22:45 Kömelek / hekaýa | |
KÖMELEK
Çagalar edebiýaty
Ýaz ýagşy diňdi. Ejesi ogly Zeti çagyrdy-da: — Oglum, obadan bir oglanjyk uly torbany dolduryp kömelek ýygypdyr. Bar, gidip gözläp gör, belki, senem taparsyň — diýdi. Oglanjygyň gözleri hyjuwdan ýanyp gitdi. Dogry, oglanjyk heniz kömelek iýip görmänsoň, onuň tagamynyň nähilidiginem bilenokdy. Ýöne onuň süýji tagamynyň bardygy hakynda eşidipdi. Zet tiz geýnip, goňşy köçede ýaşaýan Hany çagyrmak üçin ýelk ýasady. Han uzak pikirlenmän razylaşdy, sebäbi bu süýji hem tagamly agşam naharyny aňladýardy. Hanyň ejesi ýokdy, ol heniz kiçijikkä ýogalypdy. Şonuň üçin Han öz iýjek iýmiti hakynda öňünden alada etmelidi. Uly hasap bilen alanyňda, obanyň tokaýdaky ýaly kömelekli meýdany ýok diýen ýalydy. Emma gür ekilen agaçlar we birnäçe gün dynman ýagan ýagyş öz netijesini beripdi. Dogrudanam, agaçlaryň gök öwsüp oturan ýapraklary sanlyja günüň içinde tutuş obany örtdi. Oglanlar elektrik bekediniň daş-töweregini gözlediler, emma kömelek tapmadylar, hatda onuň ysam ýokdy. Ýöne üstüňden gülýän ýaly, ýylan kömelekler welin, hemme ýerde duş gelýärdi. Otuň çygyna palçyk ýelmeşip, olaryň köwüşleri has agraldy. Aýagyňy götermek üçin, indi biraz emgenmelidi. Zetiň göwnüne bolmasa, onuň köwşüne dünýäniň ähli palçygy ýelmeşen ýalydy, şonuň üçin ol tiz-tizden köwşüni arassalamaly bolýardy. Zet plastilinden esgerjikleri ýasap, Han bi- len oýnamagy halaýardy. Şonuň üçin ol çaga oýunlaryny ýadyňa salýan palçygyň häsiýetlerini daş gulakdan däl-de, gaty gowy bilýärdi. Ýagyşdan soň sary laý edil plastilin ýaly ýelmeşip duransoň, küýzegärler küýzedir dürli aşhana gap-gaçlaryny şunuň ýaly goýy palçykdan edendirler, heýkeltaraşlar bolsa heýkel ýasandyrlar. Oglanlar çeşmejigiň gapdalyndan uzap gidýän ýodajykdan gidip baryşlaryna hemme ýeri barlasalar-da, umyt eden ýerlerinden kömelek tapmadylar. Her ädimden soň oglanlaryň çaga ynanjy gaýyp gidýän tüssejik ýaly ýitip barýardy. Golaýdan paltanyň sesi eşidildi, kimdir biri agaç çapýardy. Olar ses gelýän ýere baranlarynda, Mosýa-Radigi gördüler. Radigiň adyna goşulan Mosýa sözi onuň kakasynyň adydy. Zet Radigiň kakasynyň ir bilen egni kätmenli şähdaçyk gadam urup, köçeden geçip barýanyny, agşamara bolsa tukat halda egni kätmensiz işden öýüne gaýdyp gelýänini köp görüpdi. Oglanlar agaç çapýany synlamak üçin birsalym durdular. Ol paltany ussatlyk bilen işledýärdi. Mosýa-Radik oglanlaryň tersine, çyplak geýnipdi. Gaçman galan ýekeje iligi ters ildirilen ýukajyk köýnek onuň egninden halta asylan ýaly bolup durdy. Köýnegi şemala edil ýelken ýaly galgap, Mosýa-Radigiň daýaw eginlerini ýalaňaçlaýardy. Ol göwnejaý geýinmändir. Mosýa-Radik muny asla duýanokdy, gaýtam, ol hemme zatlar hut şeýle bolmaly hasap edýärdi. Ol mundan gowy nähili bolmalydygyny hatda göz öňüne getirip hem bilmeýärdi. Şol zamanlar obada özüniň abadan hem bol-telki durmuşyna buýsanyp biljek adamlaram azdy. Umuman aýdanyňda, Mosýa-Radigiň maşgalasy günemasyny zordan aýlaýardy. Garyplyk we şowsuzlyk onuň maşgalasynyň üstünden agalyk edýärdi. Ol hiç wagt okamandy, ýöne hiç kimden öýke-kinesi ýokdy. Zet näme üçin durmuşda käbiri bolelin ýaşap, beýlekiler bolsa zordan güzeran aýlaýar diýen sowalyň jogabyny gözleýärdi, ýöne bu sowalyň jogabyny hiç tapyp bilenokdy. Agaç çapyjy eger bu ýerde kömelek bolanam bolsa, özüniň günde birnäçe sapar geçip gidýändigi üçin, olary özüniň tapyp aljakdygyny aýtdy. «Şonuň üçin siz bu ýerlerden hiç zat tapmarsyňyz» diýip, agaç çapyjy gürrüňini tamamlady. Oglanlar hasam ruhdan düşdüler. Olar indi öz gulaklaryny görüp bilmeýişleri ýaly, bu gün kömelegem görmezler. Oglanlar hiç zada garaşman, umytdan düşüp, gamgyn hem naýynjar halda yza dolandylar. Zet bilen Han obanyň ortasyna çenli ýol ugruna duş gelýän ähli töňňedir agaçlaryň düýbüni barlap gelýärdi. Obanyň ortasynda uly bolmadyk seýilgäh bardy. Çagalar bu ýerde gündizine oýnamagy halardylar, giçlik bolsa ýaşlar oturmagy gowy görýärdi. Ol döwürde bu seýilgähiň içinde çagalar bagy ýerleşýärdi. Şonuň üçin Zet bu ýere gelende, çagalar bagyndaky aladasyz günleri onuň göz öňünde janlandy. Han ýoldaşyndan ep-esli öňe gitdi. Ol Zetden öňürti bir zat taparyn diýen umytdady, ýöne bu islegi netije bermedi. Hanyň bar umydyny ýitirendigi görnüp durdy, ol kömelek gözlemegiň deregine, endik boýunça gözüni ýere dikip barýardy. Hanyň çaltrak öýe ýetmek islegi ony eýerläp münüpdi. Zetiň bolsa dostunyň yzyndan ýöräp barşyna, özüniň şowsuzlygyna hiç ynanasy gelenokdy. Şonuň üçin ol gyrymsy agaçlaryň jeňňelliginden taparyn diýen umytda bolmasa-da, üns bilen kömelek gözläp barýardy. Ine, Zetiň gözi dalbara düşüp, ol ýüzüniň ugruna atgulagyň çogdam ýapragyny taýak bilen gyra süýşürdi, birden onuň gözüniň öňünde ak kömelegiň ullakan telpegi göründi. Han bu ýeri barlap geçdi ahyryn — diýip, Zet geň galdy. Kömelek şeýle uludy. Zet gözlerine ynanmady, sebäbi onuň özem edeniniň ugruna bolmaýandygyny boýun alyp başlapdy. Zet doňup galdy, soňra bolsa birden şatlyk bilen: — Men tapdym, Han, men kömelek tapdym! — diýip gygyrdy. Bu sese köçäniň garşysyndaky öýden biri çykyp, Zete geň galyp seretdi. Han dessine ýoldaşynyň ýanyna gelip, höwes bilen kömelege nazaryny dikdi. Soňra özüne gelen ýaly bolup, töweregindäki ähli töňňeleriň we çemenlikleriň içinden kömelek gözläp başlady, emma gynansagam, ol ýerde hiç zat ýokdy. Zetiň çaga kalbynda bu günki gün hemişelik galar. Ol diňe bir öýe birinji gezek uly adam ýaly bolup iýmit getirenligi, ýa birinji gezek kömelek iýip görenligi üçin däl-de, Zetiň özüne şowlulyk getirýän bagt guşuny tutup bilendigi üçin ýadynda galar... Li DEN, koreý ýazyjysy. Koreý dilinden terjime eden: Maral ÝAGŞYMYRADOWA, D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |