18:45 Ady taryhdan öçürilmek islenen melike: Hatşepsut | |
ADY TARYHDAN ÖÇÜRILMEK ISLENEN MELIKE
Zenan şahsyýetler
▶ HATŞEPSUT Hatşepsut (ýa-da Maatkare, Maat-ka-Ra), Gadymy Müsür taryhynyñ iñ täsin we saýlama zenan şahsyýetleriniñ biri. Ol tutuş 22 ýyllap faraon tagtynda oturypdyr we Müsüri boýdan-başa täzeden özgerdipdir. Emma näme üçindir aradan çykan badyna onuñ adyny hakydalardan öçürmäge synanşypdyrlar. Megerem, munuñ ýeke-täk sebäbi bar - olam onuñ zenan bolmagydy. Tä DNK barlaglary geçirilip, onuñ faraon tagtynda oturandygy subut edilýänçä Hatşepsutyñ ýaşap geçen hökümdardygy inkär edildi. Emma Hatşepsut hakykata göz ýetirmegiñ ýeke-täk ýolunyñ taryh däldigini-de subut etdi. Hatşepsutdan söz açmagymyñ ilkinji sebäpleriniñ biri, onuñ ýok edilmek islenen yzlarynyñ häli-häzirlerem has köp adama görünmegidir. Iñ gyzykly ýeri bolsa, oña degişli ybadathananyñ antiki dünýäniñ ot-çöpler arkaly em edilýän we gözellik reseptleriniñ alynýan ilkinji merkezi bolmagydy. Geliñ, onuñ gyzykly ömür kyssasy bilelikde okalyñ. Hatşepsut Müsür taryhynda öçmejek yz galdyran beýik hökümdardyr. * * * Melike Hatşepsut Müsür taryhynyñ ilkinji zenan faraonydyr. Ilkinji zenan faraon bolmak bilen birlikde Hatşepsut öz döwrüniñ iñ uly söwda ýollarynyñ inisiatorydyr we onuñ zenandygy öz ölüminden ýüzlerçe ýyl geçensoñ mälim edildi. Muña garamazdan onuñ ýeterlik derejede tanalmazlygyna ondan soñky tagtda oturanlaryñ diñe öz bähbitlerini araýan şöhratparazlyklary sebäp boldy. Bu bolsa onuñ adynyñ we eden işleriniñ taryh sahypalaryndan ýitip gitmegine getirdi. Hatşepsut gadymy Müsüriñ 18-nji nesilşalygy döwründe höküm sürüpdir. Onuñ ejesi Ahmos, kakasy Tutmos I. Tagtda oturan wagty boýunça dürli pikirler orta atylýar. Bir çaklama görä, ol b.e.öñki 1503-nji ýylda tagtda oturyp, b.e.öñki 1445-nji ýyllara çenli höküm sürüpdir. Hatşepsut häkimiýet ugrunda oñuşmazlyklar güýjän döwürde faraon tagtyna çykypdyr. Kakasy Tutmos I gaýduwsyz serkerde bolupdyr. Tutmos I özünden öñki faraonlaryñ heniz gitmedik ýurtlaryny öz döwletine birikdirip başarypdy. Bäş çagasy boldy, emma diñe Hatşepsut ölmän galdy. Faraon saýlamak jogapkärli işdi we onuñ ogly ýokdy. Şular ýaly ýagdaýda ikinji derejeli aýallaryñ çagalary-da faraon bolup bilýärdi. Gadymy Müsürde dogan bilen doganyñ nikasy oñlanylýardy. Şeýtmek bilen olar nesilşalygyñ ganyny bozman saklajak bolýardylar. Hatşepsudam bu ýörelgä eýerilip, hökümdaryń ikinji aýalyndan bolan (ýarym begzada) Tutmos II-e äre çykaryldy. Şol wagt Hatşepsut 12, Tutmos 20 ýaşyndady. Ilki Nefruri diýen gyzlary dünýä indi. Ýaşaşyp ýörkäler adamsy üstüne Aset atly aýaly aldy. Aset bilen bir wagtyñ özünde çagasy bolan Hatşepsut ikinji gyzyny, Aset bolsa ilkinji ogluny dünýä inderdi. Hatşepsut günüsi Asetiñ ogluny öz çagasy ýaly gowy görüpdir. Hatşepsut otuz iki ýaşyndaka ýañy kyrk ýaşan Tutmos II aradan çykypdyr. Tutmos II ejiz bolandygy üçin uruşlara hem gatnaşyp bilmändir. Hatşepsut adamsynyñ ölüminden soñ ogly bolmandygy üçin tagty öweý ogly Tutmos III-e bermejek bolup, şol döwrüñ baş ruhanysy bilen gizlin dilleşipdir. Adamsy Tutmos II-den soñ Tutmos III-iñ tagta çykmalydygyna garamazdan, onuñ heniz çagadygyny tutaryk edip, Hatşepsut hökümdaryñ naýyby hökmünde özüni faraon diýip yglan edipdir. Erkek eşigini geýip, ýüzüne ýasama sakgal dakynypdyr. Ol antiki Müsüriñ taryhynda naýyp yglan edilen ýeke-täk zenandyr. Hatşepsut ýaşdygyna garamazdan, tagta geçen badyna güýçli syýasy ukyplary arkaly erkek gegemoniýasyna göz edip tegelek ýigrimi iki ýyllap tagta oturmagy başaran ilkinji zenan faraondyr. Onuñ başaranyny başaran zenan Müsür taryhynda başga barmy-ýokmy, ony bilemzok welin, Hatşepsutyñ ömür ýoly we başdan geçirenleri ilkinji zenan hökümdar hökmünde taryh sahypalarynda mynasyp ornuny eýeledi. Hatşepsut şol bir wagtyn özünde gadymy Müsüriñ taryhynda ilkinji naýyp yglan edilen zenandyr. Hatda ol özünden has meşhur Nefertita we Kleopatra ýaly melikelerdenem has güýçli hökümdar bolupdyr. Abadanlaşdyryş işlerine köp üns beren Hatşepsutyñ wagtal-wagtal erkek eşigine we ýasama sakgala bürenip gizlinlikde halkyñ arasyna aýlanandygy hem rowaýat edilýär. Taryhy çeşmeler Hatşepsutyñ ýigrimi iki ýyllyk agalygyndan soñ, ýerine Tutmos III-iñ geçendigini habar berýär. Zenandygyna garamazdan, onuñ hökümdarlygy halky tarapyndan goldanypdyr. Onuñ faraonlyk süren döwründe Tutmos III goşunyñ serkerdebaşysy bolup basybalyjylykly uruşlara gatnaşypdyr. Aralarynda tagt dawasy bolmandygyna garamazdan, Hatşepsut aradan çykansoñ tagta geçen Tutmos III hökümdarlyk süren ýigrimi ýylynyñ dowamynda ýazgylardaky, memorial binalardaky Hatşepsut adyny ýok etmäge çalşypdyr. Tutmos III aýalyñ faraon tagtynda oturmagynyñ dowam edip gelýän urp-adatlara dogry gelmeýändigi üçin munuñ taryhda ýatlanmagynyñ öñüni alma pikirinde şeýdendir diýip çak edilýär. Emma Hatşepsut galdyran memorial ýazgylarynda şan-şöhrata gyzykmaýandygyny, özüniñ diñe kakasynyñ gyzydygyny ýazdyrypdyr. Onuñ begzada maşgaladan bolmadyk, ýöne ussat binagär bolan Senmut bilen ýakyn gatnaşygynyñ bolandygy rowaýat edilýär. Gadymy Müsüriñ taryhy we nesilşalyk hakyndaky hekaýatlaryñ içi dürli pyrryldaklardan, pyssy-pyjurlyklardan, iki ýüzlüliklerden, dildüwşüklerden, arkadan urmalardan, hyýanatlardan, tagt ugrundaky göreşlerden, gozgalañlardan, söýgi gatnaşyklaryndan, ar alyşlardan doludyr. Bulara Hatşepsut döwründe-de az duş gelinmeýär. Sebäp diýseñ kanun esasynda tagta oturmalydygyna garamazdan, kämillik ýaşyna ýetmändigi üçin hökümdar bolmadyk Tutmos III dürli pyrrykdaklara baş goşupdyr we özüne tarapdar toplap käbir pitneleriñ ýûze çykmagyna sebäp bolupdyr. Sowatly, giñ dünýägaraýyşly, güýçli, akyl-paýhasly, duýguçyl ýolbaşçy we hökümdar hökmünde özüni tanadan Hatşepsut şalyk süren döwründe düşünjeli we hoşniýetli syýasat ýöredendigine garamazdan, ýüze çykýan pitneleri basyp ýatyrmak üçin goşunyñ başynda durup harby operasiýalara gatnaşypdyr. Onuñ gatnaşan Somali we Jibuti ýörişlerinde uly üstünlik gazanylypdyr. Uzaga çeken hökmürowanlyk ýyllarynda hoşniýetli syýasat ýöreden Hatşepsut diñe pitneleri basyp ýatyrmak üçin ata çykypdyr. Müsürli taryhçylar tarapyndan hemişe erkek hökmünde tanadylan Hatşepsutyñ aýaldygy ýüzlerçe ýyl geçensoñ DNK barlagy arkaly ýüze çykdy we zenan faraon hökmünde taryha girdi. Onuñ sakgally heýkelleriniñ bardygynyñ sebäbi, şol döwrüñ faraonlarynyñ ýasama sakgal dakma däpleriniñ bolandygyndandyr. Juwan ýaşda öweý dogany Tutmos II bilen başy çatylan melike beýleki öweý doganlarynyñ gurnaýan pyrryldaklaryna garamazdan nesilşalygy diýseñ gowy dolandyrypdyr. Onuñ doganlary tarapyndan awy berlip öldürlendigi rowaýat edilse-de, mälim edilen ölüm sebäbi süñkde dörän rakdyr. Hatşepsut öz adyna bina etdiren ajaýyp ybadathanasy we güýjüni alamatlandyrmak üçin ýasadan "sakgally heýkeli" bilen meşhurlyk gazanypdyr. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly Hatşepsutyñ ýigrimi iki ýyllyk agalygyndan soñ onuñ ýerine Tutmos III geçipdir. Hatşepsut diýseñ täsin durmuş ýoluny geçipdir. Uruşlar, şan-şöhratdyr söýgi gatnaşyklary bilen geçen ömür we daşy pyrryldaklar bilen örtülen adatdan daşary ykbal. Erkek faraonlara gaýra dur diýdirjek derejede Müsürde şalyk süren zenan beýleki faraonlar ýaly patyşalar jülgesinde mumyýalanyp ebedi äleme ugradylypdyr. Hatşepsut barada köşgüñ diwarlaryna şeýle jümleler ýazylypdyr: "Hatşepsut iki jynsyñ bähbitlerini birleşdirdi. Hemmeler onuñ öñünde baş egmeli!" Hatşepsut adynyñ manysy-da "begzada aýallaryñ öñbaşçysy" diýmekligi añladypdyr. ■ Hatşepsutyñ ybadathanasy Hatşepsutyñ ybadathanasy Müsüriñ Deýr ül-Bahri diýen ýerinde, patyşalar jülgesiniñ Nil derýasyna uzanan ýapgydyndadyr. Melike Hatşepsutyñ hormatyna gurlan ybadathana barjak bolsañ ýapgydyñ ýüzündäki sütünlere berkidilen basgançaklara çykmaly. Iñ ýokarky basgançakda ybadathananyñ merkezi we onuñ arkasynda gaýalara oýulyp ýasalan birnäçe ybadat edilýän hüjreler bar. Binanyñ gurluşy bilen birlikde basgançagyñ diwarlaryna çekilen freskalar hem ünsüñi çekýär. Olarda Hatşepsutyñ durmuşyna we hökümdarlygyna degişli epizodlar we başga ýurtlara (Punt ýurdy) guralan söwda kerwenleri şekillendirilipdir. Söwda kerwenleri dünýäniñ çar künjünden bu ybadathana her dürli güller we agaç nahallaryny getiripdir. Olardan her dürli melhemler ýasalypdyr. Taýýarlanan melhemleriñ diñe aýal-gyzlara niýetlenen melhemlerdigi barada rowaýatlar bar. Diñe şunuñ özi hem Hatşepsutyñ näzik duýguly zenan bolandygyna yşarat edýär. Hatşepsut Pant ýurduna bir söwda kerwenini ýollapdyr. On bäş sany uly gämi Gyzyl deñizde 380 km ýol aşypdyr. Ybadathananyñ diwarlarynda bu ýöriş jikme-jik ýazylan ýagdaýda biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Afrikanyñ merkezlerinde ýaşaýan taýpalara ilkinji gezek duş gelnipdir we olar barada söz açylypdyr. Hatşepsutyñ dolandyran Müsüri bütin bularyñ hötdesinden gelip, üstünlik gazanypdyr. Diñe baý we güýçli döwlet şol döwürde bular ýaly uzak wagtlaýyn we kyn ýörişi amala aşyryp bilerdi. Hazynadar Ti nubiýalylara garşy uruşa Hatşepsutyñ hem gatnaşandygyny ýazypdyr. Onuñ goşuna ýolbaşçylyk edýärkä juda işeññir we idealist zenandygy gürrüñ berilýär. Patyşalar jülgesiniñ iñ jümmüşindäki mazar Hatşepsutyñ mazarydyr. Onuñ mazaryna ýetmek diýseñ kyn bolupdyr. Guburyñ diwary ýokary hilli mermerden ýa-da granitden däl-de, ýönekeý dag daşyndan örülipdir. Hatşepsutyñ mazarynda Senmuty-da gözläpdirler, emma tapmandyrlar. Mazardaky iki mumyýalanan jesediñ biri Hatşepsut, beýlekisi-de onun kakasydyr. Guburyñ otagynda gyzyl reñkli ýakutdan ýasalan iki tapylyp, başga hiç hili hazyna tapylmandyr. ■ Näme üçin Hatşepsutyñ adyny taryhdan öçürmek islediler? Hatşepsutyñ ölüminden soñ Tutmos III faraon tagtyna oturdy. Täze faraon şol bir wagtyñ özünde güýçli serkerdedi. Hatşepsutyñ şalyk süren döwründe gurnalan on ýedi ýörişiñ on ýedisine-de ol ýolbaşçylyk edipdi. Şonuñ üçin ol Hatşepsut bilen gowy dil tapyşdy. Olar tä Hatşepsutyñ Gyzyl ybadathanasy ýumrulýança, köp suratda şärikdeş hökümdarlar hökmünde şekillendirildi. Soñra oslagsyz kabul edilen karar bilen Hatşepsutym ady ähli ybadathanalardan öçürilip aýryldy we onuñ ýanyndaky erkekleriñ atlary ýazyldy. Näme üçin beýdildikä diýen soraga şeýle jogap bermek bolar: Bir zenanyñ faraon bolup bilme mümkinçiliginiñ bardygyny, aýratynam şular ýaly üstünlik gazanyp halk köpçüligi tarapyndan goldanylmagyny ýokuş gördüler. Taryh täzeden ýazyldy we bu täze taryhda Hatşepsutyñ orny ýokdy... ■ Ýöne bir zady ýatdan çykardylar. Taryh hakykata alyp barýan ýeke-täk ýol däldi... Hatşepsutyñ ýigrimi iki ýyllyk şalygynyñ galdyran yzy onuñ öz elinden çykan erkekler tarapyndan ýeg bilen ýegsan edildi. Ýogsa-da Tutmos III ýigrimi ýyllyk hökümdarlyk döwründe näme üçin Hatşepsutyñ yzlaryny ýok etmäge çalyşdyka? Hawa, ol zenandy zenanlygyna, emma bu ýeke-täk bahana däldi. ■ Iñ owadan ybadathana Hatşepsutyñ ybadathanasydy. Bu göz gamaşdyryjy we gurlan döwründe reñki gyzyl ybadathana soñky faraony ynjalykdan gaçyrdy Müsüriñ ähli arhitektura ýadygärlikleriniñ içinde iñ köp syýahat edilýän bu taryhy bina diñe özüne çekiji güýji bilen däl, eýsem, inçeligi, estetiki gözelligi, melhem taýýarlap berme taýdanam beýleki ybadathanalardan görnetin tapawutlanýardy. Nähili geñ: ony taryhdan ýok etmek islänleriñ ady bu gün ýalandan-çyndan tutulmaýarka, onuñ ady biziñ günlerimizde ähmiýeti diýseñ artýan tebigy melhemleriñ öñbaşçysy hökmünde gaýtadan şöhratlanýar. Gysgaça aýdanda hakam, nähagam öz ýerini tapýar. Özem onuñ ady ýok edilen taryhyñ üsti bilen däl-de biohimiki barlaglaryñ üsti bilen biziñ günlerimize gelip ýetdi. "Ýagşydan at galar, ýamandan set" diýleni. Hormatlamak bilen: Professor Nazan Apaýdyn DEMIR. 12.08.2014 ý., Mugla. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |