ILKINJI GAR
Her ýylyň ilkinji ýagan gary Merdan aga şol bir wakany ýatladýar. Ondan bäri barmak büküp hasaplap görse, eýýäm aradan kyrk ýyldan gowrak wagt geçipdi. Güýzüň soňky günleridi. Meýdanlarda işler gidip durdy. Sürüm işleri ahyrlap ýördi. Howa diýseň sowukdy. Şonuň üçin bu ýagdaýdan her kes özüçe netije çykarýardy.“Bi sowugyň bir emmasy bar bolaýmasyn, sowuk içiňden geçip gelýär-ä“ diýýärdi. Köpügören gojalar welin „Biliňi berk guşaweri, bijin bardyr öňüňde” diýen sözleri köp gaýtalardy. Dogrusy, wagtal-wagtal gyraw düşüp, agaryp görünýän daglar uzak aralykdan göze ilýärdi. Giç öýländen soň welin dagyň depesi ýene-de öňküleri ýaly garalyp görnerdi.
Ýöne bu ýagdaý hiç kese geňeşip gelmedi. Aýylganç sowukdan ýaňa meýdan işleri ýatyp galdy. Her kim öýüne ýygnandy. Daşarda yns-jyns görünmedi. Merdan kakasy Amangeldi aganyň bir özüniň daşarda iki-baka alakjap ýörenini hiç kes bilmedi. Asyl onuň näme iş bilen meşgul bolup ýörenini biljek bolýanam ýokdy. Birhaýukdan onuň özi içerik girmedik bolsady, habar aljak adamy hem ýokdy. Onuň yzy bilen şol aýylganç aýazly sowugam içerik kürsäp urdy. Içerdäkiler „Gapyny ýap-da, gapyny ýap“ boluşdylar. Amangeldi aganyň hortaň ýaňaklary aýazdan ýaňa myssaryp, bişip ýetişmedik erige dönüpdi. Sowuk etiňden ötüp, süňňüne ornan borly.Ellikleini çykaryp, peje bakan süýşdi. Ol öten agşamky aýazda birentek hojalyklaň ketekdäki towuk-horazlarydyr ýataklaryndaky ululy-kiçili mallaryna çenli saňgaty bolup galanlygyny eşidipdi. Düýn uzak örüdäki çopan hem bütin süri malyndan el üzüp, taýagyny süýräp gaýdypdyr diýdiler. Muňa çopanyň tejribesizligi sebäp bolupdyr. Süri dowar bagryňdan geçip barýan şu aýazly howada ýata suwdan mazaly ganan eken. Birsalymdan soňam o janawarlaryň içen suwy içlerinde buza dönüp olary heläklän bolmaly. Şonuň üçin Merdan hem howludaky bäşdir-üçdür malyny sowukdan gorajak bolup olara daşaryny görkezmedi, ýatagyň yş düşýän ýerlerine keçe-kilim böleklerini dykyşdyryp çykdy. Diňe ertesi öýlänler olara gaýnadylan suw içirdipdi.
Adamlar gar bir ýagsady diýişýärdiler, gar ýagmagyny bu ýowuz günden çykmagyň ýeke-täk çykalgasy hasap edýärdiler. Garyň özboluşly ýylysy bardy. Onsoň garyň aşagynda mal-garalar-da özlerini ýyly ýataklarda ýatan ýaly duýjakdy. Ýöne ähli zat başgaça boldy. Gyş düşüp, tä ýere ýyly girýänçä, gar ýagmady, asmandan bir katra nem dammady.Ýyl gurak geldi, ot-çöp gögermedi, gögerenem dessine süllerip ötägitdi.
Ynha, häzirem biz her on iki ýyldan bir gaýtalanýan bijin ýylynyň bosagasynda durus. Howanyň birneme sowugy baram bolsa agşamlaryna al-asmandan kepek ýaly seçelenip duran garjagazlar ýere düşüp-düşmänkä, pagyş-para eräp gidýärdi. Ýogsam bijin ýylynyň gyşy näçe gyňyrlygyna tutsa-da, adamlara-da, mallara-da howp salyp bilmeýärdi. Çünki öri meýdanlarymyz ýyly ýataklardyr bol ot-iým bilen üpjün edilen. Howsala düşer ýaly zat ýok. Asyl görlüp oturylsa, bijin ýylynyň gyşynyň hem adaty ýyllaryň gyşyndan tapawutly ýerem ýok eken. Şonda-da nämüçindir bijin ýyly diýlende, öňi bilen ilkinji gara gözi düşen Merdan aganyň şo:ol bir aýazly ýylda obadaşlarynyň „Hiç bolmanda, gar bir ýagsady, janly tebigatyň hemem adamlaryň halas bolmagyna sebäp bolup bilerdi“ diýen ýürek arzuwlaryny ýadyna salýar.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty