ILKINJI JAŇ
- Oglum, şu geçilerimize “sürä ýaranok” diýdiler, birneme elde bakaýmasak boljak däl, sen bulara oňatja seretgin, sagaldygy ýene-de sürä goşjakdyrys, bolýamy?—diýip, kakasy howla salan bir topar geçilerini görkezdi.
Olary gören Umyt hem duran ýerinde bökjekläberdi.Ol pişigem gowy görerdi, güjügem. Hasam olar bilen oýnamagy halardy. Onsoň birentek bezzat oglanlaryň köçä taşlan pişikleridir güjüklerem ony görende hossaryna duşan ýaly, ýanyndan gitmezdiler.
- Bolýa kaka, otam ýygyp bererin, suwa-da ýakaryn, ho-ol gök otlukda-da bakaryn—diýdi.
Ol şeýle-de etdi. Her günde diýen ýaly olary gök otluga alyp bardy. Agşamlaryna ter otlardan ýygyp berdi. Olardan biri Umyda has golaý gelip, asla onuň yzyndan aýrylmady. Özem olaryň uly şahlysydy, daýawydy, boýnunda bolsa ullakan jaň asylgydy, kakasynyň aýdyşyna görä, ol süriniň tekesi bolmalydy, jaňy batly jaňňyrdadygy bes, süri onuň yzyna düşübererdi. Onsoň çopanlaram onuň daşynda hozanakdy.Bahymrak sagalyp, sürä gaýdyp barmagynyň arzuwyndadylar. Teke häzirem haýsy tarapa ýörese, şol tarapda-da jaň ýaňlanardy. Jaň sesi bilen Umyt hem mazaly öwrenişdi gitdi.
Şeýle günler gaýtalanyp durdy, soňam okuw başlandy. 1-nji sentýabr günüdi. Umyt birinji synpa gitmelidi. Ýöne ol özüniň her günki gyzykly oýunlaryndan daşlaşasy gelmeýärdi. Mekdebe ony kakasy elinden tutup diýen ýaly eltip gaýtdy.
Şeýdibem mekdepde ilkinji jaň kakyldy. Sapak başlandy. Umydyň ýüregi gysyp başlady, ol geçileridir giň sährany küýsedi. Sähel wagt geçip-geçmänkä-de ýene-de jaň uruldy. Geň göräýmeli, heniz arakesme bolardan irdi. Onda näme üçin jaň uruldyka? Muňa mugallymlaram, okuwçylaram geňirgenişip daş çykdylar. Şu ýerde-de olar mekdebiň bosagasynda duran täsin “myhmanlary” görüp haýran galdylar.
Görseňizläň, hakyt bu ýerik Umydyň yzyndan geçileri idäp geläýipdir. Öňlerinde-de hälki jaňly teke, özem jaňyny häzirem dynman, jaňňyrdadyp durşudy.Nämäniň-nämedigine göz ýetiren mugallymlardyr okuwçylaram hezil edip gülüşdiler, soňam ýaňadan sapaklaryna dolandylar.
Umyt baryp tekäniň boýnundan aslyşdy. Özüni idäp gelenine monça bolup, ýüz-gözünden ogşady. Ýöne kakasyna gözi düşende welin bar keýpi gaçdy, ony bulary sürä goşmak üçin alyp barýanyny görüp, diýseň gynandy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty