ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Ikinji mynajat: ÝYLDYZLY ASMAN ÜÇIN ALKYŞ
Her bir sözümi Seniň adyň bilen başlaýaryn, hemme sözümi Seniň adyň bilen baglanyşdyrýaryn! Her bir sözüme hem hemme sözlerime giňlik hem çuňluk ber, sözlewçi dilime hamdyňy hem waspyňy aýtmaga kuwwat ber!
Dilim Seniň adyňdan kuwwat alsyn, sözlerim Seniň ýaradan Asmanyňdan giňlik hem çuňluk alsyn!
Meniň jismimi iň kuwwatly zatdan – toprakdan, meniň kalbymy iň giň hem çuň zatdan – ýyldyzly asmandan ýaradan, Subhan!
Sen öz çäksiz, serhetsiz hem möçbersiz Älemleriňi asmanda ýerleşdirdiň, soň ol çäksizligi, serhetsizligi hem möçbersizligi, öz içine sygdyryp bilýän meniň kalbymy ýaratdyň. Bu Seniň meni özgelerden ileri görendigiňi aňlatmaýarmy näme?! Gör, kalbyma diňe Zemin ýerleşenliginde, hiç hili saýlantgylyk hem ilerilik bolmazdy! Älemleriň kalbyma sygýanlygy meniň ahyrky maksat, asylky kämillik, ahyrky niýetdigimi aňlatmaýarmy, eýse?!
Bir pursatda biri-birinden millionlarça kilometr daşlaşyp, gaçyşyp barýan Älemleri yzyna düýrýän, ýygnaýan gözgini maňa bagyş edenligiň ahyrky maksatdan habar bermeýärmi näme?
Altmyş milliardlyk Älem ömrüni altmyş ýyllyk adam ömrüne sygdyrmagyň kämillikden habar bermeýärmi näme?!
Seniň ýyldyzly asmanyňa seredip, özümiň nämedigime göz ýetirdim! Gök-gara mahmalyň gyraçetini sermeläp, ondan uç tapmadyk mahalym, bu mahmalyň aňyrsynda bakylygyň näzik bedeniniň barlygyna ýa-da aňryň şum boşlugyna göz ýetirip bilmedik mahalym, ýyldyzlaryň bigäne garaýşynyň sowuklygyna hem biparhlygyna uçran mahalym, ýyldyzlaryň sowuk nazaryna endamymy tikenekleden mahalym özümi saýry ýalňyzlykda hem gaýry hiçlikde duýdum! Togalak Zeminde örňäp, Günüň mährine pisint etmän, hyýallarym alysky Älemlere tokunanda, menden ýüz öwrüp, gaçyşyp, daşlaşyp barýan galaktikalaryň ýeser ýeňsesini görüp, özümi nalaçlykda hem ýalňyzlykda duýdum!
Çar tarapa baş salyp, toýnak urup, daýyrdaşyp barýan Älem bedewleriniň tozanyna garylyp galaryn öýdüp, ýüregime wehim hem gorky inende, özümi ýat hem ýalňyzlykda duýdum!
Gara-gök atlaryň ýüzündäki ak, sary, tylla myhaklaryň Alem ýelleriniň ugruna tozap barşyny görenimde, ýyldyzly asmana bolan söýgimiň nähili ejirli hem kejir paýdygyna göz ýetirdim.
Ýöne nähili ejirli bolsa-da, bu söýginiň Seniň beren artykmaçlygyňdygyna düşünmäge ýene Seniň özüň medet berdiň. Asman – meniň magşugym. Içine zordan sygýan ýyldyzlardan ýaňa endamy göz-göz bolan asmanyň diňe özüme berlendigini, jümle mahluklar içinde gökdäki ýüz millionlarça ýyldyzlary görüp bilýäniň diňe özümdigimi duýanymda, togalak başym bagtdan ýaňa togalak Zemin kimin aýlanyp gitdi. Şonda men asmanda özüme ýüz milliardlarça aşyk gözüň bakýandygyny, olaryň on bäş milliard ýyl bäri meniň ýoluma intizar bakýandygyny bildim. Bu – maňa Seniň häzirlän bagt paýyňdyr!
Gara girdaplaryň şum garalygyndan,
Gyzbibi ýyldyzlarynyň topbagyndan,
gündizki asmanyň giňişliginden,
gijeki asmanyň çuňňurlygyndan,
sarygöz ýyldyzlaryň sowuklygyndan,
gyzylgöz ýyldyzlaryň ýalkymlylygyndan,
Ýaldyragyň ýangynyndan,
Üçýyldyzyň galgynyndan
Ömrüzaýanyň solgunlygyndan,
Kerwengyranyň hemselesinden,
Akmaýanyň başynyň täjinden,
säheriň daňlagyndan,
agşamyň şapagyndan kelam bolsun!
Bäş milliard ýyl ozal Zemini, Güni ýaradyp, maňa höwürtge häzirlän Ýaradana hamd-u-senalar bolsun!
Ýyldyzly asmana seredip, ömrümiň uzynlygyna göz ýetirdim. Şonda özümiň elli bäş ýyl mundan ozal däl-de, on bäş milliard ýyl ozal binýat bolandygymy bildim. Ömür ýaşalan ýyllar däl-de, göz ýetirilen wagt bilen ölçenilýär diýip netije çykardym. Biribar on bäş milliard ýyl mundan ozal on bäş milliard ýagtylyk ýylyndaky älemleri ýekeje nokatdan ýaradanda, meniň ömrümiň binýadyny goýan eken.
Bir nokat iki bolanda,
bir ölçeg üçe dönüp,
üstüne dördünji goşulanda,
Älemleri ýaradanyň gözleri
iki sany gara düşende,
öňki boşluk sährasyndan
Akmaýa dabyrdap geçende
hallan atýan çelekden
Älem şemalyna hallanyn atyp duran ýyldyzlar damjalanynda
Meniň dünýä gelenimi Ýaradana buşlan perişdelerden
minnetdardyryn!
Asman – meniň magşugym!
Asman – meniň köküm-damarym.
Asman – meniň badalgam,
Zemin – meniň höwürtgäm
Asman – meniň maksadym.
Diňe bir nazarym bilen däl,
Ýalaňaç aýaklarym bilenem
Akmaýanyň yzlaryna gadam bassadym!
Asman – meniň süýtdeş doganym!
Menem – süýtden goýaldym.
Asmanam Akmaýanyň süýdünden döredi.
Ulaldym, oňaldym.
Şonda maňa Zeminiň çäkleri darlyk bolup göründi. Çäklerim daraldygyça, kalbym giňişligi küýsedi. Ýyldyzlaryň üýşmegi maňa alysdan alabaý bulap, meni ulalmaga hem kämillige çagyrdylar.
Ilki toprakdym, toprakdan dem berip, Biribar meni Zemin ýaşaýjysyna çenli beýgeltdi. Ondan soň başym göge galyp, Gün ulgamynyň ýaşaýjysyna çenli ulaldym. Soňra Akmaýanyň gezen asman sährasyna çykdym. Ol ýerde Gyzbibi ýyldyzlaryna aşyk boldum. Indi bolsa nazarym göwrümi on bäş milliard ýagtylyk ýyly bolan Metagalaktika togalagynda!
* * *
Maňa iki gulak beripsiň, Ýaradan. Azan atam ak gundagda ýatyrkam, Seniň gözel adyňy gulagyma ýetirip, Seniň Zeminiň çuňlugyndan hem Asmanyň jümmüşinden gelýän owazyňy eşiderim üçin, ak Güneşiň ýukajyk bulutlary ýyrtyşy ýaly, belent owaz bilen gulaklarymyň näzijek perdelerini ýyrtypdyr. Bulutlaryň aradan aýrylyp, Zeminiň jemalynyň Güne, Günüň husnunyň Zemine gowşuşy ýaly, şondan bärem men her demde, her pursatda Zemin özeniniň gürsüldisini hem Asman ruhunyň ýaňyny eşidýärin. Zemin ýumurtgasynyň sarysy mahal-mahal bedenime güýç-kuwwat berýär. Negada bolsa, on iki süňňümi godukladyp gidýär.
Men gulaklarym bilen Ýer togalagynyň rehemindäki täze jägildileri görýärin. Seniň ol ýere atan dirilik tohumyň meniň bakylyk alapamdyr. Gulaklar gapylanda, gözler açylýar. Gözler ýumlanda, gulaklar açylýar. Gulaklarym bilen Zemindir Güneşiň bäş milliard ýyllyk söýgüsiniň syrly dessanyny okaýaryn.
Gözlerim bilen Asmanyň on bäş milliard ýyl ömrüniň owazlaryny eşidýärin. Göz bilen eşidýärin, çünki gözlerimde ümsümlik bar. Gulak bilen görýärin, çünki gulaklarymda dym-dyrslyk bar. Älemiň dirilik owazyny, Akmaýanyň aýak sesini, Oguz ýaýynyň zarňyldysyny, Akmaýanyň süýdüniň ömür çeleginiň içinde bylkyldaýşyny, ýyldyzara giňişlikde dumanlyk bolup seçelenişini diňe gözleriň bilen eşidip bolýar. Çünki göz-gözi küýseýär. Meniň synamy ýaradanyňda, Asmanyň alyslygyndan iki sany ýyldyzy alyp, bäbeneklerimiň ornunda goýupsyň, eý, Ýaradan. Daşyndaky älem alyslygynyň baky nuruny eşitsin diýip, bäbenegime iki sany ýyldyzjykdan göz goýupsyň, içindäki göwün alyslygynyň baky nuruny sözlesin diýip öz göwnüňden dilime söz goýupsyň, Biribar!
Emma ... bu iki alyslygyňam serhedine ýetenimde başym çaşmasyn diýip, kalbymyň töründe yşkdan köz goýupsyň, ýa, Biribar! Ol közden akyl nury ýaýylýar.
Seniň didaryňy yzlap, heserimiň gollary bilen ýarmaşyp, duýgularymyň elleri bilen ýapyşyp, Asman gümmezine çykanymda, ondan aňyrdaky ýol – uzak, garaňky, duman görünýär. Men seniň yşgyňda, Seniň jemalyň yzynda owazdan owaza, nurdan nura barýaryn. Zeminiň çäginden saýlanyp ugranymda, gulaklarymyň eşitgirligi synanda, ýan berende, ýüregimiň gulaklaryna nobat berýärin. Günüň şalygyndan saýlanyp, ýüregimiň gulaklary ýan bereninde, akylymyň gulaklaryna nobat berýärin. Galaktikanyňam serhetlerine ýetip, akylym gulaklary gapylyberende bolsa, göwnümiň gulaklaryna nobat berýärin. Göwnüm Seniň Metagalaktikanyň aňyrsyndan gelýän owazlaryňy gulaklary bilen gapyp alýar. Şonda meniň biserhet göwnümiň gulaklaryna ümsümligiň owazlary gelip durýar. Men biserhet ümsümlikde ýyldyzlaryň hem galaktikalaryň dogluşyny hem ölüp gidişini, ümsümlikde partlaýyşlaryny hem ümsümlikde atylyşlaryny eşidýärin. Al-elwan ýyldyzlaryň şum ümsümlikde gara ýuwdarhalaryň gara bokurdagyna girip, ömrüni tamam edişini, olaryň dirilikdäki oýun-gülküsini hem olaryň kazadaky agysyny eşidýärin. Biserhet göwnümiň gulaklary biserhetligiň owazyny eşidýär. Serhet serhedi tapýar, göwnüň – biserhetligi.
Seniň jemalyňy yzlap, gözlerim Seniň gözelligiň gözlegine çykanda, gözlerim Seni özge gözlerden gabanýar. Gözlerim Seniň gözelligiňi Zeminiň, Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň gözlerinden gabanýar. Göwnüm garaňkylygy küýseýär, men şowakörlükden garaňkylygy has gowy görýärin. Ýaşasyn garaňkylyk, ýok bolsun şowakörlük! Tümlük – meniň arzymanym! Tümlük goýaldygyça, Seniň jemalyň aýdyň görünýär. Asmanda göz köpeldigiçe, şowakörlük artýar. Tümlük – wysala, aýdyňlyk hijrana ýol açýar. Aýdyňlyk aramyza aýralyk atarýar, Seniň wysalyň diňe tümlük bilendir. Seniň jemalyň diňe tümlügiň aňyrsyndan görünýär. Seniň wysalyňa gowuşmagyň şerti tükeniksiz tümlükdir, eý, nury hem tümi tükeniksiz ýaradan, Biribar!
Gözlerimi ýumup, Seniň tükenmez tümlügiň serhedinden bärdäki nuruňy eşidýärin. Gözlerimi ýumup, Seniň tümlügiň serhedinden aňyrdaky biserhet nuruňy eşidýärin.
Günüň gözi ýumlanda, bedenimiň gözleri açylýar. Bedenimiň gözleri bilen solgun ýüzli ýyldyzlaryň çal tümlügiň tabagyna damja-damja damşyny eşidýärin.
Aýyň gözi ýumlanda, akylymyň gözleri açylýar. Akyl gözlerim bilen guba ýüzli ýyldyzlaryň göz gypyşyşlaryny, goýy tümlügiň endamyny deşik-deşik edişlerini, galaktikalaryň hem metagalaktikalaryň aýagaldygyna biri-birinden gaçyşlaryny eşidýärin.
Ýyldyzlaryň gözi ýumlanda bolsa, meniň göwün gözlerim açylýar. Şonda men göwnümiň biserhetligi bilen Älemiň tükeniksizliginiň kalbyňy heýjana, başyňy heýhata salyjy tapyşygyny gördüm. Bu – wysaldy, biserhetligiň hem tükeniksizligiň wysalydy, tapyşygydy, tapyşyk bolsa nähilidir bir hili nokady, diýmek, serhedi, nähilidir birhili pursady, diýmek, tükeniksizligi aňladýardy. Şonda men bu wysal mynasybetli şum tükeniksizlik diýilýäniň eda bolýandygyny, aradan aýrylýandygyny gördüm. Özümiň dört ölçegli dünýäde ýaşaýandygymy eşitdim. Üç giňişlik, bir wagt ölçegi – gapylar ýapyldy. Ondan aňyrda... «aňry» diýilýän zat ýokdy. Wysalyň nokadynda «aňry-bäri» bimanylyga öwrüldi. Wysalyň pursadynda «ozal-ahyr», «öň-soň» diýilýäni-de bimanylyga öwrüldi. Wysal pursadynda başga, entek bilinmeýän ölçegli dünýäleriň ýatandygyny duýdum. Ol – Metaälemdi, onda metawagt hem metagiňişlikleriň bardygy duýulýardy. Munuň özi inedördül jaýyň içinde otyrkaň, diwarlaryň aňyrsynda inedördül däl dünýäniň barlygynyň duýluşy ýalydy. Şeýle duýgudan soň: «Diwarlardan aňyrda näçe sany inedördüllük barka?» diýip pikir etmek bimanylykdy.
Nurdan nura geçip, garaňkylykdan garaňkylyga geçip, nura ýolumyzy salan Biribar! Ýedi asmanyň, dokuz pelegiň owazynyň göwün giňişligime ýaň salşyna alkyş bolsun!
Ümsümlikden ümsümlige geçip, dym-dyrslykdan dym-dyrslyga aşyp, owazlara ýolumyzy salan Biribar! Ýedi asmanyň, dokuz pelegiň nurunyň göwün giňişligine şugla salşyňa alkyş bolsun!
Pelekleriň gerşine çykyp, perişdeleriň lagnaty-şeýtana zyňan daşlarynyň asmanda süýnüşini görüp, beren akylyňa şükürler edýärin.
Pelekleriň gerşinde gezip, ýyldyzlaryň ýagyş kimin ýagýan owazyna diň salyp, bu ýagyşlaryň kalbymy ýuwşuna şükürler edýärin.
Pelekleriň gerdişine syn kylyp, ýyldyzara dumanlykda tümlügiň asyl-asyl bolup durşuny görüp, Zeminiň şemallaryna şükürler edýärin.
Garagymdaky iki ýyldyza şükürler edýärin.
* * *
Men Ýeriň arkasynda, Gögüň garnynda sorag alamaty bolup Asmandaky ýyldyzlaryň gözünde galmagy manyly görýärin. Men türkmen sährasyny Ýere düşen älem parçasy hökmünde duýýaryn. Munda iki Wagt tapyşýar. Ýyldyzly asmana seret – heý, gözleriňe Wagt ilýärmi?! Bu asman mundan müň, on müň, million ýyl ozalky asman. Awara şemalyň, biçäre şemalyň nalaç şemalyň, yhlasy yrýa, azaby reýgan şemalyň näçe çytraşsa-da, maňlaýyny gara ýylçyr daşlara näçe ursa-da, maňlaýyny ýardyrmakdan başga zat gazanyp bilmeýşi ýaly, ýalynjaň şemalyň, ýaranjaň şemalyň daglaryň başyny zar-zelil sypalaýandygyna garamazdan, daglaryň şol öňki daglar, gaýalaryň şol öňki gaýalar bolup oturşy ýaly, Wagtyň ýyldyzly asmany üýtgetmäge gaýraty ýetenok, gurby-da çatanok. Sähra-da şonuň ýaly. Wagt näçe köpelse-de, Wagt nähili urunsa-da, näçe ulalsa-da, näçe gabarylsa-da, ýyldyzly asmany-da, ýalaňaç sährany-da dolduryp bilenok, gabyz edip bilenok. Duýdansyz gelen silleriň jülgäniň içine sygman, onuň haýýatyny göçürişi, ony elem-tas edip taşlaýşy ýaly, asmana hem sähra doldugy, olary derbi-dagyn etjegini bilýär, ýöne Wagt bulary asyl-ha dolduryp bilenok, gabyz edip bilenok.
Ýyldyzly asmana seret, ýalaňaç sähra seret. Munda iki giňişlik tapyşýar. Sähra bilen asman biserhetlikde, çäksizlikde, tükeniksizlikde ykbaldaş. Bu «bi» bilen «siz»-iň çykalgasyzlyk daşynyň arasynda galan garajanyň elhenç howpurgaýar. Uludygyňy kiçiniň ýanynda, kiçiligiňi ulynyň gapdalynda bilip galýarsyň. Sähranyň çäksizligi çäkli bedeniňi gözüňe basýar. Daşyndaky giňişlikden ýaňa, kejebäň daralyp-daralyp, çäge düwürine döndümmikäm diýýärsiň. Depäňdäki ýyldyzly asmanyň giňişliginden ýaňa, bedeniňe howp basylyp-basylyp, gara ýere sokuldymmykam diýýärsiň. Ene reheminden – ýapyk giňişlikden çykan adamy ýyldyzly Gögüň garnyndaky, ýalaňaç sähranyň arkasyndaky açyk giňişlik gorkuzýar.
Emma dünýälerden dünýälere geçilende birbada döreýän gorky, darykmak, basylmak duýgusy wagtlaýyndyr. Ýagty dünýä gelen bäbegiň birbada aglap, soňam köşeşişi, ýüregi giňeýşi ýaly, adamy ahyrynda göwni alyp çykýar. Göwün ýalaňaç sähranyň hem ýyldyzly asmanyň çäklerinden aňyrraga çenli-de giňelip bilýär. Ol – Biribaryň adama gatylan parçasydyr.
Men Sähranyň arkasynda, Gögüň garnynda ýüzlenme alamaty bolup Asmandaky perişdeleriň gulagynda galmagy manyly görýärin. Wagtyň sypaty ýüzlenme alamatyndadyr. Ýeriň-Gögüň gözelligi ýüregime ýetende, ýerimden zöwwe galyp, ýokaryk bakyp, Biribara alkyşlar sanamda, Gökden ýylgyryp bakýan perişdeleriň gözüne ýüzlenme alamaty bolup görnendirin. Ýogsa şondan birje pursat ozalam «Eý, Allam, neçüýn meni beýle kiçijik ýaratdyň?!» diýip, agyr musallaty başyma alyp otyrdym ahbetin. Bu musallatdan meni bimöçber göwnüm alyp çykdy. Bir giňişlikden – sähradan ikinji giňişlige – asmana alyp çykdy. Ýyldyzlaryň arasy teniň pikir edişi ýaly, sowuk hem howasyz däldi. Men ýyldyzly asmanda öz jöwherimi tapdym. Asmanyň dili meniň ene dilim eken. Özümi bilelim bäri men asmanyň dilinde sözlemegi, asmanyň dilinde pikirlenmegi, asmanyň dilinde düşünişmegi, asmanyň dilinde duýmagy, asmanyň dilinde ýaşamagy halaýardym. Ýeriň dili özüçe manyly bolsa-da, maňa çäkli hem-de juda pessaý, aşa maddy görnerdi. Göwnüm hemişe çäksiz, belent hem howaly dili küýseýärdi. Men asmanyň dilini isleýärdim.
Göwnüm meteoritiň dilini küýseýärdi. Çägäniň dili meniň üçin ýatdy, düşnüksizdi, ýat dilde gürleýän adamdan hüşerilýän çaga ýaly, çägäniň diliniň öňünde ýadyrgaýardym. Müdimi öwüsýän Wagt şemaly çägäni tozadyp-tozadyp, gara ýylçyr meteorite hiç hili kär edip bilmeýär. Gaýta, ol öwüsdigiçe, meteoritiň – magallak daşynyň reňki açylyp, görki artýardy.
Gijelerine sähra çykyp, böreň-böreň ýyldyzly asmany synlamak meniň üçin iň manyly hem lezzetli işdi. Gözlerim asmandaky sansyz ýyldyzlaryň gözlerine kaklyşanda, sähradaky gözlerim asmandaky gözlere sataşanda, ýyldyzlaryň güýji kalbyma dolardy. Ýyldyzly asmanyň aşygy gözlerim älemlere seýil etmegi gowy görerdi. Asmanyň gök-gara sakasyna düzüm-düzüm düzülen ol gözlerde – közlerde bakylygyň şuglasyny görýärdim. Men özümi Zeminiň däl, Asmanyň ýaşaýjysy diýip duýunýardym. Munuň özi öz asylky bolşundan millionlarça esse ulalmakdy. Ýyldyzly asmanyň gözelligi bilen deňeşdireniňde, Zemin gözelligi meniň üçin juda-juda kiçijik zatdy, hiç zatdy. Çünki asman gözelliginde Ýeriň gözelliginde bolmadyk, bolubam bilmejek beýik ruhanalyk bar. Ten – Ýeri küýseýär, ruh – Asmany.
* * *
Tenim – Ýeri küýsär, ruhum – asmany.
Çünki Asman diýmek belentlik ahbetin!
Asman – çäksizlik mekany, la-mekan.
Asman Seniň la-mekanyň, eý, Taňrym!
Ruhum Seniň parçaň bolany üçin öz aslyna, öz mekanyna meýil edýär. Tenim bolsa meni topraga çekýär. Çäklilige, kesgitlilige, peslige, aşak çekýän tenim hem öz mekanyny küýseýär. Munda hemme zat çäkli, munda çäkli orun, çäkli giňişlik, çäkli-de wagt bar. Munda her bir gözýetim bellenilen, kesgitlenen. Göwnüm üçin bolsa kesgitlenilen barlykdan erbet zat ýok. Çünki her bir kesgitlenen barlyk – eýýäm ýoklugyň bir şekilidir. Ruhum syry, syrlylygy hem açylmadyk jähetleri isleýär. Göwnüm ýyldyzly Gögi küýseýär, Taňrym!
Kalbymdan Zeminiň harpygyn aýryp,
Bereket ber asman çäjime, Taňrym!
Zeminiň harpygyndan – ownuk aladalardan, ötegçilikden, bimanylykdan, adatylykdan, ömrümi güýmenje ýeliňe sowurmakdan, ahyret hasabyna elim hem harmanym boş barmakdan, bimany hem bimaksat wagt şemalyna tozap gitmekden özüň sakla, Taňrym!
Ruhumy belentlikden, göwnümi geleňlikden, göwnümi ýyldyzly asmandan, seleňlikden, kalbymy magnawy tereňlikden mahrum etme, Taňrym!
Peseltme, pese elgarama etme, Taňrym!
Ýyldyzlara sary, asmana sary götermeli ruhumyň ganatlary zemini pikirleriň gaýgysy bilen gyrylmasyn, samany Nehkeşana seçilmeli göwnüm bugdaýy güzeran hem biweçlik tygy bilen göklüginde orulmasyn, ömrüm wepasyna ýyldyzlaryň tyllasyna derek pesligiň misi berilmesin, eý, Taňrym!
Meni belentligiňe dahyl et, howalalylygyňa bagly et, Taňrym!
Peseltme, pese uçratma, Taňrym!
Pikirlerim pes bolmasyn, göwnüm guşy sust bolmasyn, Zeminiň dartyş güýjüňden sypary üçin, pikirlerime Älemleriň gujuryny ber, paýhasyma ejir berseňem, güzeranyň däl, howaly asmanyň ejirini ber, Taňrym!
Zeminiň syrlary Zeminde galar,
Maňa gök syrynyň açaryny ber, Taňrym!
Zemin höwürtgesi Zeminde galar,
Maňa al-asmanyň gujagyny ber, Taňrym!
Peseltme, pese düşürme, Taňrym!
Atamyz Adamy edişiň ýaly, Asmandan Zemine düşürme, Taňrym! Ululykdan kiçeltme, belentlikden peseltme, howalalylykdan ýerleme, Ülker deýin çuňlukdan takyr kimin telperleme, Taňrym!
Ýeriň arkasynda, Gögüň garnynda Seniň dergähiňe mynajat edýän!
Gözümi Zemin gözýetimine, ellerimi Zemin elýetimine, dillerimi Zemin sözýetimine, bokurdagymy Zemin sesýetimine baglap, asman gözýetmezligini, asman elýetmezligini, asman sözýetmezligini, asman sesýetmezligini Menden ýaşyrma, Taňrym!
Jadygöýlügi nädeýin, maňa gudrat ber, Taňrym!
Gudratyň – Seniň beýik syrlaryň Asmandan pese düşüp, tene, çäge hyzmat edip başlanda ýöne jadygöýlüge öwrülýär.
Seniň dergähiňde ýakamyňam, gursagymyňam, göwnümiňem, akylymyňam çäklerini ýyrtyp, mutlak çäksizligimi aýan edeýin, Taňrym!
Göwnüme beden çägini, asmanyma zemin çägini çelgileme, Taňrym!
Atamyz Adam näme, hatda Seniň ýaradan perişdeleriňem bedenleşip, zeminleşip, alnynda ryswa bolmadylarmy, näme? Harut, Marut atly iki perişde, Wabyl guýusynda çaha düşmedilermi, näme? Ynsan kowmunyň arasynda beleň alan azgynlygyň soňuna çykmak üçin Ýere düşen, zeminleşen, endamlaşan iki perişde zeminiň diline ýesir düşdüler. Ýerleşip, ornaşyp, zeminleşip, olaryň ýüregi zemin gözelligine – gözel gelne aşyk boldy. Şeýdibem, ýok etmeli duzaklaryna özleri düşdüler. Özleriniň ýok etmeli sebäpleriniň netijesi – pidasy boldular. Asmandan inip, zeminiň tekjesine düşdüler. Olaryň betbagtlygy ýaşaýyş dilini hem ýaşaýyş tüýsüni üýtgedenligindedi. Duza gaçan duz boldy. Zemine ýakynlaşany Zemin özüne dartyp alýar. Tene giren tene ýesir bolýar. Myhman öý eýesiniň guly boldy, çünki ol myhmanlygyny unutdy. Myhmanlygyňy unutmasaň, ne ýagşy! Ötegçi öýe köňül bermeseň, ne ýagşy! Ten – öýünde, köňül weli myhman ahbetin. Hana-da, daşarda kerwen ýolşaýyny şaýlap, ugrajak bolup dur. Eý, myhman! Kim seni keseki öýde goýup gider?!
Daşarda asman kerweni ugrajak bolup dur. Owadan gelin Allaha nalyş etdi. Şonda çyn gözellik asmandadyr, ol, asmanda-da bolsun diýip, gelni Göge göterdiler. Indem ol Zöhre ýyldyzy bolup, nur saçyp dur. Onuň gerdişinde hakyky, baky sazyň owazlary ýaňlanýar. Onuň nurundan hakyky, baky söýginiň şuglasy saçylýar. Ol Zeminde paşmaýan gözelligiň asmandaky amalydyr.
Onuň bir ady-da Kerwen ýyldyzy. Çünki ol asman kerweniniň kerwenbaşysy. Älemgoşaryň şuglalaryna meňzäp, metagalaktiki alyslyga ýol salýan bu asman kerwenine men hem öz göwnümi goşmak isleýän. Mälimlikden nämälimlige, çäkden çäksizlige, ýakyndan alyslyga, pesden belentlige, adatylykdan howalalylyga, aşakdan ýokarylyga, sarç edilen ýollardan entek aýak sekilmedik ýolsuzlyga ugur alan, asman kerwenim! Meniň howalaly hyýallarym dünýä gelelim bäri bir düşnüksiz umyt hem garaşma bilen maňa bakýan Ülkere tarap! Çagalykdan göwnüme hemra bolan ýyldyzly asmanyň bezegi Ülker! Her bakamda ýüregimi jigledýän, kalbyma bir düşnüksiz hasrat hem gussa salýan Ülker! Seniň alyslygyň maňa Älemleriň iň ahyrky uzaklygy bolup duýlardy. Göwnümi maýyl edýän esasy zat seniň Ýeriň özeni kimin çuňlugyňda, güýzüň gussasy kimin alyslygyňda. Saňa bakamda bütin süňňüm ýyldyzlarara, älemlerara uzaklygy ölçeýän gurala dönen ýaly bolardy. Şondan Ýeriň diňe öz-özlüginde hiç mahal asla döräp bilmejek duýgy – alyslyk, kosmiki alyslyk duýgusy kalbymda dörärdi. Bu duýgy diňe asmanyň endamynda oýanyp biljek hakyky asmany duýgudy. Meniň Zemin bedenimde oýanýan bu alyslyk duýgusy gaty geňdi, täsindi. Bu, hamana, uçmasyz edip ýaradylan bedene ganat biten ýaly bir zatdy. Bu duýgy süňňüme diňe özge dünýälerde, başga älemlerde mümkin bolan ýaşaýyş hakykatyny ornaşdyrýardy. Ol pynhanlyk bilen gurşalandy. Ülkeriň alyslygy, pynhanlygy hem hylwatylygy meniň öz-özümi duýşuma geň täsir ederdi. Gözüme Ülker maňa Ýere inmezimden ozal tanyş, juda ýakyn dünýä bolup görnerdi. Onuň topbak ýyldyzlarynda, gök-sary öwüsýän damjajyklaryň arasyndaky solgun dükanyň yşnaksyzlygynda, birje desse mamaköjäniň ýukajyk çaňynda, juda-juda çuň akaryň teýinde ysgynsyz ýaldyraşýan daşjagazlaryň jüýjermesinde, näme üçindir, aýra düşülen mekan görnerdi. Öz ýanymdan gelenimde şol alyslykdan gelendigime, gidenimde şol çuňluga gitjekdigime ynanyşym jedelsizdi. Alyslyk bilen mähremligiň, özgelik bilen tanyşlygyň bir göwnümde utgaşygy meni Ýer bilen Asmanyň aýrylyşýan nokadyna alyp giderdi. Ülker meniň üçin hem juda alysdady. Şol bir wagtda-da bütinleý mähriban hem mähremdi. Ol hem howalalydy, hem Ýer ýaly hakykydy. Ol meniň göwün ýaşaýşyma älem duýgusynyň tejribesini berdi.
Eý, Allam!
Ýyldyzly Asmanda gudratyň kändir!
Bu gudrat işinden süňňüm lerzandyr!
Seniň ýüz milliardlarça göwher, ýakut, zümerret, altar, kümüş däneleri bilen bezän Asmanyň janlydygyna göwnüm şaýat, süňňüm şaýat! Men hatda Ýerde-de, Ýeriň özüne garaýşymda-da şeýle janlylygy, jandaşlygy, kalpdaşlygy, duýgudaşlygy duýamok. Ýyldyzly Asman bilen deňeşdiremde, Zemindäki zatlaryň köpüsi maňa saýry görünýär. Adamzat ýyldyzly pelegiň özüne diňe bir gadyr-gadyr bakýanlygyny däl, eýse janly gözleri bilen hakyt özüni görüp duranlygyny duýýar! Bes, ýyldyzlaryň garaýşy elek-çelek däl, eýse hut görýän jandaryň garaýşy! Men her gezek ýüzümi asmana tutanymda, ol görşi syzýaryn! Men hatda zemini aladalara gümra mahalymam ýokarymdan, arkamdan ýyldyzlaryň garaýşyny syzýaryn! Ülker-ä, baýakam. Baryp oglanlykda tomus gijeleriniň goýry gök-gara asmanynda ýyldyzlaryň adatdan daşary köplüginde ýalaňaç daşary çykardym. Şu ömrümde şolar ýaly ýyldyzly asmandan owadan zady göremok. Ine, ötegçilikden, wagtlaýynlykdan sap, gutarmadan, ýok bolmadan, ýitip gitmeden, çüýremekden, ölmek-ýitmekden, garryp galmakdan soň bolan sap asmany gözellik, sap behişdi gözellik!
Ine, ten gatanjy bolmadyk, hiç bir zat bilen şertlendirilmedik, ganym wagt çarhy bilen örklendirilmedik sap ruhy gözellik!
Eý, Allam! Öte geçsem, günämi öt, ýöne bu hakyt ylahy gözellik! Men Aýsyz, goýry gök-gara ýyldyzly asmanda Seniň bir sypatyňa şaýatlyk berýärin! Seniň gözellik sypatyňa, Seniň beýiklik sypatyňa, Seniň baky dirilik sypatyňa, Seniň baky hereketlilik sypatyňa şaýatlyk berýärin! Ýyldyzly asmany görüp, Seniň öz bendäňe hem ýakyn, hem alyslygyňa, hem mähriban, hem goýrylygyňa, hem perwa, hem biperwalygyňa, hem ýaran, hem-de şalygyňa, hem ýowuz, hem gamhorlugyňa, hem gizlin hem äşgärligiňe, hem mälim, hem nämälimdigiňe, hem gözýeter, hem gözýetmezligiňe, hem dözümli, hem dözümsizligiňe şaýatlyk berýärin!
Ýyldyzly asmany görüp, Seniň üç müň ismiňe şaýatlyk berýärin! Ýyldyzly asmany görüp, Seniň hem Hafyzlygyňa, hem Rafizlygyňa, hem Muizzligiňe, hem Muzilligiňe, hem Semyglygyňa, hem Besirligiňe, hem Mubdiulygyňa, hem Muýdiligiňe, hem Muhyýlygyňa, hem Munitligiňe, hem Kadyrlygyňa, hem Muktadirligiňe, hem Mukaddimligiňe, hem Mushhirligiňe, hem Ewwelligiňe, hem Ähirligiňe, hem Zahirligiňe, hem Batinligiňe, hem Muntekimligiňe, hem Afuwwwulygyňa, hem Mugniligiňe, hem Mänigligiňe, hem Zarrunlygyňa, hem Näfigulygyňa, hem Warisligiňe, hem Raşidlygyňa güwä geçýärin!
Men Asmandan Zeminiň nämedigini eşitdim.
Men Asmandan Zeminiň nämedigini gördüm.
Bu boşluk gämisi hiç ýerden hiç ýere, hiç tarapdan hiç tarapa gaýyp barýar. Diňe üstünde adamyň barlygy hiçligi mana öwürýär. Bu togalak hem mawy many mesgenine adam barlygy üçin ýyldyzlary umyt hem tama bilen milliardlarça ýyllaryň aňyrsyndan gyzyl, sary, ak gözleri bilen bakyp durlar. Bu bakyşy rentgen şöhleleri kimin meniň süňňümden parran geçip gidýärler. Men ýyldyz garaýşyny Älemde, bedenimde, göwnümde hem aňymda duýýaryn. Men Älemleriň many miwesinde köp milliard ýyldyzyň her biriniň paýynyň bardygyny, olaryň baky aýlawynyň hem şuglasynyň reýgan gitmändigini boýun alýaryn. Ýyldyzlar tüni söýýär, Tün – Ýeri söýýär, Ýer bolsa Adamy. Adamyň adam bolaryna iki million ýyllap diňe Zemin däl, diňe Tün däl, tutuş Älemler garaşdy. Zemin – gundagymdyr. Asman – meýdanym. Gundagdanam, sallançagym Müşteriniň şemallaryna üwrelmedimi näme?
Sallançakdanam, Zöhräniň ýylgyryşyndan mähir alyp ulalmadymmy näme?
Sallançakdan düşüp, ýörjen-ýörjen ýörýärkäm, Zülalyň papagynyň gaşyndan ýapyşmadymmy näme?!
Aýaklanyp, gadam urup, ýüwrük bolup, Ýedigenden aşyr atmany öwrenmedimmi näme?!
Myrryhyň gan öýen gözüni görüp, rahatlygy hem şükranalygy bilmedimmi näme?!
Pikirlerim hem hyýallarym Utaridiň çakganlygyny alyp, kämil çykmadymy näme?!
Ýaldyrakdan tümlükde ýanmanyň, garaňkylykda şugla saçyp, tümlügi syndyrmagyň nämedigine düşünmedimmi näme?!
Garaňky boşlukda çagalygyň hem jahyllygyň bikemallygynda, tümlügiň sowuk hem hatarly ýalňyzlygynda gündiz Günüm, gijelerine Aýym höwür bolmadymy, näme?!
Kämil çykyp, günlerde bir gün özlerini tanarym, tanap, hossar çykarym, hossar çykyp, söýerim, söýüp, wasyl bolarym üçin barça ýyldyzlary irmän-arman, durman, oturman tegelegi dürs-u-ters aýlanmadylarmy, eýse?!
Eýse, pelekler çarhyny aýlap, şu güne, şu derejä ýetirmedilermi, näme?!
Eý, Biribar! Olar Seniň permanyňy ýerine ýetirmedilermi, näme?!
* * *
Wah, ýene ýüregim Ülkeri küýseýär. Ýogsa men sözlärdim gök zümerretli Refgaň yşgynda.
Alysdaky ýyldyzlaryň ýüzlerini zagpyran dek solduran, asmanyň ýüzüni çaňjardan Aýyň sowuk şuglaly gijelerinden soň, asmandaky ýyldyzlary görünmez edip taşlan Günüň ýiti tygly gündizlerinden soň, goýry gara-gök asmandaky Ülker bilen pynhan sataşygymyzyň gijeleri ýene gelip ýetdi. Men ýene Biribaryň ýyldyza baý Asmanyna gowuşdym. Ýene Ülker Älemleriň aňyrsyndan nurdan salamyny ýollaýar. Kalbym onuň näzik hem mylaýym meýline düşünýär. Özüne bir desse göwherden gül edip üýşmegi bilen gujagyma gaçasynyň gelýändigini eşidip durun. Seçilip duran, seçelenip, pelek ýaýlasynda al-elwan gülälekler bolup açylyp duran diri ýyldyzlaryň içinde, pelek döşüne dakylan ýakuty-düri ýyldyzlaryň içinde ýene Ülker ýüregime ýakyn, gözlerime yssy görünýär. Biserhet hem çäksiz, bimöçber hem tükeniksiz asmanyň kalbynda ol aýratyn serhetli, aýry çäkli, özbaşdak möçberli hem aýry tükenikli dünýä bolup dur. Ol dünýäň ýaşaýyş owazy meniň dünýäm bilen heňdeş gelýär. Göwnüme Ülkeriň topbak älemi asman halysyndaky görä, düşen ýer ýaly bolup dur. Özge sowuk hem saýry älemlere ala bu älem meniň ynsan dünýäm bilen juda saz gelýär. Köp milliard ýyllaryň aňyrsynda, älem ýaşaýşynyň nämälim o tarapynda nädip beýle sazlaşyk tapylyp bilýärkä, eý, Allam! Bu Seniň ýaradan külli älemleriň meniň ynsan akylyma çakdanaşa köp görünýänligine garamazdan, olaryň barynyň, şol sanda meniňem teýimiň, hamyrmaýamyň, jöwherimiň birliginden dälmikä, eýse?! Bu hamyrmaýany Sen öz keramatyňdan göwnüm gabyz olmaz keramatly, syryňa akylym ýetmez syrly, gözelligiňden kalbym ganmaz gözel elleriň bilen ýugurmadyňmy, näme?! Ol jöwheri Sen öz ussatlygyňa sulhum perişan, ussat, kämilligiňe hulkum haýran kämil gollaryň bilen taraşlamadyňmy, näme?!
Eýse, ol teýi Sen öz meniň ynsan paýhasymyň teýahyr uç tapybilmejek teýsizliginden ýaratmadyňmy, näme? Bu sansyz hem çäksiz älem barlygyny ýokdan bar etmediňmi, näme?! Hiç bir ölçege, hiç bir gaba, hiç bir pikire, hiç bir hasaba sygmaýan bu tükeniksizligi ýekeje nokatdan döretmediňmi, näme?!
Emma meniň ynsan barlygymy möwjüd etmek üçin, mawy Zemini maňa öý-işik edip, Älem giňişliginiň boş hem ýalaň öýünden maňa jismim hem, kalbym hem, hyýalym hem, pikirim hem sygjak tör etmediňmi näme?!
Emma akylymy hem pikirimi, köňlümi hem kalbymy jismimden ýüz müň esse zor etmediňmi, näme?! Indem göwräm Zeminde, göwnüm bolsa Älemlerde, göwräm çäkde, hyýalym biçäklikde.
Maňa Älem hiçligini barlyga, älem ýolsuzlygyny ýola, Älem tarapsyzlygyny taraplylyga, Älem ugursyzlygyny sag, sol, aşak-ýokaryk, öň-yz ugurlara öwürýän akyl-paýhasy özüň berdiň, Ýaradan! Pynhany aýana, syrlary äşgäre, hyýalaty hakykata, alyslygy ýakyna, gaýryny golaýa, aýralygy özgelige öwürýän serişdäni özüň berdiň, Biribar!
Derbi-dagynlyga terbiýet bermegi, gorkunç bisanlygy hasaba salmagy, hatarly tükeniksizligi tükellemegi özüň öwretdiň, Biribar!
Şeýdip, meni azatlyga çykardyň. Bu azatlyk – akyl bilen indi höwürtgeden çykyp, Zemini yzda goýup, menzillere gadam urýaryn. Zeminde ugur alan asman kerwenim jismimi, akylymy, kalbymy hem göwnümi delilbagy bilen bir hatara baglap, Älem syrlary menziline barýar.
Ýyldyzly asman içre parran geçip, onuň bir gatynyň gök zümerretinden, ikinji gatynyň ak kümüşinden, üçünjiniň gyzyl ýakutyndan, dördünjiniň ak göwherinden, bäşinjisiniň gyzyl altynyndan, altynjynyň sary ýakutyndan ýüklenip, iň ahyrky, iň aňyrky, iň ýokarky – Ýedinjä bararyn, hem Ajabyň adamsypat perişdesine: «Eý, görkdeş, ine, saňa Refgonyň hem Arksawynyň, Koýdumyň hem Humagunyň, Retkonyň hem Refkonyň gözelligi!» Şonda adamsypat perişde maňa gözelligiň deregine ondan zyýada närsäni – nury bagyş eder.
Osman ÖDE.
Filosofiýa