2. Gorkut ata hekaýaty
Oguz aňynda bolup geçen ýokarky bölünişigi, biz näme diýsegem, şertli göz öňüne getirýäris. Ýöne, herhal, şeýle bölünişik bolup geçipdir. Onsoň, netijede, ajaýyp edebi eser – «Kitaby dädem Gorkut» döräpdir. Dünýäniň alymlary bize iki nusgada gelip ýeten bu ajaýyp edebi eseri XV asyrda kitap görnüşine gutarnykly gelen hasaplaýarlar. Emma onuň gutarnykly kemala gelmegi has ir bolup geçipdir. Ýöne biziň günlerimize diňe XV asyrdaky nusgalar gelip ýetipdir. Eseriň süňňi bolsa baryp IX-X asyrlarda gutarnykly kemala gelipdir.
Edebi-çeper eseriň süňňi – onuň bitewi içki gurluşydyr. Şol gurluş durnuklaşansoň, soňky taryhy durmuşyň täsiri görnüşindäki täzelenmeler çeper eseriň mazmuny üçin ikinji derejeli zat bolup galýar. Çünki onuň düzümindäki içki özen gatlaklary gutarnyklaşýar, bu bolsa alymlaryň üýtgemeýän ululyklar diýýänleridir. «Kitaby dädem Gorkudyň» esasynda oguzlaryň şamançylyk dünýägaraýşynyň medeni endikleri hem aň gurluşlary ýatyr. Kitabyň ähli gahrymanlary diýen ýaly özleriniň ruhy sypatlary hem dünýägaraýyşlary boýunça yslamdan öňki şamançylyk howasyndan dem alýan, şamançylyk duýgy-düşünjeleri özünde göterýän gahrymanlardyr. Muny eseriň islendik gurluş derejesinde – kyssa derejesinde-de, keşpler derejesinde-de, gahrymanlaryň aýratynlyklary derejesinde-de subut etmek mümkindir.
Biziň pikirimizçe, «Gorkut ata» kitabyna akyl ýetirmegiň, umuman, iki derejesi bolup biler. Bu iki dereje eseriň içki iki gatlaklylygy bilen şertlendirilýär.
Birinji gatlak – üstki gatlak – munuň özi eseriň çeper-edebi gatlagydyr,
Ikinji astky gatlak bolsa onuň dini-mifologiki gatlagydyr. Şuňa laýyklykda-da, «Gorkut atany» çeper eser hökmünde dil-edebi taýdanam derňew edip bolar, gadymy oguzlaryň dini dünýägaraýşynyň ýadygärligi hökmünde onuň içki mifologiki gatlagyny-da açyp bolar.
Gürrüňi edilýän gatlaklaryň özara gatnaşygy, biri-birine täsiri henize şu güne çenli gürrüňi edilmän gelýän meseledi. Ýönekeý okyjy tarapyndan sap çeper hadysa hökmünde kabul edilýän maglumatlaryň çeper täsiri, hümmeti güýçli bolup, aslynda çeper hadysa diýilýänler birwagt şamançylyk aňynyň bütinleý hakykat hökmünde döreden hem kabul eden zatlarydyr. Indi olar göçme manyly çeper bölekler hökmünde kabul edilýär, okyja ruhy lezzet berýär. Dünýägaraýyş maglumatlary ruhy manyly gymmatlyklara öwrülipdir. Emma eseri ýönekeý okyjy däl-de, oguzlaryň mifologik aňy bilen gyzyklanýan hem ondan baş çykarýan alym okasa, ol «Gorkut atanyň» mazmunynyň mesaňa, gatlak-gatlak bolup duranyna bada göz ýetirer.
Garry daglaryň gaýalary şonuň ýaly kemer-kemer bolup gidýärler.
Agajyň şahasyny kesseň, şonuň ýaly aýlaw-aýlaw aýlanyp gidýär.
Dag etegine barsaň, baýyrlar şonuň ýaly kesginç-kesginç bolup otyrlar.
Gorkut atanyň kitabynda şeýle gatlaklaryň aman saklanyp galmagyny türkmen ruhuny Hudaýyň ýalkaýşy diýip düşünmeli. Çünki munuň özi gadymy oguzlaryň düşünjeleriniň ýitip gitmän, diňe has aşak geçendigini görkezýär. Diýmek, soňky üýtgeşmeler, alynmalar öňki ruhuň özenine görä reňk alypdyrlar. Bu milli ruhy ösdürmegiň tejribesinde möhüm zatdyr.
Şeýlelikde, «Gorkut ata» şadessanynyň gurluşynyň üç derejesinde-de onuň iki gatlakly gurluşyny oraşan görüp bolýar. Köplenç, eseriň aýry-aýry boýlarynyň ýa bölekleriniň gadymylygy ýa täzeligi diýen terzde gürrüň edýärler. Munuň özi eseriň janly bitewüligini göz öňüne getirip bilmezlikden gelip çykýar. Çeper eseriň süňňi – bu onuň birtaraplaýyn bölünmesi däldir, beýle bölünmäni eseriň gurluşy, düzümi diýip atlandyryp bolar. Emma eseriň süňňi – bu onuň çuňňurlygyna gurluşydyr.
Bu meşhur eseri çuňlugyna derňäniňde, birnäçe täsinlikler derňeýjiniň göz öňünde açylýar. «Gorkut ata», belli bolşy ýaly, on iki boýdan ybarat. Her bir boý sýužet, gurluş taýdan özbaşdak eser bolup durýar. Olary özara birleşdirýän zat süňňüň başga bir derejesinde bolup geçýär. Munuň özi Gorkut atanyň keşbidir. Ýöne her bir oguznama şol bir çeperçilik kanunlar boýunça düzülipdir.
Eserde çeper sözi gurnamagyň iki hili – kyssa hem şygyr bolup, olaryň gatyşyk gelmegi oguz-türkmen edebiýaty üçin adaty hadysadyr. Eýsem-de bolsa, ilkinji sahypalarda giriş şekilli bölekde Gorkut atanyň öwüt-nesihatlary berilýär, bu ýerde şygyr şekili agdyklyk edýär. Biziň pikirimizçe, bularyň bary biziň häzirki düşünjämizdäki şygyr hem däldir, öwüt-nesihat hem däldir. Olar şamançylykdan galan alkyşlar hem gargyşlardyr. Elbetde, şol mifiki aňyň döwründe olaryň barysy magiki güýje eýe hasaplanylýan doga ornunda kabul edilipdir. Doga, lagnat, rehnet ýaly düşünjeler yslamyň egnine münüp bize gelipdir. Gadymy oguzlar bolsa alkyş hem gargyş, gargamak hem ýalkamak diýen sözleri ulanypdyrlar. Gargyş, gargamak sözleriniň eseriň içinde birnäçe gezek duş gelýändigi häsiýetlidir. Emma yslamyň kabul edilmegi bilen olaryň magiki, dogalyk güýji ýitirilipdir. Şamanlaryň hatda XX asyrda-da dürli keselleri bejeriş pursatlarynda – porhan oýnadylanda dürli şygyr böleklerindäki sanawaçlary, dogalary ulanandygy mälimdir.
Görüp otursak, porhanyň öz bejeriş wagtynda ulanýan goşgulary ilkibaşky mazmunyny ýitiripdir we yslamyň getiren ýörelgeleri birwagtky şamançylyk düşünjeleri bilen özboluşly sepleşipdir-de, täze bir görnüşde ýaşamaga başlaberipdir. Ine, şamançylygyň ýaşamak üçin tapan oňaýly çykalgasy. Dini aňyýetiň – taglymatlaryň göreşi hem özboluşly garyşyp-gatyşmasy nukdaýnazaryndan bu meselede ünsüňi çekýän zat şol gatyşygyň kanunalaýyklygydyr. Eger şaman sanawaçlaryny, dogalaryny döredijiligiň özboluşly žanry diýip göz öňüne getirseň, onda ol žanryň özenini öňki ruhy-dini ýörelgeler tutýar, yslamyň getiren täzelikleri bolsa, onuň üstüne goşundy gatlak bolup ýazylýar, çaýylýar. Täze pikirler, düşünjeler ozal gutarnyklylyk häsiýetine eýe bolan galyplara görä many alýar. Has giň – medeni pikirlenme çäklerinde seredeniňde, müňýyllyklary başdan geçiren taglymatyň süňňi saklanýar-da, täze pikirler hem keşpler şol «süňňüň daşyna ören et» bolup göz öňüne gelýär. «Özen» bilen «goşundyň», «süňk» bile «etiň» özara mynasybeti-de degişli ruhy medeniýetiň, taglymatyň hilini hem häsiýetini kesgitleýär. Ruhy taglymatyň özboluşlylygy, gaýtalanmazlygy, eger isleseňiz, hatda onuň garaşsyzlygy-da şu ýerden gelip çykýar.
Şu nukdaýnazardan, türkmen ruhy hemişe özboluşlylygy hem garaşsyzlygy bilen tapawutlanyp, syýahatçylaryň, alymlaryň ünsüni çekip, olary haýrana goýup gelipdir. Türkmeniň «özüň», «diňe özüň bolmak» ýörelgesi «Iliň zady bilen zatly bolup bolmaz» diýen pelsepede aýdyň beýanyny tapypdy. Köp halklara mahsus bolmadyk şu pelsepe türkmeniň nähili düşünje bilen ýaşandygyny, güzeran görendigini kesgitleýär. Bu pelsepe türkmene durmuşda gaýrat, hyjuwlylyk beripdir.
Köne türkmen mekdeplerinde çagany molla bermegiň üýtgewsiz bir şerti bar eken. Atasy ogluny mollaga berende «Süňňi – biziňki, eti – siziňki» diýipdir. Türkmende ýene bir düşünje-pelsepe bar: «süňňi halal», «asly halal». Bu süňňülik ýörelgesi türkmeniň gündelik rozugär-günamasyndan başlap, onuň taryhy ýaşaýşynyň ähli ugurlarynda, derejelerinde – maddy hem ruhy medeniýetinde, ahlak kadalarynda, pelsepesinde oňat şöhlelenipdir. Şu-da milleti müňýyllyklaryň dowamynda ýitip gitmek, başga halklara goşulyp gitmek howpundan halas edýär. Mollanyň edep taýagy kimin taryhyň betbagtçylyklary, urgulary ruhuň «etini» gök-dalak edýär, üýtgedýär, özgerdýär, emma süňňüne zeper ýetirenok. Wagtyň geçmegi bilen üýtgedibrägem bolsa, et ýene öňküsi ýaly örýär, çünki munda ösüşiň, örüşiň mazmuny süňňüň kanunlary tarapyndan kesgitlenýär.
«Gorkut atanyň» goşgulary bada-bat özüniň ebeteýiniň gadymylygy bilen gözüňe ilýär. Özem olar şondan soňky ulanylan şygyr şekillerinden mesaňa tapawutlanyp dur. Hut şu aýratynlygam oguzlaryň yslamdan öňki medeniýetiniň özboluşlylygyndan alamatdyr. Şygyr şekiliniň erkinligi gadymy oguz şygryýetinde baş çeperçilik aýratynlyk bolan bolsa gerek. Şekili, daşky galyby keramat edinen arap-pars edebiýatynyň täsirine düşen soňky şygryýetimiz bilen deňeşdireniňde, «Gorkut ata» üýtgeşik bir dünýädir. Şahyrana duýgularyň ýazylyp-ýaýraýşy, ähli terligini, seleňligini, tämizligini hem çuňňurlygyny saklaýşy haýran edýär. Soňky şahyrana ölçegler, näme diýseňem, duýgynyň demligini daraldýan, pikiriň bokurdagyndan tutup, ony öte rejeleşdirýän ýaly bolup dur.
Araplarda goşgy goşmak – nazym etmek, nyzama salmak diýmegi aňladýar.
Oguz şygry başga döredijilik ýörelgesine görä döredilipdir. «Gorkut atada-da» şonuň süňňi saklanypdyr.
Taryhyň ilkibaşky döwürlerinde dünýäniň ähli halklarynda şygyr saz bilen gatyşyk ýaşapdyr. Bu oguz-türkmenleriň medeniýeti babatda-da şeýledir. Ýöne taryhy ösüşiň aýry-aýry döwürlerinde şygyr dürli saz gurallarynyň owazyna laýyk gelýär. Aýdaly, soňky bäş ýüz ýyldaky türkmen şygry esasan, dutaryň hem gyjagyň, şulara kybapdaş saz gurallarynyň owazy bilen kybapdaşdyr. «Gorkut atanyň» şygyrlary bolsa gadymy oguz medeniýetini dörediji bolan şamanyň gopuzynyň owazyna görä döredilipdir. Bu eserdäki goşgularyň hemmesiniň owazlylygy gopuzyň ruhuna esaslanýar. Diňe bir şol süýkelip çalynýan gopuz däl, (biz indi onuň heňlerini gümürtik göz öňüne getirýäris) şu döwürdäki türkmen gopuzynyň owazyny, ruhuny diňläp görüň, heňiň akar çaý kimin kä pessaý, kä belent, kä giňelip, kä daralyp akyşy, onuň täsin aýlawlary seniň ýadyňa Gorkut atanyň şygyrlaryny salar. Diňe gopuzyň owazy ol şygyrlaryň gözellik tebigatyny hem özboluşlylygyny doly aňlamaga kömek edýär.
Biz ýöne şygyr diýip sürüp gidip otyrys. Emma zatlaryň öz adyny tutmaly bolsa, şygyr däl-de, ýom diýmeli ahyryn. «Gorkut atanyň» özi şeýle diýýär:
Ýom bereýin, hanym!
Garly gara daglaryň ýykylmasyn!
Kölgelije gaba agajyň kesilmesin!
Koman akan görkli suwuň gurymasyn!
Kadyr Taňry seni namarda mätäç etmesin!
Çaparken, ak boz atyň durmasyn!
Çalyşaňda, gara polat
uz gylyjyň kütelmesin!
Dürteşerken, ala gönderiň owranmasyn!
Ak sakally babaň ýeri uçmah bolsun!
Ak bürçekli eneň ýeri behişt bolsun!
Ahyr soňy ary imandan aýyrmasyn!
«Amin» diýenler didar görsün!
Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk,
kabul bolsun!
Alla beren umydyň üzülmesin!
Ýygyşdyrsyn, düýrüşdirsin.
Günälerini ady görklü Muhammet Mustafa
Ýüzi suwuna bagyşlasyn, hanym, heý!
Bu sözler meniň göz öňüme dertlä däri-derman edýän türkmen tebipleriniň keşbini getirýär. Bejeriş gutaransoň ol: «Bar, emiň-ýomuň şu bolsun!» diýip, «omyn» edýär. Şu ýomlaryň hem alkyşlaryň baryny oguz-türkmen durmuşynyň häzirem dowam edýän şol bitewi medeni manysynda göz öňüne getirmeli. Munuň her setiriniň aňyrsynda türkmen pelsepesi hem ynançlary ýatyr.
Ata-babalarymyz «Arym köýenden, imanym köýsün» diýipdirler. Bu hakyky köne türkmen ýörelgesidir, munuň özi türkmeniň erkinlik söýüjiligini, namyslylygyny, şahsy hem milli mertebe bilen o dünýä ynançdan belli birini saýlamaly bolsa, birinjini saýlaýandygyny görkezýär. Ar-namyslylyk – şahsyýetiň hem milletiň erkinligini, buýsanjyny, mertebesini, gaýratlylygyny aňladýan esasy ruhy hem ahlak gymmatlygy bolup, bulary ýitireniňden soň, imanyň näme manysy hem geregi bar?! Diňe şolaryň bar ýerinde imanyň haýsydyr bir manysy bolup biler. Çünki olar içki özen gymmatlyklarydyr. Olaryň ýitirilen ýerinde adamyň hem milletiň şahsyýeti içine ýel düşen boş küýzäniňki ýaly ýagdaýa düşýär. Onsoň din hem iman öz-özüňi hem özgeleri aldamagyň owadan serişdesine öwrülýär.
Mysal alnan ýomuň soňky üç setiri oguzyň öňki ynançlarynyň dowam edişi hem täzelikleri bilen sepleşişi nukdaýnazardan Gorkut ata Muhammet Mustapa «günälerini ýygyşdyrsyn, düýrüşdirsin, ýüzi suwuna bagyşlasyn» diýýär. Bu alkyşdan oguzyň şamançylyk-otparazlyk ynançlary gelýär.
Durmuşdan birki delil: «Başyny ýaýkap hem-de «göç», «göç», «göç» diýip çalt-çaltdan gygyryp, gapdala tüýkürip we kä meniň ýüzüme, kä iňňe çümdürilen sabyna, käte-de suwy bulkuldaýan küýzäň agzyna çüf-çüf edip, Nurbibi jynlary kowýardy. Basym ol ekstaza düşdi. Özüne gelip, ol ýaňky ulanylan sabyndyr suw bile ýabyň içine girip ýuwunmaly, sebäbi «gorkyny hem keseli ýuwup aýyrýan suw öýden uzaklara akyp gitmelidir» diýdi...
Ol (palçy aýal) syrkawy gapdalynda oturtdy, ýüzüni hem başyny ýaglyk bile basyrdy, eline towugy tutdurdy, özem onuň gapdalyna geçip, suwly küýze bile iňňe sünjülen bir kesim sabyny öňüne aldy. Ol iki elini göge serip, birhili wagşy ses bile gygyryp, ak perileri çagyrdy, gara perileri bolsa kowdy, soňam ýüzüni elleri bile ýapdy-da, başyny aşak egdi. Munuň özi porhanyň ýoldaşy bolan periniň «Aýnadan çykyp, suwa girendigini» aňladýardy. Perä alkyş aýdyp, ol sabyny aldy-da onuň bile syrkawy süpürdi... barmagyny gana batyryp, syrkawyň depesine, gulaklaryna hem aýalaryna çalyşdyrdy. Syrkaw jynlaryň getiren keselini aýyrmak üçin sabynlanyp, küýzedäki suwa ýuwunmalydy .
Ýomuň soňky üç setiriniň manysy düşnükli bolan bolsa gerek. Many bir, ruhuň, pikirlenmäniň süňňi üýtgemändir, ynanç hem üýtgemändir, ýöne şamanyň ýerine Muhammet Mustapa gelipdir, kesel bolsa günäler bilen ýerini çalşypdyr. Soňky setirdäki pikir gürrüň berilýän «bejerişden» hem gadymydyr. Oguzlaryň ruhy durmuşyny şamançylyk kesgitlän wagtlary diňe beden keselli däl, eýsem ruhy-ahlak günälerem şol doga arkaly ýuwlan-bejerilen bolmaly. Munuň suw bilen baglanyşykly bolany üçinem türkmen hut «günäňi ýuwmak» diýýär-dä!
Edebi makalalar