11:28 Muña durmuş diýerler: Kethuda | |
MUÑA DURMUŞ DIÝERLER
Hekaýalar
1. KETHUDA Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynyňam gadymyýetden gözbaş alyp, gündelik durmuşyna berk ornaşan milli däp-dessurlary, ahlak kadalary we özüňi alyp barmagyň hemmeler tarapyndan kabul edilen düzgün-tertibi bar.Türkmen maşgalasynda şol mukaddes däp-dessurlaryň, kadalaryň we düzgün- tertibiň berjaý edilişini gazanmakda esasy jogapkärçilik öýüň maşgalabaşysynyň üstüne düşüpdir. Diňe maşgalanyň çäginde däl, tutuş nebere, syrgyn oba, il möçberinde-de tejribeli ýaşulular kethudalyk edipdirlaer. Märekede oturup-turmagyň edep-kadalaryndan başlap, ýap gazmak, jaý gurmak, ýeri, suwy paýlaşmak, ekiş orak, gyrkym, ýazlyga, gyşlyga göçmek ýaly hojalyk, durmuş işlerine çenli ähli möhüm çäreler ýaşulularyň idini we maslahaty bilen geçirilipdir. Gudaçylyk, toý-baýram ýas-pata ýaly däp-dessurlary hem hak-hukuk dawa-jenjel, ar-namys babatdaky çetin meseleleri hem ýaşulular kadalaşdyrypdyrlar. Uruş- jeňde, ili goramaly bolanda-da harby serdarlary saýlaýanlar we olara geňeş berýänler hem ýene-de kethuda gojalar bolupdyrlar. Hawa, gadymdan bäri türkmen halkymyzda hormat-sarpanyň eýesi bolup gelen pähim-parasatly ýaşulular mydama ynsanlaryň ar-namysyny goramak, olaryň mertebesini belende götermek ugrunda alada edipdirler. Olar jemgyýetiň jebisligine, il-günüň mertebesine şek ýetirýan, özgeleriň hukugyny äsgermeýän ýa-da öz maşgalasyna yzgytsyz daraýan ýaramaz gylykly adamlary düzgün-tertibe çagyrmagyň kämil ussullaryny döredipdirler. Şeýdibem, asyrlaryň dowamynda adamkärçilik, ahlak ,edep, görüm-görelde mekdebi bolup, nesiller üçin nusga alarlyk sagdyn terbiýä, ýörelgelerini emele getiripdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem jemgyýetimiziň jebisleşmeginde, milli däp-dessurlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerimiziň gorap saklanmagynda, edep-ahlak kadalarymyzyň berjaý edilmeginde dana ýaşulularyň uly hyzmatlarynyň bardygyny Arkadag Prezidentimiz hemişe nygtaýar. Obamyzyň gep-sözi diňlenýän şeýle geňeşdar ýaşulusy Berdigylyç aga ilerimizdäki hatar bolup oturan jaýlaryň birinde ýaşaýar. Toý ýas ýerlerine ol hemmeden öň baryp ketdhudalyk edýär. Durmşda her dürli, müşgül, ýada irnik meseleler ýüze çykanda oba adamlary ondan maslahat soraýarlar. Ol ata- babalarymyzyň tymsallaryny, pentlerini gowy bilýär, goşgy ýazmagy-da başarýar, ýeri gelende degişmegide halaýar. Kethuda hökmünde Berdigylyç aganyň hem märekde il-ulusyň mertebesine laýyk edeip kadalarynyň berjaý edilmegi dogrusynda ber ýörelgsi bar. Merhumyň maşgalasyna gynanç bildirmek üçin pata baranymyzda, bendäniň belli günüdi. Çadyryň töründe ykjam ýerleşen garaýagyz, çişik pyýadadan başga hiç kimden ses-seda çykanokdy. Ol sesini barha gataldyp, bir wakany töweregindäkilere gürrüň berýärdi. Onuň öň salyhatlyrak ýigit bolup, häzir ilde aýdylşy ýaly, iki teňňäniň artykmaç düşýändigi üçin halys gözüniň ýer görmeýändigini ýanymdaky adam aýtdy. Iş güni bolansaň wagtymyz çäklidi. Gele –gelmäne pata ýerinden rugsat sorap gaýtmagyň hem ebeteýini tapmadyk. Merhumy ýagşylykda ýatlap biraz oturýançak, sadaka wagty hem boldy. El ýuwlup, saçaga nahar gelende hem ýaňky “Danyşment” märekäniň halys degnasyna degdi. Aldygyna symyşlap oturşuna bolgusyz gürrüňleriniň arasyny üzmän, agzyny dek saklanokdy. Pata gelenleriň gözüniň gyýtagy bilen igençli garamagy onuň piňine hem däldi. Toýa gelen ýaly garnyny gowy göjänsoň, şa käsedäki agarany bir özi başyna çekdi-de, ilki agzyny soň ellerini saçadyň çetine süpürdi. Doýansoň hasam güýjüne gelen kimin öňküdenem ekezlenip ýanyndakylary hasabam etmeýän ýaly çadyryň beýleki çetinde oturan tanşyna gygyryp habar gatdy. Onuň ýany bilen gelen ýigidiň sabyr käsesi püre-pür bolansoň: “Ýuwaş bolsan-aý! Näme samsyklap otyrsyň?” diýip, haýkyrmagyna dýýärsiňem diýmedi. Oňa elini silkip goýberdi-de, bedreli çal alyp barýan ýetginjege boşan şa käsesini somlap: - Inim, bärik çal dabawit etsene! Bu-ýa gowy ýerleşmändir, üstünden ökderäk çal eňserip, tirmewaýt edeli-le!- diýip, ýasy garnyna eliniň aýasy bilen kakdy. Toý mejlisinde oturan bolsak, onuň beýle hereketlerini, belki, geň görmezdik. Gaýtam, şahandaz ýigidiň wäşiligine gop berip, bizem degişip gülüşerdik. Emma ýasyň aşyndan garnyňy ine-gana doýuranyňy märekä mazamlap oturmak eýýäm ilden çykgynçlykdy. Bolgusyz bilen agyz deňemejek bolup, çydap oturan adamlaryň ençemesi ony tertibe çagyrmaga häzirlenýän ýaly, gaty gaty arzynjyradylar. Sebäbi mundan artyk dymylsa, “Il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýilýäni boljakdy. Ýas eýeleriniňem sadakadaky bu ýoknasyz gülkülerdir ýaňramalar hakda näme pikir etjegi belli däldi. Çylkasyz ýigit ýene-de gülen bolup, batly gürläp ugranda otaga gowga turjak ýaly dartgynly dymyşlyk aralaşdy. Onýança-da goňşy otagda ýaşulular bilen oturan Berdigylyç aga bir zady aňan ýaly gapydan kellesini uzatdyda!! -Bu galmagal näme? Hä, Şirlihan senmiň!-diýip, gara pyýada ýüzlendi. Ýok, Berdigylyç aga oňa gygyrmadam, käýemedem. Hemme kişiniň durmuşyna ilik- düwme belet ýaşuly ýylgyryp, Şirliniň degnasyna degäýjek bir ýaňsyrly sowaly berdi. Ýarasyna duz basylan ýaly boz ýaly bolan Şirli ýaşula herrelip, jogap gaýtarmakçy bolanda, Berdigylyç aga ajymtyk ýylgyryp, onyň aýyply ýerini ýenede teýenirläp ýüzüne basdy. Adamlaryň ýaňsyly ýylgyryşlary, käbirleriniň pyňkyrmasy Şirliniň egnine dag bolup basyldy. Ol: “Haý, ýaşuly bolýarsyňda...” diýen bolup, burny deşilen ýaly müzzerlilip oturyberdi. Beýle diýsem, Berdigylyç aga dili mydama şerebeli, ýaňsyly gepinden gorkup ýörmeli adamlardan däl. Tersine, onuň näzik, duýgur ýüregi, adamy aňsat aňsat ynjytmaýar, gaýtam özüne imrindirýän sadadan mylaýym sözleri bar. Ýöne Şirini welin şeýdip yzy yzyna erbet “tüpeňlap” goýbereni çyn. Oňa geregi hem şoldy-da başgaça mümkinem däldi. Men ýüzüne kül urlan ýaly, lal-jym bolup oturan Şirlä seredip: “Beýdip oturan bolsaň, diýmek, aslyýetinde onda aklam, ar -namysam ýok däl bolarly. Ýöne munuňky öňem biriniň tötänlikde ýere gömülen hazynanyň üstünde oturyp, şonuň beleňine üýtgeýşi ýaly bolarly” diýip pikir etdim. Şol sapak arkaly Şirliniň paýhaslanyp gidiberendigini aýdyp biljek däl, ýöne ol bu golaýda märekä baranda beýdip hetdini bilmän, gugramaz ýaly-ha boldy. | |
|
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |