14:48 Indiki nobat siziñki / satiriki hekaýa | |
INDIKI NOBAT SIZIÑKI
Hökümedimiziñ başyna dönseñ. Biz barada, gör, nähili alada edýärler. Uruş weteranlaryna binobat aýagulagy beriljek. Gazetdäki okan habarym meni ganatlandyrdy. Raýispolkoma nähili baranymam bilmändirin. - Keýgim, başlyk ýerindemikä? - diýip, men kabulhanada galyñ kitapdan başyny galdyrman oturan gyzdan soradym. - Siz nähili mesele bilen geldiñiz? - diýip, ol birhaýukdan soñ meniñ soragyma sorag bilen jogap berdi. Nesip edip, alyp bolsa, ýeñil maşyn üçin barandygymy aýtdym. Şu sypatyñ bilen maşyny başyña ýapjakmy diýen terzde maña seretdi-de: - Siz onda başlygyñ başyny agyrtmañ. Başga ýerik barmaly - diýip, ol nirä, kimiñ ýanyna barmalydygyny düşündirdi. Salgy berlen kabinete bardym. Erni sigaretli ýigit kim bilen gürleşjegini bilmän, içini gysdyryp oturan eken. - Ä-hä, uruş weterany diýseñiz-le. Haýsy urşuñ, graždanlyk urşunyñmy? - diýip, kabinetiñ eýesi it ýylgyryşyny etdi. Men neden "Ýok, Gökdepe urşunyñ" diýipdim. Ýene-de dilimi dişledim. Özi bilen deñ bolmaýyn-la: - Han ogul, Watançylyk urşuna gatnaşdym, boýdan-başa. Ynha, dokumentlerimem... Ol sözümi soñlatmady. Owurdyndaky tüssesini içine ýuwutdy-da: - Aý, näbileýin, goñşusy bilen urşubam gelip ýören bar - diýip, elimdäki arzamy aldy. Onuñ çüñküne bir zatlar ýazyşdyrdy. Men hoşlaşyp çykyp gaýtdym. Şondan soñ geçse bir hepde töweregi geçendir-dä. Mytdy agañ hat paýlaýan ogly gapymyzdaky agaç sekiniñ üstübe bir bukjany oklap gitdi. Görseñizläñ, hakyt raýispolkomdan gelipdir. Be, ojagaz ýigit ýeserje eken-aý, pormusyna görä däl eken. Eýýäm hat ýollapdyr. Hudaý-allany çagyryp açdym ýañkyny. Keýwanym menden beter, sokjarylyp içine giräýjek bolýa, bukjañ. Bar ýazylan zat iki setir bolsa nätjek. "Arzañyz hasaba alyndy. Nobatyñyz gelende habar ederis". Wessalam! Menem garaşdym, baý garaşdym-a. Gözümi ýoluna dikip garaşdym. Dagy alajyñ näme?! Il-ä tanyş-bilşiniñ üsti bilen eslijäni emläp nobatsyzam alaýýamyş. Wah, biz-ä şol maşynyñ öz bahasyny tapsagam oñjak. Aý, onsoñam uruş inwalidlerini beýdip kösäp ýöresleri ýok-la. Olar indi şeýle bir känem däl ahwetin. Üstesine-de, olaryñ nobatam özbaşyna, aýratyn. Oba eýýäm başga habar ýaýrapdyr öýdýän. Hut şol günüñ ertesi, gijara, ýüzüni garañka tutup, Aýly alkaş geldi. - Giç ýagşy, ýaşuly! - Gelen ýagşy. Jogabymyñ göwünli-göwünsiz çykandygyny özüm-ä bilýän. Onuñ welin azaryna-da däl. Gaýtam agzyny şapbyldadyp: - Medet aga, at arkasy gutly bolsun! Maşynjyk edindiñmi? Oñarypsyñ. Satylaa samolýodam almaly. Bu dünýä bary-ýogy bir gezek gelinýä - diýip, köpbilmişsiredi. Ýeri, öljekmi-ýitjekmi. Şu dagam akyl satýa-da. Çaltrak ugradaýyn, şondan gowusy bolmaz. Gyzyl onlugy görkezenimden, aldy-da, ýeñsäni el ýaly edäýdi. Bir zada garaşsañ wagtam geçmez eken. Göwnüme, şondan bäri ýoñsuz wagt geçen ýaly. Hasaplap görsem bary-ýogy dört aý bolupdyr. Bir gün günortan konsert diñläp otyrdym welin, Annaguly aga geldi, oturmaga. Çaý başynyñ söhbeti ýene-de maşynly meselä syrykdy. - Jügülinden nä habar, goñşy? - Entegä gum-guklyk. Özümiz habar ederis diýipdir. Annaguly aga başyny ýaýkady. Myssa ýylgyrdy-da: - Señem türklügiñ aýrylman geçjeg-ow. Olañ üstlerini atalap durañda-da, alaýsañ zor boldugyñ - diýip, çäýnegini sarkdyrdy. Içime düşdi bir howsala. Ertesi dañ saz berenden, bägül ýygjak ýaly bolup, eñdim raýon sary. Barsam, heniz hiç kim gelmän eken. Işigini saklap oturyberdim, ahyr-a gersiñ-dä diýip, Ylaýyk dokuz bolanda geldi-aý, köki kesilen. Iki elimi uzadyp görüşdim. Oñardygymdan sypaýysyran boldum. - Manlyk-saglykmy, köşek. Hemme öý-içerilerem gowulykmydyr... - Siz näme, henizem alañyzokmy? - diýip, ol geñirgenip meniñ ýüzüme seretdi. Men has beter geñirgendim. Bi, betbagt, meni başga biri bilen çalşyrýan bolaýmasyn. - Ýok - díýip, zöwwe ýerimden galdym. - Be, biz ony şowat ugradypdyk-la. - Nämäni? - O nähili nämäni, elbetde haty. Aý, jürümi dikdi-ow. Maña hat gerek däl, maşyn gerek. Dünýämiz hatdan doly, ýurdumyzy ýykan şo hatlar dälmi. Gowy-gowy maslahatlar berip, ol meni ýola saldy. - Garaşyber, agam. Iki günde maşyn alyp bolmaz. Hyk-çok edip zordan öýe geldim. Zeleli ýok, maşyn alamymyzsoñ ähli ýadawlyk ýatdan çykar. Hawa, şondan soñ ýene bäş aý geçirip bardym, ýañky oglanyñ ýanyna. Hyk-çok edip zordan öýe geldim. Zeleli ýok, maşyn alamyzsoñ ähli ýadawlyk ýatdan çykar. Hawa, şondan soñ ýene bäş aý geçirip bardym, ýañky oglanyñ ýanyna. - Ah-ow, agam, meñ öz zawodym ýok, maşyn çykarýan. Onsoñam öñüñizde bir adam bar, özüñiz ýaly uruş enwelidi. Ilki şoñ nobaty... Bu gezegem paltam daşa degdi. Bazardan gaýdan öküz ýaly, gaýtdym ýüzümi sortduryp. Wagtam şo-ol geçip otyr. Ýyl täzelendi. Zol baryp durmagam bir hili gelşiksiz. Her barañda-da, ýüzüñi demir darak bilen daraýarlar. Gowusy, garaşybereýin-le. "Sabyrly gul dura-bara" diýipdirler. Ahyry özleri çagyrlar-da. Garaşyp, iki ýyly arka atdym. Ýaşlaram gidip barýar. Ondan soñ näçe maşyn-a geçendir, ol belli zat. Ýöne seniñ bilen hiç kimiñ işi ýok, barmysyñam diýenoklar. Be, näme etsemkäm? Sabyr käsäm püre-pür boldy. Iñ uly başlyklarynyñ ýanyna baraýyn. "Uruş inwalidlerine şumy edýän kömegiñiz?" diýip soraýyn. Içimi gepledip, bardym başlygyñ göni öz ýanyna. Arzy-halymy aýtdym. Şol ýigidi ýanyna çagyrdy-da: - Näme ýaşulyny heläk edip ýörsüñ. Heniz nobaty ýetenokmy muñ? - diýip, gatyrgandy. - Bi ýaşulyñmy? - diýip, o meniñ ýüzüme seretdi. - Indiki nobat şuñky... Wah, bir wagt başlygyñ ýanyna gelmeli eken. Akmak bolupdyryn. Görýäñmi, "indiki nobat şuñky" diýen bolup, şelaýynsyraýşyny. Öñ men soramda, "öñünde özüñ ýaly bir inwalid bar" diýen bolýady. Şuny başlygyñ ýanynda masgara edeýin-le. - Hany, meñ öñümde-de biri bar diýýädiñ-le. O näme, aldymy? - Ýok, ol öldi. Indiki nobat siziñki. Arkaýyn bolaýyñ, ýaşuly. Başlyga alkyş baryny aýdyp, gaýtdym, öýümize. Içimi hümledip gelşime, hälki ýigidiñ aýdan sözi gulagymyñ ýanynda ýañlanan ýaly boldy. Düşdi ýüregime bir howsala. Ah-ow, "Indiki nobat siziñki" diýdi welin, ol nämäniñ nobatyny göz öñünde tutduka?! Maşynyñkymyka ýa-da... An-ha, böwründen bir zat tutan ýaly boldy. Dogrudanam, Ezraýyldaky nobatym raýispolkomdakydan öñürti ýetäýjek öýdýän. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |