21:04 Hazyna / hekaýa | |
HAZYNA
Hekaýalar
Enemiň öýündäki iň täsin ýer — üçek. Ol ýer hemişe garaňky, tozanly, dymyk hem syrly. O taýda häli-häzir gerekmejek her hili köne- küşül zatlar ýatyrdy. Bulardan başga- da, ullakan sandyk bolup, onuň içinde şakyrdawukly çaga oýnawaçlary hem, iliklerden başlap, mis semawara we et üweýän enjama çenli adyny tutan zadyň bardy. Men ýygy-ýygydan üçege çykyp, sandygyň gapagyny galdyrýardym, her saparam ozal üns bermedik, bu ýerde asla ýok, düýbünden adaty bolmadyk bir zat çykaýjak ýaly bolup durdy. Kostikleriň öýüniňem üçegi bardy. Ol ýerde-de geň-enaýy zatlar üýşüp ýatyrdy. Olaryň iň bir täsini bolsa kerosin guýulýan ýagdanly, pel- tesinden ot berilýän «Ýarganat» nebit çyrasydy. Ujy otly pelte aýna gapagyň aşagyndady. Şeýle çyrany ýel-ýagmyryň öçürip biljek gümany ýokdy. Şunuň ýaly panusly şäherde ýa-da tokaýda gijelerine gezelenç etseň, ýa bolmasa balyga gitseň, gör, nähili gyzykly bolardy! Käte göwnüme bolmasa, ozallar täsin zatlar köp bolan ýaly. Mundan başga-da, Kostigiň köne, ýarym putluk göterilýän daşy hem bardy. Onuň enesi bu daşa ýüz ýyl dagy bolandyr diýýärdi. Kostik okuw ýyly başlanýança, bedenini berkitmek üçin her gün ir säher şol daşy götererdi. Ol gün yrman meniň ýanyma gelip, ýumry etleriniň bekäp-bekemänini barlap görmegimi haýyş edýärdi. Bir ýola Kostik ikimiz hazyna göz- lemeli diýen karara geldik. Şäher ga-dymy, bu ýerde hazyna bolaýmaly. Bize beýle bir uly hazyna — tokga-tokga altynly ýa-da göwherli sandyk derkar däl. Bize az-kem altyn pul bolsa-da, aňryýany bilen ýeterlikdi. Ýa bolmasa, altyn baljakly gylyç tapylaýsa-ha, has-da gowy bolardy. Ýöne bu zatlary nireden gözlemeli? Bu ýerde gadymy buthanalar, ybadathanalar, Galaly dag, onuň daşynda duşmanlardan goranmak üçin garymlaram bardy... Men: — Ene, nirede hazyna gömlüp biler diýip soradym. — Hazyna? — diýip, enem geň galdy. — Hawa, umuman, islän ýeriň- de. Biziň mellegimizde bolmagam ahmal. Şol mahal enemiň gözleriniň gülýändigini gördüm. Has takygy — onuň gözleriniň töweregindäki ýygyrtlary gülýärdi. Düşnükli. Uly adamlar biziň pikirimizi hemişe çynlakaý zat hökmünde kabul edibem baranoklar. Ýöne, göreli bakaly, men hazyna tapyp getiremsoň näme diýerkä! Kostik ikimiz hazynanyň bolup biläýjek ýerlerini peýläp, bütin şäheri aýlanyp çykdyk. Galaly daga aýlandyk. Ýöne biz Galaly dagda arheolog alymlar eýýäm gazuw-agtaryş işlerini geçirendirler, eger şol ýerde hazyna bolaýanlygynda-da, onda onuň hem mesini alandyrlar diýen netijä geldik. Dogrusy, ybadathana we onuň degre-daşy görnüp duran bir ýerjagaz — şahalary sallanyşyp, ýere ýetip duran daragtly oýtak ýer bize az-kem umyt berýärdi. — Hazynaly ýere-hä meňzänok, gaty alaň-açyk ýer. Hazynalary, adatça, pynhan ýerlerde gizleýärler — diýip, Kostik garşy çykdy. Biz ýolumyzy dowam etdik, hat-da ybadathananyň ini iki metre golaý diwarlarynyň töwereginde-de gezmeledik, esewan etdik, diňşirgendik: nämedir bir zat hazynanyň nirede gömlendigini, nireden gazyp başlamalydygyny salgy beräýjek ýalydy. Ýöne hiç hili alamat ýokdy. Tersine, ýene-de şo-ol oýtak ýer hem şahalary sallanyşyp, ýere ýetip duran söwüt gaýta-gaýta hakydama geldi. — Her niçik-de bolsa, gel, synanyşyp göreli — diýip, Kostige teklip etdim. — Boş gürrüň — diýip, Kostik ýene-de garşy çyksa-da, beýle bir ýer depibem durmady. Megerem, ol hem bir zatlar syzandyr. Şol günüň ertesi, ertirlik edinen badymyza elimize pilimizi alyp, Galaly daga tarap ýola düşdük. Howa diýseň gowudy, güneşlidi. Şeý- lebir güneşli gün boldy welin, ýagyrnymyz derläberdi. Belki, ýer gaty bolansoň derländiris, ýeriň bir depigini aýyrýançak ep-eslije azap çekmeli bolduk. Ýöne bir depik az bolýa-da, hazynalaryň adatça, ýere çuň gömülýändigi hemmä-de belli. Umuman, Kostik ýene-de şübhelenip başlady. Ol: — Bu ýerde hazyna ýok. Näme üçin ol şu ýerde bolmalymyşyn? — diýdi. — Men-ä hazynanyň şu ýerdedigini aňýan — diýip jogap gaýtardym. Biz gezekleşip gazýardyk: bir gezek men, bir gezek ol. Ilki meniň elimiň aýasynda suwly gabarçak döredi, muňa ähmiýet berip durmadym. Kostigiň aýasy gabarçaklanda welin, ol: — Boldy, iş tamam — diýdi. Men: — Iň soňky depik — diýip haýyş etdim. Edil şol mahalam pilim gütläp demre degdi... Kostik: — Maňa ber! Maňa ber! — diýip topuldy. Pilimi arkamda gizläp: — Indi garaş!.. — diýdim. Yhlas hem seresaplylyk bilen ses çykan ýeriniň daş-töweregini gazdym, çuňaltdym... Bir minutdanam nähilidir bir geň zady ýerden çykardym. Biz ony arassalanymyzdan soň, elimizdäki zadyň... atyň nalydygyny bildik! Elbetde, biz şatlandygam, ýöne birneme lapykejem bolduk. Şatlananymyzyň sebäbi, nal tapmak — nähilidir bir uly şowlulyga, hatda bagta ýorulýar. Ony tapmak nesibesinde bar adam naly jaýyň gapysynyň ýokarsyna çüýleýär, lapykeçligimiziň sebäbi bolsa, nallar altyn-kümüşden däl-de, diňe demirden ýasalýar. Şeýle bolsa-da Kostik: — Ony maňa beräý — diýdi. Ol juda naýynjar hala girdi, ýöne men nädip munuň ýaly üýtgeşik tapyndyny bereýin. — Menem öwezine bir zatjyk bererdim-dä. Bu teklibi eşidip üşerildim: — Näme berip biljek? — Islän zadyňy. Men Kostigiň hemme gymmat zatlaryny bilsem-de, şeýle ajaýyp tapyndyny çalşyp boljak zady hakydama getirip bilmedim. — Men saňa «Ýarganat» panusymy bereýin. — O-ho, panus — gaty oňatja zat. Şeýle panus edinmek her kesiňem arzuwy. Emma naly beräýmek... Ýok, mun-a başaryp biljek däl. — Bagyşla, dost, başaramok — diýdim. Biz şu ýerde-de hoşlaşdyk. Kostik gamgyn halda mytdyldap öýüne ugrady, menem öýümize gaýtdym. — Ene, meniň Galaly dagdan tapan zadymy bir görsene! Ol: — Hä-ä, atyň naly — bagtyň alamaty — diýip jogap gaýtardy. — Sen nähili pikir edýäň, bu meniň derdime ýararmyka? — Elbetde, at edinersiň, aýagyna-da nal kakarsyň. Men dykgat bilen eneme bakdym: onuň çynymyka ýa-da bälçireýärmikä? Ýöne onuň ýüzünden bu zatlary mydama aňşyryp bolýarmy näme? Dogrudanam, näme üçin at satyn almaly dälmişin? Ýogsa-da onuň bahasy näçekä?.. Käbir okuwçylary mekdebe awtoulagly getirýärler, men bolsa gara atymy ýa-da tersine, ak ýa-da gara menekli atymy säpjedip gelerin-de, agaja baglap, mekdebe tarap ugraryn! Muňa Mişka Kostençigiň, Ýuranyň, Witkanyň, Lenkanyň, Nataliýa Mihaýlownanyň, hatda hyrsyz müdiriň-de näme diýjegini hakydamda aýlaýaryn! Enem: — Atyň nalyny tapan kişi dörtlük-bäşlik alar — diýdi. Men ýene-de eneme seretdim. Ýok-la, ol oýun edýär-le. Onuň diýşi ýaly bolaýsa, gör, nähili gowy bolardy! Kostik günorta naharyndan soň ýene-de meniň ýanyma geldi. Onuň bir elinde «Ýarganat» panusy bardy, beýleki eli bilenem ýarym putluk sport daşyny süýräp gelýärdi. Ol gaýgyly äheňde: — Naly berseň, şulary bereýin — diýdi. Şol wagta çenli men nalyň posuny aýryp arassalapdym, ol edil täze ýaly ýalpyldap durdy. — Bu seniň nämäňe derkar? — diýip soradym. Kostik dil ýarmady. — Sen muny nämäňe ýaratjak?.. Eger isleseň, men saňa köne semawarymyzy bereýin? Men ony çäge sürtüp arassaladym, edil aýna ýaly ýalpyldap dur. Ýa-da et üweýän enjamy... Ýöne, şeýle bereýin, panusam, daşam gerek däl. Kostik ýene sesini çykarmady. Şol wagt onuň gözlerine gözüm düşdi-de, birhili boldum. Ahyry maňa nämäniň has möhümdigi barada oýlandym: dostmy ýa-da şu köne, megerem, sandan çykan nal? Barybir, meniň atymam ýok ahyryn. — Bolýa-da, al — diýdim. — Panusam al. Daşy welin, üç günlük maňa goýup git. Birneme bedenimi berkitjek. Gaýgy etme, gaýtaryp bererin! Kostigiň islegini bitirenime juda begenýän. Her näme diýseňem, ygtybarly dostdan ileri zat ýokdur. Oleg ŽDAN, belorus ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden M. GOŞLYÝEW. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |