6. Iman eseri
Iman – ynanç.
Emma bu many entek diňe sözüň terjimesinden emele gelýän asyl manydyr. Magtymgulynyň ruhy taglymatynda bu düşünje diňe asyl manysy bolan ýönekeý söz däl-de, eýsem düýpli ahlak pelsepewi düşünje hökmünde ulanylýar.
Ruhy-pelsepewi düşünje hökmünde iman baky ýaşaýyş hukugyny aňladýar. Imanlylyk adam kämilliginiň iň beýik derejesidir. Göwnüň imanly bolmagy – munuň özi ähli kemçiliklerden saplanyp, çyn ruhy ýaşaýşa baran şahsyýetiň sypatydyr. Imanyň içinde ynsap hem, ynanç hem, ygtykat hem – ruhy-ahlak kämillik üçin zerur bolan gymmatlyklaryň hemmesi-de bardyr. Iman diýmek bitewülik diýmekdir – akyl bile ynanjyň, erk bile tabynlygyň, iş bile sözüň, daş bile içiň, dünýä bile ahyretiň bitewüligi diýmekdir.
Magtymguly okyp Kuran,
Hudaýdan dilegil iman.
Bu setirlere ýöntem düşünseň, iman öýden çykman, kitap okap alynýan ruhy hukuk ýaly bolup görünýär. Emma Magtymgulynyň ruhy-ahlak dilinde «okamak» düşünjesiniň içinde eýýäm okanyňy durmuşa ornaşdyrmak, iş ýüzünde berjaý etmek diýen manylar ýatýar. Diňe durmuşyň jümmüşinde gaýnap, haýyr-şeri, ýagşy-ýamany öz ýüreginiň içinden geçiren, ýagşylyga ynanjy kitapdan taýýar görnüşde alman, ony hut öz şahsy ruhy durmuş tejribesi, içki şahsy ynanjy hökmünde öz hereketleri hem aňy bilen kemala getiren adam imanly bolup biler. Diýmek, Magtymguly imanlylygy jemgyýetiň, milletiň janly durmuşyndan üzňe bir zat, howaýylyk, kitabylyk hökmünde göz öňüne getirmeýär.
Magtymgulynyň eserler ýygyndylarynda «Oýan diýdiler» atly goşgy bar. Bu goşgy birhililik bile «Görogly» şadessanyna-da düşüpdir. Ýaş Röwşen erenlerden pata alyp gelende, din-iman bile baglanyşykly şol goşgyny atasyna okaýar. Jygaly beg muňa gaty gaharlanýar. Indi onuň ýerine Döwletmämmet Azadyny, Röwşeniň ýerine-de ýaş Magtymgulyny goýup görüň, şunda Azadynyň bu wakany asla-da Jygaly beg ýaly garşylamajakdygy düşnüklidir. Sebäbi Jygaly begiň islegi ar almak. Ar almak üçin ruhy düşünjeler däl, at-ýarag, gylyç derkar. Azadyny bolsa ýüregiň bu hyýallary däl-de, ruhuň has düýpli, çuňňur meseleleri gyzyklandyrýar. Ol döwlet gurmagyň aladasynda, syýasy gural bolan döwletiň bolsa daşky şertler – diňe at-ýarag bilen gurulmaýandygyna, munuň üçin içki döredijilik işiniň gerekdigine, syýasy aňyň esasynda ruhuň ýatmalydygyna ol oňat düşünýär. Ol «Bilegi ýogynyň birini ýykjakdygyny, bilimi köpüň bolsa müňüni ýykjakdygyny» bizden has gowy bilýär. Gylyç bile bitjek işler juda az, milletiň ykbaly çözülýän taryhy gelejek ýolunda bilim-ylym, onuň durmuş bile utgaşygy netijesinde bolsa imanlylyk zerurdyr.
Goşgynyň tebigatyna düşünmeýän adama «Oýan diýdilerde» Magtymguly imany şeýlekin alan ýaly bolup görner. Emma muňa ýetmek üçin şahyryň nähili durmuşy hem ruhy ejirler görendigi onuň tutuş döredijiliginde-de, şol goşgynyň çäklerinde-de aýan görünýär. Ýatyr erdim gamda, gözüm açyp gördüm jümle-jahany, oýanyp gaflatdan, açdym gözümi – ine, şol ruhy ezýetleriň gysgaça şahyrana beýany. Ruhy gaflatdan oýanmak, gözüňi açmak – şahyryň ruhy kämilligiň derejesine ýetendigini aňladýar. Şeýle kämilligiň oňa aňsat düşmändigini çaklamak, bilmek, göz öňüne getirmek aňlap bilýän adam üçin kyn zat däldir.
Magtymguly, sözle bu şirin tilde,
Umydym köp durur şol duran ýolda,
Bäş wagt namazyň oky her günde,
«Ahyret ýoldaşyň – iman» diýdiler.
Degişli ruhy kämillik ýoluňy ejirli geçeňsoň, şahyr üçin bäş wagt namaz okamak ol ýoluň soňky nokady, içki ruhy kämilligiň daşky berjaý edilmesi bolup durýar.
Şeýlelikde, iman içki ruhuň meselesidir.
Imanlylyk – içki ruhy sypatdyr.
Magtymguly üçin din bile iman bitewi zatdyr. Edil mazmun bile şekiliň bitewi bolşy ýaly.
Şahyryň ruhy taglymatyndaky goç ýigit talwasynyň hem din-iman bilen gönüden-göni baglanyşygy bardyr. Ol özüniň goç ýigidi wasp edýän ýerinde hökman onuň eline gylyç berýär, ýöne bu gylyç Göroglynyňkydan tapawutlylykda çuňňur ruhy manyly serişdedir.
Ýigit oldur – ýurt üstünde,
Janyn berse din üstünde,
Goç ýigitler il üstünde
Namys bile ar gerekdir.
Mekgä baran bolar hajy,
Aýralyk ölümden ajy,
Goç ýigide din gylyjy,
Aşyga didar gerekdir.
Din, diýanat düşünjeleriniň şeýle şygyrlarda iki hili manysy açylýar. Il-ýurt, ar-namys bilen baglanyşykly gelende din-iman milletiň ruhy özbaşdaklygy, öz taryhy durmuşynyň dowamynda işläp düzen ruhy gymmatlyklary manysyny berýär. Goç ýigit Watanynyň giňişligini goraýşy ýaly, halkyň ruhy sütünlerini-de goramaly, aslynda bular bitewi bir hadysadyr, Watan, halk düşünjeleri daşky şertler bolman, içki ruhy düşünjelerdir.
Şahsyýetiň öz ruhy güzaplary bilen bagly gelende, din-iman ruhy ynanjy aňladýar, munda din gylyjy adamy imandan aýyrýan, daş düşürýän ten meýillerine garşy goýlan ruhy serişdäni aňladýar.
Imanym matagyn aparar ýolda,
Rehzenler goýmagyl ýoluma meniň.
Ýa-da:
Ýa, ylaha, sen sakla garakçydan ýollarda,
Sagda-solda çaparlar,
byrakmaýyn çöllerde,
Köňül dünýä yşgynda,
haram sözler tillerde,
Men bir ajyz bende men,
kemine men gullarda,
Hyjalata goýmagyl ýagşy-ýaman içinde.
Iman ýolunda oturan rehzenler – garakçylar – ten meýilleridir. Hut şolar sebäpli şahyr haram sözler dillerde, köňül dünýäniň yşgynda, adam bolsa az wagtyň içinde köp günäleri gazanýar diýip ýazýar. Bu onuň şahsy ruhy tejribesinden habar berýär.
Etnograf alym W.Basilow din gylyjynyň şamançylygyň arwahlara garşy göreş serişdesinden gelip çykan galypdygyny ýaňzydýar. «Şamançylykdan kök alan keşpler hem pikirler-ýörelgeler diňe bir garamaýak halkyň däl, eýsem sufi ruhanyçylygyň içinde-de giňden ýaýrapdyr. Şu wagta çenli üns berilmedik bir maglumaty mysal hökmünde getireýin. «Ýasalyçylyk» silsilesini esaslandyryjy belli sufi Hoja Ahmet Ýasaly (XII asyr) öz goşgusynda şeýle ýazypdyr: «Otuz üçde... leşger dartyp... şeýtan bile söweşdim». Bu nämäniň leşgeri? Hoja Ahmet Ýasalynyň hem onuň şägirtleriniň şeýtany adaty gylyç bile naýza gorkuzar diýip pikir edendikleri gümanadyr. «Leşger» sözüniň göçme manysy şamanlaryň ýoldaşlary – kömekçi ruhlarynyň «leşgeri» baradaky düşünjeler arkaly düşündirilmelidir». Elbetde, dünýägaraýşyň galyby hökmünde bu şahyrana keşplilik şamançylykdan gaýdýar. Emma yslamyň ruhy äleminde ol bütinleý başga ruhy derejä hem-de mana eýe bolupdyr.
Mahlasy, biziň üçin esasy zat – Magtymgulynyň ruhy taglymatynda din gylyjy aňlatmasynyň ruhy manylara eýedigini nygtamakdyr.
Magtymguly dini durmuş bilen baglanyşdyrýar. Durmuşyň synaglarynda döz gelmeýän din-iman onuň üçin gymmatyny-da ýitirýär.
Derdim köpdür diýarymdan, döwrümden,
Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy bilinmez.
Zalymlaryň jepasyndan, jebrinden
Yslam kaýsy, iman kaýsy bilinmez.
Söhbetinde hak kelamyn söýlän ýok,
Mejlisinde bir nesihat eýlän ýok,
Halal kaýsy, haram kaýsy – saýlan ýok,
Sud kaýsydyr, zyýan kaýsy – bilinmez.
Şahyr ruhy-ahlak ýörelgeleriň durmuşda amal bolmaýanlygyndan zeýrenýär. Durmuşda ruhy-ahlak taýdan bikemal adamlar kän. Hut şonuň üçinem Magtymgulynyň taglymatynda din-iman bilen baglanyşykly örän möhüm ýene bir düşünje – toba düşünjesi yzygider orun tutýar.
Toba – ruhy kämilleşdirmegiň tüýs durmuşy serişdeleriniň biridir. Ol öz bikemallygyny, diniň dilinde aýdylanda, günäliligini ak ýürekden boýun almakdyr. Toba eden adamyň ruhunyň şahsyýet hökmünde beýige galjagyny şahyr öwran-öwran tekrarlaýar.
Toba diýp Haka dönäli,
Indiden soň ýaş bolmar sen.
Ýaş bolmak, gögelilik – ruhuň Magtymgulyçylykdan ozalky tapgyryna degişli aňlatmalardyr.
Görnüşi ýaly, Magtymguly taglymatyndaky din-iman oňyn ruhy düşünjelerdir. Şahyr olary jemgyýetiň ruhy kämilligini kesgitlemegiň ölçegleri hökmünde ulanýar. Aýratyn alnan şahsyýet babatda bolsa, olar adama içki taýdan gözegçilik etmegiň, ony kämilleşdirmegiň serişdesi bolup göz öňüne gelýärler.
Edebi makalalar