04:20 Puluñ ýesiri | |
PULUÑ ÝESIRI
Jemgyýetçilik tankydy
Islendik adamy umuman alanda ýeri gelende biraz okuwçy, birazam mugallym hasaplap bolar. Ilki bilen çagalaryna durmuş sapagyny bermäge çalyşýan ene-atany alyp göreliñ. A mugallym bolsa, bu işi hünär edinen we bu boýunça hünär taýýarlygyny geçen adamdyr. Jemgyýetleri mugallymlar bina edýär diýilýär, men bolsa häzir muña başga bir nukdaýnazardan seretmek isleýärin. Käte bu barada oýlananymda meni, öz elimiz bilen gepe-söze düşmez mahluklary ösdürip ýetişdirýän ýaly duýgy gaplaýar. Häzir biziñ sagymyzy-solumyzy maddy bähbitleri araýan, garşysyndaky adamyñ peýdasyny nähili görýän bolsa şoña görä-de dostsyraýan, özüne gerek wagty nähili ýaýaplamalydygyny oñarýan, diñe özüni bilýän täze nesil frankşteýnler doldurdy. Käte hiç hili bähbidimiz bolmasa-da, bir çetde galan, eliñizi uzatmasañ öñe bir ädim ätmäge ýagdaýy ýok kişilere goldaw berýäris, ugur-ýol görkezýäris, maddy we ruhy taýdan goldaýarys. Soñ bir gün gelýär welin, beýläñe öwrülenden ýañky goldap ýerden galdyran adamlaryñ üýşüp kyn günde özlerine el uzadan adamy ýok etmäge çalyşýarlar. Siziñ gurmakçy bolýan we aslynda olaryñ münen şahasyny hiç bir hukuga eýe bolmazdan sizden almaga çytraşýarlar. Mukaddeslik diýen zady bolmadyk, ruhy dünýäsi ölen, kalbynda watanyna-da, halkyna-da nam-nyşan söýgüsi ýok bu adamlar iñ ýakyn adamyny-da pul we wezipe üçin satmaga taýýardyr. Olar agzyna atan lukmalaryny doly ýuwutmanka siziñ beren puluñyza gapydan gapa ylgap, sizi ýamanlamakdan ýaña öwrenen bolgusyzlyklary üçin pul gazanmakdan zerre ýaly utanç duýanoklar. Olaryñ şahsy durmuşynda-da şobir zatlar gaýtalanýar. Olar ýanýoldaşlaryna, ýakyn hossarlaryna, maşgalalaryna garşy-da rehim-şepagatsyz we sabyr-takatsyzdyr. Şular ýaly adamlar ylmy karýeralarynyñ bir ujundan gireninden ýüzüñize gönüläp: "Siziñ kürsüñizde gözüm bar" diýip bilýärler. Arzuwlaýan ýerlerinde oturmak üçin nijeme ýollary geçmek, zähmet çekmek, tejribe edinmek, pul harçlamak olar üçin hökmany zat däl. Bular ýaly adamlar bilen hiç zady düzedip bolmaýar. Meselem siz, bular ýaly adamlar bilen Çanakkalede duşmana garşy bile söweşip bilmersiñiz. Siz olara bäş manadyny sowduryp, iñ ýakyny açlykdan ölýänem bolsa ýeke döwüm çörek aldyryp bilmersiñiz. Şu tetelli adamlaryñ köpelen jemgyýetinde ne öndürijiligi, ne ylym-bilimi, ne döredijiligi, ne medeniýeti ösdürip bolar. Ynha, sözümiñ hut şu ýerinde-de, şuña ünsi çekesim gelýär: Biz bu adamlary ösdürip ýetişdirende näme etmesiz işleri etdikkä? Biz olary adam edip ýetişdireliñ, watana, halka peýdaly adamlar bolup ýetişsin diýip hallan atýarkak, iýen çörekleri olary mutasiýa uçratdymyka? Meniñ pikirimçe, XXI asyryñ iñ uly howpy, iñ uly kesel diagnozy: PULUÑ ÝESIRI. Hususanam biziñ ýurdumyzdaky ýaly iki medeniýetiñ arasynda germesatan bolup galanlar ukyp-başarnyklary bilen ýetesleri gelýän arzuw-hyýallarynyñ arasyndaky aşylmasy kyn menziller ara düşensoñ ruhlaryny ap-añsatja ilkinji bolup hyrydar çykan müşderä satyp goýberýärler. Ynha, hut şol sebäpli-de biziñ başymyza bir topar bela-beterler inýär. Bu adamlar pula, wezipä, çine alyp barýan her ýoldan ýöräbermelidir öýdýärler. Bulara işime päsgel berýär diýip iñ ýakynyna rowa görülmejek ýamanlygy etmek, mugallymynyñ aýagynyñ aşagyny gazmak, ýanýoldaşyndan geçmek, ene-atasyndan ýüz öwürmek, doganyna sähelce zady bahana edip azgyrylmak we ondan pulumy gysganmak ýaly ýaramazlyklar hem girýär. Bu adamlardan utanmak, uýalmak ýaly zatlary tama-da edip oturmañ. Aý garaz, näme diýseñ bärden gaýdýar. Pikirimizi hasam çuñlaşdyryp tom-tom kitap ýazybam bilerdik. Gep onda däl. Gep başga zatda, gadyrdanlar. Men muny özümden hemişe soraýaryn: Biz nirede ýalñyşdyk? Ýeri, indi biz bu ýalñyşlygymyzy täzeden sagdyn jemgyýeti berkarar etmek üçin nädip düzedip bileris? Çünki, gynansak-da galyñ milleti syrtlan sürüleri basyp alypdyr. Her öñýetenem awyñ ugrunda. Olary nädip seljermeli diýýän bolsañyz, onda meni üns berip diñläñ. Olar - iñ ýakynlarynyñ, mugallymlarynyñ, howandarlarynyñ, maşgalalarynyñ, hatda ýanýoldaşlarynyñ hem aýagyna palta urup bilýänlerdir. Olaryñ kesel derejesine ýeten husytlyklary we işýakmazlyklary hem bardyr. Üns berseñiz, töweregimizde şolardan kän zat ýok. Biziñ ýurdumyzyñ iñ uly meselesi-de şu bolsa gerek. Her näçe döwürler çalşyp dursa-da adamçylygyñ, terbiýäniñ pese gaçmagynyñ sebäbi şunda. Hiç hili mukaddesligi bolmadyk puluñ ýesirine öwrülen täze nesil ýetişdi. Sözüñ doly manysynda we hiç bir tamakinçiliksiz peýdaly zatlary öwretmäge ukyply hemmeleri hormatlamak bilen: Professor Nazan Apaýdın DEMIR. 24.21.2018 ý, Mugla. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |