21:27 Köne we täze Nusaý | |
KÖNE WE TÄZE NUSAÝ
Taryhy ýerler
Ata Watanymyz Türkmenistan taryhy ýadygärliklere baý mekandyr. Geçmişden söhbet açýan şol ýadygärlikleri, gadymy galalary göreniňde, Watanymyzyň geçmişi baradaky taryhy ýazgylaryna nazar aýlanyňda, pederlerimiziň döwlet gurmakda-da, ony dolandyrmakda-da, ylymda-da, bilimde-de, garaz durmuşyň her pudagynda özleriniň gaýratlylygy, parasatlylygy bilen tanalan halkdygyna guwanýarsyň. Köpetdagy etekläp oturan Köne we Täze Nusaý galalary hem geçmişde ady äleme dolan Parfiýa döwletiniň paýtagty bolup, taryhda altyn harplar bilen yz galdyrypdyr. Köpetdagyň eteginde ýerleşen gadymy ýadygärlik iki şäherden – Köne we Täze Nusaýdan ybarat. Olar Aşgabatdan 15 km uzakda ýerleşýär. Nusaý Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagtydyr. Ol berk gurlan gala diwarlary bilen gurşalypdyr. Bu gadymy mirashana parfiýalylara degişli esasy arheologik ýadygärlikleriň biri bolup, onda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň Parfiýa döwletiniň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti örän uludyr. Ol ýerden taryhy ähmiýetli gymmatly tapyndylar ýüze çykaryldy. Ýadygärlik 15 ga meýdana ýaýylyp gidýän tebigy baýryň üstünde, bäşburçlyk görnüşde gurlupdyr. Galanyň içinde patyşa maşgalasynyň ýaşamagy üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Gazuw-agtaryş işleri Köne Nusaýyň diňe berkidilen şa diwary bolman, eýsem Ärsaklar nesilşalygynyň däp-dessur dabaralaryny geçirýän uly toplumy we merkezi bolandygyny görkezdi. Galanyň 43 sany küňresi bolupdyr. Merkezi ymaratda hemişe ot alawlapdyr. Arheologlar galanyň günortasynda, esasan, b.e. öňki II-I asyrlarda gurlan köşk ybadathana toplumynyň, hojalyk jaýlarynyň ýerleşendigini gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykardylar. Gala Mitridat şa tarapyndan gurdurylypdyr. Şol sebäpli oňa Mitridat I ady dakylyp, Mitridatkert hem diýlipdir. Galanyň ortasynda Parfiýa patyşalarynyň diwan jaýy bar. Ol inedördül görnüşinde bolup, 20x20 m. ölçegindäki meýdany tutýar. Toplumyň çeperçilik bezegi nepis türkmen el halysynyň nagyşlaryny ýatladýar. Inedördül zalda dürli dabaralardyr mejlisler geçirilipdir, myhman kabul edilipdir. Diwarda patyşalaryň äpet heýkelleri ýerleşdirilipdir. Ak we çal mermerden ýasalan gyz heýkeli has-da ajaýyp. Alymlar ol heýkeli Mitridat patyşanyň gyzy Rodogunanyňkydyr diýip çaklaýarlar. Hudaýlaryň heýkelleri bilen bezelen tegelek zal dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin niýetlenilipdir. Ýadygärligiň demirgazygynda taraplary 60 metre golaý inedördül görnüşinde salnan jaý ýerleşýär. Onuň içindäki howlynyň töwereginde 12 sany otagyň bolandygy anyklanyldy. Bu jaýda Parfiýa patyşalarynyň ybadat dessurlary bilen baglanyşykly ýörite hazynalar ýerleşip, otaglarynyň girelgeleri möhürlenip ýapylypdyr. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda bu otaglardan galkanlaryň, demir donlaryň, altyn parça metallaryň galyndylary, peýkamlar, käbir ýeri şirmaýydan bejerilen tagtyň bölekleri, çüýşe bulgurlar, külälçylyk gaplary we beýleki birnäçe zatlar tapyldy. Olaryň arasyndan şah görnüşinde şirmaýydan ýonulyp bejerilen ritonlar has gymmatlysydyr. Ritonlaryň inçe tarapy dürli hyýaly şekiller ganatly adam-öküziň, ganatly adam-atyň, ganatly şiriň keşbi bilen bezelipdir. Pil süňkünden ýasalan ritonlar däp-dessurlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenilipdir. Gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagtynda galadan b.e. öňki II-I asyrlara degişli resminamalaryň täsin hazynasy tapyldy. Ol resminamalar uly humuň ýüzüne arameý elipbiýiniň bir usulynda parfiýa dilinde ýazylypdyr. Resminamalaryň köpüsinde mülklerden tabşyrylmaly salgydyň möçberi barada gürrüň edilýär. Umuman aýdylanda, Köne Nusaý Parfiýa patyşalarynyň dynç alýan we olaryň hazynalarynyň saklanylýan ýeri-şahanasy bolupdyr. Täze Nusaý galasynda Parfiýa döwleti döremezden öň hem ýaşaýşyň bolandygyny, Köne Nusaýyň bolsa döwletiň döremegi bilen baglanyşykly gurulandygyny ol ýerlerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri doly subut etdi. Köne Nusaýda, esasan, Parfiýa döwleti döwründe ýaşaýyş bolan bolsa, Täze Nusaýda tä XVIII asyra çenli ýaşaýyş dowam edipdir. Şoňa görä-de ol «Täze Nusaý» adyny alypdyr. Täze Nusaý giň, owadan, bol suwly, gün görünmez baglyk ýer bolupdyr. Nusaýda müňýyllyklaryň dowamynda möhüm taryhy wakalar, şanly dabaralar geçipdir. Döwürleriň geçmegi bilen olar halk hakydasyna rowaýat bolup siňipdir. Şeýle rowaýatlaryň içinde Aleksandr Makedonlynyň gadymy Nusaýa gelşi baradaky gürrüňler has täsindir. Dünýäni sarsdyryp gelýän Isgender Zülkarneýn Nusaýa golaýlaşanda, ýerli ilat onuň bilen darkaş gurmalymy ýa-da hezzetläp garşy almaly diýen meseläni maslahat edipdir. Her kim bir zat diýenmiş. Olaryň içinde köpi gören bir goja: «Adamlar! Nusaýy halas etmegi maňa ynanyň» diýip, orta çykypdyr. Nusaýlylar paýhasly gojanyň maslahatyna eýerip, Isgenderiň gelmeginiň bir gün öňünden şäherden göçüp, çöle siňipdirler. Isgender Nusaýa golaýlaşanda, çaparlar bu ahwal barada jahanyň şasyna habar beripdirler. Täsin habar Isgenderi biynjalyk edipdir. Ol garry bilen duşuşmaga özi gaýdypdyr, geläge-de garrynyň öňünde Güne böwet bolup duruberipdir. Ol gojanyň şäherde ýönelige ýeke özüniň galan däldigini aňyp: – Eý garry, men ýüzlerçe ýurdy aldym. Men-men diýen patyşalar maňa boýun boldy, paç töledi. Ýöne ömrümde agyr leşgeriň öňünden seniň ýaly ýeke garryny çykaran halka duş gelmedim. Mertlik menden galsyn, aýt dilegiňi – diýipdir. Garry goja: – Eý jahan patyşasy, meniň artykmaç dilegim ýok. Men häzir Güne çoýunyp otyryn. Bir dilegim Günüň öňünden aýrylsaň bolýar – diýipdir. Garrydan bu sözi eşiden Isgender halypasy Aristotele ýüzlenip: – Eý halypam! Men jahanda senden soň ikinji dana kişä duşdum. Gör, türkmen gojasy, ol ýeke söz bilen ýurduny, halkyny, ar-namysyny halas etdi. Parasatly gojalaryň öwüt-ündewi diňlenilip, olara hormat goýulýan ýurduň binýady berkden tutulandyr. Beýle döwleti basyp almak her kime başartmaz. Onuň bu hereketi maňa: – «Eý Isgender! Sen dünýäni alyp, Güne perde bolup bilmersiň» diýmegi aňladyp, maňa sapak boldy. Şol garrynyň parasatly sözi üçin hem Nusaýdan sowlup geçmegi buýurýaryn – diýip, Isgender goşunyň ýüzüni başga ugra öwrüpdir. Hawa, geçmişi şan-şöhrata beslenen türkmen halkymyzyň örän gadymy hem-de baý taryhy bar. Asyrlaryň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan taryhymyzy bu günki gün giňden öwrenmek, ata-babalarymyzyň pähim-parasada, mertlige, gaýduwsyzlyga watanperwerlige ýugrulan ýollaryny nusga edinmek her birimiziň esasy borjumyz bolup durýar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |