17:08 Iki sandyk roýba-roý... | |
IKI SANDYK ROÝBA-ROÝ...
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Halk döredijiliginiň esasy žanrlaryndan biri bolan toý aýdymlary çeperligi, ýatda galyjylygy bilen halk aňyna berk ornaşyp, hakyda arkaly biziň döwürlerimize gelip ýetip, Türkmenistanyň çäklerinde köpçülikleýin häsiýetde ýaýramasa-da, folkloryň ýörite bir žanry bolmak hukugyna eýe bolupdyr. Elbetde, bu onuň şadyýan äheňlere ýugrulyp, halk köpçüligine, toý mähellesine ruhy lezzet berýänliginden bolsa gerek. Halky eserleriň bu görnüşi, esasan, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda “ýar-ýarlar” görnüşinde, Lebap welaýatynyň käbir ýerlerinde “haý öleň”, “haý üleň”, “haý-haý” ýaly sözleriň gaýtalanyp gelmeginde “öleňler” ady bilen ýaýrandyr. Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde bolsa “leýeran” ady bilen bellidir. Geçmişde toýlar halkyň durmuşynda has hem möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Çünki halk zähmet argynlygyndan soňra toýlarda dynç alypdyr, argyn bedenlere şähdaçyklyk, keýpiçaglyk aralaşypdyr. Galyberse-de, toýlarda aýdylýan, bu hili aýdymlar halk üçin ruhy iýmit bolmak hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Şol çugdamja bentler toý mähellesiniňň ruhuny göteripdir, kalbyna şatlyk aralaşdyrypdyr. Ol bentleriň arasynda degişme häsiýetlileri örän kän. Toýa gatnaşýanlar gelin-gyzlar tarapyndan döredilenbu ajaýyp bentleri “durşy bilen gulaga öwrülip” diňläpdirler. Iň gyzykly ýerem bu bentler tans hereketleri bilen utgaşykly bolupdyr. Diýmek, toýlar diňe maddy iýmitiň çeşmesi däl-de, eýsem, ruhy iýmitiň hem çeşmesi bolmak hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Bu sadaja bentler toýuň dowamynda ýerine ýetirilýän dürli däp-dessurlary dolulygy bilen suratlandyrýar. Ol däpleriň, yrym-ynançlaryň biziň döwrümize gelip ýetmeginde toý aýdymlarynyň örän uly ähmiýeti bar. Bu bolsa toý aýdymlaryny halkyň goja taryhynyň çeper ýazgysy hasaplap, taryh bilen bagry badaşyp gelen žanr hökmünde görkezmäge esas döredýär. Toýuň dowamynda ýerine ýetirilýän dürli däp-dessurlar, toýa bezeg berýän bezemen gelin-gyzlar, şadyýan ýigitler, toýda bişirilýäntagamly naharlar, toý eýeleriniň gylyk-häsiýeti, jomartlygy, husytlygy, gyzyň ejesiniň gamgynlygy, toýa gatnaşyjylar, toýuň dowamynda oýnalýan dürli oýunlar, toý aýdymlaryny dörediji dilewar adamlara baý maglumatlar bolup hyzmat edipdir. Bu bentlerde gelinligiň, öýlenýän ýigidiň, gyzyň ejesiniň, kakasynyň, aýal doganlaryň isleg-arzuwlary, ahlak sypatlary, begenji, şatlygy, gaýgy-gussasy, aladalary öz beýanyny tapypdyr, ýaşlyk, söýgi, nika, nikalaşýanlaryň biri-birine garaýşy, toýdan öňki we soňky wakalar, gaýyn-gelin, gelin-baldyz, ýüwürji-gelin gatnaşyklary, hem bu bentlerde suratlandyrylypdyr. Şeýle hem, toýa häsiýetli bolan şadyýanlyk bilen birlikde, käbir wagtlarda ykbaldan zeýrenmeklik, gyzyň atasynyň öýi, çagalyk, ýaşlyk ýyllarynyň geçen ýerleri bilen gynançly hoşlaşyk pursatlary hem toý aýdymlaryna siňipdir. Toý aýdymlary toýy dabaralandyrýar. Gelnalyjy gelip, tansly toý aýdymlary aýdylyp başlanan pursatlary has hem dabaraly. Ol pursat toý aýdymlarynda şeýle suratlandyrylýar. Iki sandyk roýba-roý, Roý beredir, ýar-ýar; Iki guda deň durup, Toý beredir ýar-ýar; Toý gitdigiçe gyzyşyp, degişme häsiýetli bentler aýdylyp başlanýar. Bu hili aýdymlar öýlenjek ýigide, durmuşa çykýan gyza, myhmanlara, ýeňňelere degişip, gülki döretmek, gyjalat bermek niýeti bilen aýdylýar. Dilewar, gepe çeper, toý aýdymlaryny köp bilýän aýallar has ýiti mazmunly, ötgür nyşana degýän sözleri tapmak üçin jan edipdirler. Iki aýal aýdyşyp başlaýar, olaryň arasynda söz ýaryşy dowam edýär, bu bolsa toýy has dabaralandyrýar. Tä biri üstün çykýança, aýdyşyk dowam edýär. Olar durmuşa çykýan gyza, öýlenjek ýigide degişli, her hili ýiti sözleri gözleýärler, ötgürräk sözleri saýlaýarlar. Toýhananyň ýelginin, Ýel göterer, ýar-ýar; Indi seniň näziňi, Kim göterer, ýar-ýar; Ýokarynyň oduny, Sazakmydyr, ýar-ýar; Aljak ýigit birhili, Myzzykmydyr, ýar-ýar; Bu bentleri diňläp oturan, ýüzi ürpenjekli, entek ýigidi görüp ýetişmedik gyz tolgunmazça däl. Şeýle bentler aýdylýarka, şowhunly gülki ýaňlanýar. Onsoň neneň beýle bentlere ruhubelent aýdymlar diýmejek?! Soňra gelen myhmanlara degişmeklik dowam edýär: Biziň iliň gyzlary, Hünjülidir, ýar-ýar; Siziň iliň gyzlary, Sanjylydyr ýar-ýar; Çelek-çelek pampasa, Pampasamyş, ýar-ýar; Gelnimiziň ýeňňesi, Kelpesemiş (hažžyk), ýar-ýar; Toý aýdymy bentlerinde gyz tarapda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar hem öz beýanyny tapypdyr. Gyz göçürilýän güni gyzyň enesiniň aglamagy däbe öwrülip gidipdir. Şonuň üçin-de, ol aglamasa, geň görlüpdir. Gyz hem aglamasa, ene-atasyny hormatlamaýan hasaplanylypdyr: Abtabaga (kündük) suw guýdum, Şaglamady, ýar-ýar; Öweýmidi enesi, Aglamady, ýar-ýar; Toýhananyň tüňçesi, Şaglamady, ýar-ýar; Bagty gara gyz gursun, Aglamady, ýar-ýar; Türkmen toýunyň dowamynda aýdylýan aýdymlaryň köpüsi gyz sepi, gyz bukjasy bilen baglylykda döräpdir. Durmuşa çykýan gyzy şaýly-sepli, bukjaly ugratmaklyk türkmen toýunyň iň durnukly däplerindendir. Şaý-sep barada gürrüň gozgaýan setirler, aýratyn-da, gelnalyjylar bilen çekeleşikli aýdyşyk dowam edýän wagty köp aýdylýar. Gyz tarapdan “azy ýaran” diýilýän, dilewar aýallardan biri orta çykyp, gelnalyjylara ýüzlenýär: Sebet-sebet kişmişler, Çöpli bolar, ýar-ýar; Bizden size gyz gitse, Sepli bolar, ýar-ýar; Gelnalyjylaryň ugramaga taýýarlyk görýän wagtlary hem bukja barada söhbet açýan setirler aýdylýar. Işikdäki arpanyň, Boýy kelte, haý-haý; Bukjasyny salmaga, Getir halta, haý-haý; Toýuň geçirilişini, toýa gelen adamlaryň söwgat-serpaý getirişlerini beýan edýän bentler toýuň dowamynda aýdylýan aýdymlaryň aýratyn bir toparyny düzýär. Gyzyň aýal doganynyň dilinden aýdylýan bentlerde toýa gelen myhmanlary göwnejaý garşylamak, olara hezzet-hormat etmek, gelen-gidenleri boş gaýtarmazlyk ýaly aladalar, isleg-arzuwlar öňe sürlüpdir. Durmuşa çykýan gyz jigisiniň keýpi, özüni alyp barşy aýal doganynyň nazaryndan sypmandyr. Toýhananyň oduny, Ýylgynmydyr, ýar-ýar; Doganjygmyň geýeni, Gülgünmidir, ýar-ýar; Jan siňlimiň toýuna, Bukja açyň, ýar-ýar; Gelen gyzlaň başyna, Tylla seçiň, ýar-ýar; Türkmen toýunda aýdylýan degişme häsiýetli bentleriň birentegi gysgançlygyň, öwünjeňligiň, açgözlügiň, şöhratparazlygyň, ýalançylygyň üstünden gülmegi niýet edinýär. Eger-de baýlardan biri toý edýän bolsa, onuň toýunda ýetmezçilikler bar bolsa, onda ol baý iň bir husyt adam hökmünde masgaralanylyp, üstünden gülünýär. Atamyrat baý diýdiler, Baýy hany, ýar-ýar; Gatlamasy gatyrdyk, Ýagy hany, ýar-ýar; Bu ýerde ýagsyz bişirilen gatlama husytlygyň alamaty. Türkmen halky baýlary sahawatly, jomart adamlar hökmünde göresi gelipdir. Türkmen toý aýdymlarynyň her bir bendiniň aňyrsynda halkymyzyň geçmiş taryhy, däbi-dessurlary, edim-gylymlary, yrym-ynançlary ýatyr. Gepe-söze çeper, ezber halkymyz bary-ýogy dört setirden düzülen gunt ýaly bentleriň üsti bilen özleriniň däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny, edim-gylymlaryny nesillerine miras goýmagyň hötdesinden gelipdir. Toý aýdymlarynyň her ber bendiniň aýratyn üns bilen öwrenilmegi türkmen halkynyň geçmişde ulanan däp-dessurlaryny öwrenmeklige baý maglumat berýär. Gurbanjemal Ylýasowa, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty, TYA-nyň Milli golýazmalar instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |