9. Aýralyk dagy
Yşgyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan.
Serişdäň kem bolsa yşgyň işinden,
Bar, habar al gören mübtelalardan.
Islendik akyl işiniň baş maksady dünýä akyl ýetirmekdir. Magtymgulynyň taglymatynda yşk akyl ýetiriş serişdesi bolup durýar. Şahyr hakykata ýüregiňi bermek arkaly akyl ýetirip bolar diýip hasaplapdyr. Akyl ýetirmäniň miweleri jebir bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi ol, bir tarapdan, adam beýnisine hem ýüregine lezzet berse, beýleki tarapdan, akyldan mahrum bolan wagtyň kör hökmürowanlygy ony gussa ulaşdyrýar. Adam ömrüniň bir çümmükligi ony gaýga batyrýar. Şahyryň jan jebri diýýäni hem şudur. Onuň belli goşgusyndaky «Ne beladyr, kimse çeker bu derdi» diýýäni hem yşk arkaly dünýä panylygyna akyl ýetirmegiň jebridir. Magtymguly üçin adamyň çäkli ýaşaýşy pelsepewi manyda aýralyk, ötmeýän aýralyk bolup görünýär. Aýralyk Magtymgulynyň pelsepewi taglymatynyň esasy düşünjeleriniň biridir. Magtymgulynyň akyldar hökmündäki özboluşlylygy we syrlary şu ýerde ýatyr.
Magtymguly aýralygyň pelsepeçisidir.
Şu meselede ol Gegel, Nisşe, A.Kamýu, Haýdegger, Berdýaýew ýaly ägirtleriň pelsepewi belentliginde durýar. Magtymgulynyň pikiriçe, biz hemişe aýralykdadyrys. Dogulmak – aýralyk, çünki adam ruhy janlar dünýäsinden aýrylýar, çünki adamyň göwresi enesinden aýrylýar. Ölmek hasam aýralykdyr, çünki ten jandan aýrylýar, adam öz kowum-gardaşlaryndan, ýaşaýyş dünýäsinden aýrylýar. Şonuň üçinem türkmen dilinde «aýrylmak» «ölmek» sözüniň manysy bolup gelýär.
Hatda pelsepewi manyda ýaşamak hem aýralykdyr. Bu hakda Magtymguly köp pikir ýöredipdir. Aýralyk goşgulary onuň döredijiliginde aýratyn saýlanyp durýandyr. Onuň aýralygy pelsepewi garaýyş edinendigi Pyragy diýen edebi lakamyndan hem bellidir. Nusgawy pelsepämizde hem-de edebiýatymyzda lakam düýpli hadysa bolup, ol şahsyýetiň döredijilik taglymatynyň düýp aýratynlygyny özünde jemleýär. «Sen maňa dostuň kimdigini aýt, men saňa seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýen ganatly söz bar. Şuny degişli mesele babatda üýtgedip, şeýle diýip bolardy: «Sen maňa lakamyň nämedigini aýt, men saňa seniň kimdigiňi aýdaýyn». Aslynda nusgawy şahyrlarymyzyň islendiginiň edebi ýa pelsepewi taglymatynyň gürrüňini onuň lakamynyň manysyndan başlamaly bolsa gerek. Çünki şu ýerde onuň şahsyýetiniň, durmuşynyň, döredijiliginiň hem pelsepesiniň içki bitewüligi gizlenip ýatýar. Meseläniň şu ujundan tutup, şahyryň ähli syrlarynyň ýumagyny çözläbermeli bolýar. Şonda edilýän gürrüň hem umumylykdan halas bolup, özboluşly pikir ýöretmelere baý bolýar.
Diýdim: «Pyragy ismim», diýdi: «Pyrkat çeke sen». Ine, Magtymgulynyň şahsyýet hem pelsepeçi hökmünde başlanýan ýeri. Aýralyk heserlenmeleri, türkmen ruhunda, elbetde, Magtymgulydan öň hem bolandyr. Türkmeniň taryhy ýoly aňyrdan bärik gaýtdygyça aýralygyň üstünden geçip gelýär. Oguz hanyň döwleti ýykylandan soň taýpalar biri-birinden aýrylyşýar, Magtymguly aýtmyşlaýyn, «gözel iller dargaýar». Bu hasratly ýagdaý ýüzlerçe ýyllap dowam edýär. Magtymgulyny döredenem şol asyrlyk hasratlardyr.
Emma ol bu pelsepäni özüniňkä öwürmek üçin muny şahsy durmuşynda öz ýüreginden hem geçirmelidi. Ilki enesinden, soň doganlaryndan, atasyndan, ogullaryndan, söýgülisinden aýralyk. Munça jepa-jebire onuň nähili döz gelendigine haýran galýarsyň. Bu hasrat onuň aýry-aýry goşgularyna-da, döredijilik bitewüligine-de siňipdir. Ine, mysal üçin, «Daş galdy» diýen goşgusy. Ýedi bentlik bu goşguda «aýralyk» sözi bäş gezek gabat gelýär. Munda aýralyk yzasy halys etinden ötüp, süňňüne ornan adamyň hasraty bar.
Ne zowk-u-sapalar ýigitlik bilen,
Bahar bolup geçdi, bizden daş galdy.
Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen,
Mizan ötdi, hazan geldi, gyş galdy.
Aýralyk, şeýdip, durmuş hem ruhy tejribesiniň önümi bolup durýar. Garrylyk ýetişdigiçe ömri aýralyk hökmünde duýuş güýçlenýär. Bahar – gyş gapma-garşylygy aýralyk pelsepesine, ol arkaly bolsa durmuşyň gymmatyna düşünmekde uly orun eýeleýär.
Jismim kebap etmiş aýralyk ody...
* * *
Her bir gula şum aýralyk salyndy...
* * *
Goýdy meni ýüz müň azara pyrkat...
Aýralyk jan-jisme çoh azar berdi...
* * *
Magtymguly, işim kyl-u-kal boldy,
Şum aýralyk bile aklym lal boldy.
Aýralyk temasy şahyryň diňe şahsy durmuşynyň mysalynda açylyp görkezilmän, eýsem tutuş adamzat ýaşaýşynyň aýtymynda-da beýan edilýär. «Göçer sen», «Bola-bola gider sen», «Eter sen», «Sil galmaz», «Pygan eglenmez», «Baka-baka gider sen» ýaly onlarça goşguda aýralyk bütindünýä-taryhy hadysa bolup göz öňüňe gelýär:
Magtymguly, bu jahanda kim bolar?
Ol mekana giden gelmez, güm bolar.
Görer gözüň, görkli göwräň gum bolar,
Dahan gider, dendan düşer, til galmaz.
* * *
Magtymguly, başynda ýüz köý bardyr,
Aýry menzil, aýry mekan, jaý bardyr.
Lahat atly dar, düşeksiz öý bardyr,
Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.
Meseläni şeýle goýmaly: bu gussaly, ýürek elendiriji pikirler adamy peseldýärmi ýa-da beýgeldýär, ulaldýarmy ýa-da kiçeldýär? Elbetde, ulaldýar hem-de beýgeldýär. Çünki diňe şadyýanlykda ömürboýy ýaşamak mümkin däl. Durmuşyň diňe bir manysy däl, eýsem adaty tagamy-da gussa bile şatlygyň ýerlikli, şowly mynasybetinden emele gelýär. Paýhasly gussa adamyň ýüregini giňeldýär, gursagyny dok edýär, onuň ruhuny taplaýar; hut şo hili gussa arkaly adam merdemsileşýär. Paýhas adamyň ýüregindäki dogabitdi gorky duýgusynyň, özem diňe durmuşda her kişiniň başyna irde-giçde düşýän betbagtçylyklardanam däl, eýsem hatda ölümdenem gorkmak duýgusynyň awusyny öçürýär, ony zyýansyzlaşdyrýar.
Şonuň üçinem Magtymgulynyň aýralyk pelsepesiniň ahlak taýdan paýhasalaýyklygy hem maksadalaýyklygy, onuň adamyň ruhy durmuşyndaky oňyn ähmiýeti gürrüňsizdir. Ýaşaýyş ugrundaky göreş diňe biologiýada däl, ol ruhy ýaşaýyşda-da dowam edýär. Onsoň ruhy taýdan ejiz, zat görmedik, lellim duýguly adamlar gaty betbagtdyrlar. Magtymgulynyň aýralyk pelsepelerini ýüregi bilen özleşdirip bilen adam durmuşyň ownujak derdeserlerinden juda ýokary göterilýär. Ol her hili kynçylyklara giň göwrümlilik, hatda birazajyk kinaýa bilen-de garamany öwrenýär. Durmuşyň her hili şatylaryna mertlik bile döz gelýär. Meniň pikirimçe, bu goşgulara diňe şu hili düşünilse dogry bolardy.
Ýöne bu aýdanlarymyň bary Magtymgulynyň aýralyk pelsepesiniň ahlaky-terbiýeçilik manysyna degişli. Emma bu hakda taryhy-pelsepewi jähetden näme aýtmak bolar?!
Şahyryň aýralyk pelsepesinde türkmeniň döwletden aýralyk hasratynyň owazlary eşidilýär. Halkyň bu pajygasyny şahyr öz şahsy derdi hökmünde kabul edipdir. Munuň şeýledigini onuň goşgularyndan hem görüp bolýar. Muňa ol hakdaky rowaýatlar-da şaýatlyk edýär. Rowaýatlara görä, şahyryň ömrüniň soňky günleri has-da hasratly bolupdyr. Magtymguly türkmen taýpalarynyň hem tireleriniň agzalalygyna, bu agzalalygyň getirýän betbagtçylyklaryna çydaman, ýanyny ýere beripdir. Şondanam eýikmän, dünýäden ötüpdir. Munuň ýöne bir owadan gürrüň däldigi şübhesizdir. Magtymguly ýaly öz halkyny söýen şahyrlar az-azdyr. Onuň öz döwrüniň jemgyýetçilik wakalaryna işjeň gatnaşyşy, olara ýürekden seslenişi Gündogar edebiýatynda şondan öň bolan zat däldir. Şeýle işjeň jemgyýetçilik hem raýatlyk orny bu şahsyýetiň öz milletini nähili eziz görendigine aýdyň şaýatlyk edýär:
Gözel ilim sen diýp sökerem ýollar,
Gözüm gubarlandy, zebundyr hallar.
Ýa-da:
Möwlam, ýetir mesgenime-ýurduma,
Gözüm düşsün arslanyma, gurduma...
Duýgudan, mähirden püre-pür bolup duran şeýle setirleri diňe milletine söýgüsi ýürek yssysyna eýlenen şahyr ýazyp biler.
Edebi makalalar