07:39 Aglap gidip, gülüp gel / nowella | |
AGLAP GIDIP, GÜLÜP GEL
Hekaýalar
Indi iki ýyldyr, Oguljemal orta mekdebi tamamlany bäri daýylaryna görme-görşe gelmesini seýrekletdi. Oguljemalyň ertekileri bilen bileje önüp-ösen Ýalkap, tä dynç alyş möwsüme garaşa-garaşa ýüregi suw bolup gidýärdi. Ony bu ýyl kakasy oglunyň biraz ekebyrlanyna gözi ýetensoň, Ýalkaby tomus dynç alyş möwsüminde, dogany Ogulnabatlara ýeke özüni goýberdi. Kakasynyň oglunyň “ulalanlygyna” ynananlygyna buýsanýan, bu ýyl bäşinji synpy tamamlan Ýalkap, gop berilen ýaly uçaýjak bolýardy. Oguljemal: “Ýalkap jan, indi seniň özüň hem kitaplary ezber okaýaň-a!” diýip, öýdäp oturan keşdesinden ýüzüni sowman jogap berýär. —Ýok, sen gürrüň berseň gyzykly bolýar—diýip, Ýalkap haýyşyny gaýtalaýar.. —Häzir jigim, şujagaz ýerini dynaýyn—diýip, keşdesiniň sapagy külterlenip, mazaly gysgalansoň, iňňesini keşdesiniň saklanan ýeridne keseligine dürtüp, tikimini iç ýüzüne epleýär-de, bir gapdala süýşirip: —Hany, ertekileriň haýsysyny diňläli? —Tapawudy ýok, nähilisini aýdasyň gelse aýdaý. Oguljemalyň ertekileriniň hemmesi gyzyklydy. Ýalkap kiçi çagaka, mekdebe gatnamanka, Oguljemala şol bir ertekini, “Böwenjigi” gaýta-gaýta aýtdyrardy, örän seýrek, onuň ýadyna “Ýartygulagam” düşýärdi, ana şonda Oguljemal uludan demini alyp, begenjine höwes bilen jigisiniň haýyşyny ýerine ýetirýärem welin, uky basmarlaýan gözlerini gyrpyldadyp: —Indi “Böwenjigi”... Oguljemal: “Tak-tak etdim, dalak iýdim” diýýänçä kiçijik zulumkäriň gözleri ýumulýar. Erteki diňläp, “surnugan” ogluny Dursunjemal daýzasy göterip öz otagyna äkidýär. Ertesi agşam ýene-de sol öňki sargyt... Ulaladygyça Ýalkap ertekileri saýlap we dannap başlady. Oguljemal ýadyna düşmeýän ertekilerini şylhasy çykan, sahypalary tüýdüm-tüýdüm “Türkmen halk ertekilerini” eline almaly bolýardy. Ýöne, ol ertekilerden başga-da wagtal-wagtal gizlin ýerde ýygşyryp goýýan kitaplaryny okaýar. Bir gezek, gije ýarymdan geçensoň Ýalkap Ogulnabat ejesiniň sesine oýandy: —Kitap janyňy alsyn! Gije ukyňy alarlar, ýüzüň saralyp gidipdir. Erte-birigün myhman gelse nädeýin?! Bukjaňy doldurmagyň aladasynda bol—diýip, gyzyna käýýäpdi. Ýalkap bular ýaly ýuwaş, mährem, owadan gyza nä sebäpden käýýäp bolýanyna hiç düşünmedi. Ol bilesigelijiline bäs gelip bilmän sebäpkär kitabyň daşky, gaty, “Aman Kekilow. Söýgi” ýazgyly sahypasyny, soň “Birinji kitap” sahypasyny agdaranda eli küýzeli, iki örüm saçly owadan gyzyň şekiline gözi düşüp: —Oguljemal, menem okap göräýeýin-dä şu kitaby! —diýende, Oguljemal: —Ýok jigim, sen enetek kiçi, ulalaňsoň okarsyň, bu wagt sen barybir düşünmersiň— diýip, kitaby ýygşyrypdy. Aram-aram olaryň ertekilerine Oguljemalyň özünden kiçi jigisi, elmydama alaýaz, şadyýan Güljemal goşulýardy, üç “artist” bolup öý teatryny gurnaýardylar. “Şazada gyz”—Oguljemal “döwüň” —Güljemalyň gowagynda bendilikde. Patyşa kim onuň gyzyny bendilikden boşatsa, şoňa gyzyny nikalap berjekdigini jar çekdirýär. Halk arasyndan bir gaýduwsyz, batyr ýigit¬¬—Ýalkap öňe çykyp bu hatarly işi boýnuna alýar. Ýalkap çep elindäki “galkany” döşüne germäp, “naýzasy” bilen döwe topulanda, penjiräň tutysynyň aňyrsyndan, atasynyň possunyny çöwre geýnen, kellesi silkme telpekli Güljemal arlap çykýar. Bu duýdansyzlykdan aljyran Ýalkap, “naýzasyny” taşlap daşaryk atylyp çykýar. Ol gyzlaryň gülkilerini eşidenden soň, bolan hadysa düşünip, yzyna dolanýar. —Haý, seňem batyr bolaýşyňy! —Güljemal içini tutup gülýär—Örän çalasyn gaçýan ekeniň, eger tutan bolsam seni iýjekdim—diýip, ýene hezil edip gülýär. —Sen jyzýaň. Düýn taýynlanamyzda possun, telpek ýokdy... —diiýp Ýalkapjyk aglaýjak bolýar. Oguljemal Ýalkaby gujaklap, başyny sypaýar: —Meň jigim, Ýalkap jan iň batyrlaryň batyrydyr. Ýalkap bu wakany hiç kime dil ýarmazlygyny haýyş edip Güljemalyň ýantazysy ýaly, tä ol söz berýänçä yzyna düşüp gezýär. “Spektaldan” bäri näçe ýyllar geçdi, indi ýetginjek Ýalkaby döwüň-söwüň bilen eýmendirip bilmersiň. Bu gezek Ýalkap Ogulnabat ejelerine erteki diňlemek üçin däl-de, Oguljemaly göresi gelip gelipdi. Ondan başga-da, Oguljemallaryň obasynda täze dostlary bardy, olar bilen Ogulnabat ejesiniň goýunlaryny, göleli sygyrlaryny Gadyrýabyň ýalpak güzerinden geçirip, öri meýdana kowansoňlar, tä şyrryklary çykýança suwa düşýärler, şallak oýnaýarlar. Günorta golaýlaberende, mallary bir ýere üýşürip, guşluga çykýarlar. Her kim ýany bilen getiren düwünçejigini açyp, deňňenä goşulýar. Baý, süýji bolýar-a üýşüp iýseň! Obanyň sergin, şypaly howasyndan, Ogulnabat ejesiniň elinje gatygyndan, gaýmagyndan, toşabyndan daýawlanan; günüň şöhlesine garalan ogluny ejesi birbada tananok we şäheriň kapas howasyndan, eýläk-beýläk at salýan maşynlaryň sesinden iki aýlap oglunyň dynç alanyna begenýär. Ýoluň o ýüzünde, Ýalkaplaryň gabat garşysynda ýaşaýan Jumamyrat welosipedini diwara diräp durşuna, Ýalkaba dostlarça elini bulaýlady. Oňa jogap edip: —Jumamyrat däde salawmaleýkim!—diýip, Ýalkap duran ýerinden butnaman, gysga salamlaşdy. —Waleýkimessalam! Ýalkap oňatçylykmy? Näme görünmediň-le, bir ýerlere gitdiňmi? —Hawa. —Nirä, obamy? —Hawa. —Oguljemallaramy? —Hawa. —Oguljemal hem gurgunmy? Salam aýtdymy? —Gurgun. Ýok. Jumamyrat welosipediň biline baglanan çeňňekleri çözüp durşuna: —Geljek ýekşenbe balyga ýene gitjek, hyýalyň bolsa äkideýin. —Sag boluň, Jumamyrat däde, kakam goýberenok—diýip, Ýalkap ýalan sözledi. Geçen ýyl Oguljemal bilen Güljemal iki-üç günlik gezmäge gelipdiler. Güljemal öýde, Dursunjemal daýzasyna börek büküşmäge galypdy. Oguljemal Ýalkaby ýoldaş edinip şäheriň dükanlaryndan gerek-ýarak zatlaryny alyp öýlerine dolanyp gelýärkäler, olara pete-pet Jumamyrat gabat geldi. Ol biygtyýar säginp, olara ýol berip: —Salam! Ýalkap bu owadan gyz daýzaň gyzymy? Onuň ady näme? —Hawa. Oguljemal... Çym gyzyl bolan Oguljemal, Jumamyradyň salamyna jogap bermän, Ýalkabyň elini berk gysymlap, ýöreýşini ýygjamlatdy, öýe gelýänçä hum ýaly çişdi, bir owurt suw owurtlap, az-kem köşeşensoň, Ýalkaby ýanyna çagyryp: —Ýalkap jan, meni üns berip diňle: men hiç haçan ýolda nätanyş adamlar bilen salamlaşamok we olara adymy aýdamok. Oguljemalyň gaharynyň gelmegine Jumamyradyň sebäp bolanyna düşünen Ýalkap, şol günden başlap goňşysy bilen sowuk-sala görüşip başlady. Göwnine bolmasa, onuň gep-gürrüňinde many-maňyz ýok ýaly, hereketleri hem uly adamyňka meňzemeýän ýaly bolup göründi. Onuň balyk tutmaga çakylygyny ýüwelräk hasaplapdy. Kakasy bilen ejesiniň arasyndaky: “Oguljemala guda bolupdyrlar”, “Toýuň sähedini belläpdirler”, “Haladyny pylan gün geçirjekmişler” gürrüňlerine Ýalkap ilkibada pitiwa bermese-de, Oguljemalyň toý günini eşiden badyna ýüregi ýerinden süýşen ýaly boldy, “gürs-gürs” edip, çalt-çaltdan urdy. Durmuşa çykýan gyzlar guýa gaçan daş ýaly ýitirim bolmasa-da, atasy öýüne seýrek aýlanýandyklaryny Ýalkap gowy bilýärdi. Bir öýden çykyp gidensoň, käbiriniň-ä ýüzüne ýyllabam nazaryň düşenok. “Oguljemalam men indi seýrek görerin. Ol nirä durmuşa çykýarka? Kimkä ol?” diýen bir topar bulaşyk pikirler we Oguljemal jorasyna bolan çagalyk gabanjaňlygy onuň ynjalygyny gaçyrdy. Oguljemalyň toýuna Ýalkap ejesi bilen iki gün öňünden bardylar. Heniz onçakly köp adam üýşmedigem bolsa, toýa gatnaşmaly gelin-gyzlaryň aglabasy diýen ýaly gelipdirler. Hemmesiniň ýüzleri nurana, hemmesi şadyýan, dabaraly. Howla bir eli taňňyrly, beýleki elinde oklawyny bulaýlap, orta ýaşdan agan, bili ýasy guşakly, hortaňrak aýal girdi. Ol taňňyryň düýbine kakyp çykarýan sesi bilen sazlaşykly ýöräp gelşine, howlyny örüzdi. Myhmanlar nazaryny “tebilçi” Gynna ejä öwürdiler. Ol “depreginiň” owazyna goşulyp, ýöräp gelýärkä tans edýärdi we arasynda aýdyma meňzedip gygyrýar: “Aýu! Halyl aga, gyw, Ogulnabat dogan toýuňyz gutly bolsun! Toýuňyz toýlara ulaşsyn, Alla jan!”. Başga wagt taňňyryň ýakymsyz, şaňňy sesi ýüregiňi elendirse-de, edil bu gün gulaga ýakymly owaz bolup girýärdi. Gynna ejäň şadyýan göçgünligi üzüm teläriň kölegesinde gatlakly ýaýyp oturan aýallaryň käbirine gozgalaň saldy: üç sany oral aýal ýagly ellerini öňlüklerine süpürişdirip, “sazandaň” daşyny gallap, onuň bilen bile tans etmäge başladylar. Toýa gelen uly-kiçi tomaşa üýşdiler. Olar tansçylaryň tagaşyksyz hereketlerine hezil edişip gülüşärdiler. Tomaşaçylaryň arasyndan bir gyzjagazyň: “Gynna eje, aýdymam aýtsana!” diýen sesiniň yz ýanyndan, üýşmeleňiň içinden ýene biriniň: “Gynna eje, “Kakasyny” aýtsana!” gygyrýan seslerine deprekçi: “Pul bermeseňiz aýtjak däl” diýip, laňňarasyny zarňyldatmasyny dowam edýär. Ýalkabyň baran güniniň agşamsy gyzlar ümä üýşdiler. Gyzlaryň hemmesi hem owadan geýnipdirler welin, Ýalkabyň gözüne Oguljemal has hem näzik, has hem mylaýym göründi. Bykynyna dürtülen hürsek onuň gyzlara aňkaryp duran ünsüni böldi. Duýdansyz symsyklama ziňkildän Ýalkap, gapdalynda ýylgyryp duran Güljemalyň dütgülänine düşindi. Ol gyzlara tarap ümläp, Ýalkabyň gulagyna pyşyrdady: —Nähili, Oguljemal joraň owadan bolupmy? —Hä-ä-ä, hawa. Örän! —Ertir görersiň, mundanam has gözelleşer, tanamarsyňam. Ýalkap atasy öýünden ömürlik çykyp gidýän gyzyň beýle şähdaçyklygyny, onuň çalasyn hereketlerine geň galyp synlap durşuna, Oguljemalda öň görmedik üýtgeşikligiň bolanyny aňdy. Onuň ýüzi hem nurlanan ýaly bolupdyr. Onýannça Oguljemalyň: —Ýalkap jan, gel bärik jigim!—diýýän, çakylygyny eşidip, oý-pikirlerinden başyny galdyrdy. Ýalkap hümer gyzlaryň arasyndan ýöräp, töre geçdi. Oguljemal ýüzük gatyşykly barmaklary bilen jigisiniň başyny sypap, ýaňagyndan öpdi, Ýalkap gujaklanýanyny duýup, çekgesini Oguljemalyň döşündäki ullakan, tegelek, güberçek, gadymy gülýakasyna goýdy. Ümä gelen gyzlaryň biri: —Ýalkapjanyň ýeke özi geldimikä, ýa goňşysy bilen gaýtdymyka?!—diýip, köp manyly ýylgyrdy. —Onuň bu ýerde bu gün näme işi bar, ertir geler-dä—diýip, gyzlaryň öňüne saçak ýazyp oturan ýerinden Güljemal jogap gaýtardy. —Hawa-la, onuň bu wagt aladasy ýetikdir-le, çölüň içinden demir ýol çekip ýören bolsa. Demir ýoluny biziň obamyzdan üstaşyr geçiräýmeli eken-dä, gelnalyja oyly bilen gelipjik giderdi-dä—diýip, bukja seljerip oturan wäşi gyzlaryň biri seslendi. — Ýogsa-da, Oguljemal ol kim bolup işleýär diýdiň-ä?! Ussa, maşinist? Güljemal saçagy ýazyp bolup dikeldi-de: —Demirýol gurluşykçylarynyň inženeri—diýip, Oguljemala derek jogap berdi. —Aýlygy näçeräk-kä? —Oguljemaly eklärlik gazanýandyr-la. Gyzlaryň “wagyr-wugurynyň” arasynda daşardan Ýalkabyň dostlarynyň: —Eý Ýalkap, bolaý how, çaltrak çykaý! — diýen sesleri eşidilýär. Ýalkap Oguljemalyň ýüzüne seredýär, Oguljemal: —Baraý guşum dostlaryň ýanyna! Men saňa erteki hem aýdyp ýetişmedim-dä... Ýalkap gapa ýönelende, Oguljemalyň owasyna ýaş aýlanan ýaly bolup göründi, säginjeginem, yzyna seretjeginem bilmän, ikirjeňlenip, “Aý, gözüme görnendir-laý” diýip çykyp gitdi. Ertesi, günortana ýakyn, toýa gelen çagalar ýerli-ýerden: “Gelýärler-de-gelýärler” boluşyp oýnap oturan oýunlaryny taşlaşdyryp, hemmejesi howlydan daşaryk çozdylar. Şobada daşardan gelnalyjy bilen gelen bagşylaryň aýdym-sazlary, maşynlaryň başly-barat çykarýan “düýt-düýtleri” bilen garyşyp köçäni doldurdy. Howla ilki bilen iki sany bezemen aýal girip, “Bismilla” diýişip, ýantorbalaryndan süýji-köke, hoz seçip başaladylar, daşarda aýdym diňläp duran çagalar yzyna—howlyň içine ylgadylar. Ýalkap dostlary bilen bir çetde durup, toý çöpleýän çagalary synlap durşuna: “Men hem birwagtlar şeýdip toý çöpläpdim” diýip, çagalygyny ýatlady (indi ol ullakan oglan ahyryn). Gaý-gaýmalaşyk sowlansoň, howla dostlary bilen öýlenýän ýigit, olaryň yz ýany bilen bagşy-sazandalar toý sazyny çalyp girdiler. Ýalkap tans edýän ýigitleriň arasyndan bezemen geýnen Jumamyrady tanap, “Oguljemal Jumamyradyň dostlarynyň birine çykýar öýdýän” diýip, öz pikirleri bilen gümra bolup durka ejesiniň sesini eşitdi: —Ýalkap jan, bar oglum, şuny gyzlaň otagynda Güljemal bardyr, şoňa gowşuryp gaýt. Ýalkap galyň kagyza dolanan ýumşak zady goltugyna gysyp, Oguljemalyň bolýan otagyna ýöneldi. Ol içeri girende, Oguljemalyň başyna gupbaly börük geýdirip, maňlaý daňysyny daňjak bolup duran ekenler. Ýalkap ejesiniň ýumşuny bitirip, daş çykmakçy bolanda, biygtyýar yzyna seretdi. Oguljemal ýarym-ýaş bolup, sessiz aglap otyrdy, elýaglygy bilen süpürip ýetişmedik gözýaşalary gyzyl ketenisine damýardy... Ýalkap hem biygtyýar dyňzap gelen gözýaşalaryny saklap bilmedi... Ol gyzlaryň otagyndan atylyp çykdy; dogrusy: gapy saklaýan gelinleri tirsekleri bilen iteleşdirip, päsgelçilikden dyzap çykanda, Jumamyrat bilen tas çaknyşypdy, Ýalkap çalasynlyk bilen sowulyp ýetişdi, Jumamyrady we onuň dostlaryny gapdaldan synlady. Içerden “öýlenýän ýigit gelibersin” diýen ses eşidilende, Jumamyrat jaýa tarap ýöneldi. Ýalkap üstünden gyzgyn suw guýulana döndi, ýüregi çalt-çalt urup başlady, birhili başy aýlanýan ýaly duýuldy. Jumamyrat hakda öňki-soňky eşiden habarlary, ol barada öz şahsy düşünjesi bilen garym-gatym bolup, bulaşdy. Soň, çyrmaşan kelebiň ujy çugdamlanyp, Ýalkabyň dumanlan paýhasyny durlady. “Men akmak, gyzlaň “goňşy” diýýän sözüne şo wagt düşünmändirin. Demirýol... inžener... Ana nirden çykdy!” diýip, gaharlanyp durşuna, ýumruklaryny düwüp, gözleriniň ýaşyny gizlejek bolup başyny aşak egdi. Jumamyrada bolan sowuk-sala gatnaşygy ýigrenje öwrüldi. “Namart, kezzap. Ýene, “balyga gideli” diýenem bolýar. Seň bilen balyga giderinmi!” Onda Jumamyratdan “ar alamk” hyjuwy döredi: “Entäk öýe bir baraýyn, welosipediniň tigirleriini deşip çykaryn, balyga gatnamaz ýaly borsuň...” Onuň gulagyna akkordeonyň sesi ýüregedüşgünç “zok-zoga” öwrüldi, klarnetiň owazy—köne gapynyň ýaglanmadyk petlesiniň jygyldysy ýaly bütin bedenini syhlaýan ýaly duýuldy, deprekçi depregini kakman, diňe Ýalkabyň depesini taýaklaýana döndi. Toýa gelen adamlaryň eşikleri garalyp, ýüzleri bolsa küljümek reňke boýalan ýaly... Ýalkap başynyň aýlanýanyny duýdy, “Ýykylmaýadym-da, çaşsam masgara bolarayn” diýip içini hümledip, bir ädim ädip, ýagdaýyny barlap gördi. “Hä-ä-ä. Çaşmandyryn” diýip, rahatlanyp howlyň bir künjeginde duran dostlaryna tarap ýöneldi. Ýigit bilen gelin öýden çykdylar. Dürligözel eje ýaş çatynjalaryň ýanyna baryp, Oguljemalyň ak öýmesini serpip, onuň her ýaňagyndan ogşap: —Aglap gitseňem, geleňde gülüp gel, ballym!—diýip, öýmäni goýberip, bir gapdala sowulyp ýaşlara ýol berdi: —Bagtly boluň balalarym! Baryň, Alla ýaryňyz bolsun! Ýalkap dostlary bilen myhmanlara çekilen tabaklary ýygnaşdyryp, aşhana golaýlanda, Güljemalyň arkasyny aşhanaň diwaryna söýäp aglap otyranyna nazary düşüp, aljyrady. Gyzlaryň içinde iň dogumlysy, alçagy, şadyýany –Güljemalyň aglaýşyny ilkinji gezek görýän, Ýalkap haýran galdy. Entek Güljemalyň aglan pursadyna duşmasa näme! —Güljemal näme üçin aglaýaň? Güljemal jogaba derek, tasanjyrap ýerinden galdy-da, ýüzüni elleri bilen ýapyp, ylgap içerik girip gitdi. Onuň agalaýan sesi daşardanam eşidilýärdi. “Ogulnabat eje aglaýar, Güljemal aglaýar, Oguljemalyň özi hem aglaýar. Bir betbagtçylyk bolan ýaly-la, bolmanda-da, bu barada çagalaryň ýanynda gürrüň edesleri ýok-ka. Ýa, Oguljemalyň raýyna garşy gidip, durmuşa çykarýan bolaýmasynlar?” Ýalkabyň kalbynda Jumamyratdan ar almak pygyly ýene öç aldy. Özüniň Jumamyratdan ejizligine kemsinip, berk ýumulgy ýumruklary bilen gözleriniň ýaşyny süpürip daşaryk ylgady. Gelinli maşyn ugrajak-ugrajak bolup dur ekeni. Halyl agaň goňşysy, Orazdurdy ýerden kesejik alyp,ýaňy ugran maşyna zyňan boldy, zyňylan kesek ýarpy ýola-da ýetmedi. Ir döwürlerde gelnalyjynyň keseklenýänini Ýalkap enesiniň gürrüňlerinden bilýärdi. Ol haýdap, ýabyň raýyşyndan aýasyny dolduryp duran kesegi gysymlap, maşynyň yzyndan ylgajak bolanda, Orazdurdy onuň egninden basyp: —Taşla kesegiňi! Eşitmedim diýme!—diýip, süýem barmagy bieln haýbat atdy. —Orazdurdy aga, özüňizem-ä zyňdyňyz... —diýip, Ýalkap dyňzap gelen gaharyny saklap bilmän, dyzyna çöküp aglady. Kesegini eliniň tersi bilen bir gapdala zyňyp goýberdi. —Men zyňamaok, ýöne okladym, yrym üçin okladym. A sen bolsa gazap bilen topuldyň. Sen näme, Oguljemalyň toýuna begeneňokmy? Onuň bagtly durmuşda ýaşamagyna garşymy? Ýalkapdan ses çykanok. Ahyry birneme köşeşip, çommalyp oturan ýerinden dikelip: —Aý, bolýar-laý—diýip, gitjek bolanda, Orazdurdy aga ýylgyryp: —Hany köşek, azajyk eglen! Gel, ýaşlara bagtly durmuş diläli! —diýip, elleriniň aýalaryny ýokary galdyryp doga okady: —Saglyk bolup, toýluk bolgaý! Elhem söýget bolup, pirler ýoldaş bolgaý! Toprak diýip garbanyňyz altyn bolsun! Halal gazanan rysgalyňyz özüňize nesip etgeý! Biribaryň saýasynda köňlüňizde beslän maksat-myradyňyza ýetiň! Toýuňyz mübärek bolsun! Toýuňyz toýlara ulaşsyn! —diýip, ellerini ýüzüne sylan-da, Ýalkap hem aýalaryny ýüzüne syldy. Toýdan bir hepde geçensoň çagyryjy geldi. Oňa çenli Ýalkabyň öýkesi ýazyldy, ar almak niýeti hem küteldi, ýöne şonda-da ýüreginiň töründe emele gelen boşlugy näme bilen doldurjagyny bilenokdy. Güljemal Ýalkaby şunça Orazjemalyň ýanyna äkitjek bolup dyrjaşdy—ýalbaryp gördi, aldap gördi, paşa barmady... Orazjemalyň özi çagyran bolsa “ýok” diýip bilmezdi... Oguljemalyň her bir ýumuşy onuň üçin permandy, onuň her bir sözi onuň üçin nakyldy... Aýlar geçip, ýyllar ötse-de, heňňam üýtgese-de, Ýalkap bütin ömrüni dünýäde iň görmegeý, iň mähirli, iň mylakatly, iň näzijek ýegeniniň—Oguljemalyň we onuň ömürlik ýanýoldaşy Jumamyradyň wepaly jigisi, ýürekdeş syrdaşy, her bir işde olaryň maşgalasynyň ýardamçysy boldy. Kakajan BALKANOW. | |
|
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |