G Ü J Ü K
Oba eneleriniňkä gezmäge gelen Şadyýanyň o günki gören böwri ala güjügi gaýdyp bu töwerekde görünmedi. Nämedir bir zadyny ýitiren ýaly bolup gözlerini töwerekden aýyrmady. Soltan eje synçy nazary bilen oglunyň ýanyna bardy, soňam onuň tahýalyja başyny sypap durşuna adaja gepledi:
- Sadyýan jan, oglum, saňa bir zatlar-ha bolýar. Näme aladaň bar, aýt oglum, paýlaşaly. Belki-de, meniň saňa nepim deger. Ejeňi, jigileriňi küýseýän bolsaň, men olary hem çagyryp getireýin. Goňşy oglanlar göwnüňe degen-ä däldirdä! Eger şeýle bolsa...-- Ol ýylgyrjak ýaly etdi-de, birsellem dymdy. Agtyjagynyň geplärine garaşdy.
- Ýok, ýok, ene. Meniň hiç bir hili aladam ýok, hiç kesi küýsämogam. Hiç kim meniň göwnüme-de degenok. Gaýta, oba şäherden hezil eken-ä!
- Onda näme, jan oglum. -- Garry ene ýuwaş-ýuwaşdan hüjüme geçdi.--Sen aýtmasaňam garry eneň ýüregi syzypjyk durandyr. Sen indi näçe gündür oýnabam, iýip-içibem ugruň ýok. Asyl ýüzüň gülenok. Bu gün seni alada goýýan zat nämekä?
- Ene.
- Hawa, balam.
- Ene. - Ol ahyry näçe gündür soramakçy bolup ýören sowalyny orta atdy. - O gün şu töwerekde böwri ala bir güjük görüpdim welin... Ol nirä ýitirim bolduka?
- Seniň böwri ala güjük diýýäniň Aşyraly çopanyňkydyr. Mundan iki öý aňyrda, ho-ol derwezeli howly şonuňkydyr. Seniň diýýän güjüjegiň dogrudanam akylly, özem göze ýakymlyjadyr. Ana, şolar ýaly güjükleri Aşyraly çopan köplenç goýun iti edip ýetişdirýär. Sähel ulaldygy, ony hem ýany bilen sürä alyp barýar.
- Namüçin goňşylaň iti sizi görse-hä üýrenok, meni ýa-da başga birini gördügi, yzyny üzmän üýrýar, hatda ýarjak bolup topulýaram.
- Onuň hem öz sebäbi bar, oglum. “Goňşyň iti goňşa üýrmez” diýip eşitmänmidiň. Ol seni ýat görýändir. Meni bolsa tanaýar. Aslynda goňşyň iti ol seniňem itiň hasap edilýär ahyry. “Itiňi hem kesekä berenden, goňşyňa ber, ol seniňem öýüňi gorar” diýen pähimem belki şonuň üçin dörändir.
Şadyýan gaýdyp geplemedi. Ýöne ol böwri ala güjügi ýakynyndan synlamak üçin salgysy berlen öýe bakan ýumlukdy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty