21:46 Hett melikesi: Puduhepa | |
HETT MELIKESI
Zenan şahsyýetler
▶ PUDUHEPA Hemişe gyzyl eşikleri geýen gözeller gözeli hett melikesi... Tawananna... Puduhepa b.e.öñki XIII asyrda ýaşap geçen hett hökümdary Hattusiliniñ aýaly we Hett imperiýasynyñ melikesidir. Puduhepa barada biziñ günlerimize ujypsyz maglumatlar gelip ýetipdir. Şol sanda Kadeş ylalaşygynda ulanan möhüri, elmydama gyzyl reñkli eşikleri geýmegi, Iştar ybadathanasynyñ ruhanysy bolandygy we çuññur zehinli syýasatçy bolandygy bilen birlikde görmegeýligi bilenem taryh sahypalaryny adyny ýazdyrmagy başarypdyr. Huduhepanyñ kakasy Bentip-şar lawazantiýaly (elbistanly) bir ruhanydyr. Bentip-şar Kizzuwatnada Lawazantiýanyñ Iştar (Sauşga) aýal hudaýynyñ ruhanysy eken. Hökümdaryñ bu hudaýa çokunmagy Hattusiliniñ Bentip-şar bilen ýakyndan gatnaşmagyna we Puduhepa bilen tanyşmagyna sebäp bolupdyr diýip rowaýat edilýär. Puduhepa b.e.öñki XIII asyrda Hett patyşasy Hattusili III-iñ aýaly bolupdyr we iñ meşhur hett melikesi hökmünde taryhdaky ýerini alypdyr . Patyşa bilen Puduhepanyñ biri-birini uçursyz gowy görendigi rowaýat edilýär. Hatda Hattusili III-iñ öz aýalyna bolan mähir-muhabbetinden söz açýan ýazuw ýadygärliginde taryhda ilkinji gezek "söýgi" sözüniñ ulanandygyna duş gelmek bolýar. Hawa, taryhda ilkinji bolup söýgi sözüniñ ýazuw ýadygärliklerine geçmegine sebäp bolanam, hut şol deñsiz-taýsyz melike Puduhepadyr. Aýal hudaýyñ "olary nikalaşdyrmak isleýändigi we bu är-aýalyñ özara söýgüsi" hakynda söz açandygy aýdylýar. Patyşanyñ hudaýlaryñ talabyny ýerine ýetirmegi we är-aýal söýgüsinden söz açylmagy şol döwre degişli gymmatly maglumatlary bermek bilen bir hatarda, agzalyp geçilen söýginiñ sözüñ doly manysynda nähili manyda ulanylandygy mälim däl. Hett gelini durmuşa çykanda adamsyndan sylag-hormat we mähir-muhabbet tama edip bildimikä? Bu soragyñ hiç wagtam dogry jogabyny tapyp bolmasa gerek. Ýöne bu soraglary orta atanymyzda taryhda zenan baradaky öñe sürülýän çaklamalaryñ hakykatda juda çylşyrymlydygyny görmek mümkin. Beýleki Tawanannalar ýaly Puduhepa her näçe köşküñ hojalyk işlerine we çagalaryñ terbiýelenşine jogapkär bolsa-da, hett melikeleriniñ arasynda syýasata iñ köp täsirini ýetirenleriñ biri bolupdyr. Hett patyşalygynda onuñ adatdan daşary oýnan roluna güwä geçýän köp sanly hatdyr taryhy resminamalar bar. Şoña görä hem Puduhepa ýaşan döwrüniñ iñ tapawutlanan güýçli we hormatlanýan şahsyýeti hökmünde öñe çykýar. Ýazuw ýadygärliklerinde melike Puduhepanyñ patyşa äri bilen deñ derejede adynyñ tutulmagy şol döwrüñ zenanynyñ oýnan rolunhñ diñe öý hojalyk we maşgala işleri bilen çäklenmändigini görkezýär. Bu göräýmäge üns bereniñe degmeýän zat ýaly. Emma ha biziñ günlerimizde bolsun, ha geçmişde bolsun, tapawudy ýok, aýala hökümdar adamsy bilen deñ derejede hormatlanylmagy kiçi-girim zat däl. Bu melikäniñ sylag-hormatynyñ patyşañky bilen deñdigini alamatlandyrýar. Bu täsin maglumat erkekleriñ agalygynyñ höküm sürýän jemgyýetinde aýal-gyzlaryñ bilkastlaýyn diýen ýaly ikinji derejä düşürilmeginiñ nädogrudygyny görkezýär we hett melikesiniñ durmuşyny öwrenmäge gyzyklanma döredýär. Puduhepa baradaky gyzykly maglumatlaryñ ýene-de biri, onuñ Müsüriñ patyşasy Ramzes II bilen gatnaşygydyr. Ramzes II melikä şalaryñ derejelenişi ýaly derejeläp ýüzlenipdir. Olaryñ bu dostlugy Puduhepanyñ oýnan syýasy roly barada köpsanly çaklamalaryñ döremegine sebäp boldy. Şol sanda bu gatnaşyk Puduhepanyñ halkara diplomatiýada nähili täsiriniñ we syýasy ukyplarynyñ bardygyny orta çykarýar. Ramzes II-niñ Puduhepa patyşalara ýüzlenilişi ýaly ýüzlenmegi üns berilmeli ýagdaý. Müsüriñ faraony Ramzes II Puduhepany özüniñ aýal dogany, Hattusili III-ide erkek dogany diýip yglan edipdir. Şeýle-de öñden gelýän däbe eýerip, beýleki Tawanannalarda bolşy ýaly Puduhepanyñ melikeligi döwründe patyşalyk sowgatlar ýa-da möhürler patyşanyñ ady bilen deñ hatarda onuñam adyny göteripdir. Puduhepa Hattusili III aradan çykansoñ, ogly Tudhaliýa IV-iñ döwründe Tawananna ("Ene melike") ünwany bilen döwlet dolandyryşynda ýer alypdyr. Sebäbi hett hukugyna laýyklykda bir gezek berilýän tawanannalyk patyşa äriñ ölümi bilen elden gitmän, Tawanannanyñ öz ölümine çenli dowam edipdir. Puduhepanyñ içerki-daşarky syýasatda diplomatiki we kanuny proseduralara işjeñ gatnaşmagy aýal-gyzlaryñ esasy wezipesi hökmünde hasap edilýän ýanýoldaşlyk we enelik bilen çäklendirilen düşünjä ters gelýär. Hawa, gadymy Hett döwletiniñ melikesi Puduhepanyñ obrazy aýal-gyzlaryñ diñe keýwanylyk etmek, çaga dogurmak, hyzmatkärlik etmek ýaly işler bilen göz öñüne getirilmeginiñ dogry däldigini görkezýär. Puduhepa taryha giren üstünlikleri, danalygy, görmegeýligi bilen ençeme melikelere nusgalyk keşp bolup gelipdir. Onuñ eden işleriniñ gymmatyny görkezýän birnäçe ýazuw ýadygärligi biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir. Puduhepa diñe bir melike bolmak bilen çäklenmän, eýsem ökde zehinli diplomat we din adamsydy. Ol ýönekeý bir aýal däldi. Tersine, biziñ günlerimize çenli gelip ýeten maglumatlara seredenimizde, onuñ çuññur hormatlanylýan örän güýçli aýaldygyny görmek bolýar. Şonuñ üçinem ýaşan döwründen bäri 3 müñ ýyl geçendigine garamazdan, Puduhepa häzirem hakyky güýjüñ, gözelligiñ, danalygyñ we Anadoly zenanynyñ her wagtky görkezip gelen gaýratlylygynyñ simwoly bolup gelýär. Ol öz döwrüniñ melikelerinden tapawutlylykda, döwlet dolandyryşynda täsirli orun eýeläpdir. Onuñ paýhasly aýal bolandygy şek-şübhesizdir. Taryhyñ ilkinji parahatçylyk şertnamasy bolan Kadeş ýaraşyk şertnamasynda Puduhepanyñ möhrüniñem bolmagy munuñ aýdyñ subutnamasy bolsa gerek. Puduhepanyñ möhüri Tarsusyñ Gözlükule harabalygynda tapyldy. Möhür häzir Adananyñ şäher muzeýinde saklanylýar. Soñky ýyllarda Tatarly harabalygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri Lawazantiýa şäheriniñ şu ýerde bolup çykaýmagynyñ ähtimallygyny güýçlendirdi. Lawazantiýa indi Adananyñ we Çukurowanyñ siwmolyna öwrüldi diýsek ýalñyşmasak gerek. Müñlerçe ýyl mundan owal taryhyñ ýazmaça baglaşylan ilkinji şertnamasyna möhürini uran Puduhepa aradan geçen onlarça asyra garamazdan, häzirem Anadoly zenanynyñ iñ esasy aýratynlyklaryndan biri hökmünde salyhatlylykda ýatlanmaga, söýülmäge, içgin gyzyklanylmagyna dowam edýär. Hormatlamak bilen; Prof. Dr. Nazan Apaýdyn DEMIR. 21.07. 2015 ý, Mugla. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |