23:17

Halymga

HALYMGA

Giň göwrämi gam basypdyr özünden,
Baş hem gelse, ýyglap geçer halymga;
Bagyr ýaşyn köňül döker gözünden,
Gaş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Garrylyga döndär ýigit çaglary,
Geda eýlär täç eýesi begleri,
Gurşun dek eridir Kap dek daglary,
Daş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Älem içre bir ah ursam, bir zarba,
Eda bolmaz ynsan gelmez bir gurba,
Gaplaň güýçden galar, dõner gurt gürbä
Guş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Puşmanda men eden-etmiş kärimden,
Biperwaýam bolan-bolmuş barymdan,
Ýoldaş bolan ýata bilmez zarymdan,
Daş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Hak yşykdyr bizni goýan közlere,
Bu közlerdir kysmat bolan bizlere,
Bilbil tilsiz galar, barsam ýazlara,
Gyş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Aňlamaýan yşk derdiniň käninden,
Bir söz geçmez, herne etseň ýanyndan,
Yşka düşen umyt üzer janyndan,
Läş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Pähm eýleýen Magtymguly sözüni,
Derde düşüp, ýaşa doldyr gözüni,
Şat gelenler tuta bilmez özüni,
Hoş hem gelse, ýyglap geçer halymga.

Magtymguly PYRAGY.
Категория: Goşgular | Просмотров: 438 | Добавил: Nurdan | Теги: Magtymguly Pyragу | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]