GUW
Sümme tokaý añyrsyndan
Galdy gyrmyzy şapak,
Örtünen ýaly boldy
Tokaý mämişi ýüpek.
Garry güýçli senuberler
Ýalyn çabyran ýaly.
Olaryñ pür-pudaklaryn
Örtdi şapagyñ aly.
Her ýan baksañ, dür dek çyglañ
Öwşünne gözüñ gamaşýar.
Kümüşsow köl kenarynda
Pyşyrdaşýardy gamyşlar.
Ýaşyl tokaýdan Gün bilen
Çykan dek edil bileje.
Bir akja guw ýüzüp çykdy,
Köl suwun gozgap çalaja.
Yzyndan körpeje guwlar,
Ýüzüp çykanda haçan-da.
Halkalandy kölüñ suwy
Zümerret ýüzük gaçan deý.
Parahat aýlagyñ suwy
Köl jümmüşine uzalyp:
Garamtyl giñ zolak bolup,
Akyp ýatyrdy syzylyp.
Ýüzgüçleri akja guwy
Basym ol kenara elter.
Ümsüm aýlagyñ ýakasyn
Ýüpek deý, ter otlar örten.
Ýaşyl kenar ýakasynda
Näzik başyn egşip kileñ.
Pyşyrdaşýardy ýuwaşja
Güller çeşmejikler bilen.
Guw gar ýaljak jüýjelerni
Çagyrdy: "Tiz ýortuñ" diýip.
"Geziñ al-ýaşyl meýdanda,
Burk urýan ot çürtüñ" diýip.
Körpe guwlar gyra çykyp,
Ot-möjek çöpleýän çaglar.
Üzülen dür monjuk ýaly,
Seçelendi kümüş çyglar.
Çar tarapa mawy güller
Saçyp otyr hoşboý ysyn.
Ýat myhman deý, bu şat güne
Olar begendiler diýseñ.
Gezýär kiçijik jüýjeler
Sonarlap, gül çirtip, ýaýnap.
Guw bakýardy çagalary
Gitmez ýaly ýitip, ýaýrap.
Ýerden ýylan suwlup gitse,
Gökde çaýkel görse ýada.
Guw gygyldap çagalarmy
Ýanna çagyrdy şo bada.
Penalardy çaga guşlar,
Ganatyn gererdi ene.
Howp sowulandan soñam
Ylgap giderdiler ýene.
Süýşüp gelýän gara buldy
Altyn seçekli gün taýdan,
Duýmady guw, görmedi guw,
Habarsyz galdy bu gaýdan.
Ýaş bürgüt bulut astynda
Güýçlu ganatlaryn ýaýyp,
Ýyldyrym gözlerin ýaýla
Dikipdi, bu çak "aw" diýip.
Ýaşyl tokaý ýanyndaky
Depäñ üstünde hin bardy.
Bu mahal şol hinden ýylan
Suwlup güneşe çykýardy.
Bu görnüşi ýiti gözli
Bürgür al-asmanda gördi.
Ýylan güneşe çykdy-da,
Köke bolup ýatyberdi.
Bürgüt gökdem gahar bilen,
Ok ýaly injek bolanda,
Ýylan bürgüdi gördi-de,
Ýene hinine dolandy.
Bulut astynda pel-pelläp,
Güýjün dyrnaklarna ýygnap,
Bürgüt ýene aw gözledi,
Giden giñ asmana sygman.
Eledi ol giñ sährany
Çyrag dek gözleri bilen.
Köl boýundaky guw boldy
Ol gözlere gabat gelen.
Gazaply ganat galganda
Dagap gitdi çal bulutlar.
Düwdük bolup eñdi bürgüt,
Harsañ daş ýaly boluplar.
Bu mahal guwuñ gözleri
Aýna ýaly köle düşdi.
Suw ýüzünde bürgüt keşbi
Onuñ gözüne kaklyşdy.
Çagyranda çagalaryn
Ak guw aýylganç tisgine.
Ylgap gelen guwjagazlar
Ýygnandy ganat astyna.
Bürgüt birje ganat kakyp,
Misli ok deý aşak eñdi.
Onuñ ýiti dyrnaklary
Guwuñ ak boýnuna çümdi.
Mejalsyz ak ganatlaryn
Ak guw armanly sallady.
"Gaçyñ" diýip çagalarna
Tapsyz aýagyn sallady.
Çöp-çalama siñip gitdi,
Gaçdy olar köle garşy.
Togalanyp gitdi enäñ
Hyñzap gelen ajy ýaşy.
Bürgüdiñ demir dyrnagy
Tüýden çagy enäñ tenin.
Akja perler pürkülýän dek
Syçraşyp gitjek ekenin.
Köl çalaja tolkun atýar,
Pyşyrdaşýarlar gamyşlar.
Gökje tümmegiñ astynda,
Duwlandylar çaga guşlar.
Sergeý ÝESENIN.
Terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW.
Poemalar