12:43 Gyzyl hanyñ köýnegi / hekaýa | |
GYZYL HANYÑ KÖÝNEGI
Hekaýalar
Jomartdyr eneler, giňdir eneler, Olar kyn pursatda kömege geler... G.Ezizow. Säheriň öňýany. Howa ümüş-tamyş, ümsümlik. Älem agaryp gelýän mahaly gündogar tarap asmanyň bulutlary gyrmyzy reňke boýalypdy. Alty güne çeken agyr söweş kiparlady. Ýarym salkyn dem-dynç alyp, demini dürsän Gyzyl hanyň ýigitleri ýagy bilen ýene darkaşmaga taýýarlyk görýärdiler. Gyzyl han çadyrynda gözlerini bir nokada dikip, gymyldaman otyrdy. Edil düýş ýaly aýdyň görnüş onuň hiç ýadyndan çykanok. Aňrysy bärsine göz ýetmeýän gäwür goşunyna seredip duran Gyzyl han töweregini gallap alan uzyn boýly, uzyn sakgally, elleri hasaly ozanlara (bagşylara) geň galyp seredýär. Hiç zat diýmäge mejaly bolmansoň, diňe olaryň ýüzüne garap durmakdan başga alajy ýok. Ýöne ozanlar tarapdan öwüsýän şemmallardan birhili mährem enesiniň ysy gelýän ýalydy. Ol muny düýşde bolsada duýýardy. Uzyn boýly gojalaryň iň ekabyry hol aşakdan deräniň içi bilen süýşüp gelýän duşman sülsadyna garap duran Gyzyl hanyň gapdalyna gelip saklanýar. Gökde gögümtil bulutlar ýagyp bilmän nämälim alysa süýşüp barýarlar. Gyzyl han aram-aram bulutlara garap durşuna egnine düşüp duran saçlaryny bir bimährem adamyň elleri deý sowuk şemallaryň sypaýandygyny aňýar. Onuň gapdalyna gelip duran goja ahyr: -Sen bu ýagyny derbi-dagyn etmek üçin öz janyňy pida kylmaly bolarsyň-diýip, dillenýär.-Bu gelen ýagyny dep etmek üçin onuň tuguna tarap depersiň, şol ýerde hem öz ajalyňy taparsyň. Ýöne baş goýup duşman baýdagyny ýykaňsoň seniň ýigitleriň ýeňiş gazanarlar... Gyzyl han tisginip oýandy. Bu düýş edil gündiziň güni görlen ahwal ýaly ýaş hana täsir etdi. Ondan bäri alty gün geçdi. Duşmanyň sansyz-sajaksyz leşgerleri bilen döwüşip, ýigitleriň iň mertleri baş goýdy. Söweş tebilleri kakylyp ugrady. Duşman leşgerleri tarapyndan hem kernaý-surnaýlar öz mertlerini jeň meýdanyna çagyrýar. Egnine sowudyny geýen Gyzyl han tygy gemrik-gädik bolup giden gylyjyna nazar saldy. Çadyra hyzmatçy girdi. Gyzyl han: «Çaparatly gelsin» diýip buýrdy. «Gyssagly nama bar ýollamaly...» Şol gün Gyzyl han öz ýigitleri bilen duşmanyň iň gürmegine tarap at goýdy. Gyzyl hanyň pyýada goşunlaryny birnäçe günde derbi-dagyn edip taşlan ýagy juda arkaýyndy. Duşman serkerdesiniň belent depäniň üstünde gümmezekläp görünýän çadyryna tarap at salyp gaýdan Gyzyl han şu mahal dünýäni undupdy. Olaryň münen atlary öl-suw bolup derläp, endamlary ýag çalynan ýaly, Güne ýaldyraýardy. Söweş meýdanyndan göterilýän galmagal-goh bolsa dünýäni dolduryp, asmana göterilýärdi. Gyzyl han duşman serkerdesiniň çadyryna tarap omzap barýar. Özüne golaýlaşýan ýagynyň batyr esgerleriniň arasyndan gylyjy bilen ýol arçap barşyna «Heý, ýigitler, men sizi öldürýändigime ýüregim gan bilen ýuwulýar. Ýogsa siziň bilen saz-söhbet edip, o’t başynda oturmaly. Siziň hem öýüňizde gözleri girýan eneňiz garaşýandyr. Gelniňiz her gezek tamdyra nan ýapanda sizi ýatlaýandyr. Belki meniň ogluma meňzeş ogluňyz bardyr. Oguljygyňyz öýe gir diýselerem etmän ýola garap oturandyr. Emma... Muňa çäre ýok, men hem ak gyňaçly enemi goraýan. Ojagymyň ody garagöz gelnime garaş diýip gaýtdym.» Onuň golundaky gylyjy barha agyrlaşýardy. Gyzyl han baş serkedäniň belent çadyryna gaty golaý geldi.alabeder reňkli tuga gözi düşdi. «Ynha, meniň hem iň bir bagtymyň daş ýaran pursaty gelip ýetdi. Şu çaka çenli ölüm diýen zady ýigrenip gelipdim, şeýle biderek zadyň hem peýdasy degjek güni bar eken.» Duşman tugunyň töwereginde göterilen tozan, atlaryň haýkyrýan sesleri, ýigitleriň «ur-ha ury» ýagynyň serkerdesiniň ýüregine dowul saldy. «Hany, tuguň daşyna egrilişiň, bejit boluň ýalýagylary!» Oňa deňiç Gyzy hanyň bir kowçum atlylary duşmanyň tuguny çapyp aýak astyna taşladylar. Şol wagtam duşman atlylarynyň biriniň atan naýzasy Gyzyl hanyň gursagyndan girip, ýagyrnysyndan çykdy. Merdana gerçegiň ölümine şaýat bolan duşman atlylary hem birhili bolup durup galdylar. Atdan agan Gyzyl hany ýigitleri ýere ýetirmän tutdular. Soweş togtady, ýowuň ýigitleri yza dolandylar. Duşman serkerdesi: «Näme üçin yza gaýtdyňyz? Ýetiň olary paýhyn ediň!» diýip nökerlerine azgyrylýardy. Ýüzbaşylaryň biri gana boýalan gylyjyny gynyna saljagyny salmajagyny bilmän durşuna: «Han aga, olaryň serdary mertlik bilen jan tabşyrdy. Söweşiň düzgüni şu, biraz säginmesek namartlyk bolar» diýip serkerdesiniň ýüzüne garaman gepledi. «Uruşjak üçin indi näçe diýsek hem wagt tapylar» Münder-münder bolup meýdany dolduryp ýatan jesetleriň arasy bilen aglap-eňräp ýetip gelýän ak gyňaçly ene eýýäm öz perzendiniň bu jahanda ýokdugyny ezim-ezim bolup giden ýüregi bilen syzdy. Çaparatly ýüpek mata dolangy namany getirip eline berende, ene ony okamaga mejal tapmady. «Oka goçagym, özüň oka!» «Salawmaleýkim käbäm ejem! Sen bu dünýäde barsyň meniň dünýäm doly. Barlygyňda menem diridirin-amandyryn! Şu gün duşman bilen darkaşa girmänkäm sizi bir göresim geldi. Akdyr işi birden sizi görüp bilmesem käbäm hiç gynanmagyn. Siz natuwan bolup ýyglasaňyz biziň ýeňiuşimiz doly bolmaz. Bizi dünýä getirenler razy bolsun diýip biz bu meýdanda baş goýýarys. Gün gara dagdan aňry aşmanka ogluňyzy bir gelip görüň, käbäm enem!». Agyr söweşde surnugan ýigitler Gyzyl hanyň jesedini jeň meýdanyndan alyp onuň çadyryna golaýlapdylar. Aňrydan balasyny aldyran ene hem ýetip geldi. Ýigitleriň biri gem başyny galdyryp bilenok. Bagry girýan ene olaryň gara ýerden galmaýan gan bulaşan ýüzlerini görüp bilenok. Naçar ene çöňňelen didelerinden dynman guýulýan ýaşlaryna boglup oturşyna okara ýaly gözlerini gök asmana dikip, baky uka giden perzendini gujaklap, giň maňlaýyndan ogşady. Enäniň arkasynda agyr ýük bar ýalydy. Ol oglunyň gözlerini aýalary bilen sypalap ýumdurjak boldy. Bolmady. Soňra ene ýerinden dikelip, töweregini alyp duran ýigitlere ýüzendi - Oglumyň gözleri ýumulanok. Jesedinden jany çykansoň gözleri ýumulmasa oglumyň ýüreginde uly bir armanyň galanydyr. Ene özüne müýnli garap duran ýigitlere: -Hany bäri geliň, maňa ýardam beriň diýdi. Soňra ol ýigitleriň ýardamy bilen oglunyň egninde gyzyl gandan öl-myžžyk bolan köýnegini çykaryp eline aldy. Agyr jeňde ýüzi-gözi pers-ala bolan ýigitleriň biri Gyzyl hanyň enesine bakyp durşuna: - Gyzyl han toýda-baýramda elwan keteniden kaftan geýmegi gowy görerdi...-diýip hümürdedi. Soňra Gyzyl hanyň enesi oglunyň gana boýalan köýneginden tug edip ýigitleriň eline tutdyrdy. - Baryň duşmana tarap, hemem hiç müýn etmäň Gyzyl han biziň üçin pida boldy diýip azaplanmaň. Gyzyl han hemme üçin şu ýurt gara başyny üçin gurban berdi. Gyzyl hanyň köýnegini tug edinen ýigitler säher bilen duşman leşgerine tarap at goýdular. Çünki Gyzyl hanyň düýşi oraşandy. Sylapberdi MUHAMOW, 2010, 10-njy fewral, Garagaç obasy. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |