniň üstünde çaklaňda obanyň ulusy-kiçisi ukuda. Dag tarapdan öwsüp gelýän gar ysly salkyn ýeller bu gijäniň iň lezzetli zady. Gaýalaryň bilinde ösüp oturan arçalaryň, dürli öt-çöpleriň, gülleriň ýiti ysyndan bark urup gelýän şol ýeller bu obanyň ukudaky adamlaryna jenneti düýşler paýlaýan ýalydylar. Bu obada diňe Azat uklap bilenok. Wagt ýary gijeden öten hem bolsa gözlerine çiş kakylan ýaly. Hezil edip ýatmaly wagty gözel ukusyny haram edip duran ýekeje zat bardy. Obanyň aňry çetinde bir ýerde yzyny üzmän üýrýän it sesi uklamak beýlede dursun, aýagyňy uzadyp ýatmaga hem goýanokdy. Nirededir bir ýerde “wow-wowy” ýatmaýan it bar rahatlygyny alyp goýaýdy asyl. Daşarynyň salkyn howasy gelip dursun diýip iki tarapa açyp goýan penjiresini hem jebis edip ýapyp gördi. Ýok, itiň sesi bir ýerlerden syzyp gulagyna gelip dur. Düşegini bulam-bujar edip iki ýana agdarylyp “uf-f” diýip içini sowatjak boldy. Bolmady. Kellesini per ýassygyň aşagyna sokup gördi. Itiň üýrýän sesi barha batlanýardy. Barybir ýatyp bilmejegine gözi ýeten ýaly ýerinden turup biraz oturandan soň howla çykdy. Daşarynyň howasy biraz salkyn eken. Ol maýkasynyň üstünden ýeňiljek bir zat atmak üçin içeri ýönelende ýene säginip, itiň sesini gulak asdy. “Ýok, tanyş it däl, anyk bir ýerlerden gelen bolmaly”. Ak reňkli sport eşiginiň ýokarsyny egnine atyp ýene daşary çykandan soňam Azat itiň haýsy töwerekde üýrüp duranyny anyklap bilmedi. "Be-e, kimiň iti bolup biler-äý bi-diýip hyrçyny dişläp, bir salyp saklandy" Sapar kepjeleriň ala köpegi däl, Durdy daýylaryň awçarkasy hem däl, Geldi poçtalaryň gürjüsi-de däl, onda bi durman üýrýän it kimiňki bolýar. Azat däli edip barýan it sesinden ýaňa bez bolup durşuna “It wepa-aýal biwepa”, diýen nakyly, soňra “It ýandakdan böken ýaly” diýen aýtgyny kellesinde aýlady. “Aslynda it diýen janawarda sekiz dürli adamyň häsiýeti bolýarmyş, ýagny esgeriň, ruhanynyň, ýeňles aýalyň, ýene kimleriň gylyk-häsiýetleri bolýar diýip okapdym, walla, ýadyma düşenok. Bolýa, diýeli it bilen esger häsýetdeş geler, ikisem goragçy. Ruhany bilen itiň häsiýetinde näme baglanyşyk barkan-aý. Ýeňles aýal bilen-ä meňzeşligini itiň eýesini görende guýrugyny bulap ýallaklaberşinden hem bilip bolýar”. Içini gepledip duran Azadyň öňräk gören porna filmi ýadyna düşdi. Sary saçlary egninde tolkun atyp duran 30-35 ýaşlaryndaky çuw-ýalaňaç aýal äpet ala köpek bilen jyns gatnaşygyny edýärdi. Kellesini ýere goýup, sagrysyny galdyryp ýatan aýalyň ardyndan baryp jyns hyjuwy bilen onuň üstüne aşýan ala köpegiň ezber hereketleri bu işi öňden edip ýörendigine şübhe etdirýärdi. Filmi soňuna çenli tomaşa edip bilmän Azat ýerinden turdy. Itleri hiç wagt erbet görmedigem bolsa şo mahal ala köpekden öýkelän ýaly lapykeç boldy. Asyl porna görmegi goýbolsun edäýesi geldi. “Ulular üçin” diýlip aýdýarlar, ýöne ol filmlerde-hä ululara nusga bolar ýaly zat ýog-ow. Itiň boluberişini diýsene...” Ol aýallardan her zada garaşsa-da, itleriň beýle samsyklygy edip biljegine ynanyp bilmedi. Azat pikirlerinden saplanyp. Kellesine rahatlyk berjek bahanasy bilen çilim otlandy. Itiň sesi ýatyberenok. Bir ýerlerde irginsiz içigip-içigip uwlaýar. Birine topulyp däl-de kömek sorap üýrýän ýaly bu itiň sesi. Bu gijäni hoştap howasyny, ümsümligini, asyl ähli gowulygy bozup irginsiz üýrýän itiň owazy aram-aram kiparlaýardy, soňam täze güýç bilen batlanýar. “Be-e, menden başga şu itiň waňkyldysyndan bizar bolan biri ýokmuka, ýa bir özüm ýatyp bilmän otyrmykam? - diýip, Azat barmaklarynyň arasyny gyzdyryp ugran çilim galyndysyny gapdala pitikläp goýberdi. - Kimiň iti bolup bilerkä bi, şeýdip gutarman üýrýän ýigrenji iti obada kim saklaýarka”? Azat gözüne çiş kakyp, çüňker keýp bolup oturşyna bäş-alty günlükde obanyň gyrasyndaky kälde bir eýesiz itiň güjükländigi hakda goňşusy Çammadyň gürrüňini ýadyna saldy. Ýöne janawaryň ýaňy aýaklanyp ugran güjüklerini obanyň oglanlary öldüripmiş, güjükleriniň ölüp ýatyşyny gören ene ganjygyň özem çyňsap-çyňsap jan beripdir diýip, Çammat geň galyp aýtdy. “Barybir ýatyp bolmajak bolsa, kelleagyry bolup oturandan peýda barmy-diýip, ýerinden turan Azat itiň sesini tarap gitmegi ýüregine düwdi. - A belki it guduz bolsa näm etmeli, ýöne ýerden uzak gije öz-zünden üýrüp durasy ýok”. Ol soňky eden çaklamasyndan howatyr edip, içeri girdi-de goşasyny egnine atyp çykdy. “Eger kimiň itidigini tanap bilmesem, nah-huý atyp öldürjek, bir gije ukudan goýdy”. Obanyň uzyn köçesi bilen bir meýdan ýöränden soň Azat säginip diň salyp durdy. Itiň sesiniň haýsy ýerden çykýanyny yzarlady. Soňra ýene ýene ýoluny dowam etdirdi. Egnine atan goşasynyň agramyny duýup barşyna biraz ýöränden soň açyk meýdana ýetip aýak çekdi. Itiň sesi golaýdaky kälden çykýardy. “Gözüniň öňünde güjükleri öldürilen ganjykmyka ýa - diýip, Azat biygtyýar oýlandy. - Hany ony öldi diýmänmidiler. Eger ölmedik bolsa, guduzlan bolmaly, şonuň üçin hem şeýdip dyngysyz üýrýän bolmaly... Käliň içine girip el fonarigini ýakan Azat dyza ýetýän meýdan otlarynyň arasynda hiç zat görmän biraz saklandy. Elindäki ýumruk ýaljak el fonarigi bilen azajyk meýdany ýagtyldyp bäş-alty ädim ädip, ol edil garşysynda özüne garap gapyrgalary sanabermeli hor ganjygy gördi. Üýrüp-üýrüp mejaly galmadyk ganjyk boýnuny sallap durdy. Indi ol üýrenokdy, ýöne oňa derek ot-çöpleriň arasynda aglaýan çaganyň sesi gelýärdi. Azat el fonarigini ses gelýän tarapa gönükdirende ak gar ýaly arlyklara gözi düşüp tisgindi. Bäbejik ýüzüne düşen şugla gözjagazlaryny açyp bir zatlary görjek bolýardy. Sylapberdi MUHAMOW, 20.01.2019. Garagaç obasy. | |
|
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |