12:40 Könekätibiñ öýkesi / hekaýa | |
KÖNEKÄTIBIÑ ÖÝKESI
Hekaýalar
Köşgüň mermer basgançaklaryndan howlukmaç düşüp, serçemenli baga ugran ak selleli çepiksije goja salkyn howzuň gyrasyna gelýänçä saklanmady. Onuň çöňňelen göreçlerinden syrygýan gözýaşlary ak gar ýaly sakalyny öl-suw edipdi. Serçemenli bagda, daragtlaryň salkyn saýasy hem goja kişini gysyp-gowrup barýardy. Gyrasynda oturan mermer howzunyň gök asman ýaly suwlary topragyň aşagynda galyp zeňlän mis teňňeler mysaly gögeripdi. *** Mälik soltanyň mermer saraýynda geçirýän her mejlisiniň başynda ülkeleriň häkimlerinden, galalaryň emirlerinden gelip gowuşýan salamnamalar okalyp geçilýärdi. Elbetde, ol dogaýy salamnama hatlary soltan “Könekätip” lakamly goja mürzesi Mahmyt hoja okaýar. Altyn-zer bilen zynatlanan, kaşaň saraýyň içi wezir-wekillerden dos-doly, olaryň iki bükülip, uzyn hatara düzülip duruşlary, selleleriniň hem birmeňzeşligi saraýy gelşige getirýän ýalydy, wezir-wekillerden bir gez belentde gurlan tagtda oturan soltan gije şöwür çekene çemli, gabaklary ýellenipdir. Döwletiň agyr ýüki gerdende ahyr. Wezir-wekiller, geňeşdarlar ähli adyl soltana wepadarlyk bilen hyzmat etmegiň taýsyz nusgasyny görkezip dymyp durdular. Olaryň arasynda hökümdaryň baş weziri Abul Kasym ibn as-Sugty hem bar. Arap dilini suwara bilýänler wezir hezretleriniň ismi şerifleriniň sukut saklamak “dymmak” diýen arap sözünden gelip çykandygyny tekrarlaýarlar. Ine-de, Mälik soltanyň saraýynda mejlis başlandy. Saraýyň ak mermer sütünleriniň arasyndan çykyp gelen goja mürze ilki ülke häkimleriniň salamnamalaryny okamaga girişdi, onuň gyryljyk sesi saraýyň asman reňk syrçaly gümmezine tarap ugur alyp yzyna dolanýardy... -“Rahman we Rahym bolan beýik Allanyň ady bilen pakyr-pukaralaryň howandary, Ýaradanyň ýerdäki kölegesi bolan merhemetli hökümdarymyz Mälik soltana Habuşanyň häkiminden we bagtyýar raýatlaryndan kö-öp dogaýy salam bolsun. Sahawat bagynyň sahyby, jomartlyk jöwheriniň eýesi, kö-öp pähim-paýhasly parasatly hökümdarymyz...” Zer bilen haşamlanan tagtyrowanda özüni mertebeli tutup oturan soltan soňky döwür mürzesiniň hat-resminamalary okanda, namalarda köp gaýtalanýan “köp” sözüni süýndürip, sozup “kö-öp” diýip okaýşyna gaharlanýardy. Muny ilki hökümdaryň özi hem duýmady, elbetde, wezir-wekiller hökümdarynyň gaşlarynyň çytyşyndan bar zady aňşyryp durdular, Baş wezir Kasym bin Sugty hem mürzäniň salamnamalary okanda gabat gelýän “köp” sözüni ýoýup okan pursady hökümdaryň gaşlarynyň birleşýändigini gözastyndan synlap ýetişdi. Mahmyt hoja bolsa hiç zatdan habarsyz hat-petekleri, namalary endik edişi ýaly okamagyny dowam etdirýärdi. Saraýyň çola bir burçunda iki geňeşdar özara pyşyrdaşýar. -Könekätip her gezek kö-öp diýip sozup okanda, hökümdaryň sabyr sapagy süzülere gelýär. -Bu ne ýaman sözdi byradar?! Mahmyt hojam hökümdaryň gazabyna duçar bolaýmasa diýip gorkýaryn. -Hany, baş wezir bu ýagdaýdan bir ýagşy çykalga tapmazmykan? -Baş wezir Kasym bin Sugty Mahmyt hojany hormatlaýar ahyr. -Elbetde, elbetde ol Könekätibi atasyny sylan dek sylaýar, ýene oňa hormatly hojam diýip hem ýüzlenýär. Bularyň “hyşy-wyşylaryny” gyryljyk sesi bilen basyp Könekätip hökümdaryň öňünde gelen salamnamalary birsydyrgyn okap durdy, -...kö-öp bereket getiren bu ýylda kö-öp hasyl ýygnap merhemetli hökümdarymyzyň hazynasyna kö-öp haýyr etdik. -...kö-öp ýurtlardan gelen kerwenlerden kö-öp haryt, mal bazarlara düşýär. -...kö-öp kämil paýhasly hökümdarymyz siziň saýaňyzda... Soltan tagtyň üstünde edil kirpi mysaly düýrügip otyrdy. Onuň ýüpek ýaly gara sakalyny penjeläp oturşyny gören emeldarlar ýakasyny tutmaga häzirlenip durdular. Uzyn boýly, syrdam synaly görmegeý baş wezir Kasym bil Sugty hem häzirki ýagdaýa oňat göz ýetiripdi. Bu wagt gol gowşuryp durmak Mahmyt hojany jelladyň eline bermekden başga zat däldi. Häzir adatça aýdylyşy ýaly “Gamyş kimin galdyrap, simap kimin sandyrap durmakdan” peýda ýok. Ýöne näme etmeli? Goja mürze hatlary okap azaldypdy. -...kö-öp şat bolan raýatlar merhemetli hökümdarymyza kö-öp alkyş ...üh-he-üh-he... Könekätip sözüni soňlap bilmän, gurak üsgülewüge boguldy. Baş wezir “Şundan oňaýly pursat gabat gelmez” diýip, bir ädim öňe süýşüp soltana baş egdi: -Merhemetli hökümdarym...-Ol soltanyň alarylyp garaýan gözlerine serdip bilmän mürzäniň elindäki kagyzlary çekip aldy. -Hormatly mürzämiz garrylyk sebäpli birazyrak syrkawlapdy. -Baş wezir şeý diýip dym-dyrslyk bolup duran saraýyň ümsümliginde diňşirgenip durdy. Soňam özüne garaýan hökümdaryň ýüzüne gözastyndan garap sözüni dowam etdi.-Eger ejazaňyz bolsa, hökümet diwanyna gelip gowşan namalaryň galanyny biz okaýaly. Emeldarlar hem geňeşdarlar ähli baş weziriň bir zat oýlap tapandygyna göz ýetirip arkaýynlaşdylar. Mälik soltan bolsa hiç zada düşünmän, aňk-taňk boldy. “Hat-petekleri okamak weziriň wezipesine girenok ahyr?” Sellesiniň gyralaryndan ak saçlary çykyşyp duran “Könekätip” lakamly goja mürzäniň maňlaýyndaky gasynlary köpeldi. Baş wezir elindäki kagyz topbagynyň içinden çem gelenini sogrup alyp okap başlady. -...Abiwerdiň häkiminden kö-öp dogaýy salam kö-öp kämil paýhasyň eýesi merhemetli hökümdarymyza bolsun. Şirmaýydan, senuber talyndan tylla çaýylyp ýasalan tagtda oýa batyp oturan soltan baş weziriniň hat okaýşyny diňledigiçe gülküsi tutup ugradu. Baş wezir Könekätibiň agzyna öýkünip, edil onuň hat okaýyş äheňinde “kö-öp, kö-öp” diýip, ýörgünli sözleri sozýardy welin hut hökümdaryň erni hem sozulyp gulagyna ýetip barýardy. Ähli geňeşdarlar, wezir, wekiller hem öz soltanlarynyň hoşnut bolup başlanyny görüp ýylgyryşyp ugradylar. Baş wezir bolsa Allany çagyryp Könekätibiň okaýşyna öýkünip okamasyny dowam etdirýärdi. -kö-öp günlere çeken gurakçylykdan soň, kö-öp gam-teşwişden soň siziň permanyňyz etrabymyza gelip gowşan güni asmany bulut büräp kö-öp günläp ýagyş ýagdy. Kö-öp ýerleri sil aldy. Soltan ahyr çydap bilmedi, ilki ýüzüni aşak salyp saklanjak boldy. Gülümsiremäniň yzy pyňkyrma bilen utgaşyp gitdi. Ýurduň hökümdary içini tutup ha-ha-haýlap gülmäge başlady. “Haý, bihaýa wezir goja mürzäniň üstünden gülmäge onuň ak saçyndan utanmadyňmy?”. Ellerini çarpyp çasly gülýän hökümdaryň ýokançly gülküsini saraýyň içindäkileriň ählisi alyp göterdi. Diňe hiç zada düşünmän duran Könekätip hemmeleriň ýüzüne naýynjarlyk bilen garap biygtyýar ýylgyrmaga dyrjaşýardy. Birdenem ol saraýdakylaryň nämä gülýändigine düşünip hykga damagy doldy, we daşaryk okduryldy. Şol wagt wezir Kasym bin Sugty bu çykaran hokgasy bilen eziz ussadynyň göwnüni gaty agyrdandygy barada hem oýlanyp ýetişmändi. Saraýadan çykyp ser çemenli bagy-bossanda mermer serhowzuň gyrasynda çöňňelen göreçlerinden gözýaşlaryny seçeläp oturan Könekätip bolsa çasly çykýan gülküler bilen hökümdaryň gazabyndan ujyz gutulandygyna düşünenokdy. *** Köşküň baş nedimi Osman baharly goja mürzä ähli bolup geçen we bolaýmagy ähtimal edilen wakalary sypaýyçylyk bilen jikme-jik gürrüň berdi. Baş weziriň özüni göni gelen ajaldan alyp galandygyna göz ýetiren Mahmyt hoja ýene bozuldy, ýene gözýaşlary sellesiniň eteklerini ezdi. Köp günden bär Kasym bin Sugtydan kineli bolup ýörendigini hem unudyp, Könekätibiň köp ylym beren şägirdini göresiniň gelýändigini aýtdy. Könekätip bilen köşk bagynyň salkyn saýaly serçemenliginde gezim edip ýören baş nedim wezir hezretleriniň soltandan iki-üç günlük rugsat alyp, Abuwerde, dogduk obasy Sugta gidendigini aýdanda, goja mürze: “Iki didämi ýolda goýup şägirdimiň gelerine garaşaryn” diýdi. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |