JANLY MUZEÝDE
Olar iki bolup, janly muzeýe aýlanyp ýördüler. Muzeýiň içi giňdi, her gözenegiň öňünde durjak bolsaň, bu ýerdäki täsin haýwanlaryň hereketlerini siňňin synlajak bolsaň, kän wagt gerek boljakdy. Kerweniň bu ýere ilkinji gezek gelşidi. Şonuň üçinem olar obada ýaşaýan guş-gumrudyr öý haýwanlarynyň deňinde kän eglenmedi. Bu ýere gelen özi ýaly çagalar hem uzyn boýly žurafly, gaplaňdyr ýolbarslary, möjekdir tilkileri, kengurydyr düýe guşlaryny, aýydyr piljagazlary, owadan ýelekli tawus guşuny, garaz, üýtgeşik janly-jandarlary görjek bolup, gabat garşysynda hümer bolşup durdylar.
Şol dara-direlikde-de ol atasyndan aýra düşdi. Kerwen-ä ony duýmadam. Muhammetnur aga welin agtygyny gözläp tapmak iş boldy. Dynç gününiň mähellesi ýetik bolansoň, ony birbada tapmaryn öýtdi. Bir görse, Kerwen maýmynly gözenegiň ýanynda, özem ujy dişlenilen almasyny maýmyna uzadyp dur eken.
--Hä, Kerwen, oglum, sen asyl bu ýerdemidiň, men-ä seni gözläp halys surnukdym.
--Ata, şu maýmyn bar-a.
--Hawa, oglum.
--Sen ony tanaňokmy?
--Ýok, oglum. Men ony nireden tanaýyn?!
--Gowja seret, goňşymyzyň ogly, dostum Kelje-dä şu!
--Oglum, beý diýmezler. Dostuňy maýmyna meňzetseň, ol muny senden gaty görer-ä.
--Ynanaňok gerek, Kelje, Kelje, atam seni tananok.—Ol atasyna bakyp gürledi.—Ata, Keljäniň özem her dynç güni janly muzeýde bolýan. Gelseň, görersiň diýipdi. Men oňa öýden getiren armytdyr almalarymy-da iýdirdim.
--Ýok, o adam däl, ol hakyky maýmyn çagasy. Ýöne ozal-ozallar hakykatdanam şeýle bir döwür bolupdyr, haýwanlaryň seýrek wagtynda hakyny berseň, gözenekde islän haýwanyň keşbinde näçe wagtam bolsa durmaga taýyn oglanlar bolupdyr diýýärler. Dogrusy, o gürrüňi meniň özümem başga birinden eşidipdim. Şony saňa gürrüň berdimmi-ýokmy?
--Ýok, ata, gürrüň bermediň, ony bilmek maňa-da gyzykly.
--Bolýa, gel onda gyra çekileli, Kerwen jan. Men ony saňa-da gürrüň beräýerin.—Muhammetnur aga agtygyny çete çykardy.-- Belki o waka adamlary güldürmek üçin ýörite toslanylyp tapylan gürrüňdir, belki-de çyndyr. Öz-ä öňki döwürlerde bolupdyr. Şol gün haýwanat bagyna bu ýerde bar bolan haýwanlary tükellemek üçin ýokardan ýörite derňewçiler topary geljek eken. Şo mahalky haýwanat bagy bolsa häzirki ýaly baý däl-de, garyp eken, düzüwli haýwandyr ýyrtyjysy hem ýok eken. Aý, onsoň haýwanat bagynyň işgärleri derňewçileriň gözlerine çöp atmakçy bolup, olaryň öňünde ýoguny bar edip görkezmek isläpdirler diýýä. Ilk-ä töwerek-daşdaky
obalardan eldeki mallary, guşlary toplapdyrlar.Soňam seniň bilen deň-duş bir oglana maýmynyň derisini geýip, gözenekde otursaň, hakyňy tölejek diýipdirler. Oglan ylalaşyp, öňünden hakjagazyny hem alypdyr. Derňewçiler gelende, ol eýýäm gözenekde çugutdyryp otyr eken. Bu ýerde islän haýwanlardyr guşlar bar eken. Birbada ähli zat olaryň öňünden gepleşişleri ýalam bolupdyr. Tomaşa gelen çagalaryň birentegi maýmyna odur-budur zat hem hödürläpdir, “maýmyn” olara çigit barysyny çakyp görkezipdir. Onuň bilen ikiçäk surata düşenlerem tapylypdyr.
Ana, şo pursat-da haýwanat bagynyň başga bir işgäri, sen-men ýok, arlap duran äpet bir ala gaplaňy idip getirip maýmynly gözenege goýberip oturyberipdir.
--Hälki oglanyň ýanynamy?
--Gepem şonda-da! Maýmynyň derisini geýen görgüli oglanjyk beýle synaga garaşman eken. Ol gorkujygyna dili tutulyp, gepläp hem bilmändir. Gözenegiň törüne dykylyp, ajalyna kaýyl bolan ýaly gözlerini asmana dikip, görgülijik sandyraklaberipdir.
--Soňunda näme bolupdyr, ata? Maýmyny iýipdirmi?
-- Häzir aýtjak, howlukma. Ony synlap duran adamlaram seniň ýaly pikir edipdirler. Hemmeler örän gorkunç, elhenç ýyrtyjy gaplaňdan heder edip gorkupdyrlar. Göreniň gaplaň-da! Her ädimini bir ýerde goýup, arlap gelýär diýýä zaňňar.Ýöne ýagdaý adamlaryň pikir edişinden bütinleý başga bolupdyr. Hälki gaplaň maýmyna abanyp durşuna, birdenkä adam dilinde gürläýipdir: ”Gorkma dost, menem özüň ýaly adam çagasydyryn!” diýipdir.
Kerwen atasynyň bu gürrüňini diňläp, jykyr-jykyr edip güldi. Soňam:
--Aýtdym-a, ata, bu-da hakyky maýmyn däl-how, biziň Keljämiz.—Ol maýmyna garap gepledi.—Kelje, Kelje, sen bu ýerde ýene kän oturmalymy, biziň bilen gaýdasyň gelýärmi? Gaýtjak diýseň biz saňa maşynda garaşarys.
Muhammetnur aga aşa ynanjaň hem-de bilesigeliji agtyjagynyň bu gürrüňine pyňkyrman zordan saklandy. Olaryň bu gürrüňlerine düşünýän ýaly şo pille maýmyn hem el çarpdy, soňam nämedir bir zatlary madyr-madyr etdi.
Birsalymdan ataly-ogul el tutuşyp, janly muzeýe golaý ýerdäki maşyn duralgasyna bakan ýöneldi. Muhammetnur aga agtygynyň ünsüni başga ugra sowmak isledi:
--Oglum, janly muzeýde başga nämeleri gördüň?
---Goňşymyz Aşyraly aganyň ak eşegini, Doýduk ejäniň göleli sygryny gördüm, asyl Myrat çopanyň düýnden bäri tapamok diýip ýören alabaýy hem şol ýerde eken-dä! Ony hem iş edinip şu ýerik getiripdirler.
--Ýok, oglum, olaryň hiç birisem biziň obamyzdan getirilen däl. Dünýäde bir-birine meňzeş haýwanlar köpdür.
Ine, şu ýerde-de Kerweniň dosty Kelje bir ýerlerden peýda boldy.
--Kelje geldiňmi? Ine, kaka meniň Kelje diýýänim—diýip, ony kakasy bilen howlugara tanyş etdi. Soňam:--Kelje, sen şu mahal gözenekden çykyp gaýtdyň gerek! Häli biz seni kakam ikimiz maýmyn keşbinde synlabam gaýtdyk. Kakam bolsa ynananok—diýip, jedir-jedir etdi.
Kerweniň gürrüňine Kelje-de geň-taň boldy:
--Kerwen, o nämäniň gözenegi? Sen haýsy maýmynyň gürrüňini edýäň?
-- Kaka, biz häzir gelýäs—diýip, Kerwen dostunyň golundan tutup, hälki maýmynly gözenege bakan etek alty, ýeň ýedi bolşup ylgady. Muhammetnur aga bolsa onuň yzyndan gygyryp diýen ýaly galdy:
--Basym bol, oglum, indi bir eglenmäli!
Olar baranlaryndan gözenegiň agzy çagalardan doludy. Gözenekdäki maýmyn bolsa edil öňküsi ýaly henizem çigit çakyp, çagalara hezil berip otyrdy. Muny gören Kerweniň dili tutuldy:
--Kakam,maňa ynanmadam diýdimle.
--Nämäni?
--Men şol gözenekdäki maýmynyň keşbini sen oýnaýansyň öýdüpdirin.Sen mekdepde-de çeper höwesjeňler gurnagynda maýmyn bolup oýnap berýärdiň-ä. Kakam bolsa turuwbaşdan ynanmady.
-- Ah, kelle, kelle, sahnada maýmyn bolup oýnamak küje, gözenekde hakyky maýmyn bolup oturmak küje. Seniň bu gürrüňiňe kim ynanjak? Kakaňa, ýaşuly adama ynanman, hata goýberipsiň, dost. Ulular ýalan sözlemeýärler. Seniňem öz gepiňi gögertjek bolup, kakaňa ynanmazlyk etmegiň gowy häsiýet däl.
-- Diňe olam däl. O gören ak eşek bilen göleli sygrymy, alabaý item biziň obamyzda ýiten mallar bolmaly diýdim.
- Hä... oňarmansyň, dost, oňarmansyň.
Şondan soň Kerwen aýlandyrylyp goýberilen ýaly boldy. Kakasynyň ýanyna gelende-de, ýüzi sary-sadyllady. Müýnli başy aşakdy. Munuň üçin häziriň özünde onuň kakasyndan ötünç soramagy gerekdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty