22:51 Gadymy Müsüriñ melikesi: Nefertita | |
GADYMY MÜSÜRIÑ MELIKESI
Zenan şahsyýetler
▶NEFERTITA Müsüriñ iñ güýçli we iñ owadan melikesi Nefertita... Ölüminiñ üstünden müñlerçe ýyl geçip gidendigine garamazdan, ady owadanlygyñ siwmolyna öwrülen melikäniñ gynançly hekaýaty... Nefertita - b.e.öñ 1370-1330-njy ýyllarda ýaşap geçen Müsür melikesi bolup, ol faraon Ehnatonyñ aýalydyr. Gadymy Müsüriñ taryhyna degişli kitaplaryñ ählisi onuñ dillere dessan bolan owadanlygyny hökman agzap geçýär. Onuñ ady "gözellik gelýär", "gözel" ýa-da "gözellikden bolan gözellik" manylaryny berýär. Käbir çeşmeler Nefertitanyñ hakyky adynyñ Tadupikadygyny, ýöne onuñ çaksyz owadanlygy sebäpli Nefertita adyny alandygy aýdylýar. Melike Nefertitanyñ nirelidigi we gelip çykyşy anyk bilinmese-de, dürli hili çaklama rowaýatlar bar. Olaryñ iñ hakykata golaýy diýip kabul edileni: Faraonlaryñ üç arka bäri dostlukly gatbaşyk saklaýan ýurtlary bilen dostana gatnaşyklaryny mundan beýlägem dowam etdirmek üçin olaryñ melikelerini alma däbi XVIII nesilşalygynyñ döwründe ýörgünli bolupdyr. Mesopotamiýa we Kawkazdaky Mitanni döwleti şol wagtlar Müsür bilen ikitaraplaýyn dostana gatnaşykda bolupdyr. Patyşanyñ ýetişip barýan eli şypaly owadan tebip gyzy bardy. Ehnatonyñ kakasy Amonhotep III hassa düşeginde ýatyrdy. Mitanniniñ hökümdary em etsin diýip Tadupikany Müsüre ugradypdyr. On bäş ýaşly Tadupika faraonyñ ähli derdini dep etmek üçin eline Iştar hudaýynyñ heýkeljigini alyp Müsüre gadam basýar. Ine, şeýdibem şol döwrüñ müsür dilinde oña "Gözel geldi" manysynda Nefertita ady berilýär we taryhy çeşmelere-de bu at bilen girýär. Bir zat welin anyk: Nefertita Ehnatona durmuşa çykarylypdyr we faraona sözüni ýöredip bilipdir, hatda rowaýata görä, äriniñ ölmünden soñam ýurdy dolandyrypdyr... Geñ ýeri, kämillik ýaşyna ýetmänkä nikalaşan bu iki juwan bihal adamlar bolmandyr. Belki-de olar gelejekdäki dinleriñem düýbüni tutup, Güni alamatlandyrýan we ähli adamlara deñ göz bilen garaýan ýekehudaýlylyk dininiñ ilkinji kerpijini goýupdylar. ■ Nefertitanyñ owadanlygy Nefertitany şular ýaly derejede meşhurlaşdyran zat onuñ elindäki syýasy güýji däl. Onuñ häli-häzirledem hemmeler tarapyndan bilinýän, hemişe agzalýan tarapy - OWADANLYGYDYR. Bu barada Mişel Moran "Müsüriñ melikesi - Nefertita. Soñsuzlygyñ gyzy" kitabynda şeýle diýilýär. "NEFERTITA... Gara saçly, goýy gara gözli, kümüş öwüsýän tenli. Ýañajygynyñ üsti eliñ aýasy sygjak derejede çukanak atyp durdy. Özüne göwni ýetýän melikelerem ondan gözüni aýryp bilmejek derejede owadandy. Ol gowy bilim alypdy, özüni diýseñ gowy kämilleşdiripdi. Ol Mitanni hökümdarynyñ gyzydy. Oña nazar salmaga het edenleriñ kalbyny hem gorky, hem gabanjañlyk gaplap alýardy. Nefertita adamlary jadylap taşlaýan, jadylap bilmediklerini-de akyl-paýhasynyñ güýji bilen añsatja ýeñip bilýän üýtgeşik zenandy. Onuñ maksady halkyñ baştutany bolup, ebedileşmek we taryha hemişelik adyny ýazdyrmakdan ybaratdy. Ol soñsuzlygyñ yşgyna düşüpdi. Janyñy alyp barýan gülüşi bardy. "Zenanlykdan" peýdalanmagy oñarýardy, şonuñ üçinem erkekler bilen gürleşende pyşyrdap diýen ýaly gürleýärdi. Şonuñ üçin garşysyndakylar onuñ sesini eşitjek bolup öñe ýapyrylýardylar. Gülüşini ýerlikli ulanýardy, ýylgyran wagty erkekler göýä özlerini onuñ ýalkymyny boýlan ýaly duýardylar. Durmuşa bolan garaýşynda syýasy ýokundylar kändi. Ol hudaýa durmuşa çykyp, hudaý bolasy gelýärdi. Aslynda onuñ bolasy gelýän zady şondanam belentdi. "Hudaýlar özlerine gelenim üçin maña jeza beräýjeklermikä?" diýjek derejede belentdi hyýaly... Şol bir wagtyñ özünde öljegini bilse-de yza gaýtmajak derejede batyrgaýlygy bardy. Mekirdi we çak etmesi mümkin däl erk-ygtyýary bardy. Wagşy tebigatly özüne göwnüýetijiligi bardy". Taryha ser salanymyzda, Nefertitanyñ hem owadanlygy, hem reformaçy aýratynlygy blen Günbatara nähili täsir edendigini görmek bolýar. Wagtal-wagtal sergilerde, dokumental filmlerde we çeper kinofilmlere edebi esas bolup biljek hekaýaty bilen garşymyza çykýan bu reformaçy melikäniñ ömri häzirem açylmadyk syrlardan doly. ■ Nefertitanyñ býusty Ýylanyñ damagyndan çykan ýaly boý-syny, köpmanyly bakyşlary bilen müñlerçe ýyl geçensoñam Nefertita öz býustyna güýjüñ we häkimiýetiñ alamatlaryny çaýmaga ukyply. Nefertitanyñ býusty Gadymy Müsüriñ iñ köp nusgalanan heýkeltaraşlyk eseridir. Dünýäniñ iñ gadymy we bahasyna ýetip bolmajak deñsiz-taýsyz eseri hökmünde ykrar edilen Nefertitanyñ býusty taryhy taýdanam, gözellik we estetiki tarapdan berýän manylary bilenem diýseñ gymmatlydyr. Sebäbi heýkel melikäniñ diñe owadanlygyny däl-de, gam-gussaly wagtyny we betbagtlygyny-da berip bilipdir. Nefertita uçursyz owadanlygy bilen bir hatarda akylly, ylymly, iş başarjañ we buýsançly zenan bolupdyr. Onuñ owadanlygyndan has beter danalygy-da dilden dile geçipdir. Ol adamsyny jany-teni bilen söýüpdir, söýgüsine mynasyp garşylyk hem alypdyr. Muña garamazdan melike özüni bagtly duýmandyr. Onuñ kalbynyñ töründe gert basyp ýatan gizlin dert-elemi bardy. Ynha, hut şu detallar hem onuñ býustynda şekillenipdir. Bu býusty ýasan heýkeltaraş melikäniñ içki duýgularyny, pynhan dertlerini ussatlyk bilen daş bölegi siñdirmegi başaran tejribeli senetkärdir. Býustyñ taryhy gymmatyny artdyrýanam zadam şondadyr. Býust müsürli heýkeltaraş Tutmos tarapyndan döredilipdir. Melikäniñ ýüz keşbi Gün şöhlesine ýanan sypatda, saçy sertaraşlanan, dodaklary gyzyl reñke boýalan görnüşdedir. Entek Nefertitanyñ kimdiginden hiç kimiñ habary ýokka, onuñ býusty ýaşap geçen döwründen otuz dört asyr geçensoñ, 1912-nji ýylyñ 6-njy dekabrynda Ehnatonyñ guran täze paýtagty Tell-Amarnanyñ harabalyklarynda nemes arheology Lýudwig Brohardt tarapyndan tapylypdyr. Nefertitanyñ býustynyñ göz gamaşdyryjy owadanlygyna haýran galan arheolog ony ähmiýetsiz bir tapyndy ýaly görkezýär we býusty ogurlap Germaniýa äkidýär. Emma ýazgylarynda "ony gözüñ bilen synlap göräýmeseñ, söz bilen beýan etmek mümkin däl" diýip, býustyñ özüne eden täsirini gizläp bilmändir. Ahyrynda ogurlan býust Berliniñ Dahlem muzeýine düşýär. Býusty Berline getirip, şahsy kolleksiýasyna goşan arheolog 1920-nji ýylda ony Berliniñ Müsüe muzeýine tabşyrýar. Berlin muzeýleriniñ "Mona Lizasy" hökmünde uly gyzyklanma döreden Nefertitanyñ býusty hatda Gitleriñem ünsüni özüne çekipdir. ■ Nefertita we Ehnaton Faraon Ehnatonyñ aýaly Nefertita adamsy bilen bile täze "Aton" dinini wagyz edipdir. Är-aýal läkimiýet başynda bolan ýyllarynda müsür medeniýetinde uly öwrülişik amala aşyryp, müsür dininde düýpli üýtgeşmeleri durmuşa geçiripdirler. Köphudaýlylyk ynanjyna uýýan müsürliler bu är-aýalyñ geçiren wagyz-nesihat işleriniñ netijesinde ýekehudaýlylyk ynanjyna giripdir. Olaryñ wagyz eden dini birnäçe sany hudaýyñ ýerine ýeke-täk Gün hudaýyna çokunmakdan ybarat bolupdyr. Ehnatonuñ geçiren dini reformalary we girizen täzelikleri köne müsür ynanjynyñ we ybadathanalarynyñ halkyñ üstündäki täsirini gowşadypdyr. Bu bolsa öz gezeginde öñki diniñ ruhanylarynyñ hem täsirliligini pese gaçyrypdyr. Netijede faraonyñ dini reformalary öñki diniñ wekilleri bolan žresleriñ gahar-gazabyny oýarypdyr. Garşydaşlaryna garşy barlyşyksyz göreş alyp baran Ehnaton we Nefertita täze wagyz edýän dinlerini berkarar etmek üçin öñki ybadathanalaryñ hemmesi ýykdyryp, täze paýtagt şäher gurdurypdyrlar. Köphudaýly dinden ýekehudaýly dine geçiş döwründe adamsyna beren goldawy sebäpli melike Nefertitanyñam duşmanlary barha artmak bilen bolupdyr. Ehnaton täze dini doly durmuşa geçirip başarmadygam bolsa, onuñ ady ýekehudaýly dine ynanan ilkinji adam hökmünde dünýä taryhynyñ sahypalaryna hemişelik giripdir. Şol döwür Müsüriñ sungat dünýäsi realistik çarçuwalara diýseñ ýakynlaşypdy. Ýöne birnäçe hudaýlara ynanýan ruhanylar onuñ bu "dinden çykmasynyñ" jogapkärçiliginiñ boljakdygyny aýtdylar. Iñ gynançly ýeri bolsa, melikäniñ kyn ýagdaýyny oña hudaýlar tarapyndan berlen jeza hökmünde gördüler. Nefertitanyñ bir kemçiligi bardy, ol alty gyz çaga dünýä inderenem bolsa, tagt mirasdüşeri hökmünde ýeke oglan dogurmak miýesser etmändi. Muña şowakör ruhanylar hudaýlardan gelen jeza diýip düşündiler, bu ýalñyş pikire uýanlaryñ sany köp boldy. Faraon ýene bir aýal aldy. Onuñ ikinji aýalyndan bolan ogly Tutanhamonyñ meşhur mazary bolsa häli-häzire çenli gargyşsiñen mazar hasaplanýar. Ynha, Nefertitanyñ ýüzündäki dert-elemiñ düýp sebäbi şundan gelip çykýardy... ■ Nefertita we Mona Liza Ýaşan döwründen üç müñ ýyl geçensoñ Nefertita modeli Renessans döwrüniñ beýik akyldary Leonardo da Winçiniñ "Jokonda" eserinde şöhlelenipdir. "Jokonda" Nefertitanyñ býustynyñ ýüz keşbindäki alamatlara diýseñ golaýlaşypdyr. Şeýle-de bolsa, Da Winçiniñ eseri surat bolandygy üçin heýkele görä has köp teswirlenýär. "Jokondada" (Mona Liza) hem, Nefertitada hem birmeñzeş ajy ýylgyryş, ýüzdäki hesret, elemli yşaratlar göze ilýär. Ýöne Nefertitany taryhy wagt taýdanam, şol sanda heýkel bolandygy üçinem "Jokondadan" has kämil eser hasaplamak bolar. Melikäniñ çekýän dertleriniñ we pynhan hesretleriniñ şular ýaly sungat eserine ussatlyk bilen ýañzydylmagy arkaly Nefertita bizde birnäçe sowallary döredýär, şol sanda agras pikirleri galdyrýar hem-de bu legendar hekaýat öz syryny gorap, müñlerçe ýyl mundan owalku döwri göz öñümizde janlandyrýar. Şa zenanynyñ içinde berç alan gaýgy-gamyñ daşyna urmagy bu eserde aýdyñ şöhlelenipdir. ■ Nefertitanyñ mumyýasy Müsüriñ iñ meşhur melikesi Nefertitanyñ mazary birnäce ýyllap çözgüdi tapylmagyna garaşylýan tapmaça bolup geldi. Ol hakynda müñlerçe gorkunç lagnaty hekaýatlar aýdylyp gelindi. Bir asyr mundan öñ Patyşalar jülgesinde tapylan atsyz üç mazaryñ biriniñ Nefertita degişlidigi aýdylsa-da, ýakyn wagta çenli anyklamaga hiç kim girişmedi. Birnäçe ýyl mundan öñ iñlis müsürşynasy Žoann Fletçer muny anyklamagyñ ugruna düşdi we mazaryñ içine girmegiñ hötdesinden geldi. Geçirilen barlaglaryñ dowamynda bir goly kesik (ýa-da döwük) ýagdaýda mumyýalan jesediñ heniz dirikä göwresiniñ sag tarapyna tyg ýarasynyñ düşendigi we şondanam ölendigi anyklandy. Otuz ýaş çemesi zenana degişli bolan bu mumyýanyñ çep gulagynda jübüt gulakhalka deşigi bar. Nefertita bolsa, faraonlar döwrüniñ Müsürinde şular ýaly görnüşde gulagyny deşdiren ýeke-täk zenandyr. Jeset usullyk bilen mumyýalanyp guburyna ýerleşdirilenden soñ kän wagt geçmänkä mazar garakçylarynyñ talañyna uçrapdyr. Mazar ogrusy messepsizlerden başga nämä garaşjak: talañçylar guburdaky we mumyýadaky jöwherleri we gymmatbahaly zatlary sypyryp alýarlar. Ýöne ogrularyñ dilsiz-agyzsyz ýatan jesede eden sütemi munuñ bilenem gutarmandyr. Olar gymmatbahaly zatlary ogurlanlarynda mumyýany weýran edipdirler, iñ uly şikes bolsa melikäniñ ýüzüdir agyz-burnuna ýetirilipdir. Başyndaky börük bölek-bölek edilipdir. Ýigrenç bilen çemeleşilen biçäre jesediñ başyna inmedik galmandyr. Mumyýalan jeset jem janlylar dünýäsinde, hem ölüler dünýäsinde eýesiz taşlanypdyr. Ruhuñ ebedilige barýan ýoly ýarpy ýolda kesilipdir. Köne müsür ynanjyna görä mundan beýläk onuñ adyny hiç kim agzamaz, hudaýlar ony tanamaz. Ol iki dünýäniniñ arasynda galan nä alaç etjegini bilmän galan ruh bolup, hiç haçan ebedilige ýetmän galar... Melike Nefertita müñlerçe ýylyñ örtügini serpip, häli-häzirlerem adamlary öz owadanlygyna we syrlaryna maýyl etmäge dowam edýär. Professor Nazan Apaýdyn DEMIR. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |