4. Diniň imandan tapawudy
Görogly taglymatynda iň özboluşly röwüş alýan meseleleriň biri dine garaýyş meselesidir. «Göroglydaky» dine garaýyş – munuň özi köp derejede türkmeniň dine garaýşydyr. «Görogly» şadessanynyň gahrymanlarynyň durmuşynda din nähili orun tutýan bolsa, türkmen ruhunyň göroglyçylyk başlangyjynda-da din şonçarak orun tutýar.
Göroglynyň dine garaýşyny diňe erkin garaýyş hem çemeleşiş diýip häsiýetlendirmek bolar. Göroglynyň hiç hili dini maksady ýok, din Göroglynyň durmuş keşbini hem hereketlerini, ömrüniň manysyny kesgitlemeýär. Şadessanda dini uruş ýok, dini takwalyk ýok, Göroglynyň dünýäni duýşy, ýaşaýşy dünýewi häsiýete eýe bolup, onuň ruhy gymmatlyklary dini häsiýetden sap gymmatlyklardyr.
Dine şeýle çürt-kesik gatnaşyk geçmiş ruhy mirasda seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr. Göroglynyň aňyndaky hem durmuşyndaky dini alamatlar we pursatlar Görogly taglymatynyň özenini hem mazmunyny kesgitlemeýär. Eger Göroglyny orta asyr türkmenleriň adaty wekili hasaplasak, onda ol türkmenleriň dine gatnaşygyny Göroglynyň üsti bilen göz öňüne getirip bileris.
Göroglynyň dine şeýle erkin, hatda biperwaý hem sowuk-sala garaýşynyň düýp sebäbi nämede?!
Bu sowalyň jogabyny Göroglynyň atasy Jygaly begiň şahsyýetinden gözlemeli. Onuň dini meselä garaýşyny nazary suratda tefsir edeniňde, şeýle diýmek boljak – Jygaly beg dini adam şahsyýetiniň daşyndaky bir närse hökmünde göz öňüne getirýär. Adam hem din gatnaşygynda din adam şahsyýetini tassyklaýjy, tas oňa hyzmat ediji bir zat hökmünde görýär. Jygaly beg üçin din, din ýoly adamyň, has dogrusy, türkmeniň öz öňünde goýan bütinleý kesgitli maksatlaryna ýetmekde serişde bolup biler hem-de bolmalydyr. Ol sap dini durmuş keşbini dini hünäre ýa ykbala öwürmegi bütinleý inkär edýär. Din adama näderejede zerur? Adama öz dünýewi maksatlaryna ýetmäge nähili derejede ýardam edýän bolsa, şol derejede-de zerurdyr. Hawa, biz meseläni – Jygaly begiň garaýşyny asla-da ýöntemleşdiremzok, birtaraplaýyn göz öňüne-de getiremzok. Onuň meselä garaýşynyň özi çürt-kesikligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi düşnüklidir, onda-da taryhy taýdan düşnüklidir. Sebäbi Jygaly beg özüniň o diýen hezil bolmadyk ömründe diniň adalat ýa adamkärçilik ýörelgelerinden aýry geläýýän wagtlarynyňam bardygyny görüpdi. Onuň ýurduna talaň salan, ogluny öldürip, özüniň gözüni oýan Hüňkär hem dine ynanýanlardandy, onuň gelnini zorlap alyp giden arabam dini bir diýilýänlerdendi. Durmuşyň şeýle ýowuz sapaklary oňa din meselesinde çürt-kesik garaýşa eýe bolmagyna sebäp bolupdy. Şol garaýşy görkezýän käbir pursatlar:
«Ýedi ýaşyna baransoň, Jygaly beg ony molla berdi. Emma Röwşen gyňyrlyk tapyp, baranam urdy, gelenem urdy. Mollasy sapagy sähel soňurrak berse, mollasynam aýlandyryberdi. Molla metjitden gaçyp: «Eý, Jygaly beg, biz seniň agtygyňy başaryp okadyp bilemzok» diýdi. Jygaly beg: «Beýle bolsa, onuň şol öwrenen mollaçylygy besdir, biziň oňa ýasda – ýasyn, toýda – tebärek çykartmak niýetimiz ýok, okap-ýazyp bilýän bolsa bes, bize ondan artyk mollaçylyk gerek däl!» diýip, agtygyny molladan gaýdyp aldy».
«Görogly bu sözi aýdandan soň, Jygaly beg:
– Aý, zaňňar ýigit iş bitirip gelipdir-ä. Aýat diýdiler, gurhan diýdiler, namaz diýdiler. Saňa merez diýdiler, zäher diýdiler, zaňňar, erenleri görüp, raýyndan gaýdyp, sopuçylyk patasyny alyp gaýdan kişi diýerler saňa! Sen zaňňaryň iň soňunda-da bitirjek işiň güpbüräge-de mele don, köne şarkyldama köwüş mesini geýip, bir ýatak sopbaşy hem başyňa ildirip, töweregiňden bäş-alty gary biýzi aýlap, öňüňi-ardyňy ýuwup, haýsy ýerde akar suw barka diýip, agzyňa garyş ýarym agaç sokup, gezip ýörmekdir-dä. Iň soňunda seniň boljagyň şoldur, ýogsam näme bolar öýdýäň, zaňňar! Ahyry erenleri görüpsiň, şonda ne ýolda, ne pişede bol diýip aýtdylar. Habaryňy berseň-ä düzüw ber, ýogsam mundan habar bolmaz – diýdi».
Jygaly begiň dilindäki raý-maksat, pişe, ýol ýaly sözler onuň durmuş niýetiniň berkdigini hem şol niýetiň amala aşjagyna-aşmajagyna laýyklykda-da ähli zada, şol sanda dine-de baha kesýändiginiň şaýadydyr. Diňe agtygy erenlerden Arapdan arymy, Hüňkärden ganymy almak üçin gylyç aldym, eli gylyçlylaryň piri Alydan özgäni ussat hasaplamok, Alladan özgäni (adamy ýa adam toparlaryny) halasgär hasaplamok diýeninden soň, onuň ýüregi ýerine gelýär. Diýmek, ol Alladan özge ähli zady maksadyna ýetmek üçin gural, serişde hasaplaýar.
Din şahsyýetiň hem milletiň kämilleşmegi, onuň bähbitleriniň hem pikirleriniň berkleşmegi üçin serişdedir. Din – ýoldur, islendik ýol bolsa, elbetde, serişdedir.
Jygaly begiň garaýşynda türkmeniň ar-namyslylyk ýörelgesi örän aýdyň görünýär. Ar-namysa gezek gelende, türkmen dini-imany-da bir gapdalda goýýar. Näme üçin? Sebäbi ar-namysly bolmak – şahsy hem milli mertebäňi saklap ýaşamak, müýnsüz bolmak, başyňy buýsançly tutup, iliň ýüzüne göni seredip bilmekdir. Erenler Jygala özüni ykrar etdirmek serişdesini – ar gylyjyny bermek üçin gerek. Ol dini keramatlylara öňünde baş egmeli, tagzym etmeli elýetmez bir butlar hökmünde, adamy islese ýere sokup, islese-de asmana çykaryp bilýän şahsyýetler hökmünde däl-de, öz birisi ýaly garaýar. Onuň bolşy türkmeniň «Sylasam pirimsiň, sylamasam – birim» diýen nakylyny ýada salýar. Ol agtygyna ýüzlenýär:
«– Hernä şu berenleri gylyçmy?
– Hawa.
– Baý erenler hem sahy eken-ä. Mundan ýarag bolmaz, oglum. Munuň bitirjek işini biliňde gurbatyň bolsa, jaý ýerinde aş pyçagam bitirer».
Bir söz bilen aýdylanda, din Jygaly beg üçin keramat däl.
Göroglynyň ykbalynda dini şahsyýetleriň orny beýle birmanyly diýip aýdyp boljak däl. Ol erenlerden öz atyna hem özüne ýüz ýigrimi ýaşy, ýetmiş iki dili, duşmandan tiz gutulmak ukyplaryny diläp alýar. Onuň aňynda, esasan, iki keramatly – Aly bilen Hydyr uly orun tutýar. Aly söweşlerde onuň ýardamçysy bolsa, Hydyr, köplenç, durmuş ýollarynda oňa söýget bolýar, dogry ýol görkezýär. Emma kakabaşlygy, dälişgeligi sebäpli ol Hydyra-da hemişe pisint edip oturanok.
«Bir mahaldan gapdalyndan bir aksakgal baba çykyp:
– How, oglum, ýol bolsun! – diýdi...
Görogly:
– Haw, baba, näme meni ýolagçylyga iberipmidiň, «ýol bolsun» diýip habar sorar ýaly?! – diýip, gaharly gürledi.
Aksakgal baba:
– Ýolagçylyga ibermesemem, sen maňa habaryňy berip git, ýagşy ýigit, nirä barýarsyň?! – diýip tekrarlady.
– Meniň habarymy alyp, meni ozal ilçilige iberipmidiň?!
– Wah, oglum, bular ýaly gyzma gylygyňy goýsana! Öňüňde kent ýok, ilat ýok, ýurtdan çykyp barýarsyň ahyry!
– Ýurtdan çykyp barýan bolsam, köneden galan hakyň bolsa, tutup al şu ýerde!»
Ogurlanan Gyratyny yzyna almaga barýan Görogla duşan bu aksakgally baba Hydyr ata bolmaly. Başga bir ýerde Hydyr ata Göroglyny Öwezi ogullyga almaga iterýär. Türkmeniň öňden gelýän «Ýigidiň myrady – at, aýal, zürýat» diýen pelsepesini amala aşyrmakda Hydyr ata hem Aly Görogla uly kömek edýärler. Aly, esasan, ýurt, ar-namys üçin edilýän söweşlerde Görogla ýardam edýär.
Görnüşi ýaly, dini şahsyýetler Göroglynyň durmuşy taglymatyny amal etmekde ýardamçy bolýarlar. Dessanda Hydyr ata uklap ýatan ýaş Görogla «Bu biziň nepes oglumyz bolmaly» diýýär. Bu jümläniň aňyrsynda pata bermekdäki özboluşly dessur ýatyr. Pata berilmegi bolsa Göroglynyň hemişe Hydyr ata bilen Hezreti Alynyň howandarlygynda boljakdygyny aňladýar. Emma munuň özi Göroglynyň hem onuň ykbalynyň olaryň elindäki bir gural, oýunjakdygyny asla aňlatmaýar. Olar diňe Göroglynyň öz erkini amala aşyrmaga ýardam edýärler.
Şeýlelikde, Görogly taglymatynda din bilen imanyň arasynda belli bir tapawut ýüze çykýar. Din – dini durmuş keşbi Görogla mahsus däldir. Emma şol bir wagtda-da onuň imany – ruhy-mistiki güýçlere bolan ynanjy gaty oňat duýulýar. Ynanç hem batyrlygy, mekirligi ýaly ony köp kynçylyklardan alyp çykýar. Şadessanda köp agzalýan «şaýy-sünni» aňlatmalary bolsa hiç hili dini mazmuny, ýaşaýyş keşbindäki dini ýörelgäni görkezenok. Şeýle jümleleriň sap durmuşy mazmuny bar. Görogly şaýylary hut şaýylygy üçin duşman tutunanok-da, eýsem dürli durmuşy sebäplere görä, garşydaşy bolany üçin, olara şaýy ýarlygyny dakýar. Munuň özi adam aňyna mahsus kanunalaýyklykdyr.
Göroglynyň dini meselä garaýşyny görkezýän täsin bir görnüş bar. Sopy bolup ýören – sopy bolmagynyňam bütinleý durmuşy maksady bar – pata alyp, Harmandälini ýeňmek isleýär – Görogly piri Aşyk Aýdyňyň gören düýşüni ýormakçy bolýar.
«– Men hemme sopyňa ýetik boldum, pirim! Seniň aç sopyň ýok eken. Hemme sopyň baý eken. At-ýaraga güýji ýetmejek sopyň ýok. Derrew sopularyňa at-ýarag aldyryber.
– Röwşen sopy, at-ýarag aldyryp näme etjek ony?
– Pirim, at-ýaragy şaýlap, senem baş edip, gitsek duşman üstüne, ýeňsek, senem öz islegiňe ýetersiň. Düýşüň ýorgudy şudur, pirim!
– Röwşen sopy, seniňk-ä ýapa-da degmedimikä diýýän men-ä.
– Näme diýip degmeýä?
– Röwşen sopy, seniň hezil bermejegiňi deslap hem bilipdim men. Sen bular ýaly gyzmalyk ediberme. Meniň düýşümde bir gyz görünýär ahyryn?!
– Pirim, at-ýaragdan şaýlanyp gitsek, gyz-da duşar, gelin-de. Ýaşyňyzyň soňunda birjejigini saýlap alaýsaňyz...»
Bu özara gürrüň Göroglynyň dine gatnaşygyny oňat häsiýetlendirýär. Ol «söweşe gideli» teklibini kabul etmänsoň, pirinden ýüz öwrüp, çykyp gidýär. Şonluk bilenem onuň sopulygy-da gutarýar.
Görnüşi ýaly, din Göroglynyň içine girmändir, din onuň daşyndaky bir närse bolup göz öňüne gelýär. Munuň oňyn taraplaram, tersin netijelerem bar. Din adamyň içine girse, onuň ýüregini ýumşadýar, kalbyny ýyladýar, onuň ýüregine kanagat berýär. Din ägirt uly medeni düşünjeler ulgamy bolup, olary kabul eden adam ruhy taýdan kämilleşýär hem çylşyrymlaşýar. Din adam ömrüne belli bir nukdaýnazardan açylan many berýär. Şonuň üçinem din içine girmese, adamyň ruhy palak ýumurtgany ýada salaýmagy ähtimaldyr. Emma bu ýerde diniň medeni-ahlak gymmatlyklarynyň adam şahsyýetiniň arzylylygy bilen oňyn utgaşmasy – diňe şol oňyn miwe berip biler.
Din bilen imanyň, şahsyýet bilen medeniýetiň, ynanç bilen erkinligiň janly utgaşygy gerek. Diňe şonda din milletiň hem şahsyýetiň içki ruhy barlygyndaky berk sütün bolup ýetişer. Milletiň ruhy kuwwaty, arkalylygy, mizemezligi, özbaşdaklygy şol sütüniň berkemegine bagly bolar.
Gorkut atadan «Dogan gowumy, dost!» diýip sorapdyrlar. Gorkut ata şeýle jogap beripdir:
– Doganym dost bolsa, elbetde, dogan gowudyr.
Şu tymsalyň jümlesini ulanyp aýdanyňda, milletimi hem şahsyýetimi beýgeldýän din, elbetde, gowudyr. Ýöne bu hakda soň.
Edebi makalalar