7. Yşk ahwalaty
Yşk düşünjesini oňat göz öňüne getirmezden, Magtymgulynyň ruhy taglymatynyň içki bitewi manysyna, gymmatyna hem-de durmuşa ukyplydygynyň sebäbine düşünmek mümkin däl.
Yşk sözi arkaly Magtymgulynyň durmuşyň manysyna garaýşyny, onuň ýaşaýşa ruhy hadysa hökmündäki pelsepewi bahasynyň aýratynlygyny görüp bolýar. Şonuň üçinem onuň pikirler dünýäsinde yşk ýöne bir söz ýa-da düşünje bolman, eýsem özboluşly hem özbaşdak, bitewi pelsepewi taglymat derejesine çenli göterilýär.
Şahyryň şu temadan ýazan pikirlerini seljerip, belli bir nukdaýnazardan rejeläniňde, bu ýerde yşgyň üç hili görnüşiniň tapawutlandyrylýandygyny görüp bolýar. Munuň birinjisi – tebigatdaky yşkdyr. Yşk – bütin älemiň esasy ýaşaýyş kanuny bolup göz öňüne gelýär. Tebigatdaky ähli janly-jandarlaryň ýaşaýyş gymmatlygy hereket hem herekete ukyplylyk bilen ölçenilýär. Hereket bolsa yşkdyr. Yşk – älemler hem jandarlar arasyndaky bütindünýä, ähliumumy dartyş güýji. Şol güýç hem umumy sazlaşygy, tertibi hem-de rejeliligi ýüze çykarýar. Şahyr özüniň hezreti Muhammet pygambere bagyşlap ýazan goşgusyny şeýle jemleýär:
Aý Güni, Zemin Asmany
Söýen dek söýmüşem seni.
Yşk bu dünýäniň ýaşaýşynyň iň ýokary derejesinde esasy kanun bolup durýar. Hut Aý bile Günüň, Zemin bile Asmanyň arasyndaky yşky ýaşaýyşdan ýaşaýşynyň beýleki içki ýa-da kiçi şekilleri – biologik hem ruhy ýaşaýyş kemala gelýär. Soňky iki asyr – XIX we XX asyrlar fizika ylmynyň ösen asyrlary, älemiň barlygyna degişli kanunlaryň açylan asyrlary hasaplanylýar. Emma dünýä edebiýatynyň has irki döwürleriniň beýik eserlerini okanyňda, ylmyň soňky açyşlarynyň eýýäm şol ýerde ruhy dilde beýan edilendigi görünýär. Eýsem-de bolsa, Aýyň Güne, Zeminiň Asmana söýgüsi näme? Munuň özi bütindünýä dartylma kanunynyň ruhuň dilindäki çuňňur pelsepewi beýany dälmi näme?!
Şahyryň belli «Duman peýda» ýedilemesi, onuň tebigat yşgy baradaky pikirleriniň oňat beýanydyr.
Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçen,
Zemin sebzebar olup, teninden aýrylar zeň,
Jünbendeler mest olup, göýä içmiş arak, beň,
Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň,
Sebze içre sandywaç ýüz tilde kylar aheň,
Zemin hyzyrpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň,
Hyruja gelip älem, kylarlar pygan peýda.
Bahar möwsümi tebigat ýaşaýşynyň iň gyzgalaňly hem işjeň möwsümi. Oňa ähliumumy oýanyş, janlanyş mahsusdyr. Ol älemiň ýaşaýşynyň ýene bir pille uzalmasydyr. Öli, jansyz tebigat gozganyp, reňke gelip, dil açyp ugraýar. Ot-çöplerden, güllerden başlap, mör-möjekler, gurt-guşlar – bary jana gelipdir. Munuň özi beýik dirilişiň, herekete hem mana gelşiň göz alnynda bolup geçmesidir. Ýaşaýşyň bu beýik gudratyndan ýaşamak instinkti esasy instinkt bolan adamyň akylyny haýran edýär. Eýsem-de bolsa munça zady herekete getirýän güýç näme?
Hak yşkynda zinde jan, biliň, baky-haýýatdyr,
Her tende ki yşk olmaz, ruzy ezel mematdyr.
Şahyryň pikiriçe, bu güýç Hudaýyň yşgydyr. Ýeke-täk Biribaryň yşgy älemleri jana getirýär. Hut şonuň üçin Onuň yşgyna düşenler-de baky diriligiň tagamyny dadyp hem şol dirilige mynasyp bolup bilýärler diýip şahyr pelsepe öwürýär.
Dirilik – Hudaýyň yşgynyň netijesidir diýen pelsepe şahyryň «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym» goşgusynyň-da esasynda ýatýar. Bu goşgy türkmenleriň öňem agzap geçilen dessury bilen bagly döredilipdir. Bu dessurda adamlar ýagmyr ýagdyrmagyny sorap Hudaýa nalyş edýärler. Munuň türkmeniň yslamdan öňki ynançlary hem durmuşy bilen baglanyşyklydygyny görmek kyn däl.
Özünde saklaýan ruhy güýjüniň möçberi, duýgularyň terligi hem-de saplygy, pelsepesiniň çuňňurlygy bilen bu goşgy üýtgeşik şahyrana hadysa bolup durýar. Megerem, şeýle üýtgeşiklige goşgynyň türkmeniň müňýyllyklarda jemlenen duýgy-pelsepewi gujury bilen dahyllylygy sebäp bolandyr. Şahyr Haka mynajat eýleýär. Ol ýagşyň ýagdyrylmagyny dileg edýär. Munuň özi giň durmuşy-pelsepewi jähetden bakanyňda, diriligi dileg etmekdir. Çünki ýagmyryň türkmen tebigaty hem topragy üçin nähili zerurdygyny biz bilýäris. Ygal ýetmezçiliginiň türkmen tebigatyny nähili gahatlyga hem gözgynylyga salýandygyny, ony ölüm bile diriligiň arasynda nähili elewredýändigini biz öz egnimizde çekemizsoň bilýäris. Türkmeniň hakyky manyly hem şireli, müň öwüşginli dilinde muňa «gatylyk», ygalsyz gelen ýyllara «gaty ýyllar», ygalsyz ülkä «gaty ýurt» diýlip aýdylýar.
Rahmetiň işigi arşdan açylsyn,
Nuruň inip, ýer ýüzüne saçylsyn.
Gubar göçsün, älem gerdi gaçylsyn
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Bilbiller mest bolsun, älem aýylsyn,
Gaýgylar dep bolsun, ganlar sowulsyn
Nowşirwan wagty dek jahan-ýaýylsyn,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Tebigatyň gahatlygy ruhy-durmuşy gahatlygy döredýär. Gözler gubarlanýar, gaýgylar-gamlar köpelýär. Adam ýaşaýşy özi üçin agyr dert hem hossa hökmünde kabul edip başlaýar. Munuň tersine, ygal köp düşse, janly-jandaryň göwrümi giňeýär, olaryň rysgaly artýar. Netijede ruhy ýazylganlyk, ruhy giňişgenlik hem ruhy bolçulyk döreýär.
Ýagmyr bilen baglanyşykly türkmen dilinde täsin dil-many hadysasy amal bolupdyr. Nur diýmek aslynda ýagtylyk diýmekdir.
Şol manyda Aýyň nury, Günüň nury diýlip aýdylýar. Emma türkmen dilinde gar-ýagmyra-da nur diýilýär. Bu eýýäm sözüň ikinji, duýgy-pelsepewi many gatlagydyr. Munuň aňyrsynda Hudaýyň rehnedi hakyndaky garaýyş ýatýar.
Magtymguly, yşkyň eýlär erada,
Yşkyňny kemal et, goýma arada.
Ýetirgin maksada, magşar myrada
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Görnüşi ýaly, şahyr ahyrsoňunda Hudaýyň yşgy meselesine geldi. Ýaşaýyş Hudaýyň yşgynyň kemal bolmasydyr diýip şahyr aýdýar. Diriligi Hudaýyň yşgy döredýär. Tebigat Hudaýyň döredijiligidir.
Döredijilik ukyplaryna eýe bolmak isleýän adam Hudaýyň, ýaşaýşyň yşgyna düşmegi başarmalydyr. Yşga düşmek – döredijilikli ýaşamak hem işlemek. Yşga düşene aşyk diýlipdir. Aşygyň sypaty budur:
Magtymguly aşyklaryň mestinde,
Hyra gözi haýran olar dostunda...
* * *
Turup, Magtymguly gözün açypdyr.
Köňlüne ne köýler gelip, geçipdir.
Hyraner dek ak köpükler saçypdyr,
«Oglan, Alla ýaryň! Bargyl» – diýdiler.
«Hyra» sözi göze baglanyp gelende, gamaşan diýen manyny berýär. Emma ikinji bentde ol «mes», «däli» manylaryny berýär. «Hyra» sözüniň batyr diýen manysy-da bolmaly. «Görogly» şadessanyndaky Harmandäliniň asyl ady-da «Hyraman» bolmaly. Diýmek, onuň ady iki sany manydaş sözden durýar. Harman-däli.
Emma ruhy taglymat nukdaýnazaryndaky düýpli bir tapawudy bellemän bolmaz. Göroglynyň, Harmandäliniň däliligi bilen Magtymgulynyň däliliginiň – hyralygynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Edil şu tapawudyň özem türkmen ruhunyň göroglyçylyk hem magtymgulyçylyk başlangyçlarynyň aratapawudynyň hususy bir ýüze çykmasydyr. Göroglynyň däliligi – erkanalygyň ruhudyr. Ol diňe durmuşyň ruhy gymmatlyklaryndan erkin peýdalanyp gezýär, emma öňünde hiç hili ruhy maksatlar goýmaýar. Magtymgulynyň aşygy diňe peýdalanmak däl, ol döretmek, döredijilige meşgullanmak bilen ýaşaýar. Ol öz-özüni döredýär. Taryhyň pelsepesi jähetden alanyňda bolsa, ol hut taryhy döredijilik işi bilen meşgullanmak isleýär hem muny amal edýär.
Edebi makalalar