MAGTYMGULY TAGLYMATY
"Magtymguly adamzat kalbynyň
şahyrydyr".
Saparmyrat Türkmenbaşy.
«Magtymguly taglymaty» bölümi Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasy esasynda ýazyldy. Ylaýta-da Ruhnamanyň ikinji kitabynyň dünýä, nebis, iman, döwlet-rysgal baradaky ajaýyp pelsepeleri biziň pelsepe oýlanmalarymyzyň dilini, ugruny kesgitledi.
«DÜNÝÄNIŇ beýik akyldarlarynyň biri bolan Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täjidir. Türkmen halkynyň mertebesi, ary-namysy, ynsap ölçegi beýik akyldaryň şygryýetiniň özenini tutýar. Türkmen halky geçen asyrlarda Magtymgulynyň şygryýetinde öňe sürülýän paýhasy durmuşyň beýik kanuny hökmünde diýseň aýawly we berk tutupdyr. Ony özüniň esasy ýörelgesine öwrüpdir. Şol şygryýetiň dörän gününden bäri gaty köp ýyllar geçse-de, Magtymgulynyň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýörelgeleri türkmen halky üçin şu günem juda-juda gymmatly bolmagynda galýar. Ol biziň gurjak bagtly ertirimizde-de şeýle bolar».
Bu ganatly sözleri haýsy şahsyýetiň aýdyp biljekdigini, megerem, okyjy duýan bolsun gerek. Dogry, bu ýüregiňe jüňk bolan sözler Saparmyrat Türkmenbaşynyň sözleri.
Men ýene-de Beýik Serdaryň ajaýyp bir pähimini ýatlamak isleýärin:
"Magtymguly – türkmen halkynyň wyždanydyr!"
Bu asyl-ha ulaltma däl! Magtymguly tutuş türkmen halkynyň däl, tutuş halklaryň, tutuş Gündogaryň, tutuş eýýamyň wyždanydyr. Emma biz Magtymgulyny öz derejesine galdyryp bilmedik, onuň eserlerini öz derejesinde dünýä ýaýyp bilmedik. Oňa Magtymguly günäkär däl, çünki şu mahala deňiç Magtymgulynyň gadyryny bilýän döwletimiz ýokdy. Gadyryny bilmek näme, tä ikinji jahan urşundan soňky döwre çenli Magtymgula gyýa göz bilen seredildi, garyp-gasar döwletine ýat aňyýet hökmünde ol halkdan çetleşdirildi. Onuň ýüzlerçe goşgusy bolsa tä Beýik Serdarymyz ak ýol açýança golýazmalar gaznasynda keç ykbalyndan ýanyp ýatdy. Nämemiş, halka ýat, dini goşgularmyş!
Magtymgula gyýa bakan jemgyýetden Magtymguly ar aldy. Hudaýa şükür, ol jemgyýet dünýä sahnasyndan gitdi...
Näme diýip sosialistik jemgyýet, düýnki döwlet Magtymgula gyýa bakdy.
Sebäp Magtymguly:
Pyragy, sözlär derdini,
Tilkiler atmyş gurduny,
Söýüpdir türkmen ýurduny,
Eýe bolgan bir han istär.
– diýýärdi, çünki Magtymguly:
Pyragy ýüz tutar türkmen iline!
– diýip, türkmen halkyny agzybir bolup, bir äre gulak asyp, bir döwlet gurmaga çagyrýardy. Onsoň türkmen halkyny baknalykda saklamaga ymtylýan jemgyýet, ulgam nädip ol şahyra gyýa göz bilen bakmasyn!
Ýaňy-ýaňylaram soýuz ähmiýetli däl, respublikan ähmiýetli bir çinownik Magtymgulynyň adyny tutsa dagy bir hepde, iki hepde donumyza sygman gezerdik... Ynha, bu gün bolsa döwletiň Prezidenti beýik münberden «Magtymguly – biziň milli pygamberimiz!» diýýär. Halk üçin, türkmen halky üçin, heý, mundan ulam bir bagt bolarmy?!
Biz Magtymgulyny terk edip ençeme-ençeme ýaramaz gylyk-häsiýetlere eýe bolduk, ýöne Hudaý diýen ýerimiz bar eken, Hudaýa şükür, biz wagtynda ýaňadan Magtymgula dolandyk.
Her bir halkyň özüniň ruhy hazynasy bolýar, şol ruhy hazyna halkyň ýaşaýşy üçin abyköwser çeşmesi bolmak bilen birlikde şol halkyň häsiýetini hem döredýär. Magtymguly, Şabende, Andalyp, Seýdi, Mollanepes, Kemine, Mätäji... dagy türkmen halkynyň ruhy hazynasy, milli baýlygynyň gaznasy. Magtymguly bolsa, olaryň arasynda hem has aýratyn orunda durýar. Ol türkmen halkynyň buýsanjy! Hut şonuň üçinem Beýik Prezidentimiz her bir sözünde, her bir çykyşynda Magtymgula ýüzlenýärdi.
Näme diýip?!
Halkyň Beýik Serdary ýöne Garaşsyz döwleti berkarar edip, ykdysady ösüşlere ýol arçap, dünýäni tagtladym diýýän Prezidentlerden däldi. Oňa döwletiň binýadynyň halal bolmagy, adamlaryň, halkyň mukaddes bolmagy gerekdi. Belki, çagalygyndan ýetim galyp deňsizligiň ejirini özgelerden köp çekeni üçindir, belkem, ýaşka şygyr ýazyp Magtymgulyny köp okap, Magtymguly onuň wyždanyna öwrülendir, belki, zandy şeýledir! Ol diňe bir ösen döwlet gurmak bilen çäklenmeýärdi, şol döwletiň çörek ýaly mukaddes bolmagy üçin göreşýärdi.
Magtymguly – öňi bilen, halallyk!
Her bir adamyň gazanany halal, iýeni-içeni halal bolsa, ol pygamberler islegidir. Baýamaga ýol açyldy diýip, hars urup, hallan atyp ýörmek türkmene gelişmeýär. Elim geldi, barmagymy ýalaýyn diýip, halkyň baýlygyna omurdanyna çenli sokýan hem bar, emma haram iýeniň yzyndan ýetiler, çünki Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, «Türkmene haram ýokmaz!»
Magtymguly Pyragynyň taglymaty XVII-XIX asyrlarda türkmen ruhunyň ikinji bir esasy merkezini, ruhuň ikinji bir esasy başlangyjyny aňladýar. Bu akyl-paýhas başlangyjydyr.
Magtymgulynyň ruhy döredijiligi XVIII asyrdan başlanýan Täze döwrüň esasy ruhy hadysasydyr. Elbetde, magtymgulyçylyk başlangyjy diýenimizde biz şahyryň adyny bu taglymat bilen şertli baglanyşdyrýarys. Türkmen ruhunyň ikinji bir merkezi hökmünde bu ruhy hadysa Magtymgulydan öň hem bardy. Ruhuň esasy meseleleri hatda pikir ýöredende, akyly birinji orunda goýýan şahsyýetlerden Magtymgulydan owal Ýusup Has Hajyby, Hoja Ahmet Ýasalyny, Ýunus Emräni, Seýit Nesimini, Döwletmämmet Azadyny görkezmek bolar. Ruhuň göroglyçylyk başlangyjyndan tapawutlylykda olar akyl-paýhasy hem-de adamyň içki kämilligini esasy ýörelgä öwürdiler. Bu iki başlangyjyň arasyndaky tapawut, umumylaşdyryp aýdanyňda, duýgy bilen paýhasyň, ruhy özakymlylyk bilen akylyň, ruhy-taryhy erkanalyk bilen ruhy-taryhy döredijilikliligiň arasyndaky tapawutdyr.
Ruhuň ikinji bir uly başlangyjyny Magtymgulynyň ady bilen baglanyşdyrýandygymyzyň sebäbi – hut Magtymguly ilkinji bolup, birinjiden, özünden öňki pikirdeşleriniň, ygtykatdaşlarynyň pikirlerini jemledi hem muňa gutarnyklylyk häsiýetini berdi, ikinjiden bolsa, ol özbaşdak ulgam bolup duran bu ýörelgeleri janly türkmen durmuşynyň hadysasyna öwürdi. Pikirleriň jemgyýetiň aýry bir gatlagy bolup duran asylzadalaryň (intelligensiýanyň) öz içinde dowamat etmegi – bir zat, olaryň tutuş halkyň ruhy münberine çykyp, tutuş milletiň ruhy barlygynyň meselesine öwrülmegi – bu bütinleý başga bir zatdyr. Magtymguly türkmen dünýägaraýşynyň şu keşbini milletiň içki ruhy esaslarynyň ýörelgesine öwürdi. Onsoň beýle taglymat jemgyýetiň diňe bir akyl hem ruh bilen gönüden-göni iş salyşýan böleginiň – gatlagynyň däl-de, tutuş milletiň dünýäni görşüniň bir usuly bolup ýüze çykdy.
Edebi makalalar