GOJA PÄLWANYŇ GÜRRÜŇI
Daň ýaňy tilkiguýruk bolan uçurlary kakasyny garşylamak üçin «Garabekewül» demir ýol menziline gelen Kadyr uzak garaşmaly bolmady. Ulagyndan düşenem şoldy welin, göýä otlynyň gelýänini söýünjileýän ýaly, onuň özünden ozal sesi geldi. Ol sesiň gelmegi bilen demir ýol menziliniň gaýda-gaýmalaşygy artdy. Säheriň sergin çagynda garşylaýanlara garaşyp, ulagynda irkiljiräp oturanlaryň ählisi daşary çykdy. Bu ýere geläýen mahaly «Menzilde kän bir adam hem ýok eken» diýen pikiri serinde aýlan Kadyr: «Baý-buw, adamlaryň ählisi ýolda oguşýan. Garşylaýanlar şunça bolsa, gelýänler näçekä?» diýenini duýman galdy. Emma onuň içindenmi, daşyndanmy aýdan sözlerini özünden başga eşiden kişi bolmady. Aslynda, ol hiç kimden jogaba-da garaşmandy, «Dile geldi — bile geldi» diýenlerini edip, ýöne aýdyp goýberipdi.
Bu mahal onuň bar aladasy paýtagta gidenine ýarym aýdan-da köp wagt geçen kakasydy. «Bir mahalky pälwanam bolsa, goja kişidir, otluda hiç kime ýük bolmadyk bolsa-da ýagşy» diýip, içini gepledýärdi. Onýança daňdanyň ümüş-tamşyny böwsüp, otly göründi. Ol tizligini peselde-peselde menzile ýetdi-de, ahyram togtady. Saklanaryna mähetdel, göýä uzak ýolda aran ýaly, uludan bir haşlap «demini goýberdi».
Hemmeler çalt-çalt ädimläp, garşylamaly kişisiniň wagonyna sary ugradylar. Kadyram kakasynyň münen dokuzynjy wagonyna garşy ýöneldi. Şol mahal çaklaňrak torbasyny göterip gelýän goja nazary düşüp: «Tüweleme, her ýerde daýaw ýaşulular bar-ow, eline hasa-da alman, öz süýegini özi süýräp gelýär» diýip, içini gepletdi. Birdenem, onuň öz kakasydygyny görüp, aňalyp galdy: «Be, janlarym, otluda hasasyny ýitiräýdimikä?».
Oglunyň içgepletmesini eşiden ýaly, ýaşuly şadyýan dillendi:
— Öwelip galdyň welin, hasasyz gelşimi geň göräýdiň öýdýän, oglum?!
— Ýogsam näme, sizi «Mollagara» şypahanasyna däl-de, paýtagtymyza ugradypdyk ahyryn.
— Eýle-beýle sökelligi, aýratynam gojalygy gözellik ýeňýän eken, oglum. Paýtagtymyzyň gözelliklerini, Aşgabat Aziadasynyň oýunlaryny synlap ýörşüme gojalygam ýatdan çykdy, hasa-da. Gören täsinliklerim göwnümi ganatlandyryp, ruhumy al-asmana göterdi. Olar barada öýde arkaýyn gürrüň bererin.
Kakasynyň täsin söhbedini hernäçe diňläsi gelýän-de bolsa, Kadyr agşama çenli tagapyl etmeli boldy. Işe barmaly wagtynyň golaýlandygy üçin, kakasyny öýünde düşürip, ýene-de ulagyna mündi.
* * *
At gaýtarym ala meýdana saýa salyp oturan balhy tuduň aşagyndaky sekide käsesine guýan tüňçe çaýyndan käte bir owurtlap, goşa ýassyga tirsek uran bu goja obadaşlary uly hormat bilen «Gurban pälwan» ýa-da ýöne «Pälwan aga» diýerdiler. Bu mahal ýaşy birçene baryp, ýüzüne ýyllaryň ýygyrdy düşen ak sakgally ýaşuly nury öçüşen didelerini bir nokada dikip, ýatlamalaryň kölüne gark bolupdy. Ýatlamaga bolsa onuň ömür menzilinde täsin wakalar näçe diýseň bardy. Eginlerinde adam oturybermeli pälwanyň tutumly toýlarda her gezek baş baýraga goýlan tabagy alyp orta çykmasynyň özi bir ýatlamady ahyryn! Çünki toýuň öňýany «Göreşe Gurban pälwan geljekmiş» diýen habary eşiden özge pälwanlaryň birnäçesi elini biygtyýar ýeňsesine ýetirenini duýman galýardylar.
Ýogsa-da goja pälwan häzir nämeleri ýatlaýarka? Kim bilýär, belki ol häzir kän bir emgenmezden goňşy döwletden gelen Reýhan Arap ýaly mähnet Daşdemir pälwanyň ýagyrnysyny ýere degrenini ýatlaýandyr. Belki-de, Halajyň bir obasynda özüniň ilkinji söýgüsine — ömürlik ýanýoldaşy Bibijemal ýeňňä duşanyny ýatlandyr. Belki-de...
«Salawmaleýkim, pälwan!» diýip, ýegre dosty Meret aganyň ardynjyrap gelmesi Gurban pälwanyň ýatlamalarynyň arasyny böldi. Goja pälwan tirsekläp ýatan ýerinden dikeldi-de, onuň salamyny aldy. Öý-ojakdan başlap, mal-gara çenli ýatlap, saglyk-amanlyk, soraşdylar. Meret aga sekide ornaşyp, dostunyň uzadan çaýly käsesini eline alansoň, gyzyklanma bilen Gurban aganyň ýüzüne seretdi:
— Ýeri, pälwan, Aşgabada gidip gelen ekeniň welin, eýgilikdir-dä?
Gurban pälwan käsesiniň düýbündäki çaýy bir gapdala serpip goýberdi-de, mys-mys gülüp:
— Berýän sowalyň dagy näteňet, Meret? Eýgilik bolansoň gidilýär paýtagta — diýdi.
Meret aga sowalynyň ýöntemräk bolanyny duýup, ýuwmarlamaga çalyşdy:
— Aý, näbileýin, goňşy arada aýtman-diýmän birden Aşgabada ötägitseň, näsaglap dagy edäýdiňmikäň öýtdüm. Has zerur bolmasa, bu ýaşdan soň kän bir uzaklara gidilibem ýörülmänsoň...
Gurban pälwan onuň sözüni böldi:
— Dogry aýdýaň, ýaşyň birçene baransoň islän ýeriňe gidibermegem ýeňil däl. Ýöne, göwre garrasa-da, göwün garramaz eken, paýtagtdaky agtygym Çary jan Aşgabatda boljak Aziýa oýunlary barada, özüniňem türkmen milli göreşi boýunça Aşgabat Aziadasyna gatnaşmaga hukuk gazanandygy hakda aýdaly bäri bir ýerde oturyp kararym ýetmedi. Ynansaň, gijelerine düýşümde ýene-de göreşe çykyp ugradym. Onda-da kimler bilen diý, özge ýurtly pälwanlar bilen! Onsoň, oturyp-turup oýlandym-da, agtygyma jaň edip, petek almagy tabşyrdym.
— Bä-ä, gojalygyň islegiňe badak atmadymy?
— Gojalyg-a däl, agtygym badak atjak boldy, «Ýaramarsyň, teleýaýlym arkaly tomaşa edäý!» diýip. Oňa-da: «Sen ataňy tanaňok, paýtagtymyzda boljak Aziýa oýunlary hakyndaky habar maňa ýigitlik gujuryny berdi. Men indi Aşgabat Aziadasynyň oýunlaryna Olimpiýa şäherçesinde tomaşa etmesem, ömür armanly bolaryn. Diňe bir tomaşa etmek däl, orta çykyp göreşmelem bolsa, gujurym ýeter» diýdim. Gara çynymdygyny bilensoň, agtygym petek almaga razy boldy. Ýöne, onuň üçin gyssagly pasportymyň gerekdigini aýtdy. Menem petekden gijä galaýmaýyn diýip, şol gün otla mündüm. Ine, sakgaldaş, şeýdip gitjegimi-de duýduryp bilmedim saňa.
Meret aga şu gün irden otludan düşendigine seretmezden, ýüzünde asla ýadawlyk duýulmaýan dostuna gözügidijilik bilen seretdi-de:
— Tüweleme, sen juda bagtly, pälwan! Men Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän şeýle uly sport baýramçylygyna teleýaýlymda tomaşa etmäge puryja berenligi üçin Alladan müň keren razy boldum. Sen bolsa ol ýaryşlara edil ýanynda tomaşa edip geldiň, mundan ulam bir bagt bormy?
— Dogry aýdýaň, men bagtly. Ynansaň, güýçlüden güýçli kän eken. Ýöne biziň pälwanlarymyz hem asla asgyn däl, altyn medallaryň köpüsini özgä ýetirmediler. Içimden: «Berekella, tüýs pälwan nesillerine mynasyp ýigitler eken» diýip, guwandym olara.
— Ýogsa-da, agtygyň nätdi? Orta çykan mahaly tolgunansyň öz-ä?
— Heý, tolgunmazmy, tolgundym. Ýöne, ýaşlykdan özüm tälim beremsoň, onuň ýeňjegine ynamym bardy. Hudaýa şükür, ynamym ýüňsakgal etmedi, öz agramy boýunça altyn medala mynasyp boldy Çary jan.
Gurban aga mazaly gürrüňe gyzdy, türkmen pälwanlarynyň ýokary taýýarlygy, ulanan emelleri hakynda süýjedip-süýjedip gürrüň berdi. Dostunyň sözlerini dykgat bilen diňläp oturşyna, Meret aga birdenkä loh-loh gülüp goýberdi:
— Görýän welin, sen diňe göreşe tomaşa edip gaýdyberipsiň öýdýän?!
— Ýalňyşdyň, Meret. Men agyr atletikaçylardyr samboçylaryň bäsleşigine-de, küştçülerdir kikboksingçileriň ýaryşyna-da tomaşa etdim. Sportuň sambo çalymdaş ýene bir görnüşi bar eken, jiu-jitsu diýip. Agtygymyň aýdyşyna görä, ol biziň sport görnüşlerimiziň hataryna täze giripdir. Ýöne, onda-da biziň türgenlerimiz sportuň şol görnüşi boýunça örän şowly çykyş etdiler. Men entek olaryň ählisi barada gürrüň bererin, bu günki söhbedimize bolsa, diňe göreşli gürrüňem ýeterlik.
Häliden sakgaldaşynyň aýdýanlaryna öwelip oturan Meret aga, Gurban pälwanyň sözüni bölüp, morta sowal berdi:
— Pälwan, sport ýaryşlarynyň geçýän şäherçesi juda uly diýýärler welin, onça oýunlara tomaşa eden bolsaň, mazalyja ýadansyň öz-ä?
— Ana, munyňa-da «hä» diýip bilmen. Ynansaň, hormatly Prezidentimiziň gurduran Olimpiýa şäherçesi hernäçe ulam bolsa, onuň içinde gezip ýörkäň asla ýadawlyk ýadyňa düşenok. Özüm-ä gözelden-gözel binalary, suw çüwdürimlerdir dürli gülleri synlap ýörşüme gojalygymam unudypdyryn. Onsoňam, ol şäherçede sütünleriň üstünde goýlan relslerde birenaýy otly hem aýlanyp ýör, ýadasaň göni münäýmeli. — Gurban pälwan birsalym sözüne dyngy berdi-de, dostunyň ýüzüne çiňerildi. — Ha ynan, ha ynanma, paýtagtymyzyň gözellikleri, Aziýa oýunlarynyň şagalaňy maňa üýtgeşik täsir etdi. Ol täsir ýadawlykdan, gojalykdan rüstem gelýär. Häli sen geleňde-de men şol ýakymly täsiriň humaryna berlip, özümiň ýarym asyr öň dünýä inenime gynanyp otyrdym. Wah, şu mahal «ýigrimi bäşiň dälijesi» bolanlygymda menem Aşgabat Aziadasyna gatnaşardym.
— Onuň üçin gynanma, pälwan. Sen gatnaşmasaň, Kadyryň ogly Çary jan gatnaşypdyr, tüweleme, özem ýeňiji bolupdyr, şoňa guwan. Gojalykda bagtyýar döwri göreniňe, türkmen türgenleriniň dünýä çykyşyna şaýat bolanyňa buýsan!
— Wah, pälwan göwün-dä. Ýogsam, dogry aýdýaň, munuň üçin her namaz-dogada ozaly Alla, soňam il-günümizi şeýle bagtyýarlyga ýetiren, milli sportumyzy dünýä çykaran Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýan...
Sakgaldaşlar soňam uly üstünlige beslenip geçen Aşgabat 2017, onda türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri, milli Liderimiziň sporta berýän ünsüniň ýerine düşendigi barada gürrüň edip, birnäçe çäýnegiň düýbüni gördüler. Kadyryň işden gelmegi bilen, olaryň gürrüňleri has-da gyzyşdy.
2017 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Goşgular