20:30 Aleksandriýaly Gipatiýa | |
YLYMA WE ZENANA GARŞY TARYHDAN TRAGIKI SAHYPA
Zenan şahsyýetler
▶ ALEKSANDRIÝALY GIPATIÝA Häzir meni hernäçe gynandyrsa-da, size taryhyñ iñ agyr döwründe ýaşap geçen meşhur filosof, astronom, matematikaçy zenan Gipatiýanyñ durmuşyndan söz açmak isleýärin. Gipatiýa kim? Gipatiýa hakynda bir kitabyñ arka sahabyna ýazylan ýazgy bilen ony tanatmaga synanşaýyn: "Ol - taryhyñ şaýat bolan iñ täsirli we iñ özüne çekiji zenanlarynyñ biridi. Şol sanda ol añk edýän owadanlygy we adyny matematikaçy, filosof, astronom hökmünde taryha ýazdyrjak derejede dana hem-de pajygaly ölümi bilen hiç haçan hakydalardan çykmajak üýtgeşik zenandy. Daşlanyp öldürilen, jesedi köçelerde süýrelip eti süñkünden aýrylan, şunça görlezilen ejir-gynamalara garamazdan taryhyñ ýatdan çykmajak şahsyýetleriniñ hataryna giren zenan..." V asyrdan biziñ günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeler Gipatiýany Eflatunyñ, Aristoteliñ we Plotininiñ pelsepewi taglymatynyñ dowam etdirijisi hökmünde tanadýar. Gipatiýa 400-nji ýyllaryñ başynda Aleksandriýa şäherinde ýaşap geçipdir. Ol geometriýadan we psihologiýadan bilim alypdyr, matematikadan ylmy-barlag işlerini alyp barypdyr, Gomerden we Eflatundan okadypdyr. Gepiñ gysgasy, ol tutuş ömrüni ylym-bilime bagyşlan zenandy, "Gözelligiñ we danalygyñ adam sypatyna giren görnüşidi". 370-415-nji ýyllardan ýaşap geçen Gipatiýa taryhda ilkinji zenan matematikaçy hökmünde tanalýar. Ýaşan döwründe ylym bilen meşgullanan zenanlaryñ düýbünden ýok diýerlik derejede azlygyny göz öñüne tutanymyzda, munuñ Gipatiýa garşy duşmançylyk beslemäge ýeterlik sebäp döredendigini görmek bolýar. Gipatiýanyñ matematikany has gowy bilmegi onuñ matematikaçy kakasy Teonyñ ýadawsyz tagallasy bilen bolupdy. Matematika ylymlarynda birnäçe işler alyp baran Gipatiýanyñ iñ esasy eden işi onuñ astronomiki tablisalary, konus çyzgylary we diofant boýunça geçiren işleridir. Onuñ Aleksandriýada mugallymçylyk etmegi, suhangöýlügi, danalygy we adatdan daşary owadanlygy özüne köp sanly okuwçy gatlagyny çekmäge sebäp bolupdur. Emma zenan bolup ylymda ýeke özüniñ orta çykmagy ylmy jemgyýetçilik tarapyndan oñlanylmandyr we dinden çykanlykda aýyplanyp "aleksandriýaly ynançsyz aýal mugallym" myjabaty ýöñkelipdir. Aleksandriýada ýüze çykan dini gapma-garşylyk we çaknyşyklaryñ dowam edýän wagtynda danalygy, pähim-paýhasy bilen tapawutlanan Gipatiýany okuwçylarynyñ öñünde çykyş edip bolan badyna, birtopar pop alyp gaçýar we ony zalymlyk bilen öldürýärler. Käbir çeşmeler ruhanylar tarapyndan onuñ balukgulak daşlary bilen hamynyñ soýlup öldürlendigini ýazýar. Gipatiýanyñ ölümi hakynda häzir iñ ynamdar çeşme wizantiýaly taryhçy Sokrat Sholastigiñ 439-njy ýylda ýazyp gutaran "Historia Ecclesiastica" atly taryhy eseridir. Sokrat Sholastik bolup geçen wakalary şeýle gürrüñ berýär: [i["Ölýänçä Gipatiýanyñ arkasynda duran we onuñ öñki okuwçysy Aleksandriýanyñ häkimi Orest bilen Gipatiýany "dinsizlikde" we "şeýtanlykda" aýyplaýan Aleksandriýanyñ baş ýepiskopy Kirilliñ arasynda bolup geçen dawa şäher jemgyýetçiliginiñ arasyna bulagaýlyk salmaga ýeterlik boldy. Gapma-garşylykly wakalar Gipatiýanyñ 415-nji ýylda daşlanyp öldürilmegine çenli möwç aldy".[/i] Fransuz ýazyjysy Wolter bir ýazgysynda bu pajygaly wakadan: "Pop sypatyna giren itleriñ eden wagşyçylykly jenaýaty" diýip söz açýar. Ýazyjy Gipatiýa bilen birlikde Aleksandriýada adamkärçiligiñ we matematikanyñ hem ölendigini gynanç bilen belleýär. Ölüminden soñ oña degişli näme bar bolsa ýok edilmäge, ady taryhyñ we ylymyñ sahypalaryndan öçürilmäge çalşyldy. Şeýle-de bolsa, ne Gipatiýanyñ okuwçylary, ne-de aleksandriýalylar muña ýol berdi. Bu pajygaly waka hiç haçan ýatdan çykmady. Gipatiýa we onun başyndan geçenler köp sanly eserlerde, suratlarda, kitaplarda we goşgularda ýaşamaga dowam etdi. Gipatiýanyñ biziñ günlerimize çenli gelip ýeten eserleri: 1). "Arifmetika boýunça düşündiriş", 13 tomluk; 2). "Apollonyñ konuslary boýunça düşündiriş"; 3). "Ptolomeýiñ "Almagestine" düzediş"; 4). (Kakasy) "Teonyñ "Oklidiñ elementleri" eserine düşündiriş"; 5). "Astronomiýanyñ kanunlary" (“The Astronomical Canon”). Gipatiýa köp eserlere, suratlara, kitaplara, poetiki eserlere tragiki ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Bu pajygaly wakanyñ täsirleri biziñ edebiýatymyzda hem özüni görkezdi. Halide Edip Adywaryñ bir meşhur romany Gipatiýanyñ durmuşyndan täsirlenmedir. XX asyryñ meşhur fransuz şahyry Şarl Mari Rene Lekont de Lil "de Lisle Hypatia" atly goşgusynda şeýle diýýär: "Eflatunyñ ruhy, Afroditañ bedeni Gellasyñ enaýy asmanyna çekildi..." Taryh bu pajygaly waka sebäp bolanlary gazaply ýazgarypdyr. Gipatiýanyñ ady biziñ günlerimizde-de ýaşamaga dowam edýär... Häzire çenli ýazan hiç bir ýazgym meni şular ýaly gynanja goýmandygyny hem şu ýerde ýörite belläp geçmek isleýärin. Men şu makalany garamañlaý Gipatiýanyñ başyndan geçen tragiki hekaýatyny hemmeleriñ bilmegi, ylym üçin çykylan ýollaryñ hemişe, her jemgyýetde we her taglymda, hususanam zenan bolup bu ýola çykmagyñ kyndygyny ýañzytmak üçin ýazdym. Ylym we ylahy adalat hemişe bolar, oña ömrüni bagyş eden janlaryñ ýatlamasy-da şeýle... Prof. Dr. Nazan APAÝDYN DEMIR. Mugla. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |